Apr 20, 2025 11:35 Asia/Ashgabat
  • bölüm 975, süre Tur, aýat 22-31

bölüm 975, süre Tur, aýat 22-31

975

Tuwr süresi, 22, 23 we 24-nji aýatlar:

وَأَمْدَدْنَاهُمْ بِفَاکِهَةٍ وَلَحْمٍ مِمَّا یَشْتَهُونَ ﴿٢٢ یَتَنَازَعُونَ فِیهَا کَأْسًا لا لَغْوٌ فِیهَا وَلا تَأْثِیمٌ ﴿٢٣ وَیَطُوفُ عَلَیْهِمْ غِلْمَانٌ لَهُمْ کَأَنَّهُمْ لُؤْلُؤٌ مَکْنُونٌ ﴿٢٤

<< We yzly yzyna et we miweden isleýän hilini olaryň öňünde goýjakdyrys// olar behiştde içgiden doly bolan jamlary ol elden ol ele aýlajakdyrlar we ony içmekde, ne puç we boş sözleri aýtmak bardyr, nede günäkärçilik// we olara hyzmat etmekde sadapdaky mermer ýaly ýetginjekler olaryň daşyndan aýlanyp durjakdyrlar. >>

Geçen gepleşikde behişti nygmatlardan gürrüň boldy, indi bu aýatlar onuň dowamunda behiştde bar kä bir iýmitlere we içgilere yşarat edip, şeýle permaýyş edýär: miweleriň dürli hilleri behiştde taýýardyr we behişt ähli her hili miweäni isleseler olaryň erkindedir, emma dünýede onuň tersine miweler dürli pasyllarda ýä-de ýörite geografiýalyk şertlerde önüp emele gelýändirler.

Olardan daşgary guşlaryň, balyklaryň we mallaryň etinden bolan dürli tagamlar hem behiştileriň islän ýagdaýlarynda olaryň öňünde taýýar ediljekdir we hiç bir çäklik boljakdäldir. elbetde iýmitleriň ýanynda içgileriň hem gerekdigi tebigidir, behiştde bir içgi bardyr welin behiştiler ony elden ele alyp, ony içmekden hezil etjekdirler we dünýede bar şeraplar ýaly onuň hiç hili zyýany boljak däldir we ol ynsany günä we ýaramaz işlere tarap iterjek däldir.

Gözel keşipli behişti hyzmatçylar hem elmydama behişt ählini sylamak ugurda taýýardyrlar we her nämäni olar isleseler çaltlykda kem- köstsiz olaryň erkinde goýjakdyrlar.

Bu aýatlaryň öwredýän sapaklary şulardan ybaratdyr:

1-njiden: behiştde bar bolan iýmitler we içgiler, behişt ähliniň isleglerine görädir we behiştiler doly höwes bilen şeýle bir nygmatlardan peýdalanyp hezil etjekdirler.

2-njiden: dünýede özlerini ýaramaz işlerden goraýan kişiler kyýamatda şeýle bir ýöriteliklerdne paýly bolan behişti kişileriň ýanynda orun tapjakdyrlar.

3-njiden: behiştdäki içgilere dünýedäki spirtli içgiler ýaly zýýanly däldir. bu içgiler, ne meslige sebäp bolýandyr , nede ynsany günä işlere tarap äkidýändir.

Tuwr süresi, 25, 26, 27 we 28-nji aýatlar:

وَأَقْبَلَ بَعْضُهُمْ عَلَى بَعْضٍ یَتَسَاءَلُونَ ﴿٢٥ قَالُوا إِنَّا کُنَّا قَبْلُ فِی أَهْلِنَا مُشْفِقِینَ ﴿٢٦ فَمَنَّ اللَّهُ عَلَیْنَا وَوَقَانَا عَذَابَ السَّمُومِ ﴿٢٧ إِنَّا کُنَّا مِنْ قَبْلُ نَدْعُوهُ إِنَّهُ هُوَ الْبَرُّ الرَّحِیمُ ﴿٢٨

<< Birek-birege ýüzlenip biri-biriniň halyny sorajakdyrlar.// aýtjakdyrlar: biz mundan öňürti dünýede öz içeri maşgalamyzyň haýryny isleýärdik we ylahy azap hakda olara düýdüriş beripdik// onda Alla bize minnet goýdy we bizi ýanyp duran azapdan gorady// sebäbi biz mundan ozal elmydama ony çagyrýardyk, dogrudanda ol bendesiniň ýagşysyny isleýän mähribandyr.>>

bu aýatlar behiştileriň birek-birek bilen edýän gürrüňlerine yşarat edip şeýle permaýyş edýär: käbir gürrüňler olaryň geçmişlerine degişli bolup dünýede ýerne ýetiren ýagşy işlerine yşarat edýär, olar özleriniň içeri maşgalalary hakda ne-çende  ýürek ýandyrandyklary barada sözleýärler. dogrudanda bu adamlar özleriniň ene atalary, başdaşlary we perzentleri hakda bolan wezipelerini ýagşy görnüşinde amala aşyryp, olary hak ýoluna hedaýat etmek ugurda doly tagalla edendirler. olar özlerini günäden goramagyň ýanynda perzentlerini terbiýelemekde hem köp alada edip, olary mömin we salyhy kişiler hökmünde terbiýelemek ugurda zähmet çekendirler. elbetde şeýle bir tagallalaryň netijesiniň behişt we ylahy lutf boljakdygy tebigi meseledir we şeýle bir lutf sebäpli hem olar behiştde öz içeri maşgalalarynyň ýanynda bolup dowzah odundan gutuljakdyrlar.

Bu aýatlaryň öwredýän sapaklary şulardan ybaratdyr:

1-njiden: behişt we dowzah biziň öz erkimizdedir, biziň dünýede baş goşýan amallarymyz we çykyşlarymyz bizi kýýamatda behişt ýä-de dowzah bilen duş etjekdir.

2-njiden: içeri maşgala üns berip olaryň geljegi hakynda, hasda perzetnleri terbiýelemekde jan ýandyrmak, behiştiň açarydyr. bu häsiýet hem ata enäni hemde perzentlri behişte tarap hedaýat etjekdir.

3-njiden: behiştiler, behişti Allanyň özlerine bolan lutfy minneti bilýändirler. ne öz az amallarynyň paý-padaşy. sebäbi olaryň az amallary , Allanyň gutarnyksyz nygmatlarynyň garşysynda deňärli däldir.

Tuwr süresi, 29, 30 we 31-nji aýatlar:

فَذَکِّرْ فَمَا أَنْتَ بِنِعْمَةِ رَبِّکَ بِکَاهِنٍ وَلا مَجْنُونٍ ﴿٢٩ أَمْ یَقُولُونَ شَاعِرٌ نَتَرَبَّصُ بِهِ رَیْبَ الْمَنُونِ ﴿٣٠ قُلْ تَرَبَّصُوا فَإِنِّی مَعَکُمْ مِنَ الْمُتَرَبِّصِینَ ﴿٣١

<< Onda eý Pygamber! ilata ýatlap dur, sen Perwerdigäriň lutfy bilen ne kähinsiň nede telbe- däli// ýa kapryrlar aýdýarlar: ol bir şahyrdyr, onuň ölümine garaşýarys" diýip.// olara aýyt: garaşyp duruň, menem siz bilen garaşýanlardandyryn' diýip. >>

Geçen aýatlarda behişti nygmatlary beýan etmekden soň Alla Tagalla bu aýatlarda Hezreti Resuly Äkräm(sa)-e ýüzlenip şeýle permaýyş edýär: bu sözleri ilata elmydama ýatlap dur we kýýamatyň geljekdygyny olara aýyt, olar dünýedäki ýaşaýyşlaryna maşgul bolup baryşlaryna ahyretden gapyl galmazlar ýaly.

elbetde müşrükler ýaňky gürrüňler sebäpli Pygamberi jadygöý bilip, sen gözbagçylar we jadygöýler ýaly geljegi çaklaýarsyň we geljegiň habarlaryny olardan alýarsyň diýärdiler. emma Alla Tagala şeýle permaýyş edýär; Pygamberiň geljekden habarly bolmagy onuň Pygamberçylyk borçy we ylahy wahydan paýly bolamgy zerarlydyr. ol jynlar bilen baglanşykly däldir, şeýle-de ol şahyr däldir eýsem onuň sözleri Allanyň kelamydr we onuň şahsy we birin oý-pikirleri däldir. şahyrlaryň ýa-da kähinleriň gelip gitmekleri bilen, başga kähin ýa-da şahyr olaryň ýerini doldurýandyr, emma Pygamberiň ornuny hiç kimse doldurjakdäldir.

 

Bu aýatlaryň öwredýän sapaklary şulardan ybaratdyr:

1-njiden: Pygamberler bilen tersleşýänler elmydama olary şahyr ýa-da kähin diýip atlandyryp, olaryň daşynda ýygnanan ilaty çaşyrjak bolýardylar.

2-njiden: Yslamyň duşmanlary, Hezreti Resuly Äkräm(sa)-yň dünýeden gaýtmagy bilen Yslamyň çyrasynyň sönmegine garaşýardylar. emma Allanyň yradasy şeýle bir çyraň elmydama röwşen galmagy bolandyr, we biz hatda bu günki-günde hem duşmanlaryň pitneleriniň bardygyna garamazdan Yslamyň dünýede ýaýramagyna şaýat bolup durandyrys.

/////////////