Apr 13, 2025 11:45 Asia/Ashgabat
  • bölüm 959, süre hujurat, aýat 10-12

bölüm 959, süre hujurat, aýat 10-12

959

Hujurat süresi, 10-njy aýat:

إِنَّمَا الْمُؤْمِنُونَ إِخْوَةٌ فَأَصْلِحُوا بَیْنَ أَخَوَیْکُمْ وَاتَّقُوا اللَّهَ لَعَلَّکُمْ تُرْحَمُونَ ﴿١٠﴾

<>

bütin möminleriň arasynda doganlyk baglanşygy berkarar etmek, yslamyň mazalyklaryndandyr. ýaýbaň suratda bir içeri maşgaladaky iki dogan özlerini birek-birek bilen deň we barabar hasaplaýarlar we olaryň biri beýleki doganyndan özüni ýokaryrak bilýän däldir. Yslam hem şol hili iman ähli bolanlaryň hemmesini, kowumlyk, nyžatlyk ,dil we beýleki parhlara garamazdan, birek-birek bilen deň hasaplaýar we hiç bir kimse beýlekilere üstem däldir diýip nygtaýar. Yslam Pygamberi öz ýaranlarynyň arasynda hem doganlyk pimanyny dikeltdi we şeýlelik bilen şeýle bir baglanşygyň taryh boýunda berkarar bolup durmagyny talap etdi. Ol Hezretleri dürli zamanlarda we mekanlarda bolan gürrüňlerinde elmydama, Arap Ajama, ak hem gara üstem däldirler we bütin adamlar birek-birek bilen dogan hökmünde Allanyň bendeleridirler diýip aýdýardylar. her haçan möminlerden bolan iki doganyň ýa-da iki toparyň arasynda agyzy alalyk we çaknyşyk ýüze çyksa, onda iman ähli bolanlaryň wezipeleriniň hemmesi doganlyk aslynyň esasynda olaryň arasynda ýaraşy berkarar etmeklikdir, we olaryň arasynda haky we adalaty ýöretmeklige jogapkärdirler.

Bu aýatyň öwredýän sapaklary şulardan ybarat:

1-njiden: hiç kimse özüni beýlekilerden ýokary hasaplamaga hakly däldir, sebäbi möminleriň hemmesi bir hatarda bolup, birek-birek bilen dogandyrlar. Ene- atalaryň, perzentler bilen bolan arabaglanşygy ýokarydan aşakdyr, emma doganlaryň arasyndaky baglanşyk deňlik esasyndadyr.

2-njiden: içeri maşgalanyň, iki dogan arasyndaky agyzalalygy ýok etmek ugurda tagalla edişileri ýaly,yslamy köpçülik hem möminler arasyndaky agyzalalykly gürrüňleri ýok etmeklige tekliplidirler we olaryň arasynda ýaraşygy berkarar etmelidir.

3-njiden: iman ähliniň arasynda ýaraşygyň,sapaň we ysnaşygyň bolmaklygy, ylahy rahmetiň inmegine ýerlik döredýändir.

 

Hujurat süresi, 11-nji aýat:

یَا أَیُّهَا الَّذِینَ آمَنُوا لا یَسْخَرْ قَومٌ مِنْ قَوْمٍ عَسَى أَنْ یَکُونُوا خَیْرًا مِنْهُمْ وَلا نِسَاءٌ مِنْ نِسَاءٍ عَسَى أَنْ یَکُنَّ خَیْرًا مِنْهُنَّ وَلا تَلْمِزُوا أَنْفُسَکُمْ وَلا تَنَابَزُوا بِالألْقَابِ بِئْسَ الاسْمُ الْفُسُوقُ بَعْدَ الإیمَانِ وَمَنْ لَمْ یَتُبْ فَأُولَئِکَ هُمُ الظَّالِمُونَ ﴿١١﴾

<>

Geçen aýat, iman ähliniň arasyndaky doganlyk arabaglanşygy nygtady. bu aýat doganlyk baglanşyga zyýan ýetirýän diliň günäleriniň Üçüsine yşarat edip şeýle permaýyş edýär: hiç bir erkek ýä-da zenan we hiç bir kowum ýa-da nyžad beýleki kowumlary masgaralamaga hakly däldir, sebäbi hiç bir kişi ýa-da kowum beýlekilerden ýokary we üstem däldir, şonuň üçin hem olar beýlekileri masgaralap horlamaga hakly däldirler. şeýlede beýleki adamlaryň ýa-da kowumlaryň arasynda teleke atlary we lakamlary goýup, şolary şeýle bir ýaramaz atlar bilen çagyrmak kine- küdüretiň döremegine sebäp bolýandyr, şol sebäpli Alla tagala bu meseläni günä hasaplap bu işden towba etmesizligi özgelere zulum we sütem etmekdir diýip beýän edýar.

 

Bu aýatyň öwredýän sapaklary şulardan ybarat:

1-njiden: Allaga imanly bolmak, Hudaýyň bendelerini masgaralamak bilen sazlaşykly däldir.

2-njiden: beýleki adamlary we kowumlary masgaralamak bir hili özüňi üstem saýmagyň nyşanasydyr. gurhan bu häsiýet bilen garşylaşyp şeýle permaýyş edýär: siz özüňizi beýlekilerden üstem bilmeli dälsiňiz, sebäbi siziň masgaralaýan kişiňiz sizden hem gowurak bolmagy mümkindir.

3-njiden: beýlekileriň aýpalryny we kemçiliklerini paş edip atlaryny garalamak,olaryň biziň aýyplarymyzyň yzynda bolmaklaryna ýerlik döredýär,ýene bir ybaratda özgeleriň atlaryny garalamak bir taraplaýyn ýol däldir we iru-giç bu mesele iki taraplaýyn bolup biziň hem zyýan görmegimize sebäp boljakdyr.

4-njiden: yslamyň göz öňüne alýan maksatlarynyň biri,köpçüligi erbet gylyk häsiýetleredn arssalapda,sosial çaknaşyklaryň döremeginiň öňüni almaklykdyr.

Hujurat süresi, 12-njy aýat:

یَا أَیُّهَا الَّذِینَ آمَنُوا اجْتَنِبُوا کَثِیرًا مِنَ الظَّنِّ إِنَّ بَعْضَ الظَّنِّ إِثْمٌ وَلا تَجَسَّسُوا وَلا یَغْتَبْ بَعْضُکُمْ بَعْضًا أَیُحِبُّ أَحَدُکُمْ أَنْ یَأْکُلَ لَحْمَ أَخِیهِ مَیْتًا فَکَرِهْتُمُوهُ وَاتَّقُوا اللَّهَ إِنَّ اللَّهَ تَوَّابٌ رَحِیمٌ ﴿١٢﴾

<>

Geçen aýatlaryň dowamunda bu aýat hem köpçülik agzalarynyň arasynda bar bolan doganlyk baglanşyga zyýan ýetirýän Üç sany günäni ara adýar. Gurhan möminleri birek-birek hakda ýagşy gümanda bolmaklyga çagyrsada gynanç bilen käler beýlekiler hakda betgümandyrlar. olar hiç bir delilsiz diňe şek we güman ýüzinden beýlekileriň işlerine gatyşyp we hiç bir delilsiz olara aýyp ýapýarlar, gybat şudur welin ynsan bir kişiň ýok ýerinde ilatyň habarly bolmadyk zadyny aýyrsyn we ol kişi şuny eşitse ol gürrüňden ynjamasyn. bu aýatda gybat uly adamyň etini imeklige meňzedilipdir, sebäbi gybat edýän kişi biriniň abraýyny iliň ýanynda döken zamanynda onuň şol ýygnakda huzurynyň ýokdugy zerarly, ol özünden arka çykyp jogap berip başarýan däldir we dökülen abrýyň ýerin dolduryp boljak däldir.

Bu aýatyň öwredýän sapaklary şulardan ybarat:

1-njiden: yslam köpçülikde bütin ynsanlaryň päkligi we birek-birege ynamly bolup ýagşy gümanly bolmagy esasdyr.

2-njiden: betgüman bolmak,özgeleriň ýaşaýyşlarynda barlag edip,soňda gybat etmeklige we beýlekileriň aýyplarynyň paş bolmagyna sebäp bolýandyr.

3-njiden: adamlary erbet işlerden alyp galmagyň ýollarynyň biri, olaryň ynsanlyk duýgularyndan peýdalanmakdyr, mysal hökmünde bu aýatda gybat bolýan kişi, göýä dünýeden öten dogany ýaly bolup özünden arka çykyp başarmaýan kişi hökmünde tanadylypdyr.

4-njiden: dinde hiç bir hili goşasepçik ýokdur ynsanyň günäleri her neçe uly bolsa-da hakygy towba bilen onuň ýerini dolduryp boljakdyr, sebäbi Perwerdigar towbalary kabul ediji we mähribandir.

/////////////