Apr 13, 2025 10:35 Asia/Ashgabat
  • bölüm 952, süre Fätih, aýat 10- 13

bölüm 952, süre Fätih, aýat 10- 13

952

Fätih süresi, 10-njy aýat:

إِنَّ الَّذِینَ یُبَایِعُونَکَ إِنَّمَا یُبَایِعُونَ اللَّهَ یَدُ اللَّهِ فَوْقَ أَیْدِیهِمْ فَمَنْ نَکَثَ فَإِنَّمَا یَنْکُثُ عَلَى نَفْسِهِ وَمَنْ أَوْفَى بِمَا عَاهَدَ عَلَیْهُ اللَّهَ فَسَیُؤْتِیهِ أَجْرًا عَظِیمًا ﴿١٠﴾

<>

Geçen gepleşikde Yslam Pygamberi we Mekgedäki müşrükleriň arasynda bolan Hudibiýe adly ýaraşyk pimana eşarat boldy. ýaraşyk pimanyndan öň Hezreti Resuly Äkräm (saw) musulmanlaryň diňe Hudaý öýüni zyýarat etmek üçin Mekgä tarap ugurajakdyklaryny we olaryň uruşmak niýetleriniň ýokdygyny Mekge müşrüklreine habar bermek üçin ýaranlarynyň birisini iberdi, emma müşrukler Hezreti Muhammet (saw)-yň ýollan ýaryny wagtlaýynça goldasalarda,bu hereket hem musulmanlaryň arasynda ýaňki wekil öldürildi diýen ýalan habaryň ýaýramagyna sebäp boldy.şonda Hezreti Resuly äkräm(saw) öz sahabalaryny ýygnap,egerde bu habar dogry bolsa onda olar Medinä dolanmany müşrükler bilen jahat etmelidirler diýip,olar bilen piman baglaşdy.

Aýry bir tarapdan bu pimanyň habary müşrüklere baryp ýetende olar, Hezreti Resuly Äkräm(saw)-yň wekilini azat edip, musulmanlar bilen uruşmagyň ýerine olar bilen ýaraşyk pimana gol çekmeklerine arzaly boldular. şol sebäpli Hezreti Resuly Äkräm(saw)-yň müşrükler bilen piman baglaşmak wakalary yslam taryhynda ýokary ähmiýetden paýlydyr we Kuranyň beýleki aýatlarynda hem Alla tagala musulmanlaryň şeýle bir hereketlerden arzaly bolandygyny yglan edendir.bu aýat hem şeýle permaýyş edýär: Pygamber bilen piman baglaşmak Perwerdigär bilen piman baglaşmak ýalydyr we piman baglaşmagyň gidişinde iki tarap ellerini birek-biregiň üstünde goýşylary ýaly Hezreti Muhammet (saw) bilen äht baglaşýan kişiler, göýä oz ellerini bütin ellerden belentde bolan Allanyň elinde goýan ýalydyrlar.

Elbetde belli bolup durýan zat şudur welin dinini goldamak ugurda Perwerdigär bilen piman baglaşýan kişiň hiç haçan şeýle bir pimandan çykmagyna garaşylýan däldir,egerde ol şeýle bir işe baş goşsa onda her zatdan ozal öz imanyna zyýan ýetirendir.

Bu aýatyň öwredýän sapaklary şulardan ybarat:

1-njiden; Hudaýa bolan imanyň gerekligi,dini goldamak we duşmanlaryň pitneleriniň garşysynda din ýolbaşçylaryny hemaýat etmekdir.

2-njiden;herkimse Allanyň dinini goldap şol ugurda berk dursa ol Perwerdigäryň rahmatyndan paýly boljakdyr.

3-njiden; ähdi pimana wepaly bolmak dindarlygyň nyşanasy we pimany aýak aşaga taşlamak hakykatda özüne urgy urmakdyr.

 

Fätih süresi, 11-nji aýat:

سَیَقُولُ لَکَ الْمُخَلَّفُونَ مِنَ الأعْرَابِ شَغَلَتْنَا أَمْوَالُنَا وَأَهْلُونَا فَاسْتَغْفِرْ لَنَا یَقُولُونَ بِأَلْسِنَتِهِمْ مَا لَیْسَ فِی قُلُوبِهِمْ قُلْ فَمَنْ یَمْلِکُ لَکُمْ مِنَ اللَّهِ شَیْئًا إِنْ أَرَادَ بِکُمْ ضَرًّا أَوْ أَرَادَ بِکُمْ نَفْعًا بَلْ کَانَ اللَّهُ بِمَا تَعْمَلُونَ خَبِیرًا ﴿١١﴾

<>

Musulmanlaryň Medineden, Mekgä tarap hereket eden wagtlarynda yslam Pygamberi Medine şäheriniň töwereginde ýaşaýan taýpalardan hem olara birikmeklerini isledi, emma olaryň käleri Mekge müşrükleri bilen çaknyşygyň ýüze çykmagyndan gorkup, Hezreti Resuly Äkräm(saw) bilen hemra bolmakdan saklandylar. musulmanlar Medinä dolanyp baran mahallarynda, Hezreti Resuly äkräm(saw) bilen hemra bolmakdan gaça duran adamlar özleriniň işlerini düşündiriş berjek bolup,  Hezreti Resuly äkräm(saw)yň hüzürine baryp   işlerini bahana etdiler,emma Kuran aýatlary inip olary ruswa etdi we olaryň aýdan zatlary ýüreklerindäki zatlar bilen parhlydyr diýip beýan edildi.bu aýat şeýlede jahatdan gaçmak ýaşaýyşyň dowamly bolmagyna kepil däldir diýip nygtaýar ,çünki köpler uruş meýdana gidip sagdyn dolanyp gelýändirler we köpler hem öýde galsalarda öz janlaryny elden berendirler.

Bu aýatyň öwredýän sapaklary şulardan ybarat:

1-njiden:käleriň öz sosial borçlaryndan boýun gaçyrýanlary olaryň öz imanlarynda ejiz bolup medeniýetleriniň hem aşakda bolmaklary üçindir,şol sebäpli dana ýolbaşçy öz möhüm tutum tutujylyk işlerinde bu meseläni göz öňe almalydyr.

2-njiden: dünýä hetden aşa bil baglap öňa ýürek bermeklik käleri Hudaý ýolunda jahat etmekden alyp galýandyr.

3-njiden: Hudaý Resulynyň hata işlere baş goşýanlar hakda doga edip şapagat dilegi Allanyň dergahynda kabul boljakdyr.

4-njiden: Hudaý dininden we dini ýolbaşçylardan arkaçykmak gerekli we wajypdyr,hatda eger şol ýolda zyýan we zerere gabat gelsekde.

 

Fätih süresi, 12 we 13-nji aýatlar:

بَلْ ظَنَنْتُمْ أَنْ لَنْ یَنْقَلِبَ الرَّسُولُ وَالْمُؤْمِنُونَ إِلَى أَهْلِیهِمْ أَبَدًا وَزُیِّنَ ذَلِکَ فِی قُلُوبِکُمْ وَظَنَنْتُمْ ظَنَّ السَّوْءِ وَکُنْتُمْ قَوْمًا بُورًا ﴿١٢﴾ وَمَنْ لَمْ یُؤْمِنْ بِاللَّهِ وَرَسُولِهِ فَإِنَّا أَعْتَدْنَا لِلْکَافِرِینَ سَعِیرًا ﴿١٣﴾

<>

Geçen aýatlaryň dowamunda bu aýatlar: käleriň Hezreti Resuly äkräm (saw) we musulmanlary hemralyk etmekden saklanmaklarynyň köklerine yşarat edip şeýle diýýär: şeýle bir işe baş goşanlaryň hakyky delili özleriň öz içeri maşgalalaryna we maly işlere maşgul bolmaklary däldi, eýsem,olar Hudaýyň beren wadalaryna betguman bolmaklary üçin şeýle bir meýdanda galypdylar. olar musulmanlar hiç haçan şeýle bir sapardan sag aman dolanyp gelmezler mykam diýip pikir edipdiler, şol sebäpli hem olar bilen hemra bolmakdan saklandylar. olar Perwerdigär bu saparda öz pygamberini ýeke goýup ony duşmanyň erkinde goýar diýip öýtdier.şol sebäpli hem öz janlaryny howpa düşürmekden saklandylar.olaryň şeýle bir nädogry gümanlary hem bu adamlaryň gara bagt bolmaklaryna sebäp boldy,sebäbi bu iş olaryň imanlarynyň suslygyndan nyşandyr we göýä Allaga bwe onuň Resulyna kapyr bolmak ýaly hasaplanýardy ,dogrydan hem öz ähtinden dänýänler üçin agyr jezalar bardyr.

Bu aýatlaryň öwredýän sapaklary şulardan ybarat:

1-njiden; Allanyň we ylahy ýolbaşçylaryň permanlarynyň garşysynda diňe dünýewi hasabatlar boýunça tutum tutmaýlyň,eýsem Hudaýa tewekkel edip,hiç bir zatdan gorkmaýlyň.

2-njiden Allanyň bendeleri hakda betgüman bolmak hem uly günälerden hasaplanýandyr,indi Allaga we onuň wadalaryna betguman bolmak bärde dursyn.

3-njiden içeri maşgala hetden aşa baglanşykly bolmak ynsany dini wezipelerinden alyp galmaly däldir, sebäbi bu iş ynsanyň gara bagt bolupda helak bolmagyna baryp çatjakdyr.

///////////////