bölüm 968, süre zaryýat, aýat 15-23
bölüm 968, süre zaryýat, aýat 15-23
968
Zaryýat süresi, 15, 16, 17, 18 we 19-njy aýatlar:
إِنَّ الْمُتَّقِینَ فِی جَنَّاتٍ وَعُیُونٍ ﴿١٥﴾ آخِذِینَ مَا آتَاهُمْ رَبُّهُمْ إِنَّهُمْ کَانُوا قَبْلَ ذَلِکَ مُحْسِنِینَ ﴿١٦﴾ کَانُوا قَلِیلا مِنَ اللَّیْلِ مَا یَهْجَعُونَ ﴿١٧﴾ وَبِالأسْحَارِ هُمْ یَسْتَغْفِرُونَ ﴿١٨﴾ وَفِی أَمْوَالِهِمْ حَقٌّ لِلسَّائِلِ وَالْمَحْرُومِ ﴿١٩﴾
<
Gurany Kerimiň terbiýe usullarynyň birisi ýagşy we ýaman ynsanlary deňeltmekdir. geçen gepleşikde kyýamaty ynkar edýänlere we ýamanlara yşarat boldy. bu aýatlar päk we takwa ynsanlaryň ýöriteliklerine yşarat edip şeýle permaýyş edýär: bu adamlar kyýamatda ylahy ýörite merhemetlere gabat geljekdirler, sebäbi olar dünýede özgelere ýagşylyk edip haýyr işleri ýerne ýetirendirler. elbetde käleriň şeýle sözleri aýtmaklary-da mümkindir: käbir kyýamaty ynkar edýänler hem ynsanperwerlik häsiýetleri üçin beýlekilere kömek edýändirler, emma ýüregi päk mömin adamlar, Allanyň bendelerine kömek ýetirmekden aýry, Hudaýy bilen hem baglanşykda bolup, namaz ählinden bolup raz we niýaz we magfirat talap etmegiň ugurynda bolandyrlar. olar gündizlerinde özgeleriň pikirinde bolup olar bilen dertleşýändirler we gijelerinde hem Allaga oýlanyp özleriniň Hudaý Tagala bilen bolan magnawy baglanşyklaryny berkitmek ugurda talaş edýändirler.
Bu aýatlaryň öwredýän sapaklary şulardan ybarat:
1-njiden: bu jahanda günä işlere bulaşan hoşluklardan we lezzetlerden göz ýummaklyk ahyretde hemişelik lezzetleri we hoşluklary yzyna tirkejekdirler.
2-njiden: Alla bilen baglaşykly bolup onuň dergähine doga- dileg etmek bir tarapdan we köpçülikdäki goly darlara medet ýetirmek ýene bir tarapdan, malakuta tarap we äbedi sagadata tarap uçmak üçin iki ganat hasaplanýandyr we hiç biri, ýeke özi ynsany maksada ýetirjekdäldir.
3-njiden: gijäniň süýji ukusyndan geçmek perhizgärleriň häsiýetlerindendir.
4-njiden: günälerden toba etmek we Allanyň dergähinden magfirat talap etmegiň iň gowy wagty säher hengamlaryndadyr.
5-njiden: goly darlara we mährüm ynsanlara berilýän zatlar olaryň öz hakydyr, sebäbi Perwerdigär ilatyň baýlyklarynda goly ýuka we mätäç ynsanlara hem haky karar diýär. şol sebäpli olara minnet goýmaly däldir.
Zaryýat süresi, 20, 21, 22 we 23-nji aýatlar:
وَفِی الأرْضِ آیَاتٌ لِلْمُوقِنِینَ ﴿٢٠﴾ وَفِی أَنْفُسِکُمْ أَفَلا تُبْصِرُونَ ﴿٢١﴾ وَفِی السَّمَاءِ رِزْقُکُمْ وَمَا تُوعَدُونَ ﴿٢٢﴾ فَوَرَبِّ السَّمَاءِ وَالأرْضِ إِنَّهُ لَحَقٌّ مِثْلَ مَا أَنَّکُمْ تَنْطِقُونَ ﴿٢٣﴾
<
ozalky aýatlarda kyýamatdan gürrüň boldy, bu aýatlar şol başlangyjy tanamaklyga öwrülip şeýle permaýyş edýär: näme üçin ynsan gözüni açmaýar we özüniň şeýle töwerek daşynda bolan dünýäň ýaradylmyşyna ser etmeýär? Din öwliýalaryň sözlerinde şeýle bir nokat nygtlaýar welin her kim özüni tanasa onda Hudaýyny tanaýandyr.
Bu günki gün tebibçilik we ruh tanajylyk ugurlarda bolan onlarça pudak ýokary okuw jaýlarda ynsanyň dürli ruhy we jismi taraplary hakda barlag işlere maşgul bolup, onsondan kämilräk ylymlary tapmak ugurda talaş edýändirler. emma şol bir ýagdaýda hem ynsanyň şu ugurda bolan uly talaşlaryna garamazdan, adamyň köp taraplary natanyş we gizlin bolup galandyr we häzir hem ynsan tanap bolmaýan bir närsedir diýip aýdyp boljakdyr. ynsanyň dogduk döwründen kämil we balyga bolmk döwrüne çenli we onda bar bolan köp ukyplar we başarjaňlyklaryň hemmesi ýaradylmyşyň ajaýyp we haýran galdyrjy taraplaryndandyr we bu bolsa Alla Tagalanyň adamlaryň bütin gerekliklerinden ägä bolandygyny subut edýändir. ynsanyň jisminiň her bir agzasy şol sanda göz,gulak,diş ýä-de içgin sistemalary şol sanda ganyň aýlanşy ýä-de iýmit siňdiriş we endamyň gorak sistemalary dürli ýetijilikden paýly bolup çylşyrymly suwratda amal edýändirler we olary tanap saýgarmak ugurda iş belet ozarmanlar gerekli bolýar.ýene bir tarapdan,biziň ustunde ýaşaýan ýer şarymyz,onuň güneşden we beýleki şarlardan bolan aralygy we dürli hereketleri belent daglaryň we çüň dereleriň bolmagy,ýer şarynda suwy süýşürip saklaýan akýanlaryň barlygy,hemmesi Alla Tagalanyň ylym we hekmetinden nyşandyr.hakukatda ýer şary sahawatly ene ýaly,adamyň we onda ýaşaýan müňlerçe haýwanyň tebigi gerekliklerini üpçün edýändir.ýer şaryň ýumşak topragyndan dürli ösümlikler we agaçlardyr miweler önüp ösýändir,şeýlede mäkäm we belent daglaryň gujagynda adam ogulyna gerek bolan dürli magdanlar bardyr.her bir kimse dykkat ýüzinden ynsan we älem jahanyň ýaradylmyşyna ser edip oýlansa,onda dana we hekim bir dolandyryjyň we ýaradanyň bardygyna göz ýetirjekdir we şeýle bir halgatdan uly bir maksaty şeksiz ynsanyň ölmegi bilen soňlamany eýsem ölümden soň hem täze bir dünýede yzarlanjakdyr.
Bu aýatlaryň öwredýän sapaklary şulardan ybarat:
1-njiden: Allany tanamak ugurda Kuran Kerimiň usullarynyň biri ynsanlaryň ünsüni ýer ýüzindäki nyşanalara we alamatlara tarap çekmekdir.şeýle bir alamatlar şeksiz ynsany,dana we başarjaň bir Perwerdigäryň bardygyna ynamly etjekdir. şeksiz belli zat şudur welin ylymyň ösmegi we tebigatyň pynhan sirleriniň üstüniň açylmagy bilen Alla Tagalanyň ýer ýüzündäki ylymdyr gudratyň alamatlary köpräk peýda boljakdyr.
2-njiden: özüňi tanamak,Hudaýy tanamak üçin bolan iň oňat ýollaryň biridir we ynsany özünden Hudaýyna ýetirýändir.
3-njiden: ryzkyň baş çeşmesi asmandandyr we asman we zemin birek-bireg bilen ynsanyň ryzkyny taýýarlaýandyrlar.güneşiň nury,bulut,ýel,ýagyş we jansyz ýanan toprak,bijanlara jan bolup bütin närseleriň iýmit damaklaryny üpçün edýändirler.
4-njiden: sözlemek gudraty, Alla Tagalanyň ynsanlara beren uly nygmatlarynyň biridir we Alla Tagala öz sözüniň we wadasynyň hakatdygyny ynsanyň sözlemek başarjaňlygyna meňzeşdir.
////////////