bölüm 966, süre kaf, aýat 38-45
bölüm 966, süre kaf, aýat 38-45
966
kaf süresi, 38, 49 we 40-njy aýatlar:
وَلَقَدْ خَلَقْنَا السَّمَاوَاتِ وَالأرْضَ وَمَا بَیْنَهُمَا فِی سِتَّةِ أَیَّامٍ وَمَا مَسَّنَا مِنْ لُغُوبٍ ﴿٣٨﴾ فَاصْبِرْ عَلَى مَا یَقُولُونَ وَسَبِّحْ بِحَمْدِ رَبِّکَ قَبْلَ طُلُوعِ الشَّمْسِ وَقَبْلَ الْغُرُوبِ ﴿٣٩﴾ وَمِنَ اللَّیْلِ فَسَبِّحْهُ وَأَدْبَارَ السُّجُودِ ﴿٤٠﴾
<
Geçen gepleşikde kyýamat we ony ynkar edýänler barada käbir meseleler ara atyldy. bu aýatlar ýene bir gezek ylahy gudrata yşarat edip şeýle permaýyş edýär: nähili bolup kyýamatyň gelmegi hakda şübheli bolýarsyňyz. jahanyň bütin azamaty bilen Allanyň yradasy boýunça alty günde dikeldilen mahaly we şol ýagdaýda hem bu ýaradylmagyň Alla üçin hiç hili zähmet we kynçylygy ýokdur we Alla üçin ýadawluk yzyna tirkändäldir. soň Alla Tagala Pygamberine garap şeýle permaýyş edýär: kyýamaty ynkar edýänleriň sözlerinden narahat bolma we gama batma, eýsem gije-gündüziň dürli salym sagatlarynda Perwerdigäriň zikri we ýady bilen maşgul bolmak arkaly öz ýüregiňi giň tut we olaryň sözleriniň garşysynda çydamyňy artdyr.
Bu aýatlaryň öwredýän sapaklary şulardan ybarat:
1-njiden: Alla Tagala bir demde bütin ýaradylmyşy halk edip başarýan ýagdaýynda jahanyň ýaradylmyşynyň zamanynyň gidişinde bolandygyny nygtaýar, bu bolsa jahany dolandyrmakda käbir sebäpleriň we abzallaryň derkar bolmagyny beýan edýär.
2-njiden: ýaradylmyş älemi diýseň giň we ýaýbaňdyr, bu dünýäniň azamaty Alla Tagalanyň gutarnyksyz gudratyny sergä goýýandyr.
3-njiden: garşylaryň töhmet ýapmaklary ýa-da erbet sözleri dile getirmekleri biziň hak sözi aýtmagymyzda päsgelçilik döredip yza serpikmegimize sebäp bolmaly däldir, eýsem sabyr we talaş etmek arkaly öz ýolumyzy dowam etmelidirs.
4-njiden: kynçylyklar garşysynda iň güýçli arka,Allany bütin salym sagatlarda ýatlapda oňa sygynmakdyr.
5-njiden; Allany ýatlamagyň ýörite wagty bolmasada namazyň ýörite wagtlary fazilatlyrak bolup onuň täsiri hem köpeňräk boljakdyr.
kaf süresi, 41, 42, 43 we 44-nji aýatlar:
وَاسْتَمِعْ یَوْمَ یُنَادِ الْمُنَادِ مِنْ مَکَانٍ قَرِیبٍ ﴿٤١﴾ یَوْمَ یَسْمَعُونَ الصَّیْحَةَ بِالْحَقِّ ذَلِکَ یَوْمُ الْخُرُوجِ ﴿٤٢﴾ إِنَّا نَحْنُ نُحْیِی وَنُمِیتُ وَإِلَیْنَا الْمَصِیرُ ﴿٤٣﴾ یَوْمَ تَشَقَّقُ الأرْضُ عَنْهُمْ سِرَاعًا ذَلِکَ حَشْرٌ عَلَیْنَا یَسِیرٌ ﴿٤٤﴾
<
Bu aýatlar, kyýamatda dünýe ilatynyň milýartlarça jemgiýetiniň huzury bilen ylahy we asmandan bolan bir sesiň eşdilmegi bilen başlanjak uly bir ýygnagyň açylyş dabarysydyr. ol asmanlyk ses öride şeýle bir güçlidir welin magşar ähliniň hemmesi ol sesi ýakyndan eşitjekdirler. ol haýbatly sesiň azamatyndan daglar we ýer ýaryljakdyr, ölüler toprakdan daşary çykyp pitraň bolan ynsanlar ýygnanşjakdyrlar. bu aýatlar şu nokata yşarat edýändirler welin ynsanlary ilkinji gezek ýaradan şol ýeke täk Hudaýy we soň olary öldürýän Perwerdigär, bu günki gün ýenede ýaradylmyş äleminde öz ýollaryny dowam etdirmekleri maksaty bilen olary direltjekdir.
Bu aýatlaryň öwredýän sapaklary şulardan ybarat:
1-njiden: Mäad diýmek kyýamatda direlmek jismi suratdadyr, adamlar ýeke ýeke toprakdan baş çykaryp kyýamat sahnasynda taýýar boljakdyrlar.
2-njiden: ölüm we ýaşaýyş diňe Allanyň eli bilen bolýandyr. bu bolsa, ölüleriň kyýamatda Alla arkaly direltmek mümkinçiligiň bardygyna iň gowy delildir.
kaf süresi, 45-nji aýat:
نَحْنُ أَعْلَمُ بِمَا یَقُولُونَ وَمَا أَنْتَ عَلَیْهِمْ بِجَبَّارٍ فَذَکِّرْ بِالْقُرْآنِ مَنْ یَخَافُ وَعِیدِ ﴿٤٥﴾
<
Geçen aýatlaryň dowamynda bu aýat ýene bir gezek Hezreti Rsuly Äkräm(sa)-e ýüzlenip şeýle permaýyş edýär: Mäady we kyýamat gününi ynkar edip seniň çakylygyňy ret etmek arkaly beýlekileri saňa iman getirmekden alyp galýanlar, biz olardan habarlydyrys. emma sen olaryň saňa iman getirmeklerine garaşma, sebäbi biz ynsanlary azat ýaradandyrys we olar saýlamak hakdan paýlydyrlar. seniň Pygamber ornundaky wezipäň, ylahy çakylygy ilata ýetirmek we ilata, işleriniň soňy hakda duýduryş bermekdir. sen hiç bir kimsäni mejburlykda dini kabul etdirmäge we dini zor bilen olara töňkemäge borçly dälsiň.
Bu aýatyň öwredýän sapaklary şulardan ybarat:
1-njiden: gurhan nesihat we pent bermek üçin iň gowy wesiledir, ilata pent we nesihat we ahlaky nokatlary aýtmak üçin gurhanyň aýatlary esas bolmalydyr, salyka ýüzünden bolan ýasama ýollar esas bolmaly däldir.
2-njiden: ylahy dinleriň usullary bütin ynsanlaryň durkunda bar bolan gaýnamyn häsiýetdir, diňe ýatlap durmak gereklidir,şol sebäpli hem Pygamberler pent we nesihat bermek arkaly ynsanlaryň onudylan gaýnamyn häsiýetlerini oýandyrmak ugurynda talaş edýändirler.
3-njiden: Pygamberleriň wezipeleri dini ýaradyş bermekdir,mejbur etmek we zor aýtmak gerekli däldir,sebäbi dini kabul etmek yrada we ygtyýar ýüzinden bolmalydyr.
4-njiden: kyýamat günde işleriň jezasynyň ýa-da paý-padaşynyň boljakdygy barada ylahy wadalara imanly bolmak Pygamberleriň pent nesihatlaryny kabul etmek ugurda gerek bolan ýerligi taýýar edýändir.
//////////////