Apr 13, 2025 10:50 Asia/Ashgabat
  •  	bölüm 954, süre Fätih, aýat 17- 21

bölüm 954, süre Fätih, aýat 17- 21

954

Fätih süresi, 17-njy aýat:

لَیْسَ عَلَى الأعْمَى حَرَجٌ وَلا عَلَى الأعْرَجِ حَرَجٌ وَلا عَلَى الْمَرِیضِ حَرَجٌ وَمَنْ یُطِعِ اللَّهَ وَرَسُولَهُ یُدْخِلْهُ جَنَّاتٍ تَجْرِی مِنْ تَحْتِهَا الأنْهَارُ وَمَنْ یَتَوَلَّ یُعَذِّبْهُ عَذَابًا أَلِیمًا ﴿١٧﴾

<>

Geçen geplişikde Perwerdigär, söweşden gaçýanlary käýäp olar jezalanyrylmaga mynasypdyrlar diýip permaýyş etdi diýip aýdypdyk. elbetde olaryň arasynda käbir maýyp ýa-de syrkaw adamlaryň bolmagy hem mümkindir we şeýle bir adamlaryň beýleki musulmanlar bilen hemra jahada gatnaşyp bilmeýändikleri tebigidir.olaryň käleri Hezreti Resuly äkräm(saw)-yň huzurya baryp öz ýagdaýlary hakda ol hezretden sorag etdiler,indi ýaňky aýatyň inmegi,olaryň hasaplaryny,sagdyn bolupda Hezreti Resuly äkräm(saw)-yň permanyndan boýun gaçyrýanlaryň hasaplary bilen özgeleşdirdi. Alla tagala Gurhany Kerimiň mübärek Bakara  süresiniň 286-njy aýatynda hem bu meseläni ýatlap Perwerdigär hiç kimsäni öz başarjaňlygyndan başgazata teklipli edýändäldir diýip beýan edýär.

Namazyň şertleriniň biri, dik durmakdyr, emma şeýle bir halda hem syrkaw ýa-da ejiz adamlar oturan ýa-da süýnüp ýatan ýerlerinde hem namazlaryny okap bilýändyrler. syrkaw adamlar oraza tutmaga borçly däldirler hatda sagdyn adamlar hem egerde oraza tutsalar olara zyýan ýetip keselçilige duş bolmak ähtimali bar bolsa olara hem oraza wajyb däldir. Haj hem diňe jismi we mali taýdan mümkinçiligi bar bolan adamlara parzdyr. Alla tagala ýaňki aýatda hem şeýle permaýyş edýär: duşmanlar bilen jahat etmek, uruşmak we goramak güýçleri bolan sagdyn adamlara parz bolýandyr we jismi taýdan maýyp ýa-da syrkaw bolan adamlaryň jahat meýdanlarda huzurly bolmaklary hökmäni däldir.

Bu aýatyň öwredýän sapaklary şulardan ybarat:

1-njiden: Alla tagala syrkaw we maýyp adamlara ýörite üns berip olary käbir tekliplerini ýerine ýtirmäge mejbur edýändäldir.orundarlar we kanun düzüjiler hem sosial kanunlary düzmekde bu meselä ähmiýet bermelidirler.

2-njiden: möhüm bolup durýan zat, Allanyň buýruklaryna boýun bolmakdyr, şu ugurda käleriň teklipleri olaryň şertlerine we başarjaňlyklaryna görä parhly bolýandyr.

Fätih süresi, 18 we 19-njy aýatlar:

لَقَدْ رَضِیَ اللَّهُ عَنِ الْمُؤْمِنِینَ إِذْ یُبَایِعُونَکَ تَحْتَ الشَّجَرَةِ فَعَلِمَ مَا فِی قُلُوبِهِمْ فَأَنْزَلَ السَّکِینَةَ عَلَیْهِمْ وَأَثَابَهُمْ فَتْحًا قَرِیبًا ﴿١٨﴾ وَمَغَانِمَ کَثِیرَةً یَأْخُذُونَهَا وَکَانَ اللَّهُ عَزِیزًا حَکِیمًا ﴿١٩﴾

<< Şeksiz Perwerdigär, Hudibiýede şol agaçyň aşagynda sen bilen peýman baglaşan möminleriň işinden razy bolandyr we Perwerdigär olaryň ýüreklerinde bar bolan iman we dogruçylykdan ägähdy, onda olara aramlygy ýollady we ýakyn gelejekde Haýbarda bolan ýeňişi olara padaş karar berdi// şeýle-de olar köp oljany elgerjekdirler we Perwerdigär elmydama ýeňilmez we hekimdir.>>

Geçen geplişiklerde Hezreti Resuly äkräm(saw)-yň musulmanlar bilen hemra Omra haj däbini ýerine ýetirmek üçin Medineden Mekgä tarap ugrandyklarynyn aýdypdyk. şonda Hezreti Muhammet(saw) öz sahabarynyň birini, Mekgäniň ulularynyň ýanyna ýollap, olaryň diýmek musulmanlaryň uruşmak niýet bilen dälde eýsem Hudaý öýüni zyýarat etmek maksady bilen Mekgä tarap hereket edendiklerinden habarly etmek üçin borçly etdi, emma olar Hezreti Resuly äkräm(saw)-yň sawçysyny gola saldylar. bu meseläniň yzy bilen Hezreti Muhammet(saw) öz ýaranlaryny Hudibiýe sebtinde bir agaçyň aşagynda ýygnandy.şol ýagdaýda Hezreti Resuly äkräm(saw) eger müşrükler bilen uruş bolsa onda olaryň hiç birisiniň bu işde keýeňlik etmejekdikleri barada olar bilen peýman baglady.emma bu peýmanyň habary müşrüklere baryp ýetende olar bu meselelerden howatyrlanyp Hezreti Muhammet(saw)-yň ýollan wekilini azat etdiler.Hudibiýe adly ýaraşyk peýmanyň baglanylmagy bilen soňraky ýyllarda Omrany ýerine ýetirmek ugurda musulmanlar üçin ýol açyldy.onuň yzy bilen hem Haýbaryň ustunlygy oňa gelip köp oljalardan paýly boldylar.

 

Bu aýatlaryň öwredýän sapaklary şulardan ybarat:

1-njiden: iman diňe namaz we oraza ýaly käbir dini teklipleri ýerine ýetirmeklige çäklenmeýär,eýsem siýasy we sosial meýdanlarda dini ýolbaşçylary hemralyk etmek hem zerurdir.

2-njiden: amalyň ýüzleý keşbi bizi aldamaly däldir.Perwerdigär biziň niýetlerimizden kämil suwratda habarlydyr we şol esasda hem bize paý-padaş berjekdir.

3-njiden: Alla tagalanyň razylygy magnawydyr we bu iş käbir dünýewilik lezzetler we uruş ganymatlaryny gazanmak ýaly işler bilen çapraz gelýändäldir.

4-njiden: Hudaý Resuluna wepaly bolup ony duşmanlaryň garşysynda goldamaklyk, dünýede we ahretde ylahy merhemet we rahmetden paýly bolmagyň serlerindendir.

Fätih süresi, 20 we 21-nji aýatlar:

وَعَدَکُمُ اللَّهُ مَغَانِمَ کَثِیرَةً تَأْخُذُونَهَا فَعَجَّلَ لَکُمْ هَذِهِ وَکَفَّ أَیْدِیَ النَّاسِ عَنْکُمْ وَلِتَکُونَ آیَةً لِلْمُؤْمِنِینَ وَیَهْدِیَکُمْ صِرَاطًا مُسْتَقِیمًا ﴿٢٠﴾ وَأُخْرَى لَمْ تَقْدِرُوا عَلَیْهَا قَدْ أَحَاطَ اللَّهُ بِهَا وَکَانَ اللَّهُ عَلَى کُلِّ شَیْءٍ قَدِیرًا ﴿٢١﴾

<>

Geçen aýatlaryň dowamunda bu aýat şeýle permaýyş edýär: Perwerdigäryň möminlere bolan lutuflary diňe Hudibiýe peýmanyna we Haýbaryň alynmagyna çäkli däldir we geljekde musulmanlara hatda ozleriniň gumanynda bolmadyk ýeňişleri we üstünlikleri hem olara nesip etjekdir.sebäbi Perwerdigär möminleriň ýüreklerine aramlyk indermek daşgary,käpirleriň ýüreklerini lerzana salyp olary elgatyjylykdan alyp galmak üçin howatyrlandyrjakdyr.elbetde şeýle bir ylahy mededleriň imanlaryň daýanmagyna sebäp bolup başarmakda täsirli boljakdygy belli we äşgär zatdyr.

Bu aýatlaryň öwredýän sapaklary şulardan ybarat:

1-njiden: uruş kanunlarynda ,duşmanlaryň mallaryny eýelenmek olja höküminde bolup Alla tagala tarapyndan şeýle bir işe rugsat berlip tasyklanandyr.

2-njiden:Alla tagala egerde siz Perwerdigäriň dinini goldamak ugurda talaşda bolsaňyz sizleri dünýelik we maddy bereketlerden paýly etmek barada wada berendir.

3-njiden: el gatyjy duşmanlaryň elleriniň kesilmegi we amanlygyň berkarar bolmagy uly nygmatlardandyr we Perwerdigär şeýle bir işler üçin möminlere minnet goýandyr.

////////////