Apr 20, 2025 11:29 Asia/Ashgabat
  • bölüm 974, süre Tur, aýat 13-21

bölüm 974, süre Tur, aýat 13-21

974

Tur süresi, 13, 14, 15 we 16-njy aýatlar:

یَوْمَ یُدَعُّونَ إِلَى نَارِ جَهَنَّمَ دَعًّا ﴿١٣﴾ هَذِهِ النَّارُ الَّتِی کُنْتُمْ بِهَا تُکَذِّبُونَ ﴿١٤﴾ أَفَسِحْرٌ هَذَا أَمْ أَنْتُمْ لا تُبْصِرُونَ ﴿١٥﴾ اصْلَوْهَا فَاصْبِرُوا أَوْ لا تَصْبِرُوا سَوَاءٌ عَلَیْکُمْ إِنَّمَا تُجْزَوْنَ مَا کُنْتُمْ تَعْمَلُونَ ﴿١٦﴾

<< Şol gün güýçli suratda oda tarap atyljakdyrlar.// şonda olara şeýle diýler: bu Ot şony yzgiderli ynkar edýän oduňyzdyr// onda şu azap hem jadygöýlikmikä? Ýa-da siz dogry görüp bilmersiňizmi?// Şoňa dahyl bolup ýanyň, onda sabyr etseňiz ýada sabyr etmeseňiz hem siz üçin deňdir, siz diňe şol baş goşan işleriňiz hakda jezalandyrljaksyňyz.>>

Pygamberlere garşy çykanlaryň ulanýan wesileleriň we getirýän bahanalarynyň biri, şol Pygamberler arkaly ýerine ýedýän işleri jadygöýlik diýip atlandyrmakdyr olar şeýle diýärler: göýä biziň gözlermizi jadylaýan ýaly we biziň gözlerimiziň öňünde olaryň işleriniň hakykatyny görmez ýaly bir hili örtgi çekýän ýalydyrlar.

Gurhan Kerim bu aýatlarda şeýle permaýyş edýär: olar dowzahyň oduny gözleri bilen görenlerinde we tutaşyp duran odunyň ysysy bilen duş bolanlarynda olara aýdylar: bu od hem jadygöýlikmidir? We siziň gözleriňiz ýalňyşlyk bilen şu ody görýänmykan?

Pygamberlere tersleşik bildiren kapyrlar, jedelkeşlik we duşmançylyk ýüzünden şeýle diýärdiler: siz bize pent berseňiz ýa-da pent bermeseňiz hem bizde onuň täsiri ýok we biz siziň gürrüňlerňize üns berjekdäldiris. bu aýatlar olaryň jogapynda şeýle permaýyş edýär: oduň garşysynda sabyr etseňizde ýa-da dert çekip perýad edip zeýrenseňiz hem tapawut etjekdäl we siz şeýle bir jezadan gutulmak üçin hiç bir ýoly tapyp başarjak dälsiňiz.

Bu aýatlaryň öwredýän sapaklary şulardan ybaratdyr:

1-njiden: hakyň garşysynda jedel etmegiň soňy güýçli we agyr azap boljakdyr.

2-njiden:kyýamatyň jezalary adyl ýüzündendir we ol hem ynsanyň öz işleriniň we çykyşlarynyň netijesidir.

3-njiden: dini päk we mukaddes degerlikleri masgaralap horlamaklygyň yz-gelimi Kyýamatda masgaralanmak we harlanmak boljakdyr.   

Tur süresi, 17, 18 we 19-njy aýatlar:

إِنَّ الْمُتَّقِینَ فِی جَنَّاتٍ وَنَعِیمٍ ﴿١٧﴾ فَاکِهِینَ بِمَا آتَاهُمْ رَبُّهُمْ وَوَقَاهُمْ رَبُّهُمْ عَذَابَ الْجَحِیمِ ﴿١٨﴾ کُلُوا وَاشْرَبُوا هَنِیئًا بِمَا کُنْتُمْ تَعْمَلُونَ ﴿١٩﴾

<<Şeksiz perhizgärler, behişt baglarynda , bol nygmatlaryň içindedirler.// olar Allanyň beren zatlaryna hoş bolup, Hudaýyň olary dowzahdan aman saklany üçin şadyýandyrlar.// Olara aýdylar: ýerine ýetiren işleriňiz sebäpli nuş iýiň we nuş içiň.>>

Gurhanyň terbiýe şiweleriniň biriside gorkuzyp duýduryş bermegiň ýanynda beşarat we buşluk bermekden ybaratdyr. Ýene bir ybaratda, hiç bir kimsäni Allanyň rahmetinden numyt etmäni, ýersiz ýere umydy birinde döremegiň öňüni almakdan ybaratdyr.

Geýçen aýatlaryň dowamunda,bu aýatlar, dowzahy ynkar edýän kapyrlaryň nähili jezalandyryljakdyklaryny we perhizkärlere, neçende paý-padaşlaryň haslanjakdygyny beýan edýär we şeýle diýýär; beheştiler iki tarapdan hoşal we şat boljakdyrlar, biri Alla tagalanyň olara haslan çäksiz nygmatlaryndan we ýene birisi hem Allanyň olaryň käbir günälerinden öz lutfy keremi bilen geçmeginden we olary dowzah azabyndan halas etmegindendir. Beheştiler hem dowzahylar ýaly özleriniň dünýede ýerine ýetiren işleriniň netijesine şaýat boljakdyrlar, elbetde olaryň şeýle bir jezalary ýa-da paý-padaşlary , işleriň diýmek ýagşy we ýaman amallaryň nähillidiginiň esasyna boljakdyr.

Bu aýatlaryň öwredýän sapaklary şulardan ybarat:

1-njiden: beheştiň açary, päklik we perhizzgärlikdir, eger takwa bolmasa, onda imandan hem peýda boljak däldir.   

2-njiden: her kimse, dünýede takwa we perhizgärlik bilen özüni ýaramaz we telek işlerden aman saklasa Alla tagala hem ony kyýamatda dowzah odundan gorajakdyr.

 3-njiden: behişt bahana dälde eýsem baha beriljekdir.

Tur süresi, 20 we 21-njy aýatlar:

مُتَّکِئِینَ عَلَى سُرُرٍ مَصْفُوفَةٍ وَزَوَّجْنَاهُمْ بِحُورٍ عِینٍ ﴿٢٠﴾ وَالَّذِینَ آمَنُوا وَاتَّبَعَتْهُمْ ذُرِّیَّتُهُمْ بِإِیمَانٍ أَلْحَقْنَا بِهِمْ ذُرِّیَّتَهُمْ وَمَا أَلَتْنَاهُمْ مِنْ عَمَلِهِمْ مِنْ شَیْءٍ کُلُّ امْرِئٍ بِمَا کَسَبَ رَهِینٌ ﴿٢١﴾

<>

bu aýatlar, Alla tagalanyň beheşti ynsanlara haslajak başga käbir nygmatlaryna yşarat edip şeýle permaýyş edýär: behişt ähli bolanlar, ýagşy kişiler bilen söhbetdeş bolup mynasyp mekanlarda şatlyk etjekdirler, Alla tagala olar üçin päk we gözel başdaşlary belli etjekdir. imanly erkekler üçin jamal we gözellige eýe bolan zenanlary we imanly zenanlar üçin hem kämillikden paýly bolan erkekleri, we olar şeýdyp hem birek-biregiň ýanynda asudalykda ýaşajakdyrlar. elbetde dünýede birek-biregiň ýanynda hoşlukda we aramlykda ýaşap geçen başdaşlaryň kyýamatda hem birek-birek bilen bolup ýaşamaklary mümkindir. imanly perzentler hem öz ene atalaryna birigip, olaryň beheşti içeri maşgalalary kämilleşip şatlyk abzallary hem kämil boljakdyr. elbetde Alla tagala öz lutfy keremi bilen käbir perzentleriň keýeňliklerinden güzeşt edip, olary hem ene atalarynyň hatarynda ýerleşdirjekdir.  

Bu aýatlaryň öwredýän sapaklary şulardan ybarat:

1-njiden: behiştde hem päklik göz öňüne alynjakdyr we zenandyr erkekleriň arabaglanşyklary baş çatyşma esasyndadyr. Fishy fujurlyk we kim-kimelik esasynda däldir.

2-njiden: dünýe-de öz gözlerini namähremden saklan kişiler ahyretde gözel keşpli başdaşlardan paýly boljakdyrlar.

3-njiden: yslamda içeri maşgala gormagyň ölçegi imandyr, şol sebäpli behiştde hem imanly başdaşlar we mömin perzentler birek-biregiň ýanynda boljakdyrlar.

4-njiden; başdaşa matäç bolup perzende alakaly bolmak ynsanyň durkunda bar zatdyr we behiştde hem adamlaryň şeýle bir tebigi we gaýnamyn gerekliklerine üns berlendir.

////////////