bölüm 953, süre Fätih, aýat 14- 16
bölüm 953, süre Fätih, aýat 14- 16
953
Fätih süresi, 14-njy aýat:
وَلِلَّهِ مُلْکُ السَّمَاوَاتِ وَالأرْضِ یَغْفِرُ لِمَنْ یَشَاءُ وَیُعَذِّبُ مَنْ یَشَاءُ وَکَانَ اللَّهُ غَفُورًا رَحِیمًا ﴿١٤﴾
<
Geçen gepleşikde öz aslynda kapyr bolup ýüzleri suwratda özlerini musulman görkezýän iki ýüzli mynapyklardan gürrü boldy. bu aýat şeýle permaýeş edýär: elbetde Perwerdigär bagşanda we mähribandyr, her kim ozalky edmişinden puşman bolup toba etse ol bagyşlanjakdyr. emma herkimse jedel we täsipkeşlik ýüzinden öz nähak ýoluna aýak direse we hakyň garşysynda durup duşmançylyk etse hakykatda özüni ylahy rahmetden mahrum edip, öz ýaramaz işleriniň jezasyna gabat geljekdir.
Bu aýat Alla tagalanyň ýaradylmyş älemine bolan hökümrowalygyny nygtaýar we hiç bir kimsäniň onuň häkimiýetiniň astyndan daşary çykypda,ol beýkiň yradasyna üstem çykyp bilmejekdigini beýan edýär.
Bu aýatyň öwredýän sapaklary şulardan ybarat:
1-njiden; ylahy lutfy rahmet onuň gahar-gazabyndan ýokaryrakdyr we eger ynsan öz amallary bilen şeýle bir ylahy rahmetden özüni mahrum etmeýän ýagdaýynda şeýle bir ylahy rahmetden paýly bolup biljekdir.
2-njiden;ynsanyň bagtyýarlygy üçin gorkmak we umytly bolmagyň ikisi hem gereklidir.şol sebäpli ylahy terbiýe düzgünde ynsanlar bir hili gorkmak we umytly bolmagyň arasynda bolup ne umytsyz bolmalydyrlar we nede tekepbirçilige giriftar bolmalydyrlar,eýsem ylahy rahmete umytly bolup onuň gahar-gazapyndan hem gorkmalydyrlar.
Fätih süresi, 15-njy aýat:
سَیَقُولُ الْمُخَلَّفُونَ إِذَا انْطَلَقْتُمْ إِلَى مَغَانِمَ لِتَأْخُذُوهَا ذَرُونَا نَتَّبِعْکُمْ یُرِیدُونَ أَنْ یُبَدِّلُوا کَلامَ اللَّهِ قُلْ لَنْ تَتَّبِعُونَا کَذَلِکُمْ قَالَ اللَّهُ مِنْ قَبْلُ فَسَیَقُولُونَ بَلْ تَحْسُدُونَنَا بَلْ کَانُوا لا یَفْقَهُونَ إِلا قَلِیلا ﴿١٥﴾
<< Siz oljalary ýygnamak ugurda Haýbara tarap ugran mahalyňyz Hudibiýe peýmany bilen tersleşýänler aýtjakdyrlar. Goý biz hem siziň yzyňyzden geleýli diýip. olar Allanyň kelamyny diýmek Hudibiýe bilen tersleşik bildirenleri soňraky oljalardan mahrum etmegi baradaky sözüni üýtgetjek bolýarlar. olara aýt: siz hiç haçan biziň yzymyzdan gejekdälsiňiz, Perwerdigär mundan ozal siz hakda şeýle permaýyş edendir. onda olar ýakynlykda şeýle aýtjakdyrlar: Perwerdigär bizi alyp galan däldir eýsem siz bize göripçilik edýänsiňiz, emma beýle däldir, ýöne olardan bir azragynda başgasy düşünýän däldirler.>>
Mynapklaryň ýöritelikleriniň biriside olaryň pursat talap adamlar bolmagydyr. olar howp mahalynda dürli bahanalar bilen gyraga gidip özlerini jogapkärçilikden daşrak saklaýandyrlar. emma her haçan huzurlarynda nepiň bardygyny duýsalar huzurly bolýarlar. musulmanlaryň Hudibieden öwrülip gelýän mahallarynda Perwerdigär olara Haýbary almagyň buşlugyny berdi we Hudibiýeden saklanan adamlary hem Haýbar uruşynda huzurly bolmakdan mahrum etdi. emma musulmanlaryň Haýbara tarap ugrajak mahallary bu topar kemçilikleriniň öwezini doldurmak bahanasy bilen Pygamberden beýleki musulmanlar bilen bilelikde Haýbara tarap hereket etmekleri üçin rugsat soradylar we şeýdip hem onuň uruş oljalaryndan peýdalanjak boldular. emma Pygamber Äkräm(saw) Allanyň permanyny olara okap şol topary Haýbrda huzurly bolmakdan mahrum etdi.üns bererli zat şudyr welin bu pursattalap topar özlerini ýazykly bilmegiň deregine özgeleri ýazykly bilip şeýle diýdiler; olar göriplik we bahylçylyk ýüzünden biziň jahada gatnaşmagmyzy islemeýärler we olar bütin oljalary özleri aljak bolýarlar.
Bu aýatyň öwredýän sapaklary şulardan ybarat:
1-njiden: agyr şertlerde we howpyň zamanynda öz sosial borçlaryndan boýun gaçyrýan kişiler köpçüligiň käbir mümkinçiliklerinden mahrum bolmalydyrlar.şeýle bolan ýagdaýynda köpçülikde pursat talaolaryň ösmekleri üçin şert dörediljekdäldir.
2-njiden: bütin musulmanlar,eýman we Hudaýlikli buýruklara boýun bolmagy toslaýarlar.emma hakyky möminler we mynapyklar agyr hadysalarda birek-birekden juda bolup saýgarylýandyrlar.
3-njiden: mynapyklaryň töhmetlerinden gorkmaly däldir, olar özlerini ýaramaz işlerinden aklamak üçin möminleri garalaýandyrlar.
Fätih süresiniň 16-njy aýat:
قُلْ لِلْمُخَلَّفِینَ مِنَ الأعْرَابِ سَتُدْعَوْنَ إِلَى قَوْمٍ أُولِی بَأْسٍ شَدِیدٍ تُقَاتِلُونَهُمْ أَوْ یُسْلِمُونَ فَإِنْ تُطِیعُوا یُؤْتِکُمُ اللَّهُ أَجْرًا حَسَنًا وَإِنْ تَتَوَلَّوْا کَمَا تَوَلَّیْتُمْ مِنْ قَبْلُ یُعَذِّبْکُمْ عَذَابًا أَلِیمًا ﴿١٦﴾
<<Çöl sahralarda ýaşaýan gyşarnyga duş bolanlara aýt: çaltlykda uly we agyr topar bilen ýüz be ýüz bolup olar bilen uruşmaklyga çagyryljakdyrsyňyz tä boýun bolsunlar. onda eger siz etagat etseňiz Perwerdigär size ýagşy paý-padaşlary berjekdir, emma boýun gaçyrsaňyz , mundan ozal hem boýun gaçyrşyňz ýaly onda Perwerdigär sizi agyr azap bilen jezalandyrjakdyr.>>
Geçen aýatda perwerdigär mynapyklaryň Haýbarda huzurly bolmaklaryny ret etdi. indi bu aýat şol gürrüňiň dowamunda şeýle diýär: eger siz hakykat ýüzünden we çyndan öz geçmişdäki keýeňligiňzden puşman bolan bolsaňyz, siz öz dogurçylyňyzy geljek ýakynlykda ýüze çykjak agyr meýdanda görkezip başarjakdyrsyňyz we Alla tagala şeýle bir ýoly siz üçin açyk goýandyr. elbetde şol söweşde siz maddy oljalara garaşmaly dälsiňiz we olja we mal gazanmak ugurda uruş meýdanyna gitmeli dälsiňiz ,şol bir ýagdaýda siz hak ýolynda söweşýän söweşjeňleriň hal ýagdaýlaryna has bolan ylahy paý- padaşa gabat geljeksiňiz, emma eger şol meýdanda hem gyşarnyga duş bolup Hudaý we onuň permanyndan boýun gaçyrsaňyz onda agyr jeza size garaşjakdyr.
Bu aýatyň öwredýän sapaklary şulardan ybarat:
1-njiden: sosial düzgünde öwrilmek we ýerini doldyrmak ýolyny gyşarnyga duş bolanlar üçin açyk goýalyň we olary hemişelik baýkot etmäliň.
2-njiden: hiç haçan duşmany kiçi hasaplamaýlyň we ozalky ýeňişlerimizi geljegki uruş meýdanlarda ýeňişli bolmagyň delili hasaplamaýlyň ,çünki duşmanyň özini kuwatlandyryp beslemegi we özüni güýçlendirmegi mümkindir.
3-njiden: musulmanlaryň goranyş güýçleri we kuwatlygy şeýle bolmalydyr welin ol duşmanyň howp duýup boýun bolmagyna sebäp bolmalydyr.
4-njiden: jahadda huzurly bolmakdan maksat Hudýy we onuň Pygamberiniň permanyny ýerine ýetirmek,ýurt giňeltmek ýa-da özgelere müsellit bolmakdäldir.şol sebäpli hakyky jahatçylar diňe Allanyň arzalygy we onuň gahar-gazabyndan daş galmak üçin jahad meýdanlarda huzurly bolýandyrlar.
//////////////