bölüm 956, süre Fätih, aýat 26- 29
bölüm 956, süre Fätih, aýat 26- 29
956
Fätih süresi, 26-njy aýat:
إِذْ جَعَلَ الَّذِینَ کَفَرُوا فِی قُلُوبِهِمُ الْحَمِیَّةَ حَمِیَّةَ الْجَاهِلِیَّةِ فَأَنْزَلَ اللَّهُ سَکِینَتَهُ عَلَى رَسُولِهِ وَعَلَى الْمُؤْمِنِینَ وَأَلْزَمَهُمْ کَلِمَةَ التَّقْوَى وَکَانُوا أَحَقَّ بِهَا وَأَهْلَهَا وَکَانَ اللَّهُ بِکُلِّ شَیْءٍ عَلِیمًا ﴿٢٦﴾
<<Ýatla,şol zamanlary:kapyrlar täsipkeşligi ol hem nadanlyk döwüriniň güýçli täsipkeşliklerini öz ýüreklerinde jaýlan mahallary,onda Perwerdigar aramlygy Pygamberine we möminlere ýollap olary tagwanyň hakykatyna baglanşyly etdi.olar oňa mynasyprak we onuň ählidiler we Perwerdigar bütin zatlara ägahdyr.>>
Gadyrly hemralar:geçen gepleşiklerde Mekkäniň golaýynda Hezreti Resul Äkräm(saw) we Mekke müşrükleriniň arasynda baglanan Hädibiýe adly ýaraşyk peýmandan gürrüň boldy,bu aýat indi küfrüň sebäpkärleriniň biri bolan ýersiz ýere ýüze çykan täsipçilik we pahyrlanmak ýaly deliler,müşrükleriň Pygambere we musulmanlara Umra myrasymyny ýerine ýetirip gürbanlik etmek üçin Mekkä barmaklarynya ruhsat bermekleriniň öňüni aldy.olar şeýle diýärdiler; bular Bädir we Ohat uruşlarynda biziň atalarymyzy we doganlarymyzy öldürendirler we indi nähilli bolup olaryň biziň şäherimize girip sagdyn öwürilmeklerine ruhsat bereliň,elbetde şol zamanda Hudaý öýüni zyýarat etmek azatdy we Mekke ülkesi hem aman härämdi.hatda şol wagtda eger bir kişi öz atasynyň gatyly bilen hem Haj we Umra myrasymynda ýüz be ýüz bolsa oňa päsgelçilik döretmezdi.onuň garşysynda Allatagala Pygamber Äkräm(saw) we möminleriň gursaklaryna sabyr we aramlygy goýup olary aram etdi we şeýlelik bilen Hezreti Resul Äkräm (saw) we onuň ýaranlary ylahy aman öride gan döküşlik bolmaz ýaly wagtlaýyn suratda şu isleglerinden el çekip ýaraşyk peýmana gol goýmak arkaly ozleriniň soňraky ýyllarda Hudaý öýüni zyýarat edip başarmaklary üçin ýol tekizlediler.emma eger olarda hem nadanlyk täsipkeşlik bolan bolsady onda şeýle bir mukaddes ülkelerde uruşyň ýüze çykmagy hökmänidi.
Bu aýatyň öwretýän sapaklary şulardan ybarat:
1-njiden: nadanlyk medeniýetinden göz baş alýan her hili täsipkeşlik pikiri we amaly işlerde dogry däldir we her hili hereketde mantyk we dogry deliller göz öňüne alynmalydyr.
2-njyden: yman we tagwanyň gerekligi aramlygy goramak we mantyk ýüzinden çykyş etmekdir ,şol sebäpli ilin we birin işlerde gahar gazapdan gaça durmalydyrys.
Fätih süresi, 27-njy aýat:
لَقَدْ صَدَقَ اللَّهُ رَسُولَهُ الرُّؤْیَا بِالْحَقِّ لَتَدْخُلُنَّ الْمَسْجِدَ الْحَرَامَ إِنْ شَاءَ اللَّهُ آمِنِینَ مُحَلِّقِینَ رُءُوسَکُمْ وَمُقَصِّرِینَ لا تَخَافُونَ فَعَلِمَ مَا لَمْ تَعْلَمُوا فَجَعَلَ مِنْ دُونِ ذَلِکَ فَتْحًا قَرِیبًا ﴿٢٧﴾
<<Dogrydan hem Perwerdigar Pygamberiniň oý pikirlerini we hyýallaryny hak ýüzinden durmuşa geçirdi tä musulmanlar Allanyň islegi bilen asuwdalykda kelleleriňiziň sirigli we saçlaryňyzy we ýa-da dirnaklaryňyzy gysga eden ýagdaýyňyzda we hiç kimseden gorkup aladalanmaýan suratyňyzda Mesjedolharama dahyl boljakdyrsyňyz.Perwerdigar siziň bilmeýän zadyňyzy bildi we mundan daşgary ýakyn gekejekdeäki diýmek Haýbardäki ýeňişi size haslady. >>
Gadtrly hemralar musulmanlaryň Mekkä tarap hereket etmeklerinden öňürti Hezreti Resul Äkräm (saw) özüniň ýaranlary bilen hemra Umra myrasymyny ýerine ýetirmekleri üçin Mesjedolharama barýandyklaryny düýşinde görüpdi we bu meseläni öz ýaranlaryna aýdypdy.musulmanlar şol düýşüň şol ýylda durmuşa geçmegine umytlydylar,şol sebäpli hem müşrükleriň olaryň Mekkä girmekleriniň öňüni alanlaryda käbir musulmanlar şek şübhesiz duçar boldylar we hatda Hezreti Resul Äkräm (saw)-yň gören düýşi hem ýalan çykmajak ýaly ähtimal berdiler.şol wagtlarda ýaňky aýat nazyl boldy we Hezreti Resul Äkräm (saw)-yň gören düýşüniň çyn boljakdygyny we olaryň geljekde asudalyk we amanlyk bilen Mesjedolharama girip başarjakdyklaryny yglan etdi.Hädibiýe adly ýaraşyk peýmanyň esasy boýunça soňraky ýylda müşrükler 3 günläp Mekkeden daşary çykyp ony boşatdylar we musulmanlar asudalyk we dabara bilen Umranyň däp dessurlaryny ýerine ýetirip başardylar.elbetde bir näçe wagt soň muşrukler öz ähitlerinden dändiler we 8-njy Hijri ýylda musulmanlar hiç bir gan döküşsizlik bilen uruşsyz Mekkäni alyp başardylar.
Bu aýatlaryň bize öwretýän sapaklary şulardan ybarat:
1-njiden:Allatagalanyň beren wadalary hökmän durmuşa geçjekdir hatda egerde bu wadalar Perwerdigaryň ylym we hekmeti bilen gijä galsada ,elbetde şeýle bir meseleler bizde şek we şübhe döretmeli däldir .
2-njyden:eger ýaraşyk peýmany kabul etmek gorky ýüzinden dälde eýsem köpçüligiň maslahatynyň esasyna gşrä bolsa onda şeýle bir ýaraşygyň bereketleri we täsirleri köp bolup ol,duşmana üstünlik gazanmak üçin bir başlangyç biljakdyr.
Fätih süresi, 28-njy aýat:
هُوَ الَّذِی أَرْسَلَ رَسُولَهُ بِالْهُدَى وَدِینِ الْحَقِّ لِیُظْهِرَهُ عَلَى الدِّینِ کُلِّهِ وَکَفَى بِاللَّهِ شَهِیدًا ﴿٢٨﴾
<<Ol Pygamberini bütin dinlere üstüm we ýeňişli etýär ýaly hedaýat we hak dini bilen iberen kişidir we Perwerdigaryň şeýle bir mesele gowa bolmagy ýerlikdir. >>
-
Gadyrly hemralar: musulmanlaryň Mekke müşrüklerine üstün çykmaklary barada wada beren geçen aýatyň dowamynda bu aýatda şeýle gelýär:bu ýeňişler dowamly boljakdyr we bir zaman geljekdir welin yslam dünýäniň boýdan başyna ýaýrap ol bütin dinlere we mekteplereü üstün çykjakdyr,çünki Perwerdigaryň sözi hakdyr we ilaty hem sagadata tarap hedaýat etýändir.köp rowaýatlarda gelşine görä ahyrzamanda Hezreti Resul Äkräm(saw)-yň nesilinden bolan Mehdi adly bir kişi arkaly bu ylahy wada durmuşa geçjekdir.ol mezlumlary zor ediji häkimleriň barabarynda goldamak bilen aýaga galjakdyr.Ymam Mehdi ylahy mededler bilen zalymlara üstün çykyp dünýäň boýdan başyna adalat we amanlygy häkim etjekdir.
Bu aýatyň öwretýän sapaklary şulardan ybarat:
1-njiden: ylahy yrada bilen hak dini bütin jahana ýaýbaňlaşjakdyr we jahanda ýaşaýan ilatyň Hudaý dine tarap hedaýat bolmaklary üçin gerek bolan mümkinçilikler taýýarlanjakdyr.
2-njiden:geçmişdäki dinler zamanyň käbir bölümlerine we döwürlerine degişli bolandyrlar emma onuň tersine yslamyň taglimatlary ýörite zamana has däldir,şol sebäpli geljekde yslam jahanlyk din boljakdyr,şonuň üçin musulmanlar öz dini wezipelerine gowy suratda amal edip,yslamyň hakyky keşbini dünýä tanatmalydyrlar.
Fätih süresi, 29-njy aýat:
مُحَمَّدٌ رَسُولُ اللَّهِ وَالَّذِینَ مَعَهُ أَشِدَّاءُ عَلَى الْکُفَّارِ رُحَمَاءُ بَیْنَهُمْ تَرَاهُمْ رُکَّعًا سُجَّدًا یَبْتَغُونَ فَضْلا مِنَ اللَّهِ وَرِضْوَانًا سِیمَاهُمْ فِی وُجُوهِهِمْ مِنْ أَثَرِ السُّجُودِ ذَلِکَ مَثَلُهُمْ فِی التَّوْرَاةِ وَمَثَلُهُمْ فِی الإنْجِیلِ کَزَرْعٍ أَخْرَجَ شَطْأَهُ فَآزَرَهُ فَاسْتَغْلَظَ فَاسْتَوَى عَلَى سُوقِهِ یُعْجِبُ الزُّرَّاعَ لِیَغِیظَ بِهِمُ الْکُفَّارَ وَعَدَ اللَّهُ الَّذِینَ آمَنُوا وَعَمِلُوا الصَّالِحَاتِ مِنْهُمْ مَغْفِرَةً وَأَجْرًا عَظِیمًا ﴿٢٩﴾
Muhammet Allanyň iberenidir we onuň bilen bolanlar kapyrlara gaty durup birk-bireginiň garşysynda mähribandyrlar.olary elmydama ruku we sejde halatynda görýändirsiňiz we olar fazildir bahşandalygy we razylygy Alladan talap etýändirler.sejde eserleri olaryň keşbinde äşgärdir.bu bolsa olaryň Turatdaky we Enjildäki waspydyr,olaryň durky göýä ýer ýüzinden berýän zeragat ýalydyr.oňa güýç berip ony gaýymlaşdyrandyr we öz aýaklarynyň üstünde mäkäm durandyr.şeýlelik bilen ekerançylar haýran galjakdyrlar we Perwerdigär möminleriň köpligi we güýçli digi sebäpli kapyrlary gahar-gazapa çykarjakdyr,emma Perwerdigar yman getiren kapyrlara we ýagşy işleri ýerine ýetirýänlere magrypat we uly paý-padaşy wada berendir.
Gadyrly ildeşler:Fäti süresiniň soňky bolýan bu aýat ylahy wadalaryň durmuşa geçirilmegi üçin gerek bolan şertleri beýan edip şeýle diýýär: yslamyň beýleki dinlere üstün bolmagy ugurda musulmanlar öz birin we ilin aragatnaşyklaryny 4 ýöritelik esasynda düzgünleşdirilmelidirler,olar şulardan ybaratdyr:
1-njiden: duşmanlar garşysynda,berk kesgir ,güýçli we haýbatly
2-njyden:yman ähliniň we dindeş doganlarynyň barabarynda,mähriban, mühebbetli,güzeştli we rahmatly
3-njyden:Allatagalanyň dergahynda,ybadat ediji we bendelik
4-njyden:özüň bilen baglanşykda hem ösüş we ykdysadydyr syýasy garaşsyzlyga ýetmek ugurynda talaşjaň bolmalydyr.
Eger musulmanlar şeýle bir meseleleri öz işleriniň baş hatarynda ýerleşdirseler,onda hem dünýede duşmanlara üstün çykjakdyrlar hemde ahyratda ylahy magrypat we rahmatdan paýly boljakdyrlar.
Bu aýatlaryň öwretýän sapaklary şulardan ybarat:
1-njiden:Yslam kämil dindir we ynsanyň ýaşaýyşynyň bütin taraplaryna maksatnamalydyr.
2-njyden: Yslam diniň jahanlaşmagy,Hezreti Resul Äkräm(saw)-yň sünnetdir şiwesine eýermäni mümkin boljak däldir we ol Hezrete eýerenler şu ugurda dogryçy we berk bolmalydyrlar
3-njyden:Turat we Enjilde hem Yslam Pygamberiň ýaranlarynyň keşbi wasp edilendir.
4-njyden: musulmanlaryň ösmekleri we sanlarynyň köp bolmagy,duşmanlaryň gahar-gazapyna sebäp boljakdyr.