Apr 13, 2025 11:39 Asia/Ashgabat
  • bölüm 958, süre hujurat, aýat 6-9

bölüm 958, süre hujurat, aýat 6-9

958

Hujurat süresi, 6-njy aýat:

یَا أَیُّهَا الَّذِینَ آمَنُوا إِنْ جَاءَکُمْ فَاسِقٌ بِنَبَإٍ فَتَبَیَّنُوا أَنْ تُصِیبُوا قَوْمًا بِجَهَالَةٍ فَتُصْبِحُوا عَلَى مَا فَعَلْتُمْ نَادِمِینَ ﴿٦﴾

<>

biziň özgelerden eşitýän habarlarymyz 2 hilidir.olaryň käleri biziň işimize we ýaşaýşymyza baglanşykly däldir we kşpçülikde we tşwerek daşymyzda bolýan wakalary  beýan edýändir emma habarlaryň käleri biziň işimize we ýaşaýşymyzs degişli bolýar we biz şolar esasynda tutum tutupda amal edýändiris we özümizden gaýtawul görkezýändiris. bu aýat ýaňky ikinji hil habarlara degişli bolup şeýle permaýyş edýär: eýle bir ýagdaýda her hili tutum tutup emel etmekden ozal biz habary aýtýan kişiniň dogruçydygyny ýa-da ýalançydygyny bilmelidiris ýa-da onuň berýän habarynyň birin maksatlar we niýetler esasyndamy ýa-de daşaryda ýüze çykan hakyky wakalar esasynda şony saýgarmalydyrys. eger biz eşitýän habarymyz hakda takyklyk bilen oýlanmasak onda onuň esasynda ýaramaz tutumy tutup soňra puşman bolmagymyz mümkindir we kä wagtlarda hem şeýle bir täsin yzgelimleriň ýerini hiç haçan dolduryp başarmajakdyrys.

Bu aýatlaryň öwredýän sapaklary şulardan ybarat:

1-njiden: Alla-ga bolan imanyň gerekligi, işlerde we tutum tutmakda dykkat edip oýlanmakdadyr. şeýle bolsa ynsan ýüzleýin tutumlary tutup giriftar boljakdäldir, şol sebäpli mömin ynsan her zatdan ozal barlag edip her bir habara çalt ynanmaly däldir.

2-njiden: beýlekilerden hatda pasyk we günäkär adamlarda eşitýän habarlarymyzy ne ret etmelidiris ne-de kabul,eýüem hakykaty saýgarmak ugurda barlag etmelidiris sebäbi hatda käbir pasyk adamlar hem dogry aýtýandyrlar.

3-njiden: kä adamlar we habar serişteleri,köpçülikde howp we zyýan döretmek ugurda ýalan habarlary ilat arasynda ýaýradandyrlar ,şonuň üçin köpçülikli ýaramazlyklaryň öňüni almak ugurda möminler eşitýän habarlary hakda barlag etmeli dirler.

4-njiden: oýlanmany çalt tutum tutmaklyk, puşmanlyk we hasraty yzyna tirkejekdir, elbetde köp wagtlarda şeýle bir puşmanlygyň peýdasy ýokdur we onuň zyýanlarynyň ýerini dolduryp başarjak däldiris.

Hujurat süresi, 7 we 8-njy aýatlar:

وَاعْلَمُوا أَنَّ فِیکُمْ رَسُولَ اللَّهِ لَوْ یُطِیعُکُمْ فِی کَثِیرٍ مِنَ الأمْرِ لَعَنِتُّمْ وَلَکِنَّ اللَّهَ حَبَّبَ إِلَیْکُمُ الإیمَانَ وَزَیَّنَهُ فِی قُلُوبِکُمْ وَکَرَّهَ إِلَیْکُمُ الْکُفْرَ وَالْفُسُوقَ وَالْعِصْیَانَ أُولَئِکَ هُمُ الرَّاشِدُونَ ﴿٧﴾ فَضْلا مِنَ اللَّهِ وَنِعْمَةً وَاللَّهُ عَلِیمٌ حَکِیمٌ ﴿٨﴾

<< We biliň ,Hudaý Resuly siziň araňyzdadyr we siz oňa eýermelidirsiňiz. egerde köp işlerde ol size eýerse şeksiz, siz kynçylyga gabat geljeksiňiz, emma Perwerdigär,imany size söýnükli edip ýürekleriňizde bezäp goýandyr we küfür, ýaramaz işler we buýrukdan boýun gaçyrmaklygy siziň ýanyňyzda ýygrençli karar berendir şu ýöriteliklere eýe bolan kimseler şol ösüş gazanan adamlardyr.// imana höwesli bolup küfri ýygrenmegiň Alla tarapyndan berilen uly pazyl nygmatdyr we Perwerdigär dana we hekimdir.>>

ýaňky aýatlar, Perwerdigäryň iki uly nygmatyna yşarat edýär; biri adam ogluny hedaýat etmek üçin Pygamberleriň iberilmegi we ýene biri hem Alla tagalanyň bütin ynsanlaryň durkunda goýan päk pitretidir. Pygamberler mantyk ýüzinden bolan aýdyň sözleri bilen ilaty hedaýat edip olara dogry ýoly görkezýändirler. olar şeýle kylyk häsiýet we çykyş taýdan hem beýlekilere kämil görelde we ulňydyrlar, şol sebäli iman ähli bolanlaryň hemmesi Pygamberlere eýerip olara boýun bolmalydyrlar. ýene bir tarapdan Alla tagala ynsanlaryň durkuny bir hili ýaradandyr welin olar tebigi suratda ýagşy işleri gowy görüp erbet işleri we hereketleri hem ýygrenip ondan bizar bolýandyrlar. mysal hökmünde aýdar bolsak hatda özgeleriň mallaryny talaýan bir ugry hem öz durkunda  şeýle bir işiň ne çende erbetdigini bilip ondan ägädir.

Bu aýatlaryň öwredýän sapaklary şulardan ybarat:

1-njiden: egerde biz puşmanlyga duş bolmajak bolsak hökmän ylahy Pygamberleriň sözlerine eýermelidiris.biz ol Pygamberlerden,biziň islegimize görä amal etmeklerini hantama bolmalydyrys.

2-njiden:ynsanlary ýagşylyga çagyryp erbetliklerden gaçyrýan dine yýmtylmak bir hili pytry häsiýetdir we Alla tagala şeýle bir päk gaýnamy bütin ynsanlaryň durkunda goýandyr.

3-njiden: köpçüligiň hakygy ösüşi ylahy Pygamberleriň taglimatlaryna eýerip şondan ugur almaklyga baglydyr we bütin ynsanlar,erbet gylyk häsiýetlerden daş durmalydyrlar.4-njyden: ynsanyň hakygy bezegi we zinaty,eşik ýaşaýyş jaý ýa-da awtoulag ýaly ýüzleý gşzellikler däldir eýsem onuň hakygy bezegi magnawy we ahlagy gylyk häsiýeti we kämil imanydyr.

 

Hujurat süresi, 9-njy aýat:

وَإِنْ طَائِفَتَانِ مِنَ الْمُؤْمِنِینَ اقْتَتَلُوا فَأَصْلِحُوا بَیْنَهُمَا فَإِنْ بَغَتْ إِحْدَاهُمَا عَلَى الأخْرَى فَقَاتِلُوا الَّتِی تَبْغِی حَتَّى تَفِیءَ إِلَى أَمْرِ اللَّهِ فَإِنْ فَاءَتْ فَأَصْلِحُوا بَیْنَهُمَا بِالْعَدْلِ وَأَقْسِطُوا إِنَّ اللَّهَ یُحِبُّ الْمُقْسِطِینَ ﴿٩﴾

<>

bu aýat,köpçülikdäki ýaramazlyklaryň ýene birine yşarat edip şeýle permaýyş edýär: kä mähällärdä adamlar ýa-da köpçülikdäki kowumlaryň arasynda käbir çaknyşyklar ýüze çykyp, iki tarap garşysyndaky tarapa üsten çykmak ugurda ,öz dost ýarlaryny ýa-da ýakynlaryny , ony goldamaklyga çagyrýarlar. gurhany Kerim ýaňky aýatda şeýle bir meselä yşarat etmek bilen bu ýagdaýlarda, köpçüligiň beýleki adamlarynyň uruşa aralaşmakdan saklanyp eýsem iki tarapyň arasynda ýaraşygy dikeltmek ugurda talaş etmekleri zerurdyr diýip nygtaýar. emma eger şol iki tarapyň biri, uruşa aýak diräp çaknaşygy dowam berjek bolsa we adalat esasynda bolan ýaraşygy kabul etmekden saklansa onda hemmeleriň el gatyjyň garşysynda durup ony ýerinde oturtmaklary zerurdir diýip ýaňky aýat beýan edýär. şeýle bolan ýerinde, köpçülik uly howpa duçar boljak däldir.

Bu aýatyň öwredýän sapaklary şulardan ybarat:

1-njiden: köpçüligiň howpsuzlygyň garşysynda hemmler jogapkärdirler.şol sebäpli çaknaşyk we uruş ýüze çykan zamany bi parh bolmaklyk kabul ederlidäldir.olar öz dindaş doganlaryň arasynda ýaraşygy dikeltmäge borçlydyrlar.emma egerde şol uruşýan taraplaryň biri öz el gatyjylygyna we çozuşyna aýak direse onda ol hujumçyny öz ýerlerinde oturdyp amanlygy berkarar etmek gereklidir.

2-njiden: el gatyjyň garşysynda tapawatsyz bolmak we onuň bilen oňuşmak,köpçülikde amanlygyň howpa düşmegine ýene şert döretjekdir şeýle bir hujumçy eger musulman hem bolsa onuň gany hormatly däldir.

3-njiden: uruşyň 2 tarapyň arasynda ýaraşygy dikeltmek üçin adalat göz öňüne alynmaly we mazlumyň haky aýak aşakda depelenmeli däldir,şeýle bolman suratynda bu hili ýaraşyk we oňuşmak horlyk we zillet hasaplanýandyr.

/////////////