bölüm 973, süre Tur, aýat 1-12
bölüm 973, süre Tur, aýat 1-12
973
Tur süresi
Tur süresi Mekgede inen süreleriň biridir we bu sürede beýleki Mekgi süreler ýaly köplenç kyýamat hakda we ýagşylaryň we ýamanlaryň duş boljak ýazgytlary hakda gürrüň bolýandyr.
Tur süresi, 1, 2, 3 we 4-nji aýatlar:
وَالطُّورِ ﴿١﴾ وَکِتَابٍ مَسْطُورٍ ﴿٢﴾ فِی رَقٍّ مَنْشُورٍ ﴿٣﴾ وَالْبَیْتِ الْمَعْمُورِ ﴿٤﴾
<
bu süre hem Gurhanyň ýene bir näçe süresi ýaly näçe sany kasam bilen başlanýar. bu süräniň kasamlary iki hilidir. birisi mukaddes meselelere we ýene biri hem tebigi gopgunlara degişlidir.
Geçen aýatlar Üç mukaddes meselä yşarat edýär: biri Tur dagy, bu dag Hezreti Musa Pygamberiň Turat kitabyny almak üçin huzurly bolan mekanydyr. ol biri hem ol Hezrete we beýleki ylahy Pygamberlere nazyl bolup olara eýerýän ymmatlaryň arasynda ýaýran asmanlyk kitapdir. 3-njisi Hezreti Ebrahym (as) arkaly ýer ýüzinde dikeldilen we towhit merkezi bolan Käbe öýidir. Bu mukaddes bena taryhyň boýuda Hudaýy parzlaryň huzurly bolmagynda abat edilendir.
Bu aýatlaryň öwredýän sapaklary şulardan ybaratdyr:
1-njiden: kitaba kasam içmek ol hem sowatsyzlyk we nadanlyk döwründedir, kitap we ýazyjylygyň degerlidiginiň nyşanydyr.
2-njiden: ozalky Pygamberleriň mirasyny gorap olaryň adlaryny we ýatlaryny diri saklamak bütin dinleriň borjydyr we bir dine eýerýänlere has däldir.
3-njiden: asmanlyk kitap iň gowy we oňat materýallara ýazylyp uly we ýaýraň şekilinde ýaýbaňlaşdyrylyp umum ilatyň erkinde goýulmalydyr.
Tur süresi, 5, 6, 7 we 8-nji aýatlar:
وَالسَّقْفِ الْمَرْفُوعِ ﴿٥﴾ وَالْبَحْرِ الْمَسْجُورِ ﴿٦﴾ إِنَّ عَذَابَ رَبِّکَ لَوَاقِعٌ ﴿٧﴾ مَا لَهُ مِنْ دَافِعٍ ﴿٨﴾
<
Geçen aýatlaryň dowamundaky antlarda bu aýatlarda ýaradylmyşyň iki möhüm nyşanyna kasam edilendir. biri azamatly we belent asman, dogrudanda häzir hem adam ogly şeýle bir ýaýbaň ylym bilen we uly we öňde barjy teleskoplary bejeren bolsalarda, häzir hem onuň dürli taraplaryna ýetik bolan däldir we her günde täze kähkeşanlar tapylandyr we ýene biri hem ýanyp şöhle saçýan derýadyr. käleriň ynamyna görä bu derýadan maksat ýeriň astynda bolan gaýnap duran derýadyr we kä mahallarda ot pyşgyrýan daglardan onda bar gaýnap duran materýallar joşup etraplara rowan bolýandyr. käleriň hakydasyna görä hem bu deňizden maksat ýer şarynda bar bolan akýanlardyr we bu akýanlar kyýamatyň bosagasynda we ýeriň sarsmagy bilen ýanyp joşup gaýnajakdyr.
Bu hadysalaryň yzy bilen hem kasam edijilere we zalymlara diýseň agyr bolup düşjek kyýamat gopjakdyr, şol zamanda olara gaçyp atmak üçin ne bir ýol boljakdyr ne-de şeýle bir zyýanlaryň öňüni almak ugurda böwet.
bu aýatlaryň öwredýän sapaklary şulardan ybarat:
1-njiden: Alla tagalanyň tebigatdäki nyşanalaryna ser salmak we olary barlap görmek arkaly biz onuň kyýamaty dikeltmekdäki gudratyna göz ýetirjekdiris.
2-njiden: dünýewi jezalar wagtlaýyndyr, asly jezalar kyýamatda boljakdyr we ondan halas bolmak üçin hiç bir çäre ýokdur.
Tur süresi, 9, 10, 11 we 12-nji aýatlar:
یَوْمَ تَمُورُ السَّمَاءُ مَوْرًا ﴿٩﴾ وَتَسِیرُ الْجِبَالُ سَیْرًا ﴿١٠﴾ فَوَیْلٌ یَوْمَئِذٍ لِلْمُکَذِّبِینَ ﴿١١﴾ الَّذِینَ هُمْ فِی خَوْضٍ یَلْعَبُونَ ﴿١٢﴾
<<şol günde asman güýçli suratda çolaşjakdyr// daglar ýerinden gopup çaltlykda rowan boljakdyr.// onda waý bolsun tekzip edijilere// olar batylda gark bolup ylahy aýatlar hakda puç we içi boş gürrüňleri aýtmaklyga maşguldyrlar.>>
Geçen aýatlaryň dowamunda, bu aýatlar, kyýamatyň bosagasynda asman we ýeriň duş boljak ýazgydyna yşarat edip şeýle permaýyş edýär: kähkeşanlara we asmanlyk şarlara häkim bolan düzgün bozuljakdyr, ýyldyzlar öz aýlanýan medarlaryndan gyşaryp, birek-birek bilen çakyşyp asman tüsse we çaňdan doljakdyr, biziň ýaşaýan ýer şarymyz iki ugurda aýlanyp duran hem bolsa, asla aýlanmaýan ýaly bolup biziň rahatlygymyz üçin aram we parahat mekandyr we biz rahatlyk we asuwdalyk bilen onda ýaşap ýörändiris, emma kyýamatyň gopjak wagtynda uly ýer sarsgyny ýüze çykyp daglar jaýlaryndan gopjakdyrlar we herekete düşjekdirler. tutuşlaýyn suratda aýdar bolsak bu aýatlaryň yşarat edýän nokaty şudyr welin kyýamat mahalynda täze jahan , täze düzgünler bilen häzirki dünýäň ýerini tutjakdyr. şol zamanda ynsan hem öz amallarynyň netijesine şaýat boljakdyr. şol günde kyýamaty ynkar edýänler gyplat ukusyndan oýanyp öz ýalňyşlaryny biljekdir welin ondan hiç hili peýda boljak däldir. kyýamat we azabyň alamatlaryna şaýat bolan münkirler öz ýalňyşlaryny ykrar etjekdirler , emma olaryň şeýle bir ykrarlary olara hiç hili peýda ýetirjek däldir we olaryň kynçylygyny çözjek däldir.
Bu aýatlaryň öwredýän sapaklary şulardan ybarat:
1-njiden: jahana häkim bolan düzgüniň çaşmaklygy kyýamaryň dikelmegi üçin täze düzgüniň berkarar bolmagyň başlangyjydyr. bu düzgüne häkim boljak kanunlar häzirki maddy jahana häkim bolan kanunlardan parhlydyr.
2-njiden: kyýamaty ynkar edýänleriň delil we mantyklry ýokdur, olaryň kyýamaty ynkar etmek ugurdaky delileri we sözleri esassyz bolup diňe özlerini we beýlekileri güýmemek üçindir.
//////////////