Apr 14, 2025 09:10 Asia/Ashgabat
  • bölüm 961, süre kaf, aýat 1-8

bölüm 961, süre kaf, aýat 1-8

961

Kaf süresi

Gurhany Kerimiň mübärek Kaf süresi Mekgede ynyp onuň aýatlary hem umuman mäad ýa-da ölümden soňra direlişe degişli gürrüňler hakdadyr.

Kaf süresi, 1 we 2-nji aýatlar:

ق وَالْقُرْآنِ الْمَجِیدِ ﴿١﴾ بَلْ عَجِبُوا أَنْ جَاءَهُمْ مُنْذِرٌ مِنْهُمْ فَقَالَ الْکَافِرُونَ هَذَا شَیْءٌ عَجِیبٌ ﴿٢﴾

<>

Gurhany Kerimiň bu süresi hem Gurhanyň beýleki 28 süresi ýaly kesik- kesik harplar bilen başlanýar we onuň yzy bilen hem Gurhanyň azamatyna bolan anty ýatlaýar. sebäbi Gurhan bütin ynsanlaryň erkinde bolan harplar bilen ýazylandyr, emma şol bir ýagdaýda hem hiç bir kimse Gurhan ýaly kitaby ýa-da oňa meňzeşi döredip başaran däldir, bu bolsa Gurhanyň mugjyzadygynyň nyşanydyr. Gurhan aýatlarynyň dowamy kyýamaty ynkar edýänleriň sözlerine yşarat edip şeýle premaýeş edýär:olar öz aralaryndan bir kişiniň men Pygamber diýipde, ölümden soň kyýamatyň bardygy barada ilata duýduruş bermeginden haýrana galyp onuň gürrüňlerini bolmajak iş hasaplaýandyrlar. emma ol kyýamatyň gopjakdygyndan habar berýän ilkinji Pygamber däldir, şol sebäpli olaryň haýran bolup geň galmaklary nadanlyk ýüzünden dälde, eýsem jedelkeşlik we ynkar etmek esasyndadyr we hakykatda olar bu meselelerden Hudaý Pygamberiniň gürrüňlerini kabul etmezlik üçin bir bahana hökmünde peýdalanýarlar.

Bu aýatlaryň öwredýän sapaklary şulardan ybarat:

1-njiden:Gurhan, azamat we beýik şan-mertebe eýe bolan Allanyň kelamydyr,şol sebäpli her kimse azamatyň we haýbatyň gözleginde bolsa ,Gurhana ýüzlenip onuň  esasynda amal etmelidir.

2-njiden: Pygamberleriň ynsanyň jynsyndan bolup ilat arasyndan Pygamberçilige bellenmekleri mantyk we hekmet ýüzinden we hakykatda bu mesele olaryň kuwatly häsiýetlerindendir,emma nadan ynsanlar bu meselelerden Pygamberleri horlamak üçin bir bahana höküminden peýdalanýarlar.

3-njiden: kapyrlaryň Pygamberçiligi we kyýamaty göni ynkar etmek üçin kabul ederli we ýeterlik delilleri ýokdur,şonuň üçino olar hakykaty ynkar etmek üçin geň galmak ýaly şiwelereýüz tutup bu meseleäni bolmajak iş hasaplaýarlar.

 

Kaf süresi, 3, 4 we 5-nji aýatlar:

أَئِذَا مِتْنَا وَکُنَّا تُرَابًا ذَلِکَ رَجْعٌ بَعِیدٌ ﴿٣﴾ قَدْ عَلِمْنَا مَا تَنْقُصُ الأرْضُ مِنْهُمْ وَعِنْدَنَا کِتَابٌ حَفِیظٌ ﴿٤﴾ بَلْ کَذَّبُوا بِالْحَقِّ لَمَّا جَاءَهُمْ فَهُمْ فِی أَمْرٍ مَرِیجٍ ﴿٥﴾

<>

Geçen aýatlaryň açyklamasynda aýdyşymyz ýaly kapyrlaryň kyýamat gününi  ynkar etmekde hiç bir delilleri ýokdur. bu aýatlar olaryň elmydama ara adýan soraglaryny beýan edip, olar geň galyp şu sözleri aýdýarlar diýýär. biziň jesedimiz ölümden soň topraga öwrülen soň nähilli bolup biz ýaňadan direlip ýaşaýyşa öwrülmelidiris. Gurhan olaryň jogabynda şeýle permaýyş edýär: Perwerdigär ölümden soň adamyň jismynda nähilli üýtgeleňlerň döreýändigini we kyýamatda nähilli bolup ony şol ilkinji ýagdaýyna öwrüljekdigini bilýändir. bu işleriň hemmesi Hudaý ýanynda belli bolup saklanýandyr, onsoň şeýle permaýyş edýär:elbetde ol topar münkürler haky bilip onsoň ony ynkar edendirler,ýene bir ybaratda olaryň küfürleri nadanlyk ýüzünden däldir.

 

Bu aýatlaryň öwredýän sapaklary şulardan ybarat:

1-njiden: Gurhanyň ajaýyp şiweleriniň birisidir welin kä mahallarda gürrüňiň mazmuny boýunça deslap kapyrlaryň we garşylyk görkezýänleriň sözlerini nakyl edip,onsoň delil we mantyk ýüzinden olaryň toslamalaryna jogap berýändir.

2-njiden: ýaradylmyş düzgüni ylahy ylym esasynda dikeldilip şol esasda hem dolandyrylýandyr we her bir zadyň hasap kitaby bardyr.

3-njiden: gaýgydyr perişanlygyň köki,haky ynkar edip kapyr bolmaklykdadyr adamlygyň we asuwdalygyň köki hem Allany ýat etmek we haky kabul etmekde bolýandyr, şol sebäpli hem berk we mäkäm imandan paýly bolmadyk ynsanlar elmydama esteresdir başy çaşgynlykda ýaşaýandyrlar.

Kaf süresi, 6, 7 we 8-nji aýatlar:

أَفَلَمْ یَنْظُرُوا إِلَى السَّمَاءِ فَوْقَهُمْ کَیْفَ بَنَیْنَاهَا وَزَیَّنَّاهَا وَمَا لَهَا مِنْ فُرُوجٍ ﴿٦﴾ وَالأرْضَ مَدَدْنَاهَا وَأَلْقَیْنَا فِیهَا رَوَاسِیَ وَأَنْبَتْنَا فِیهَا مِنْ کُلِّ زَوْجٍ بَهِیجٍ ﴿٧﴾ تَبْصِرَةً وَذِکْرَى لِکُلِّ عَبْدٍ مُنِیبٍ ﴿٨﴾

<>

ölümden soň direlmegi ynkar etmek Allanyň ylymyna ýa-da onuň gudratyna şekli bolmakdan göz baş alýandyr. geçen aýatlarda ylahy ylmyň neçende ýaýraňdygyndan we çüňlüginden gürrüň boldy, bu aýatlar Perwerdigäriň gutarnuksyz gudratyna yşarat edip şeýle diýär; egerde siz öz depäňizdäki  asmana we onda bar bolan gün, aý, ýyldyzlar we gutarnuksyz gög aşa ser etseňiz, Perwerdigäriň çäksiz güýç gudratyna göz ýetirjeksiňiz we şol ýagdaýda Alla nähili bolup ölüleri direldip başararka diýip sorajak dälsiňiz. şeýlede eger siz öz aýagyňyzyň astyna ser etseňiz dag, sahra, tokaý we düregeý agaçlardyr, ösümlikleri görjeksiňiz welin olary döretmekde siziň hiç hili roluňyz bolan däldir we olar diňe ylhy gudrat bilen dörändirler, bularyň hemmesi Allany ýatlamagyň sebäplerindendir, elbetde, Alla tagala hakda magrypat gazanmagyň we oňa ýakynlamagyň ugrunda bolan ynsanlar üçin.

Bu aýatlaryň öwredýän sapaklary şulardan ybarat:

1-njiden: ýer şary,asman we bütin ýaradylmyş älemi Alla tanyjylyk sapagynyň kelasydyr,dünýe we ahyrat hakda hakykatlary saýgarmak üçin talaş edýän bütin adamlara.

2-njiden: asmandaky şarlara,düzgün we kanun häkimdir.

3-njiden: berklik ,gözellik we düzgün Alla tagalanyň asmanlarda we ýerlerdäki ýaradan zatlaryň ýöriteliklerindendir we ýaradylmyş äleminde hiç hili nugsanlyk we ýetmezçilik ýokdur,bu meseläniň özi hem Perwerdigäryň gutarnyksyz ylymynda we çäksiz gudratyndan nyşandyr.

4-njiden: öli topragyň ýüreginden diri ösümlikleriň ösmegi,Alla tagalanyň ölileri ýaňadan direldip başarmak gudratyndan bir nyşandyr.

///////////