Apr 14, 2025 09:24 Asia/Ashgabat
  • bölüm 963, süre kaf, aýat 16-22

bölüm 963, süre kaf, aýat 16-22

963

Kaf süresi, 16-njy aýat:

وَلَقَدْ خَلَقْنَا الإنْسَانَ وَنَعْلَمُ مَا تُوَسْوِسُ بِهِ نَفْسُهُ وَنَحْنُ أَقْرَبُ إِلَیْهِ مِنْ حَبْلِ الْوَرِیدِ ﴿١٦﴾

<>

Geçen gepleşiklerde hem aýdyşymyz ýaly Kaf süresiniň aýatlarynyň esasy kyýamat hakdadyr. bu aýat Allanyň, adam oglunyň işleri hakdaky ylmy barada şeýle permaýyş edýär; Perwerdigär adam oglunyň halykydyr we onuň bütin işlerinden we hal ýagdaýyndan habarlydyr. Perwerdigär diňe ynsanyň ýerine ýetirýän işlerinden dälde eýsem onuň pikirinde we hyýalynda bolan oý-pikirlerinden hem habarlydyr, emma Alla tagala öz lutfy keremi bilen adamlary zehinlerinde bolan waswasalar we erbet pikirleri üçin jezalandyrmaýar eýsem her haçan ynsan günä işlere baş goşsa oňa jeza berýär. adamyň ýaşaýyşy, gany ýürekden onuň bütin endam agzalaryna ýetirýän şadamarlara baglydyr we elbetde Perwerdigär hatda şadamardan hem ynsana ýakynrakdyr, sebäbi ynsanyň ýaşaýyşy Allanyň erkindedir we ýürekdir damarlar ylahy yradany durmuşa geçirmek üçin bir abzaldyr.

Bu aýatyň öwredýän sapaklary şulardan ybarat:

1-njiden: Allanyň ylymy we gudraty çäksiz dir we ol elmydama adamyň ýagdaýyndan kämil ägahdyr.Allanyň ynsanyň hal ýagdaýyndan habarly bolmagy ýaýbaň we dykkatly şekildedir,şol sebäpli hem Perwerdigär biziň içgin niýetlerimizden we pikirlerimizden habarsyzmykan diýip pikir etmegimiz batyl gumandyr.

2-njiden: egerde biz öz nepsimize habardar bolmasak,ol dürli ýollar boýunça bizi erbet we ýaramaz işlere tarap iterýändr we bu işi biz gereptarbolýançak gaýtalap durýandyr.

 

Kaf süresi, 17 we 18-nji aýatlar:

إِذْ یَتَلَقَّى الْمُتَلَقِّیَانِ عَنِ الْیَمِینِ وَعَنِ الشِّمَالِ قَعِیدٌ ﴿١٧﴾ مَا یَلْفِظُ مِنْ قَوْلٍ إِلا لَدَیْهِ رَقِیبٌ عَتِیدٌ ﴿١٨﴾

<>

Geçen aýatda Alla tagalanyň ynsanyň pikirindäki we zehinindäki gumanlardan hem habarlydygy hakda gürrüň boldy. Indi bu aýatlar ynsanyň bütin işleriniň ýazylýandygyna yşarat edip şeýle permaýyş edýär: Perwerdigär her bir ynsan üçin elmydama onuň hal-ýagdaýyna habardar bolar ýaly iki sany perişte karar berendir, ol perişteler ynsanyň ýagşy we erbet işleriniň hemmesini ýazýandyrlar we olardan hiç bir zat ýaşryn däldir. ynsanlaryň köpüsi sözlemekligi öz amallaryndan  hasaplaýandyrlar we oňa onçakly ähmiýet berýän däldirler, emma sözlemegiň özi ynsanyň içeri maşgala we köpçülikli aragatnaşyklarynda möhüm orundan paýlydyr. şol sebäpli Perwerdigär sözlemekligi juda suratda zikir edip şeýle permaýyş edýär: agyzdan çykan her bir sözi ol iki perişte ýazyp ýazga geçirýändirler.

Bu aýatlaryň öwredýän sapaklary şulardan ybarat:

1-njiden: Perwerdigär, ynsanyň durkunda bolan şeýlede äşgär bolan zatlardan ägä bolsada her iş üçin esbab we wesile karar berendir. şol sebäpli hem iki periştäni ynsanyň amallaryny ýazga geçirmek ugurda borçly edendir.

2-njiden: perişteleriň bar bolmagyna ymanly bolmak,ýaşryn zatlara ymanly bolmagyň görnüşlerindendir we Hudaýa bolan ymanyň ýanynda ýerleşendir.

3-njiden: ynsan diňe öz çykyşlary we amallary hakda dälde eýsem öz sözleri hakda hem jogapkärdiler we ynsandan ýüze çykan her bir zat hasapa alynjakdyr.

 

Kaf süresi, 19, 20, 21 we 22-nji aýarlar:

وَجَاءَتْ سَکْرَةُ الْمَوْتِ بِالْحَقِّ ذَلِکَ مَا کُنْتَ مِنْهُ تَحِیدُ ﴿١٩﴾ وَنُفِخَ فِی الصُّورِ ذَلِکَ یَوْمُ الْوَعِیدِ ﴿٢٠﴾ وَجَاءَتْ کُلُّ نَفْسٍ مَعَهَا سَائِقٌ وَشَهِیدٌ ﴿٢١﴾ لَقَدْ کُنْتَ فِی غَفْلَةٍ مِنْ هَذَا فَکَشَفْنَا عَنْکَ غِطَاءَکَ فَبَصَرُکَ الْیَوْمَ حَدِیدٌ ﴿٢٢﴾

<<ölüm we huşdan gitmeklik dogrudanda gelip ýetjekdir we ynsana aýtjakdyrlar: bu hem elmydam ondan gaçýan azdyň// we kyýamatyň tüýdügi çalynjakdyr, bu azap wadasynyň durmuşa geçjek günüdir// we her kimse kyýamat sahnasyna gelse ony iterýän bir zat we oňa şaýat bir zat onuň bilen boljakdyr// oňa aýdyljakdyr: dogrudan-da bu günden gaplatda bolupdyň, onda seniň alyňdan gaplat örtgini kenara sowduk we bu gün seniň gözüň göreji artandyr.>>

ölüm ýagdaýynda, ynsany ajaýyp bir gaýgy we gorky gurşap alýar. ynsanlaryň bary diýen ýaly ölümden gaçýandyrlar we hatda oňa oýlanmaklyga hem taýyn däldirler, eger olar ölüme pikir etjek bolsalar hem özgeleriň ölümlerine oýlanýandyrlar. emma Gurhany Kerim şeýle permaýyş edýär: ölüm hakdyr we hemmeleri gurşap aljakdyr, indi taýýar bolsalarda bolmasalarda, elbetde ölüm ýogalmagyň manysynda däldirde eýsem bir dünýeden ýene bir dünýä geçmekdir we tebigi suratda hem gynçylyk, basyş we kowum garyndaşdyr dostlaryňdan aýra düşmek bilen hemra bolýandyr.

doguluş ýagdaýda hem şu hilidir. düwünçegiň durmuşyndan dünýä durmuşyna girmek çaganyň göýbeginiň kesilmegi we onuň aglamagy bilen hemradyr. dogulyş zamanynda eneň garnyndan çykyp ýer ýüzine gadam goýandyrys. ölüm zamanynda hem biz ýenede ýeriň garnyna öwlýändiris we her haçan Perwerdigär yrada etse ýeriň garnyndan daşary çykyp ýenede ýer ýüzine gadam goýjakdyrys. emma bu gezek biz geçmişde ýer ýüzinde baş goşan işlerimiz hakynda jogap bermeli diris, dünýede boluşy ýaly kyýamatda hem iki perişte biziň ylahy kazyýatda huzurly bolmagymyz üçin biz bilen hemra boljakdyrlar we olar biziň dünýedäki işlerimiz hakda şaýatlyk berjekdirler.şol zamanda ynsan kiýamatda onuň ýerine ýetiren işleriň neçende onuň ýagdaýynda täsirlidigine ,emma şondan gapyl bolandygyna göz ýetirjekdir.

Bu aýatlaryň öwredýän sapaklary şulardan ybaratdyr:

1-njiden; ölümden  gaçmak ynsanyň tebigi häsiýetidir:

2-njiden: ölümiň baş çaşgynlygy bütin ynsanlara bardyr ,ölümden bolan gorky we esteres bir hilidir welin ynsanlar öz adaty ýagdaýlaryndan çykyp,olaryň başlary çaşýandyr.

3-njiden: Ahyretden gapyl bolmak ynsana abanýan howpdyr we onuň hetden aşa, dünýe we onuň jelwelerine şol sanda başdaşydyr perzentlerine ýürek baglamaklaryna sebäp bolýandyr

4-njiden: dünýe we onuň jelweleri, ynsanyň gözleriniň öňünde bolup onuň haky görmeginiň öňüni alýan örtgi ýalydyr, şol sebäpli gapyl ynsanyň çüň görjüligi ýokdur, emma kyýamatda örtgileriň gyraga gitmegi bilen onuň göreji artyp hakykatlar oňa äşgär boljakdyr.

/////////////