bölüm 964, süre kaf, aýat 23-30
bölüm 964, süre kaf, aýat 23-30
964
Kaf süresi, 23, 24, 25 we 26-njy aýatlar:
وَقَالَ قَرِینُهُ هَذَا مَا لَدَیَّ عَتِیدٌ ﴿٢٣﴾ أَلْقِیَا فِی جَهَنَّمَ کُلَّ کَفَّارٍ عَنِیدٍ ﴿٢٤﴾ مَنَّاعٍ لِلْخَیْرِ مُعْتَدٍ مُرِیبٍ ﴿٢٥﴾ الَّذِی جَعَلَ مَعَ اللَّهِ إِلَهًا آخَرَ فَأَلْقِیَاهُ فِی الْعَذَابِ الشَّدِیدِ ﴿٢٦﴾
<
Geçen gepleşikde elmydama ynsan bilen hemra bolan periştelerden gürrüň boldy, ol perişteler dünýede ynsanyň ýagşy we ýaman amallaryny ýazga geçirýändirler we kyýamatda ony behişte ýa-da dowzaha tarap iterýändirler. bu aýatlar şeýle permaýyş edýär: perişteleriň taýýarlan amal hatlaryna görä, ynsan kyýamat diwanynda taýýar boljakdyr we Perwerdigär şonuň esasynda küfri göz öňüne alan günäkärleri ýagşy kişilerden juda edip, olary jezalandyrjakdyr. sebäbi olar hatda hak bilen jedel edip duşmançylyk etmek bilen Allaga kapyr bolandyrlar we amal ýüzinde hem hak ýoluny kabul etmekde şübheli bolandyrlar. şu hili adamlar ylahy çarçuwadan daşary çykyp,özgeleri hem haky kabul etmek ýolda şübheli edendirler, olar Hudaýyň ýanynda beýlekileri ara atyp ilaty özge gudratlara tarap gönükdirendirler.
Bu aýatlaryň öwredýän sapaklary şulardan ybarat:
1-njiden: eger küfür,nadanlyk we bilmesizlik ýüzinden bolsa,ynsanyň öwrülmegine umyt bardyr,emma eger kapyrçylyk duşmançylyk we täsipkeşlik ýüzinden bolsa,ol her günde güýçlenip çuňlaşjakdyr we şeýle bir ynsanyň toba edip öwürilmegi gaty çetindir.
2-njiden: möminler,ynsanlary haýyr işlere çagyrýandyrlar,emma haky ynkar edýänler, olaryň tersine amal edip beýlekileri ýagşy işlerden alyp galmak ugurda tagalla edýändirler.
3-njiden: dowzah azabynyň derejeleri bardyr we ynsanyň küfür, şerk we günälerine bagly bolup durýandyr.
Kaf süresi, 27, 28, 29 we 30-njy aýatlar:
قَالَ قَرِینُهُ رَبَّنَا مَا أَطْغَیْتُهُ وَلَکِنْ کَانَ فِی ضَلالٍ بَعِیدٍ ﴿٢٧﴾ قَالَ لا تَخْتَصِمُوا لَدَیَّ وَقَدْ قَدَّمْتُ إِلَیْکُمْ بِالْوَعِیدِ ﴿٢٨﴾ مَا یُبَدَّلُ الْقَوْلُ لَدَیَّ وَمَا أَنَا بِظَلامٍ لِلْعَبِیدِ ﴿٢٩﴾ یَوْمَ نَقُولُ لِجَهَنَّمَ هَلِ امْتَلأتِ وَتَقُولُ هَلْ مِنْ مَزِیدٍ ﴿٣٠﴾
<
bu aýatlarda ynsany dowzahy edýän dost- ýarlardan gürrüň bolýar. olar teleke dostlar, küfrüň başlyklary we şolaryň başynda şeýtandan ybaratdyrlar. Ynsanlar,kyýamatda özleriniň kesgitlenen ýazgytlary bilen ýüz be ýüz bolanlarynda: günäkärler birek-birek bilen şeýle pasyt başlyklary we şeýtan bilen menjeşikde bolup öz günälerini beýlekileriň ostuna oklamak ugurda çalyşjakdyrlar. günäkär ynsanlar şeýle aýjakdyrlar: eger size bolman bolsadyňyz biz iman ählinden bolardyk, ýa şeýle diýjekdirler: biz size eýermek arkaly şeýle betbagtçylyga uçrap gara bagt bolandyrys. elbetde olaryň şeýle bir gürrüňleri olaryň kapyrçylyklarynda hiç hili täsir galdyryp ondan azaljak däldir.
Şeýtan hem özünden arka çykyp şeýle aýtjakdyr:Eý bar Hudaýa men hiç bir kimsäni kapyrçylyga ýa-da seniň permanyňdan boýun gaçyrmaklyga mejburlan däldirin,eýsem olaryň özleri seniň ýoluňy unudyp çuň gumralyga gereptar bolandyrlar,emma dowzahylar şeýtany tagsyrkär we ýazykly bilip,öz günälerini düşündiriş berjek bolýandyrlar.şol wagtlarda Perwerdigär tarapyndan inýän ses olaryň şeýle bir jedellerine we gürrüňlerine soň berip şeýle diýjekdir: indi bu gürrüňleriň zamany däldir,her kimsäň teklibi belli we açaçan bolup,her kimse öz ýazgty boýunça we ne känräk we nw azrak jezalandyryljakdyr.hiç bir kimse dowzahyň göwrümi çäkli mykan diýip oý etmesin ,ýa-da uly günäkärleriň bardygy sebäpli oňa nowbat ýetmer mykan diýip pikir etmesin,eýsem,dowzah günäkärleri özüne tarap çagyryp ýene-de barmy diýip sorajakdyr.
Bu aýatlaryň öwredýän sapaklary şulardan ybarat:
1-njiden: ene atany ýa-da dogany biz saýlaýan däldiris,emma ýagşy ýaman dost ýary özümiz saýlaýandyrys we olar biziň ýazgydymyzda täsir galdyrjakdyrlar.
2-njiden: kyýamatda hiç bir kimse öz giňliklerini ýa-da günä işlerini erbet dostlaryň ýa-da pasyt başlyklaryň şeýle şeýtanyň boýnuna oklapda,özünden jogap kärçiligi sowup başarjakdäldir.
3-njiden: Perwerdigär ne umum ynsanlary hedaýat etmekde keýeňlik edendir, nede olara zulum edendir. şeýle-de nede sütemçileri jezalandyrmakda keýeň durjakdyr. sebäbi zalymlary jezalandyrmakda keýeňlik etmek ýagşylara sütem etmeklige sebäp boljakdyr.
4-njiden: ýazykly ynsanlar öz haklarynda ýerine ýetiren zulumlary üçin dowzaha gereptar boljakdyrlar, ne Allanyň ilara zulum etmegi sebäpli,çünki Perwerdigär hiç haçan hiç bir kimsä sütem edýändäldir.
/////////////