Apr 14, 2025 09:17 Asia/Ashgabat
  • bölüm 962, süre kaf, aýat 9-15

bölüm 962, süre kaf, aýat 9-15

962

Kaf süresi, 9, 10 we 11-nji aýatlar:

وَنَزَّلْنَا مِنَ السَّمَاءِ مَاءً مُبَارَکًا فَأَنْبَتْنَا بِهِ جَنَّاتٍ وَحَبَّ الْحَصِیدِ ﴿٩﴾ وَالنَّخْلَ بَاسِقَاتٍ لَهَا طَلْعٌ نَضِیدٌ ﴿١٠﴾ رِزْقًا لِلْعِبَادِ وَأَحْیَیْنَا بِهِ بَلْدَةً مَیْتًا کَذَلِکَ الْخُرُوجُ ﴿١١﴾

<>

Geçen gepleşigiň dowamunda bu aýatlar hem mäadyň ýüze çykmagynyň nähili mümkindigini açyklaýar we ösümlikleriň bahardaky ýagdaýlaryna we nähili gögerip çykýandyklaryna yşarat edýär.jansyz ýatan däneler,ýagynyň,uly topraga ýagmagy sebäpli herekete düşüp toprakdan baş çykarýar,soň belent we bol önümli hoşalara öwürülýär we ekerançylar ondan çöreklerini we ýimit damaklaryny taýýarlamak üçin haýyrlanyp olary orýarlar. agaçlar hem gyşda ölüdirler, emma baharyň gelmegi we ýagynyň ýagmagy bilen şo gurap ýatan agaçlardan täze ýapraklar gögerip dürli miweler we bägüller ýaşaýyşyň nyşany hökmünde olarda peýda bolýar. Gurhan Kerimiň geçen aýatlarynyň dowamynda şeýle permaýyş edýär:ynsanlaryň kyýamatda toprakdan çykmaklary hem şu hilidir. Allanyň yradasy bilen, ölüleriň toprakadaky çaşgyn jisymlary, ösümlükleriň däneleri ýaly gumdan çykyp direljekdirler. bu iş bolmajak däldir we Allanyň çäksiz gudraty bilen ýüze çykjakdyr.

Bu aýatlaryň öwredýän sapaklary şulardan ybarat:

1-njiden: ýagyn, bereketli we ýaşaýyş beriji gopgyndyr we bütin närseleriň şol sanda ýerde ýaşaýan ösümlikleriň ,haýwanlaryň we ynsanlaryň ýaşaýyşlary oňa baglydyr.

2-njiden: agaçlaryň we miweleriň arasyndan hurma agaçy we onuň miwesi has ýöriteliklerden paýlydyr we Perwerdigär onuň adyny jyda zikr edip aýdandyr.

3-njiden: ösümlik we agaç hemä ýaşyllyk we gözelligiň maýasy hemde ryzk we gün oňşygyň wesilesi hemde ölümden soň boljak ýaşaýyşyň nyşanydyr.şeksiz ybrat gözi bilen garaýan kişiler bu mesele hakda oýlanyp pikir etjekdirler.

Kaf süresi, 12, 13 we 14-nji aýatlar:

کَذَّبَتْ قَبْلَهُمْ قَوْمُ نُوحٍ وَأَصْحَابُ الرَّسِّ وَثَمُودُ ﴿١٢﴾ وَعَادٌ وَفِرْعَوْنُ وَإِخْوَانُ لُوطٍ ﴿١٣﴾ وَأَصْحَابُ الأیْکَةِ وَقَوْمُ تُبَّعٍ کُلٌّ کَذَّبَ الرُّسُلَ فَحَقَّ وَعِیدِ ﴿١٤﴾

<>

bu aýatlar, Hudaý Resuly we iman ähline göwünlik bermek ugurda şeýle permaýyş edýär: diňe Mekgäniň müşrükleri yslam Pygamberiniň rysalatyny ynkar edenmykanlar diýip guman etmäň ,eýsem, ylahy Pygamberleriň biri bolan Hezreti Nuh( as)-yň zamanyndan şu mahala çenli Pygamberler elmydam ynkar edilendirler we dürli kowumlar we toparlar, dürli bahanalar bilen hak sözi kabul etmekden saklanyp, ylahy Pygamberleriň hakdyklaryny ygrar edendirler.

Elbetde duşmançylyk, jedelkeşlik we täsip ýüzinden bolan şeýle bir ynkar etmeler jogapsyz galmany ylahy gahar gazap dürli şekillerde olary gorşap alandyr. bir toparyny sil we tupan, bir topary asmandan inen ýyldyrymlar we bir topary hem ýeriň güýçli sarsmagy sebäpli aradan aýyrlandyrlar.

Bu aýatlaryň öwredýän sapaklary şulardan ybarat:

1-njiden: bu azamatly jahany dikeldip ynsany ýaradan Perwerdigär ony Pygamberler arkaly hedaýat edip ösüş we kemal ýolyny aşar ýaly oňa ýoly görkezendir, şeýle bir halda hem haky kabul etmek zor ýüzinden däldir we bu meselelerde ynsanlar erk yýgtyýarly edilendirler.

2-njiden: Pygamberleri görüp olaryň hakdygy olara äşgär bolupda ol Pygamberleri ynkar eden geçmişdäki kowmlar,ylahy gahar gazapa gereptar bolandyrlar,bu bolsa geljekdäkiler üçin ybrat we sapakdyr.

 

Kaf süresi, 15-nji aýat:

أَفَعَیِینَا بِالْخَلْقِ الأوَّلِ بَلْ هُمْ فِی لَبْسٍ مِنْ خَلْقٍ جَدِیدٍ ﴿١٥﴾

<>

köpi müşrükler Allany ynsan we jahanyň ýaradyjysy hökmünde kabul edip onuň barlygyny ynkar etmeýärler. bu aýat şol esasda şeýle permaýyş edýär: meger biz deslap sizi ýaradamyzda ejiz we dermanda boldukmy, indi sizi ýaňadan ýaratmakda natawan bolar ýaly we biz ýene bir gezek sizi ýaradyp başarjak dälmidiris?

Bu aýatyň öwredýän sapaklary şulardan ybarat:

1-njiden: kyýamatda ynsany ýaňadan ýaratmak hakda Allanyň gudratyna şübheli bolmagyň hiç hili esasy ýokdur, sebäbi bir närsäni döredenkişi ony ýaňadan döretmek gudratdan hem paýlydyr.

2-njiden: münkürler bilen gürrüň etmekde olary oýlanyp pikir etmeklige tarap itermek üçin sorag etmek ýolundan girişmelidir.

3-njiden: Mäady ynkat edýänleriň öz şeýle bir ynkar etmekleri üçin mantyga laýyk delilleri ýokdur, eýsem olar şek- şübheli bolmaklaryny, edýän ynkarlarynyň delili hasaplaýandyrlar.

/////////////