Apr 13, 2025 11:52 Asia/Ashgabat
  • bölüm 960, süre hujurat, aýat 13-18

bölüm 960, süre hujurat, aýat 13-18

960

Hujurat süresi, 13-nji aýat:

یَا أَیُّهَا النَّاسُ إِنَّا خَلَقْنَاکُمْ مِنْ ذَکَرٍ وَأُنْثَى وَجَعَلْنَاکُمْ شُعُوبًا وَقَبَائِلَ لِتَعَارَفُوا إِنَّ أَکْرَمَکُمْ عِنْدَ اللَّهِ أَتْقَاکُمْ إِنَّ اللَّهَ عَلِیمٌ خَبِیرٌ ﴿١٣﴾

<>

eger ýer ýüzinde ýaşaýan ynsanlaryň hemmesi surat, dil we beýleki ýöritelikler taýdan birek-birege meňzeş bolan bolsalardy, onda şeýle bir adamlary tanap saýgarmak asla aňsat bolmazdy. Allanyň hekmet we gudratynyň adamlary dürli taraplardan parhly edip ýaratmagydyr, bu mesele hem dürli nyžadlaryň we tire-taýpalaryň şeýled dilleriň döremegine sebäp bolandyr. Bu zatlardan daşgary her bir nyžatda hem adamlar diňe özlerine has häsiýetlere eýedirler, hatda birek-birege meňzeş bolan ekizler hem, bütin taraplardan meňzeş däldirler, olary ene atalary we bu ekizlere ýakyn bolan adamlar birek-birekden saýgaryp başarýandyrlar. Gurhan Kerim bu aýatda ynsanlaryň jysym we nyžad taýdan birek-birek bilen tapawutly ýaradylmaklarynyň esasy sebäbine yşarat edip şeýle permaýyş edýär:bu tapawutlaryň syry şudyr welin bu mesele adamlaryň birek-biregi tanap başarmaklaryna we sosial gatnaşyklarynda,kynçylyga duş bolmasyzlyklaryna sebäp bolýandyr. elbetde käbir kowmlar we nyžadlar şeýle bir tapawutlardan özlerini üstüm saýmak ugurda peýdalanmak üçin talaş edýärler, emma bu aýat şeýle permaýyş edýändir: siziň baryňyz bir ene atadan bolup hemmäňiziň köki Adam(AS) bilen Howa enä öwrülýändir. şol sebäpli  hem pahyrlanmak üçin hiç bir delil ýokdur we diňe ylahy we ynsany kemallary gazanyp, ösüşe ýedýänler Perwerdigäryň ýanynda ýörite hormat we orundan paýly boljakdyrlar.

Bu aýatyň öwredýän sapaklary şulardan ybarat:

1-njiden: Arap-Ajama ýa-de ak ýagyzlara, gara ýagyzlara üstüm däldirler. hemmeler ynsandyrlar we bir ene atanyň perzentleri hasaplanýandyrlar.

2-njiden: erkek ýa-de adamlaryň suratynda reňklerinde we nyžadlarynda bolan parhlar, hekmet ýüzinden we diňe birek-biregi tanap başarmak üçindir.pahirlanmak we özüňi üstüm saýmak üçin däldir.

3-njiden: Gurhan Kerim ynsanlaryň arasyndaky bütin nyžadlyk,kowmlyk,taýpalyk we sosial parh goýmalary ret edip ynsanlaryň pazylatly bolmaklaryň ýekeje ölçegini päklik we tagwada bilýändir.

 

Hujurat süresi, 14 we 15-nji aýatlar:

قَالَتِ الأعْرَابُ آمَنَّا قُلْ لَمْ تُؤْمِنُوا وَلَکِنْ قُولُوا أَسْلَمْنَا وَلَمَّا یَدْخُلِ الإیمَانُ فِی قُلُوبِکُمْ وَإِنْ تُطِیعُوا اللَّهَ وَرَسُولَهُ لا یَلِتْکُمْ مِنْ أَعْمَالِکُمْ شَیْئًا إِنَّ اللَّهَ غَفُورٌ رَحِیمٌ ﴿١٤﴾ إِنَّمَا الْمُؤْمِنُونَ الَّذِینَ آمَنُوا بِاللَّهِ وَرَسُولِهِ ثُمَّ لَمْ یَرْتَابُوا وَجَاهَدُوا بِأَمْوَالِهِمْ وَأَنْفُسِهِمْ فِی سَبِیلِ اللَّهِ أُولَئِکَ هُمُ الصَّادِقُونَ ﴿١٥﴾

<

  1. >

     

     

    1. bu aýatlar iman getirdik diýip toslaýanlaryň gürrüňlerini ýatlap şeýle aýdýar: olar, biz Hudaýa we onuň Pygamberine iman getirdik diýip aýtýarlar we bu meselelerden özleriniň özgelere bolan pahirlanmaklary üçin peýdalanýarlar.emma Gurhan bu meseleni ýazgaryp ýene şeýle permaýyş edýär: olar dil bilen biz musulman bolup iman getirendirs diýip aýdandyrlar,emma amalda Hudaýa we onuň Resulyna boýun bolýandyrlar, emma iman we amal birek-birege baglanşyklydyrlar we olaryň birek-bireksiz degerligi ýokdur. ýaňky aýatlar, imanyň adamlarynyň janyna ornamagyň 2 nyşanasyna yşarat edip şeýle diýýär; hakyky mömin, Allanyň ýolunyň hakdygyna zerreçe şek edip şübheli bolýan däldir, şeýlede Allanyň ýolynda öz janyndan we malyndan geçmeklige hem taýyn bolýandyr.

       Bu aýatlaryň öwredýän sapaklary şulardan ybarat:

      1-njiden: men dindar diýip toslapda, emma amalda onuň çykyşlary Alla we onuň Resulunyň Tglymlary bilen jebis bolmasa, ol dünýede musulmançylygyň mazalygyndan paýly boljakdyr, emma ahyretde şeýle bir işinden paý-padaş aljak däldir.

      2-njiden; imanyň orny we garargasy ýürekdedir,dilde däldir,imana ýetmekligiň ýoly amal ýüzinde etagat etmekdir,diňe dil bilen aýtmaklyk däldir.ýene bir ybaratda ynsanyň amaly onuň ýüregindäki ynamyny tassyklaýandyr.

      3-njiden: Gurhan we Hudaýyň kelamyndan daşgary Pygamberiň permany hem diniň çygyryndadyr we onuň ýerine ýetirilmegi gereklidir.

      4-njyden:Hudaýyň dininden arka çykyp jahat etmek hakyky dindarlaryň,iman getirdik diýip toslaýanlarda saýgarylmaklarynyň ýollarynyň biridir.

       

      Hujurat süresi, 16, 17 we 18-njy aýatlar:

      قُلْ أَتُعَلِّمُونَ اللَّهَ بِدِینِکُمْ وَاللَّهُ یَعْلَمُ مَا فِی السَّمَاوَاتِ وَمَا فِی الأرْضِ وَاللَّهُ بِکُلِّ شَیْءٍ عَلِیم ﴿١٦﴾ یَمُنُّونَ عَلَیْکَ أَنْ أَسْلَمُوا قُلْ لا تَمُنُّوا عَلَیَّ إِسْلامَکُمْ بَلِ اللَّهُ یَمُنُّ عَلَیْکُمْ أَنْ هَدَاکُمْ لِلإیمَانِ إِنْ کُنْتُمْ صَادِقِینَ ﴿١٧﴾ إِنَّ اللَّهَ یَعْلَمُ غَیْبَ السَّمَاوَاتِ وَالأرْضِ وَاللَّهُ بَصِیرٌ بِمَا تَعْمَلُونَ ﴿١٨﴾

      <>

      Hezreti Resul Äkräm(saw)-yň zamanynda käbir adamlar ol hezrete minnet goýup,biz saňa iman getirip seni goldandyrys diýip aýdýardiler; Gurhan Kerim şol adamlara ýüzlenip şeýle premaýyş edýär; siziň aýdaýn bu erbet sözüňiz nähilidir? Alla we onuň Resuly size minnet goýup sizi hedaýat edendir we sizi jahalatyň we nadanlygyň garaňkylygyndan halas edip,imanyň röwşen ýolyny size görkezendir.bulardan daşgary hem egerde siz aýtýan gürrüňleriňize sadyk bolsaňyz,onda ony minnet bilen aýtmagyňyz gerekdäldir, çünki Perwerdigär asmanlarda we zeminde bolan bütin zatlardan ägädyr we siziň içiňizde we durkyňyzda bar bolan zatlardan hem habarlydyr.

       Bu aýatlaryň öwredýän sapaklary şulardan ybarat:

      1-njiden: iman we amalymyz üçin Hudaýa we onuň Resuluna minnet goýmalydyrs, sebäbi olar biziň iman we amalymyza mätäç däldirler, eýsem nadanlygyň garaňkylygyndan halas bolupda hak ýoluna hedaýat bolmaklyk, Hudaýyň tarapyndan bize bolan uly nygmat we minnetdir, onda olar bize minnetlidirler.

      2-njiden; yslamy köpçülikde imanly diýip ýalandan toslaýanlaryň aldaglaryna duşmajak bolup habardar bolmalydyrys,sebäbi bu adamlar öz gürrüňlerinde sadyk däldirler.

      3-njiden: asmanlarda we zeminlerde ýaşryň syrlar köpdür we diňe Perwerdigär olardan ägädyr.

      ///////////////