Apr 13, 2025 11:30 Asia/Ashgabat
  • bölüm 957, süre hujurat, aýat 1-5

bölüm 957, süre hujurat, aýat 1-5

957

Hujurat süresi Medinede inip köpçülikli ahlagyň möhüm usullaryna yşarat edýär. bu usllary göz öňüne almak köpçülikde mähir mühabbetiň döremegine we adamlar arasyndaky dostluk we doganlygyň güýçlenmegine sebäp bolýar.ýene bir tarapdan şeýle bir meseleleri gözden sawmak, köpçilik agzalarynyň arasynda duşmançylyklaryň, kine  kuduratlaryň we çaşgynlygyň ýüze çykmagyna şert döredýär.

Hujurat süresi, 1-nji aýat:

یَا أَیُّهَا الَّذِینَ آمَنُوا لا تُقَدِّمُوا بَیْنَ یَدَیِ اللَّهِ وَرَسُولِهِ وَاتَّقُوا اللَّهَ إِنَّ اللَّهَ سَمِیعٌ عَلِیمٌ ﴿١﴾

<< eý yman getirenler, hiç bir işde Hudaýdan we onuň Pygamberinden öňe geçmäň we Allanyň permanyndan boýun gaçyrmakdan saklanyň, Perwerdigär eşidiji danadyr.>>

bu aýat iman ähline garap şeýle permaýyş edýär: Allanyň we Pygamberiň buýruklarynyň garşysynda boýun bolup olardan öňe geçmesizlik imanyň gerekliklerindendir ylaýtada sosial işlerde umum ilat, yslamy köpçüligiň ýolbaşçysyna boýun bolmalydyrlar,sebäbi olardan öňe çykmak,yslamy düzgünde çaşgynlygyň döremegine we ilat arasyna  agyzalalygyň peýda bolmagyna baryp çatýandyr.käbir gaty gidiji musulmanlar,yslamy köpçüligiň ýolbaşçysynyň olaryň islegleri we salygatlary esasynda amal etmegini ýa-da käbir adamlar bilen güýçli suratda çykyş edip hatda käbir işleri terk etmegini hem talap edýändirler.emma hakykatda köpçüligiň hal ýagdaýy we şertleri esasynda  we umumylyk maslahatlary göz öňüne almak bilen tutum tutýandyr we ondan şeýle bir haldan başga zata garaşmaly däldir.

Bu aýatyň öwredýän sapaklary şulardan ybarat:

1-njiden: Allanyň halal eden käbir zatkaryny haram saýmak ýa-da ýa-da onuň haram eden işleriniň kälerini halal bilmek bir hili Alla we onuň Resulyna öňtelemek hesiplenýändir.

2-njiden: yslamy köpçüligiň kanunlary Allanyň kitabynyň we Pygamberiniň sünnetiniň esasynda bolmaltdyr Kuran we sünnetiň tersine her hili kanuny düzmek Allanyň we onuň Resulunyň işinde dahylçylyk etmekdir.

3-njiden: özleriniň birin salykatlary ýa-de sosial däp-dessurlary boýunça Alladan we onuň Resulundan öňteleýän adamlar hakykatda iman we tagwadan aralaryny açýandyrlar.

Hujurat süresi, 2 we 3-nji aýatlar:

یَا أَیُّهَا الَّذِینَ آمَنُوا لا تَرْفَعُوا أَصْوَاتَکُمْ فَوْقَ صَوْتِ النَّبِیِّ وَلا تَجْهَرُوا لَهُ بِالْقَوْلِ کَجَهْرِ بَعْضِکُمْ لِبَعْضٍ أَنْ تَحْبَطَ أَعْمَالُکُمْ وَأَنْتُمْ لا تَشْعُرُونَ ﴿٢﴾ إِنَّ الَّذِینَ یَغُضُّونَ أَصْوَاتَهُمْ عِنْدَ رَسُولِ اللَّهِ أُولَئِکَ الَّذِینَ امْتَحَنَ اللَّهُ قُلُوبَهُمْ لِلتَّقْوَى لَهُمْ مَغْفِرَةٌ وَأَجْرٌ عَظِیمٌ ﴿٣﴾

<>

 

Geçen aýatda işlerde Pygamberden öňtelemäň we ol bir tutumy tutup ony yglan edýänçä hiç bir işi ýerine ýetirmäň diýip beýan edildi.indi bu aýat şeýle permaýeş edýär,sözlemekde hem Pygamberden öňe çykmaň we ondan belenträk ses bilen sözlemäň diýmek sesiňizi ýokary galdyryp dad-bidad we galmagal etmekden saklanyň.

bu aýatdan belli bolşuna görä käbir musulmanlar,köpçülikli edeb terbiýäni göz öňüne alýan däldirler,olar ýönekeý ilat bilen belent ses bilen gürrüň edişileri ýaly Hudaý Resul bilen hem edepsizlik ýüzinden we ýokary ses bilen söhbet edýänmişler.şol sebäpli Alla tagals bu aýat bilen olara düýdüriş berip,bihormatçylyk etmeklik hakykatda siziň amallaryňyzy we haýyr işleriňizi ýok etjekdir diýip beýan edýär.aýatlaryň dowamy bu meseläni nygtaýandyr welin,Allanyň Resulynyň ýanynda edepli bolmak we sesiňi ýokary çykmakdan saklanmak ylahy tagwanyň gerekliklerinden hasaplanýandyr.bu iş dünýe we ahyratda ylahy rahmaty yzyna tirkejekdir.

Bu aýatlaryň öwredýän sapaklary şulardan ybarat:

1-njiden: sözlerimize esewan bolýlyň sebäbi biziň işlerimiz indi gowy bolsun ýa-de erbet, onuň özüne has eserleri boljakdyr we biziň işlerimiziň yzy gelimleri biziň bilýänmize ýa-de bilmeýänimize bagly däldir.

2-njiden: iki ýüzlilik ýüzinden edepli we pes päl bolup, emma içlerinde tekepbirli bolýan adamlaryň sany kopdur, ýene bir ybaratda edepli we hormatly çykyş etmek diňe tagwa dogruçylyk we sydyk ýüzinden bolsa degerlidr, beýle bolmasa iki ýüzlilik we aldamaklyk hasaplanýandyr.

3-njiden: iman we tagwanyň gerekligi günäden päk bolmak manysynda däldir,sebäbi kä mahallarda tagwa we imanly adamlar hem günä işlere baş goşup aýaklary taýýandyr,emma ilar çaltlykda öz ýalňyş işlerine düşünip towba etmek arkaly onuň ýerini doldyrýandyrlar.

Hujurat süresi, 4 we 5-nji aýatlar:

إِنَّ الَّذِینَ یُنَادُونَکَ مِنْ وَرَاءِ الْحُجُرَاتِ أَکْثَرُهُمْ لا یَعْقِلُونَ ﴿٤﴾ وَلَوْ أَنَّهُمْ صَبَرُوا حَتَّى تَخْرُجَ إِلَیْهِمْ لَکَانَ خَیْرًا لَهُمْ وَاللَّهُ غَفُورٌ رَحِیمٌ ﴿٥﴾

<< Seniň öýüň otaklarynyň aňyrsyndan belent ses bilen seni çagyrýanlaryň köpüsi düşünýän däldirler// we eger sabyr etseler seniň özüň daşary çykýan mahallaryňa çenli, şeksyz olara gowyrakdyr we Perwerdigär magpyrat ediji we mähribandyr.>>

Bu aýat ozalky gürrüňlere degişli bir meselä yşarat edip, şeýle diýýär: Pygamber (saw) öz öýünde we başdaşynyň ýanynda içeri maşgala işlerine maşgul bolup, ýada dynç alýan mahalynda , medeniýetsiz Araplaryň käleri sabyr etmäni gygyryp ol Hezreti çagyryp isleglerini ara atýardylarlar. gurhany Kerim şeýle bir adamlara garap şeýle permaýyş edýär: bu iş akylsyzlygyň nyşanasydyr, akyl paýhasyň möhüm nygtanlarynyň biri, edep terbiýäni göz öňüne alyp  köpçüligiň ululary bilen hormat ýüzinden çykyş etmeklikdir.

 Bu aýatlaryň öwredýän sapaklary şulardan ybarat:

1-njiden: Yslam,sosial edep terbiýe ýörite suratda ähmiýet berýändir.Yslam dini edepsiz bolmagy,akysyzlygyň nyşanlaryndan hasaplaýandyr.

2-njiden:öý we içeri maşgalanyň hormaty bardyr we hiç bir kimse hatda daşarydan belent ses bilen çagyrmak bilen hem içeri maşgala örisine myzahymçylyk dşretmäge hakly däldir.

3-njiden: sosial jogapkärçilik etmekden alyp galmaly däldir.

4-njiden: özgeleriň boş wagtlaryna we planlaryna hormat goýup,bimahalçylykda olara myzahyň bolmakdan saklanmak zerurdyr.

//////////////