Apr 14, 2025 09:45 Asia/Ashgabat
  • bölüm 965, süre kaf, aýat 31-37

bölüm 965, süre kaf, aýat 31-37

965

Kaf süresi, 31 we 32-nji aýatlar:

وَأُزْلِفَتِ الْجَنَّةُ لِلْمُتَّقِینَ غَیْرَ بَعِیدٍ ﴿٣١﴾ هَذَا مَا تُوعَدُونَ لِکُلِّ أَوَّابٍ حَفِیظٍ ﴿٣٢﴾

<>

Geçen gepleşikde duşmançylyk we jedel etmek ýüzünden iman getirmeýän ynsanlaryň soňlarynyň näme boljakdygy beýan edildi. bu aýatlar şeýle bir ynsanlaryň garşysynda, möminleriň ýagşy serenjamdan paýly boljakdyklaryna yşarat edip şeýle permaýyş edýär: kyýamatda behişt muttaky we päk ynsanlar taýýar edilip aňsatlykda olaryň erkinde goýuljakdyr we olary Hudaý tagalanyň gutarnyksyz nygmatlaryndan paýly boljakdyrlar. bu uly paý-padaş, olaryň dünýädäki ylahy boýruklardan gorak etmekleriniň we Allanyň permanyndan boýun gaçyrmakdan saklanmaklarynyň netijesidir. olara egerde birdenkä, bilmesizlik ýa-da gapyl bolmak ýüzünden käbir ýalňyş hereketlere duş bolsalarda çaltlykda Allaga tarap öwrülip toba edýändirler.

 

Bu aýatlaryň öwredýän sapaklary şulardan ybarat:

1-njiden: möminler hem kapyrlar ýaly günäden aman däldirler, emma kapyrlaryň tersine olar günä işlere aýak diremeýärler we egerde ýalňyşa duş bolsalar toba edip, onuň ýerini doldurmak ugurda talaş edýärler.

2-njiden: eger Hudaý Tagalanyň wadalaryna imanly bolsak onda päk we perhizgär bolmak we Hudaýa tarap öwrülmek arkaly, biziň behişte ýetip başarjakdygymyza şek ýokdur.

Kaf süresi, 33, 34 we 35-nji aýatlar:

مَنْ خَشِیَ الرَّحْمَنَ بِالْغَیْبِ وَجَاءَ بِقَلْبٍ مُنِیبٍ ﴿٣٣﴾ ادْخُلُوهَا بِسَلامٍ ذَلِکَ یَوْمُ الْخُلُودِ ﴿٣٤﴾ لَهُمْ مَا یَشَاءُونَ فِیهَا وَلَدَیْنَا مَزِیدٌ ﴿٣٥﴾

<>

bu aýatlar, geçen aýatlaryň dowamynda şeýle permaýyş edýär: hakyky imanyň nyşanasy sudyr welin, mömin ynsan pynhanlykda we Hudaýdan başga hiç kimiň ýok ýerinde, Alladan perwaý edip günä etmekden saklanýandyr we egerde günä işi edäýse, çaltlykda toba edip öwrülýändir. ynsanyň şeýle bir ruhiýeden paýly bolmagy, ony dowzahdan gutuldyryp behişte dahyl edýändir we şol mekanda hemişelik üçin galjakdyr. olar dünýede Allanyň razylygyny gazanmak üçin öz ýürek islänlerinden el çekendirler, şol sebäpli Alla Tagala, şeýle bir hili islegleriň ýerini behiştde doldurjakdyr. Perwerdigär şeýle permaýyş edýär: indi her ne isleseňiz Alla siz üçin we sizi ganagatlandyrmak üçin behiştde taýýarlandyr, bulardan daşgary hatda siziň bilmeýän nygmatlaryňyzy hem Alla öz lutfy keremi bilen size hüdirlejekdir.

Bu aýatlaryň öwredýän sapaklary şulardan ybarat:

1-njiden: möminleriň ýüregi toba edijidir we bu mesele hem olaryň gutulyp halas bolmaklaryna sebäp bolýandyr, emma kapyrlaryň we munapyklaryň ýüregi hassaçylyga giriftardyr we bir hili olaryň günä işlerini, olaryň gözlerine ýeňil görkezýändir, şol sebäpli hem olar günäden gutuljak däldirler.

2-njiden: beýlekileriň ýanynda we umum ilatyň şaýat bolan ýerinde günäni terk etmeklik imanyň nyşany däldir, sebäbi meseleleriň olaryň kanundan ýa-da beýlekileriň tankyt etmeklerinden gorkupda biabraýçylykdan saklanmaklary sebäpli bolmagy mümkindir, emma biz egerde pynhanlykda hem Hudaýdan  gorkup onuň ölçeglerini göz öňüne alsak, bu mesele hakyky imanyň nyşanasydyr.

3-njiden: behiştiler, jennete girýän mahallarynda ýörite salamlar we däbler bilen garşyalynjakdyrlar.

4-njiden: behiştde nygmatlardan paýly bolmak üçin hiç hili çäklik ýa-da zähmet ýokdur we behiştilere bolan iň ýagşy buşluk şudyr welin bu nygmatlar gutarnyksyz we hemişelikdir.

5-njiden: ynsan çäksiz nygmatlary isleýändir,şol sebäpli Alla Tagala behiştde olaryň ätiýaçlaryndan we isleglerinden hem köpräk bolan nygmatlary olaryň erkinde goýjakdyr.

Kaf süresi, 36 we 37-nji aýatlar:

وَکَمْ أَهْلَکْنَا قَبْلَهُمْ مِنْ قَرْنٍ هُمْ أَشَدُّ مِنْهُمْ بَطْشًا فَنَقَّبُوا فِی الْبِلادِ هَلْ مِنْ مَحِیصٍ ﴿٣٦﴾ إِنَّ فِی ذَلِکَ لَذِکْرَى لِمَنْ کَانَ لَهُ قَلْبٌ أَوْ أَلْقَى السَّمْعَ وَهُوَ شَهِیدٌ ﴿٣٧﴾

<>

bu aýatlar, öz güýç gudratlaryna buýsanyp olaryň şeýle bir gudratlary Allanyň yradasynyň durmuşa geçmegine böwet bolarmykam diýip oý edýänlere we bütin sütemkärler bir duýduryşdyr we zalymlar diýseň hiç haçan Hudaýlykly gudratyň penjesinden gaçyp başarjak däldiklerini beýan edýändir.

Taryh boýunda, köp gudratdan paýly bolan häkimler bolupdyrlar. olar ýurt giňeldiş işlere maşgul bolup, ýer şarynyň ýaýbaň bölgelerine musallat bolup başarypdyrlar, emma iň soňunda Allanyň gudratynyň garşysynda ýeňilip heläk bolandyrlar. geçmişde ýaşap geçen kowumlaryň ýazgydy hakda barlag edýänleriň taryha ser salmak bilen olaryň duş bolan serenjamlaryndan pent we ybrat almaklary tebigi bir zatdyr. bu adamalr şeýle bir barlaglardan ybrat alyp zulumdan we küfürden gutuljakdyrlar.

Bu aýatlaryň öwredýän sapaklary şulardan ybarat:

1-njiden: ozalky uly medeniýetleriň doňdurylmaklarynyň delillerini saýgarmak,häzirki we indiki nesiller üçin ýollaryny tapmaga bir çyra hökmünde bolmalydyr.

2-njiden: ymmatlaryň aradan gidip sütemkär gudratlaryň ýogalmaklary ylahy sünnetlerdendir.

3-njiden; gudrat, zulumdyr pysatçylygyň ýerligidir we bu mesele özgeleriň hak hukukyna el gatyjylyk etmek mümkinçiligini taýýarlaýandyr. emma iman güýçi şeýle bir meseleniň öňüni alyp başarmakda täsirli bolup düşýändir.

4-njiden: geçmişdäki kowmlaryň taryhyny okap barlamagyň ýeke özi ýeterlik däldir,eýsem howplardan gutulmak ugurda taryhy öz görişleri barlap häkim kanunlary tanamak gerekli bolýandyr.

///////////