Apr 19, 2025 14:29 Asia/Ashgabat
  • bölüm 972, süre zaryýat, aýat 54-60

bölüm 972, süre zaryýat, aýat 54-60

972

Zaryýat süresi, 54 we 55-njy aýatlar:

فَتَوَلَّ عَنْهُمْ فَمَا أَنْتَ بِمَلُومٍ ﴿٥٤﴾ وَذَکِّرْ فَإِنَّ الذِّکْرَى تَنْفَعُ الْمُؤْمِنِینَ ﴿٥٥﴾

 

<>

Geçen gepleşikde, taryhyň gydyşynda, pygamberçilik akymyny ynkar edýän kişiler olary jadygöý bolmakda ýa-da jynlar bilen arabaglanşykda bolmakda aýyplaýanmyşlar we şeýdyp hem olaryň mugjyzalaryny we adatdan daşgary işlerini degersiz edip görkezmek ugurda talaş edýärdiler diýip aýdypdyk. bu aýatlar yslamyň hormatly Pygamberine ýüzlenip şeýle permaýyş edýär: sen bu topar adamlary hedaýat etmek ugurda bolan wezipeleriňi bir kemsiz ýerine ýetirensiň we käýinje laýyk dälsiň onda bu adamlardan ýüz öwrüp olary öz hallaryna göýber, sebäbi olaryň hedaýat bolmaklary üçin hiç hili umyt ýokdur. olar hakykaty tanap ony kabul etmegiň ugrunda däldirler. elbetde umum ilata duýduryş we nesihat bermeklik Pygamberleriň esasy wezipelerindendir we hak we imany tanapda ony kabul etmegiň ugrunda bolýanlar Hudaý Resulunyň şeýle bir röwşen ediji nesihatlaryndan peýdalanyp hedaýat boljakdyrlar.

 

Bu aýatlaryň öwredýän sapaklary şulardan ybaratdyr:

1-njiden: Pygamberleriň wezipeleri ylahy sargydy umum ilata ýetirmekdir, emma bu işiň netijesi olaryň erkinde däldir olar imany kabul etmeýän kişileriň garşysynda jogapkär däldirler.

2-njiden: biz bütin adamlaryň iman getirmeklerine hamtama bolmaly däldiris we öz güýç gudratymyzy imanly bolmaklyga umydymyz bolan kişiler üçin sarp etmelidiris.

3-njiden: pent- nesihaty kabul etmeklik iman ähliniň ýöriteliklerindendir we eger bir kimse şeýle bir häsiýetden paýly bolmasa öz imanynyň dogrulygyna şübheli bolmalydyr.

Zaryýat süresi, 56, 57 we 58-nji aýatlar:

وَمَا خَلَقْتُ الْجِنَّ وَالإنْسَ إِلا لِیَعْبُدُونِ ﴿٥٦﴾ مَا أُرِیدُ مِنْهُمْ مِنْ رِزْقٍ وَمَا أُرِیدُ أَنْ یُطْعِمُونِ ﴿٥٧﴾ إِنَّ اللَّهَ هُوَ الرَّزَّاقُ ذُو الْقُوَّةِ الْمَتِینُ ﴿٥٨﴾

<>

Geçen aýatda iman ähli bolanlara peýdaly bolan işleri ýadlap durmakdan gürrüň boldy. Bu aýatlar şeýle permaýyş edýär: elmydama ynsanyň üns merkezinde bolmaly zerür meseleleriň biri onuň ýaradylmaşyndan bolan maksatdyr we bu meselelerden gapyl bolmak ynsanyň gümrä bolmagyna sebäpkärdir. ynsanyň ýaradylmagynyň maksatly bolandygy bellidir we Alla tagala hiç haçan ynsany ýaratmakdan oňa mätäç bolandygy üçin bu işi ýerine ýetiren däldir, hakykatda ynsanyň ýaradylmagyndan bolan maksat onuň ösüşi we kemala ýetmegi bolandyr. bu aýatlar kemal ýoluny ynsana görkezip bu orna ýetmek diňe ynsanyň Allany ybadat etmegi bilen mümkin bolýandir diýip beýan edýär. elbetde ybadatyňiki tarapy bardyr. biri has manysy, ol hem namaz okamak, oraza tutmak, haja gitmek we şolar ýaly paryzalary ýerine ýetirmekdir. we ýene biri hem umumlyk manysy bardyr, ol hem ynsanyň ýaşaýyşynyň bütin taraplaryny öz içine alýandyr. diýmek ynsan ýaşaýyşynyň bütin ýagdaýlarynda Allany göz öňüne alsa onda onuň öz haýwanlyk isleglerinden ara açmagy tebigi zatdyr. şeýlelik bilen ol her salymda, Perwerdigäre ýakynlap ylahy gurba ýakynlap başarjakdyr.

Bu aýatlaryň öwredýän sapaklary şulardan ybarat:

1-njiden: ynsan we jyn ýaradylmyşyň maksadynda we oňa ýetmek ýolunda birek-birek bilen meňzeşdir we ol hem Allanyň bendeligidir.

2-njiden: şeksiz Alla tagala bendeleriniň ybadatlaryna mätäç däldir, eýsem biz ynsanlar bendelik etmek arkaly ösüş we magnawy kemala el gerip başarjakdyrys.

3-njiden: ryzk gazanmak ugurda talaş etmek ynsanyň wezipesidir, emma şol bir ýagdaýda hem ryzkyň çeşmesiniň Allanyň erkindedigini unutmaly däldiris we biz şeýle bir meseleden gapyl galmaly däldiris.

Zaryýat süresi, 59 we 60-njy aýatlar:

فَإِنَّ لِلَّذِینَ ظَلَمُوا ذَنُوبًا مِثْلَ ذَنُوبِ أَصْحَابِهِمْ فَلا یَسْتَعْجِلُونِ ﴿٥٩﴾ فَوَیْلٌ لِلَّذِینَ کَفَرُوا مِنْ یَوْمِهِمُ الَّذِی یُوعَدُونَ ﴿٦٠﴾

<>

bu aýatlar Zaryýat süresiniň soňky aýatlarydyr we bu süräni ýygnap şeýle permaýyş edýär: olaryň geçmişleri ýygnakda bu sürede getirilen kowumlar, gynanç bilen ylahy Resullaryň çakylyklarynyň garşysynda ynkar we garşylaşmaga baş goşdular. olar dünýede ylahy gazapa giriftar bolup ahyret azapyndan hem özlerine paýy aldylar. Pygamberler bilen garşylaşýanlar, elmydama Pygamberlardan kyýamat haçan gopjak diýip soraýardylar emma Pygamberlaryň bu meseleden habarlarynyň ýokdygy sebäpli olar kyýamat aslyny ynkar edýärdiler. şol sebäpli Gurhan şeýle diýýär: hawlukmaň we ylahy wadanyň bir kemsiz durmuşa geçjekdigine ynamly boluň ol gün geljekdir we şol wagt size agyr we ajy boljakdyr we siz ondan öwrülip başarjak däsiňiz.  

Bu aýatlaryň öwredýän sapaklary şulardan ybarat:

1-njiden: eger bir kimse ýaradylmyşyň maksadyndan diýmek Allanyň bendeliginden gapyl bolsa öz ýoluny ýitirse, uly zuluma duçar bolandyr.

2-njiden: Allanyň mähri muhabbeti ýa-da gahar gazapy onuň ylym we hekmeti esasyndadir, şol sebäpli biziň howlugyp sabyrsyz bolmagymyz onuň zamanynda hiç hili täsiri ýokdur.

3-njiden: ynsanyň ýazgydy onuň amallaryna baglydyr. şol sebäpli küfür we zulmuň söňi, dünýede we ahyeretde ylahy jezadan başga zat däldir.

///////////////