Apr 19, 2025 14:06 Asia/Ashgabat
  • bölüm 969, süre zaryýat, aýat 24-37

bölüm 969, süre zaryýat, aýat 24-37

969

Zaryýat süresi, 24, 25, 26, 27, 28, 29 we 30-njy aýatlar:

هَلْ أَتَاکَ حَدِیثُ ضَیْفِ إِبْرَاهِیمَ الْمُکْرَمِینَ ﴿٢٤﴾ إِذْ دَخَلُوا عَلَیْهِ فَقَالُوا سَلامًا قَالَ سَلامٌ قَوْمٌ مُنْکَرُونَ ﴿٢٥﴾ فَرَاغَ إِلَى أَهْلِهِ فَجَاءَ بِعِجْلٍ سَمِینٍ ﴿٢٦﴾ فَقَرَّبَهُ إِلَیْهِمْ قَالَ أَلا تَأْکُلُونَ ﴿٢٧﴾ فَأَوْجَسَ مِنْهُمْ خِیفَةً قَالُوا لا تَخَفْ وَبَشَّرُوهُ بِغُلامٍ عَلِیمٍ ﴿٢٨﴾ فَأَقْبَلَتِ امْرَأَتُهُ فِی صَرَّةٍ فَصَکَّتْ وَجْهَهَا وَقَالَتْ عَجُوزٌ عَقِیمٌ ﴿٢٩﴾ قَالُوا کَذَلِکَ قَالَ رَبُّکِ إِنَّهُ هُوَ الْحَکِیمُ الْعَلِیمُ ﴿٣٠﴾

<>

Bu aýatlarda, ylahy perişteleriň, Hezreti Ybrahym(a.s)-a inmekleriniň dessany beýan edilýär. olar ynsanyň suratynda we natanyş adam şeklinde Hezreti Ybrahym (a.s)-yň öýüne bardyrlar, olar iki möhüm habary Hezreti Ybrahyma(a.s)-a ýetirmeklige buýruklydylar. biri gojalyk döwründe Hezreti Ybrahymyň perzentli boljakdygyny buşlamak we ol biri hem pasyt we günäkär Lut kowmuna azabyň inmegi.

Bu aýatlar deslap olaryň nähili bolup Hezreti Ybrahym (s.a)-a nätanyş suratda dahyl bolandyklaryna yşarat edip şeýle permaýyş etbär: Ybrahym(a.s) olary tanamasada şol bir ýagdaýda olary myhman hökmünde kabul edip, olary hormatlap sylady. Ybrahym(a.s) ol natanyş myhmanlar üçin myhmançylyk esbaplaryny taýýarlap bir haýwany soýup etini bişirip taýýarlady. emma olaryň damakdan iýmändiklerini görende bir hili ýüregine gorky duşdy we bu natanyş adamlaryň tersin niýetleriniň bolmagyndan howply boldy, sebäbi gadym eýýamda şeýle bir däp ýörgündi welin eger bir kimse başga biriniň taýýarlan damagyndan iýmese ol oňa zerer ýetişdrjekdiginiň manysyndady, şol sebäpli Hezreti Ybrahym (a.s) myhmanlardan näme üçin iýmit iýmeýändikleriniň delilini sorady, şol zamanda olar özlerini ylahy perişteler diýip tanatdylar we beýleki perişteler ýaly iýmit iýmeýändiklerini aýtdylar. emma näme üçin perişteler, Hezreti Ybrahym (a.s) zähmete düşmez ýaly özlerini tanatmankalar we bu meselerde näme hekmet barka? Mümkin bu mesele hem Hezreti Ybrahym (a.s)-yň sahawatynyň we myhman söýerliginiň mejberini ölçemek üçin bir synag bolsun. Şol bir ýagdaýda hem Hezreti Ybrahym (a.s)-yň zähmetleri jogapsyz galmandyr we olar Hezreti Ybrahym (a.s)-yň geljek ýakynlykda Allanyň emri bilen perzentli boljakdygyny buşluk berdiler we ol perzendiň hem geljekde uly we dana ynsanlaryň biri boljakdygyny aýtdylar. şol mahallarda Hezreti Ybrahym (a.s) we onuň başdaşy ikisi hem gojalyk döwründe bolup çagaly bolmak şertlere hem eýe bolmakdan geçipdirler. şol sebäpli hem bu sözler, Hezreti Ybrahym (a.s)-yň başdaşy Saraň gulagyna ýetende, ol güýçli gaýtawul görkezip men indi garrandyryn we perzentli bolmak ukypdan paýly däldiriň, men indi nähili çagaly boljakmrşam diýip aýdypdyr. göýä ol Allanyň yradasynyň dünýä häkim bolandygyndan gapyl bolupdyr.

Bu aýatlaryň öwredýän sapaklary şulardan ybarat:

1-njiden: myhmany hormatlamak ylahy Pygaamberleriň şiwelwerindendir,hatda eger myhman natanyş bolup gonakdar kişi bilen dost ýa-da kowup garyndaşlyk arabaglanşykdan paýly bolmasada.

2-njiden salam bermek asmanlyk bir edepdir we perişteler hem salam bilen öz sözlerini başlapdyrlar.

3-njiden: myhmany sylamakda sahawatly bolmak gereklidir.

4-njyden; Pygamberler hem ynsan jynsyndan bolup tebigi suratda beýleki ynsanlar ýaly bir hili gorkyly bolup gaýgyly bolýanmyşlar.

5-njiden Hudaýyň gudraty çäksizdir we bütin tebigi sebäpkärlere hem üstemdir we onuň yradsy bilen hatda çagaly bolmak ukypdan galan goja erkek we zenandan hem dana perzent dünýä gelýändir, şol sebäpli hiç haçan ylahy merhemet we rahmetden numyt bolmaly däldir.

Zaryýat süresi, 31, 32, 33, 34, 35, 36, we 37-nji aýatlar:

قَالَ فَمَا خَطْبُکُمْ أَیُّهَا الْمُرْسَلُونَ ﴿٣١﴾ قَالُوا إِنَّا أُرْسِلْنَا إِلَى قَوْمٍ مُجْرِمِینَ ﴿٣٢﴾ لِنُرْسِلَ عَلَیْهِمْ حِجَارَةً مِنْ طِینٍ ﴿٣٣﴾ مُسَوَّمَةً عِنْدَ رَبِّکَ لِلْمُسْرِفِینَ ﴿٣٤﴾ فَأَخْرَجْنَا مَنْ کَانَ فِیهَا مِنَ الْمُؤْمِنِینَ ﴿٣٥﴾ فَمَا وَجَدْنَا فِیهَا غَیْرَ بَیْتٍ مِنَ الْمُسْلِمِینَ ﴿٣٦﴾ وَتَرَکْنَا فِیهَا آیَةً لِلَّذِینَ یَخَافُونَ الْعَذَابَ الألِیمَ ﴿٣٧﴾

<>

Ylahy perişteler ybrahym pygambere perzentli boljak buşlugyny berenlerinde, olaryň esasy buýruklarynyň Lut Pygamberiň kowmyny heläklemekdigini aýtdylar.ol kowmyň arasynda jynsdaş bolmak ýaly ýaramaz işler rowaç bolupdyr,olar Hezreti Lutyň hem duýduryşlaryna üns bermeýänmişler.

Hezreti Lut ,Hezreti Ybrahym(a.s)-yň tarapyndan ol pasyt kowumy hedaýat etmek ugurda buýrukly bolupdy, şol sebäpli perişteler deslap Hezreti Ybrahym(a.s)-yň hyzmatyna baryp ol Pygamberi ylahy jezanyň beriljekdigi hakda emma şol halda hem mömin we pak ynsanlaryň aman galjakdyklary barada ägä etdiler.

Bu aýatlaryň öwredýän sapaklary şulardan ybarat:

1-njiden: müjrümleri jezalandyrmak diňe kiýamata has däldir, käbir adamlar we kowumlar şu dünýede jezalandyryp heläk bolýandyrlar.

2-njiden: pasyt köpçülik pysadyň ýerligini taýýarlaýan bolsada şol halda hem pasyt köpçülikde sagdyn we päk suratda ýaşap boljakdyr. şol sebäpli hiç kim öz günälerini düşündüriş bermek ugurda köpçüligiň pystdygyny bahana edip başarjak däldir.

3-njiden: ylahy adyl düzginde, egerde köpçüligiň köpüsi günäkär we pasyt bolsalarda günäsiz ynsanlar, pasyt ynsanlaryň ýagdaýyna giriftar bolýan däldirler we soňunda halas boljakdyrlar.

4-njiden: sütemçi kowumlardan berjaý galan gadymy eserler, geljekdäkiler üçin ybratdyr.

//////////////