bölüm 970, süre zaryýat, aýat 38-46
bölüm 970, süre zaryýat, aýat 38-46
970
Zaryýat süresi, 38, 39 we 40-njy aýatlar:
وَفِی مُوسَى إِذْ أَرْسَلْنَاهُ إِلَى فِرْعَوْنَ بِسُلْطَانٍ مُبِینٍ ﴿٣٨﴾ فَتَوَلَّى بِرُکْنِهِ وَقَالَ سَاحِرٌ أَوْ مَجْنُونٌ ﴿٣٩﴾ فَأَخَذْنَاهُ وَجُنُودَهُ فَنَبَذْنَاهُمْ فِی الْیَمِّ وَهُوَ مُلِیمٌ ﴿٤٠﴾
<
Geçen gepleşikde,günäkär Lut kowmuna azabyň inderilmeginden gürrüň boldy. bu aýatlar, Fyrawn we oňa eýerýänleriň sargydyna yşarat edip, şeýle permaýyş edýär; Hezreti Musa, Beni Ysraýyl kowmuna tarap gitmän deslap Fyrawna tarap bardy. sebäbi ol şol kowma zorluk bilen musallar bolup hökümet edýärdi. olaryň zenandyr merdanlary ginap azar berýärdi we olary özüne gul we keniz hökmünde tutunypdy, şol sebäpli Hezreti Musa Pygamber Beni Ysraýyl kowmuny Fyrawnyň penjesinden halas etmek üçin Fyrawnyň ýanyna baryp ylahy mugzyzalar we aýdyň delil we röwşen mantyk bilen öz haklygyny subut etdi, emma Fyrawn we onuň töwerek daşyndakylar hak sözi kabul etmediler. olar Musany jadygöý hasaplap ony akylsyz we däli-telbe diýip garadylar. netijede ylahy gahar gazap Fyrawnlylary gurşap aldy, olar üçin gaçara ýol ýok mahaly hemmesi Nil akarynda gark boldular we taryh boýunda dürly kowumlaryň we milletleriň käýençlerine laýyk boldular.
Bu aýatlaryň öwredýän sapaklary şulardan ybaratdyr:
1-njiden: ilaty, zor aýdyjy we zalym hökümetleriň astyndn halas etmeklik Pygamberleriň galkynyşlarynyň maksatlarynyň biridir.
2-njiden: pasyt häkimler , köpçüligiň işlerini düzeltmek ugurda hereket edýän ylahy adamlaryň şahsyýetlerini sorag astyna alyp zor edýärler, ýersiz ýere bolan töhmetleri urýarlar we şeýle bir adamlary jadygöý ýa-de däli-telbe diýip tanatýarlar.
3-njiden: uly gudratlar bütin güýçleri we mümkinçilikeri bilen hem, ylahy yradanyň garşysynda ejiz we natawandyrlar, onda Allaga töwekgel edip olardan gorkmaly däldir.
Zaryýat süresi, 41 we 42-nji aýatlar:
وَفِی عَادٍ إِذْ أَرْسَلْنَا عَلَیْهِمُ الرِّیحَ الْعَقِیمَ ﴿٤١﴾ مَا تَذَرُ مِنْ شَیْءٍ أَتَتْ عَلَیْهِ إِلا جَعَلَتْهُ کَالرَّمِیمِ ﴿٤٢﴾
<< Ad kowmuň başdan geçmesinde hem nişana we ybrat bardyr. Olaryň östüne önelgesiz we heläkliji tupany ýolladyk// bu ýel we tupan, öz ösýän ugrunda hiç bir zady baky goýmazdy, we olary çüýrän sünk ýaly awradyp dargatýardy.>>
Hezreti Hud (AS) Ad kowmunyň Pygamberidi, ol kowum Al-arab adasynyň günortasynda ýaşaýardylar we jismi taýdan heýkelli, daýaw we gudratly adamlardylar. olar daglaryň içinde özlerine belent we uly ýaşaýyş jaýlary we ymaratlary ýasap, şu ugurda doly çeperçilikden hem paýlydylar. emma olar ylahy Pygamberlere eýermegiň ýerine , zalym häkimlere eýerip hakyň barabarynda durýanmyşlar, şol sebäpli Perwerdigär güýçly azaby olara inderdi, uly we elhenç tupany olara tarap ösdürip, daýaw we heýkelli adamlar saman ýaly asmana uçup, ýere ýykylanmyşlar.
Bu aýatlaryň öwredýän sapaklary şulardan ybarat:
1-njiden: bulutlary herekete duşuryp ýagynyň ýagmagyna we ösümlikleriň gögermegine şert döredýän ylahy rahmetiň görnüşi bolan ýel, kä mahallarda ylahy gaharyň görnüşine öwrülip hemme zady dargadyp günäkärleri heläkläp bilýändir.
2-njiden: suw we ýel tebigi gopgunlardan hasaplansalarda, Allanyň permanynyň astynda bolup onuň yradasy bilen zalymlary özlerinde gark we heläkleýändirler.
Zaryýat süresi, 43 we 46-njy aýatlar:
وَفِی ثَمُودَ إِذْ قِیلَ لَهُمْ تَمَتَّعُوا حَتَّى حِینٍ ﴿٤٣﴾ فَعَتَوْا عَنْ أَمْرِ رَبِّهِمْ فَأَخَذَتْهُمُ الصَّاعِقَةُ وَهُمْ یَنْظُرُونَ ﴿٤٤﴾ فَمَا اسْتَطَاعُوا مِنْ قِیَامٍ وَمَا کَانُوا مُنْتَصِرِینَ ﴿٤٥﴾ وَقَوْمَ نُوحٍ مِنْ قَبْلُ إِنَّهُمْ کَانُوا قَوْمًا فَاسِقِینَ ﴿٤٦﴾
<>
Salyh Pygamber Sämud kowmuň Pygamberidi, olar Salyh Pygamberiň öz haklygyny subut etmegi üçin ondan ajaýyp mugjyzany talap etdiler. olar düýäni dagyň içinden çykarmagy talap etdiler. Hezreti Salyh olara şeýle diýdi; eger bu iş, amala aşyrylsa we siz iman getirmeseňiz onda heläk boljaksyňyz. emma olar şeýle bir mugjyzanyň bolrlydygyny gümän etmänseňler öz isleglerine aýak dirediler. Allanyň gudraty bilen haýbatly düýe dagyň içinden daşary çykdy, emma şol ýagdaýyda hem olar Salyh Pygamberi tekzip edip düýäni öldürmegiň pikirine düşdiler. düýäni öldürenleri soň hem olaryň toba etmekleri üçin olara Üç gün möhlet berildi, emma olar, öz ýollaryndan gaýtmadylar, şonuň üçin hem olar ýyldyrym arkaly heläk bolup ýere ýykdylar we aýaga galyp kömek talap etmeklige hem olaryň kuwaty bolmady.
Şeýle-de Hezreti Nuh Pygamber hem köp ýyllaryň uzaklygynda öz kowmuny hedaýat etmek üçin talaş etsede, bir az adamdan başga hiç kim olara iman getirmedi we olar öz küfür we ýaramaz işlerine aýak dirediler, şonuň üçin olar hem tupan we uly siw joşguny bilen nabut bolup heläkçilige üçradylar.
Bu aýatlaryň bize berýän sapaklary şulardan ybarat:
1-njiden: mugjyzalar we günäkär adamlara möhlet bermek, bir ylahy sünnetdir, emma eger toba etmeseler dünýäde ýa-da ahyretde ylahy azaba giriftar boljakdyrlar.
2-njiden: öz ylahy kowumlaryň ýazgydyndan ybrat almaýan milletler we öz işlerini düzeltmeýän kowumlar soňda geljekdäkiler üçin ybrat bolýandyrlar.
3-njiden: bütin tebigi gopgunlar şol sanda suw,ýel we ýyldyrym hem ylahy gaharyň abzallary bolmagy mümkindir,olar günäkär we pasyt kowmyň heläklenmeklerine sebäp bolýandyrlar.
///////////////