bölüm 971, süre zaryýat, aýat 47-53
bölüm 971, süre zaryýat, aýat 47-53
971
Zaryýat süresi, 47, 48 we 49-njy aýatlar.
وَالسَّمَاءَ بَنَیْنَاهَا بِأَیْدٍ وَإِنَّا لَمُوسِعُونَ ﴿٤٧﴾ وَالأرْضَ فَرَشْنَاهَا فَنِعْمَ الْمَاهِدُونَ ﴿٤٨﴾ وَمِنْ کُلِّ شَیْءٍ خَلَقْنَا زَوْجَیْنِ لَعَلَّکُمْ تَذَکَّرُونَ ﴿٤٩﴾
<
bu aýatlar ýene bir gezek, Allanyň asman, zemin we onda bar bolan narseleri ýaratmakdaky gudratyna yşarat edýär we şeýdyp hem kyýamaty ynkar edýänleriň şek- şübhelerini aradan aýyrjak bolýar. şol sebäpli deslap asmanlaryň azamatyna yşarat edip şeýle permaýeş edýär: öz üstüňizde görýän ýyldyzlaryňyz we siz başyny we soňuny görip başarmaýan göni gönüden ýaýraňlaşýan kähkeşanlaryň hemmesi älem jahana häkim bolan perwerdigäriň gutarnyksyz gudratyndan äşgär hekaýat edip durandyr. bu aýatlar Alla tagalanyň asmanlary ýaýradyp elmydama ony giňgeldip durmagyna yşarat edýär. alymlaryň barlaglaryndan hem belli bolşune görä jahanyň togtamaýandygyny we elmydama ýarap giňelip durmagy belli bolýar. bu nazaryýatyň esasyna görä kähkeşanda bolan ýyldyzlar çaltlykda onuň merkezinden daşlaşýandyrlar. elbetde alymlaryň ynamlaryna görä älem jahan deslap bir ýygnanyp duran merkezden ýaýrap başlanandyr we zamanyň gidişinde häzirki ýagdaýyna ýetendir.
Diňe siziň başyňyzyň üstündäki asman dälde eýsem Alla tagala siziň aýaklaryňyzyň astynda bolan zemini hem şeýle bir ýaýradandyr welin zeminiň üstüni siziň ýaşaýşyňyz , ekerançylyk we maldarlyk şeýle-de beýleki mätäçlikleriňizi üpjün etmek ugurda mynasyp edendir, ýene bir ybaratda Alla tarapyndan Hudaýyň myhmany bolan ynsandan gonakdarlyk etmek üçin gerek bolan şertler we mümkinçilikler taýýar bolandyr. bu meseläni açyklamak ugurda yklymyň we howanyň närseleriniň ýer ýüzinde ýaşap başarmaklary üçin bolan roluna mysal höküminde yşarat edýäris.zeminiň töweregini gurşap alan howa we ätomesfer güneşiň ýstylygyny özünde saklaýar,şol sebäpli gijelerine ýeriň hetdenaşa sowamagynyň ýä-de gündizlerine çydap bolmajak hylynde ýsty bolmagynyň öňüni alýar. ondan daşarky ýeriň ätmosferi,güýçli bir galkan ýaly ýeri we onda ýaşaýalnlary,asmanlyk daşlaryň hujumyndan gorap saklaýar,diýmek asmanlyk şarlar we daşlar ýeriň ätmosferine degen ýagdaýynda olary ýakyp dargatýandyr.asman we zeminiň ýaradylmagyndan gürrüň bolany soň dürli närseler gakda gürrüň agtarýar.Alla tagala hemme zatda jübütly bolmak düzgüni berkarar edip närseleriň nesliniň dowamly bolmagyny kepil geçýändir.elbetde şeýle bir jübütly bolmak bütin närseleri öz içine alýandyr,şeýle bir meselelere ünüs bermek hem ynsanyň Allanyň gudratyna göz ýetirip kyýamatyň dikeljekdigine eýmanly bolmagy üçin we şeýlelik bilen hem baş eňmezlikdir duşmanlykdan saklanmagy ugurda ýerlikdir.
Bu aýatlaryň öwredýän sapaklary şulardan ybaratdyr:
1-njiden: jahan üýtgemän duran zat däldir, eýsem elmydama hereketde we ösüşdedir.
2-njiden: jübütlenmek kanuny diňe ynsana, haýwanlara we ösümliklere has dälde eýsem bütin ýaradylmyşa degişlidir.
3-njiden: Gurhan, tebigi gopgunlar bilen tanyş bolmak üçin bolan kitap däldir eýsem, ynsanyň gözleriniň öňünde bar bolan gyplat we nadanlyk örtgileri aradan aýyrmak üçin tebigata häkim bolan käbir kanunlara we Allanyň gudratyna yşarat edýändir.
Zaryýat süresi, 50 we 51-nji aýatlar.
فَفِرُّوا إِلَى اللَّهِ إِنِّی لَکُمْ مِنْهُ نَذِیرٌ مُبِینٌ ﴿٥٠﴾ وَلا تَجْعَلُوا مَعَ اللَّهِ إِلَهًا آخَرَ إِنِّی لَکُمْ مِنْهُ نَذِیرٌ مُبِینٌ ﴿٥١﴾
<
Geçen aýatlaryň dowamunda bu aýatlarda, Allanyň Resuly, müşrüklere we kapyrlara şeýle duýduryşy bermeklige borçly bolýar: ýaradylmyş düzgüninde ýa-da jahanyň işlerini dolandyrmakda Alla-ga şärik kaýyl bolmagyň ýerine, daşdan bolan butlardan we hyýaly magbudlardan gaçypda ýaşaýyşyň dogry ýoluny tapar ýaly Allaga sygynyp pena getiriň we şerkdir küfriň howply yzy gelimlerinden aman galar ýaly Alla-ga sygynmak gereklidir.
Bu aýatlaryň öwredýän sapaklary şulardan ybarat:
1-njiden: baýlyk, gudrat we dostlardyr tanyşlar, hiç haýsy ynsana ynamly daýalga däldir. ynsana ynamly pena jaýy Alla-dyr, şol sebäpli diňe oňga töwekgil etmek laýykdyr.
2-njiden: Pygambarlar Alla-ga tarap ilaty çagyrmakdan we olary ýagşy işlere hedaýat etmekden daşgary olar ,duýduryş bermek ugurda hem wezepelidirler. Pygamberler ilata ýaramaz işleri we nädogry ynamalry we gyşyk pikerleriň tersin täsirleri hakda olara duýduryş bermelidirler.
Zaryýat süresi, 52 we 53-nji aýatlar:
کَذَلِکَ مَا أَتَى الَّذِینَ مِنْ قَبْلِهِمْ مِنْ رَسُولٍ إِلا قَالُوا سَاحِرٌ أَوْ مَجْنُونٌ ﴿٥٢﴾ أَتَوَاصَوْا بِهِ بَلْ هُمْ قَوْمٌ طَاغُونَ ﴿٥٣﴾
<
ozalky gepleşikde aýdyşymyz ýaly Fyrawn, Musa Pygamberi jadygöýlikde we däli-telbelikde aýyplap ilaty hem onuň töwereginden çaşyrjak bolupdy. Gurhan Kerim bu aýatlarda şeýle diýýär; diňe Musa Hezretleri şeýle bir töhmetler bilen garalanan däldir eýsem, taryhyň gidişinde bütin Pygamberler şeýle bir garalanmalar bilen ýüz be ýüz bolandyrlar. bu iş bir hili ozalky dürli kowumlaryň arasynda ýörgün bolupdyr welin göýä her bir kowumlara şeýle bir garalanmalary we töhmetleri öňe sürüň diýip tapşyran ýaly-dyr. emma hakykatda beýle däldir eýsem hakyň garşysynda serkeş bolmak ruhyýasy, olaryň hak merdanlarynyň barabarynda durmaklaryna sebäp bolandyr. olar egerde Pygamberleri ýok etmäge güýçleri çatmaýan bolsady onda olaryň köpçülikdäki şahsyýatlaryny terror etmek işe baş goşýardylar.
Bu aýatlaryň öwredýän sapaklary şulardan ybarad:
1-njiden: garşylaryň dilleriniň tikenlerinden we olaryň ýaramaz sözlerinden gorkup yza serpilmeli däldiris, sebäbi ylahy Pygamberler elmydama şeýle bir töhmetler bilen ýüz be ýüz bolupdyrlar.
2-njiden: adamkärçilik we hakykat talaplygyň garşysynda durmaklyk häsiýeti ynsany ylahy pygamberleriň garşysynda goýandyr we hatda olar şeýle bir ýöriteliklere eýe bolmaklary üçin Pygamberleri jadygöý ýa-da däli-telbe diýip atlandyrandyrlar.
//////////////