bölüm 967, süre zaryýat, aýat 1-14
bölüm 967, süre zaryýat, aýat 1-14
967
Zaryýat süresi
Gurhany Kerimiň mübärek Zaryýat süresi Mekgede inen mukaddes süreleriň birisidir. bu sürede köplenç ýaradylmyşyň başlangyjy, Mäad, Alla Tagalanyň älem jahandaky nyşanalary, şeýlede käbir Pygamberleriň dessanlary we gumralyga duş bolan kowumlaryň ýaşaýyşlary hakda gürrüň edilýär.
Zaryýat süresi, 1, 2, 3, 4, 5 we 6-njy aýatlar:
وَالذَّارِیَاتِ ذَرْوًا ﴿١﴾ فَالْحَامِلاتِ وِقْرًا ﴿٢﴾ فَالْجَارِیَاتِ یُسْرًا ﴿٣﴾ فَالْمُقَسِّمَاتِ أَمْرًا ﴿٤﴾ إِنَّمَا تُوعَدُونَ لَصَادِقٌ ﴿٥﴾ وَإِنَّ الدِّینَ لَوَاقِعٌ ﴿٦﴾
<
Bu süre Gurhany Kerimiň käbir süreleri ýaly, bir näçe ant we kasam bilen başlanýar we onda adamyň ýaşaýyşynyň ýeriň dürli sebitlerine ýaýbaňlaşmagyna mümkinçilik döredýän we ösümlikleriň we agaçlaryň ösmegine sebäp bolýan bulut we ýyl ýaly tebigi hadysalara kasam edilýär.
Şeýlede suwyň üstünde ýeliň ösmegi zerarly ýolagçylary we harytlary ýükläp hreketde bolan gämilere hem ant içilýär. dünýäniň boýdan başynda ynsanlaryň ryzklaryny bölmeklige buýrukly bolan perişteleriň adyndan hen ant içilýär. dogrudanda adam oglunyň ýaşaýyşynyň hili we haýwanlaryň şeýlede ösümlikleriň bar bolmagy, ýagynyň ýagmagyna we bulutlary herekete düşürýän ýelleriň bolmagyna baglydyr. gämiler hem adam oglunyň ýaşaýyşynda rollydyrlar we hakykatda harytlary we agyr ýükleri bir mekandan ýene bir mekana göçürmek üçin iň ýaýbaň we aňsat ýol, deňiz ýollarydyr. şeksiz Gurhany Kerimiň kasamlary, ilatyň ýaşaýyşyny dolandyrmakda ylahy gudratyň bardygyny beýan edýändir we Mäady diýmek ölümden soň direlmegi ynkar edýän münkürler Alla Tagalanyň dünýäni ýaradyp ony öz halyna göýbermäni, eýsem oňa dürli düzgünleri we kanunlary dikeldip goýandygyny açyklap berýär. dünýäniň bir soňy we maksaty boljakdyr, ol bolsa taryh boýunda Pygamberler arkaly ynsanlara wada berlip ölümden soň bolan jahanda durmuşa geçjekdir.
Bu aýatlaryň öwredýän sapaklary şulardan ybarat:
1-njiden: bulut, ýel we ýagyş ýaly tebigi zatlardan ant içmeklik, ynsany, ýaradylmyş älemine häkim bolan kanunlaryň syrlaryny tapmaklyga höweslendirýändir. bu gopgunlar we olara häkim bolan kanunlary tapmaklyk hakykatda Allany tanamak üçin bir başlangyç we ýerlikdir.
2-njiden: Alla Tagala maddy we maddy bolmadyk sebäpler we abzallar bilen dünýäni dolandyrýandyr.
3-njiden: haýran galmaly zat şudyr welin, biz beýlekileriň wadalaryna ynam edýändiris, emma Perwerdigäriň beren berk we kesgir wadalaryna ynanýan däldiris.
Zaryýat süresi, 7, 8 we 9-njy aýatlar:
وَالسَّمَاءِ ذَاتِ الْحُبُکِ ﴿٧﴾ إِنَّکُمْ لَفِی قَوْلٍ مُخْتَلِفٍ ﴿٨﴾ یُؤْفَکُ عَنْهُ مَنْ أُفِکَ ﴿٩﴾
<
ozalky kasamlaryň dowamynda, bu aýatlarda asmanyň azamatyna kasam edilýändir. milýartlarça ýyldyz we kähkeşana eýe bolan asmana , ýyldyzlar gijäniň garaňkylygynda göýä gözel çyralar ýaly asmanyň giňliginde ýalpyllaýandyrlar. Emma Mäady ynkar edýän ynsanlar, Alla Tagalanyň asmandaky we ýerdäki yradasyna üns bermäni, wahýyň Pygamberlere inmegi hakda şübheli bolup, dürly bahanalar bilen Pygamberleri we olaryň öwredişlerini sorag astyna girizýärler. elbetde olar öz hakydalarynda berk däldirler we mäkäm we güýçli mantyklary hem ýokdur. şol sebäpli sözleri hem birek-birege çapraz gelýändir. emma onuň garşysynda hakyň ýoly birdir we ol hem röwşen mantykdan we berk esasdan paýlydyr, şeksiz her kimse haky tanap ony aýak aşaga taşlasa, onda gyşarnyga duş bolandyr we bu bolsa ony köpeňräk gumralyga alyp gitjekdir.
Bu aýatlaryň öwredýän sapaklary şulardan ybarat:
1-njiden: kyýamaty ynkar edýänleriň sözleri delil we mantyk esasynda däldir, şol sebäpli olaryň sözleri pitraň we çaşgyn we kä mahallard hem birek-birege garşydyr.
2-njiden: göni we dogry ýol birdir emma gyşyk ýollaryň sany köpdür.
3-njiden: her bir gyşarnyga gitmek we günä işlere baş goşmak beýleki günälere baş goşmaklyga ýerlik taýýarlap, hak ýola öwrülmekligi gynaldýandyr.
Zaryýat süresi, 10, 11, 12, 13 we 14-nji aýatlar:
قُتِلَ الْخَرَّاصُونَ ﴿١٠﴾ الَّذِینَ هُمْ فِی غَمْرَةٍ سَاهُونَ ﴿١١﴾ یَسْأَلُونَ أَیَّانَ یَوْمُ الدِّینِ ﴿١٢﴾ یَوْمَ هُمْ عَلَى النَّارِ یُفْتَنُونَ ﴿١٣﴾ ذُوقُوا فِتْنَتَکُمْ هَذَا الَّذِی کُنْتُمْ بِهِ تَسْتَعْجِلُونَ ﴿١٤﴾
<<Ýalana gulluk edýänlere ölüm bolsun// olar çuň nadanlyga we gaplata giriftardyrlar.// soraýarlar, jeza güni haýsy wagtdadyr? Diýip// (jeza güni) Olaryň otda ýandyryljak günidir// (şol gün) azabyňyzy dadyň, bu, siziň masgaralap oňa howlugyp duran azbyňyzdyr.>>
Geçen aýatlaryň dowamunda, bu aýatlar, kyýamaty ynkar edýänleri olaryň esassiz gumanlary we ýalan sözleri boýunça bilip, şeýle bir kişiler nadanlyga we gaplata gark bolandyrlar we olar özlerini açyk pikirli mykam diýip oý edýändirler diýip beýan edýär. kyýamaty ynkar edýänleriň Pygamberlerden soraýan soraglaryň biriside kyýamatyň gopjak güni baradadyr. olar, iman ähliniň kyýamatyň ýüze çykjak mahalyndan habarsyz bolmaklary onda hiç bir kyýamatyň ýokdygyndan hekaýat edýär diýip hyýal edýärler, emma käbir zatlaryň wagtynyň belli däldigi onuň ýoklugynyň manysynda däldir. Mysal üçin aýdar bolsak ýer sarsgynyň wagtynyň belli bolmazlygy onuň hiç haçan ýüze çykmazlygy manasynda däldir. Bu kapyrlar, dowzahyň oduny öz jisimlarynda duýýan zamanlaryna çenli, oňa diýmek kyýamat gününiň geljekdigine ynanjak däldirler we şeýle bir ýersiz bolan soraglaryndan el çekjekdäldirler.
Bu aýatlaryň öwredýän sapaklary şulardan ybarat:
1-njiden: ylym esasynda bolmadyk we guman ýüzünden bolan din hakdaky mantyksyz we erbet gürrüňler, ylahy rahmetden daş gaçmaklyga sebäp bolýandyr
2-njiden: eger käbir wakalar şol sanda kyýamatyň nähili ýüze çykmagy hakda maglumatymyz ýok bolsa biz bu meseleni kyýamatyň aslyny ynkar etmek üçin bir bahana tutunmaly däldiris. käler şeýle bir bahana sebäpli Mäad aslyny ynkar edýändirler.
//////////////