bölüm 976, süre Tur, aýat 32-40
bölüm 975, süre Tur, aýat 32-40
976
Tur süresi, 32, 33 we 34-nji aýatlar:
أَمْ تَأْمُرُهُمْ أَحْلامُهُمْ بِهَذَا أَمْ هُمْ قَوْمٌ طَاغُونَ ﴿٣٢﴾ أَمْ یَقُولُونَ تَقَوَّلَهُ بَلْ لا یُؤْمِنُونَ ﴿٣٣﴾ فَلْیَأْتُوا بِحَدِیثٍ مِثْلِهِ إِنْ کَانُوا صَادِقِینَ ﴿٣٤﴾
<< Akyllary olar şeýle bir puç we erbet sözleri dile getirmeklige iterýanmyka? ýa-da olar asy kowumlardanmy?// ýa aýdýarlarmy Muhammed Gurhany özi ýasap ony Hudaýa baglanşykly edýärmi?// eýsem olar göriplik we asylyk ýüzünden iman getirmeýänler. onda olar dogry aýdýan bolsalar Gurhan ýaly bir sözi getirsinler.>>
Geçen gepleşikde Hezreti Muhammed(sa) bilen garşylaşýan toparlaryň, ol Hezret hakdaky aýdýan käbir ýaramaz sözlerine yşarat boldy. Şol gürrüňiň dowamunda Bu aýatlar şeýle permaýyş edýär: sagdyn akyl siziň şeýle bir puç sözleri aýtmagyňza sebäp bolýarmy? Siz mantyk we delil ýüzünden sözleýän Hudaý Resulyny jadygöý şahyr we däli- telbe hasaplaýarsyňyz , bu sözleriň diňe hakyň garşysynda durup özüňi uly saýmakdan başga delili ýokdur, siz iman getirmejek bolup , Pygamberi Gurhany özüň ýasadyň we sözleri Hudaýyň kelamy diýip toslaýaň , egerde onuň gürrüňleri ýalan diýip toslaýan bolsaňyz, onda siz hem onuň kelamy ýaly sözleri we Gurhany getiriň we şeýlelik bilen başarsaňyz onuň gürrüňlerini ýalana çykaryň.
Bu aýatlaryň öwredýän sapaklary şulardan ybarat:
1-njiden: kapyrçylyk we ynkar etmegiň esasy köki togýan we hakyň garşysynda durup, öz başyňa gitmeklikdir, akyl we enteşe däldir.
2-njiden: Pygamberler bilen tersleşýänler, öz kapyrçylyklaryny düşündiriş bermekde we ilaty ol Hezretlere eýermekden alyp galmakda Pygamberlere ýalan sözleri ýapyp olary garalaýndyrlar.
3-njiden: Gurhany kerim Hezreti Resuly Äkräm (sa)-yň äşgär mugjyzasydyr. tersleşik bildirýänler egerde dogry aýdýan bolsalar şonuň ýaly bir kitaby getirsinler.
Tur süresi, 35 we 36-njy aýatlar:
أَمْ خُلِقُوا مِنْ غَیْرِ شَیْءٍ أَمْ هُمُ الْخَالِقُونَ ﴿٣٥﴾ أَمْ خَلَقُوا السَّمَاوَاتِ وَالأرْضَ بَل لا یُوقِنُونَ ﴿٣٦﴾
<< Olar hiçden halk bolandyrlarmy? Ýa-da özleri, özlerini ýaratdylarmuka?// Ýa asmanlary we zemini olar ýaratdylarmyka? (ýok beýle däldir) eýsem olaryň ynam-ygtykaty ýokdur.>>
bu aýatlar Hudaý tanajylyk delilleriniň biri bolan elliýet deliline meselä yşarat edýär, bu delil şeýle diýýär; hiç bir zat sebäpsiz döreýrän däldir we hiç bir zat öz elleti we sebäbi bolup başarýan däldir. onda öz-özünden başga bir sebäbe mätäçdir, zemin we asmanda bar bolan bütin gopgunlaryň şeýle bolşy ýaly , onda biz soňda bir sebäbe ýetmeli bolýandyrys, ýone onuň özi sebäbe mätäç bolmasyn. onda biz bir hili çaşgyna duş boljakdyrys welin akylyň garaýşyndan kabul ederli däldir. hiç bir ynsan öz-özünden we delilsiz halk bolandyryn diýip toslaýan däldir, şeýle-de hiç bir kişi özüm, özümi ýartdym diýip toslaýan däldir. bu iki parziýe akyl ýüzünden bolmajak işdir. sebäbi ynsan bir hili gopgundyr we her bir gopgun hem sebäbe mätäçdir. ondan daşgary ozaldan bolmadyk ynsan, nähili bolup öz döremegine sebäpkär bolup başarar? şol sebäpli halyga mätäç bolmak bir hil akyly we gaýnamyn işdir, we Mekge müşrükleri hem ony kabul edip bu meseläni ynkar etmerdiler.
Bu aýatlaryň öwredýän sapaklary şulardan ybarat:
1-njiden: Gurhan käbir soraglary ara atmak bilen ynsanlary pikir edip enteşeli bolmaklyga çagyrýandyr. Şeýlede olaryň pikir we weždanlarynyň oýa bolmaga we tersleşik bildirmekden saklanmaklaryna sebäp bolýar.
2-njiden: eger ynsan hakykaty kabul etmegiň yzynda bolsa , onda akyl hem oňa ýol görkezýändir.
3-njiden: ynsan ne özüni halk edendir, nede asmanlary we ýeri.
4-njiden: özüniň halk eilmegine we älemiň ýaradylmagyna oýlanmaklyk ynsany Allaga ýetirýändir we oňa ynam berýändir.
Tur süresi, 37, 38, 39 we 40-njy aýatlar:
أَمْ عِنْدَهُمْ خَزَائِنُ رَبِّکَ أَمْ هُمُ الْمُسَیْطِرُونَ ﴿٣٧﴾ أَمْ لَهُمْ سُلَّمٌ یَسْتَمِعُونَ فِیهِ فَلْیَأْتِ مُسْتَمِعُهُمْ بِسُلْطَانٍ مُبِینٍ ﴿٣٨﴾ أَمْ لَهُ الْبَنَاتُ وَلَکُمُ الْبَنُونَ ﴿٣٩﴾ أَمْ تَسْأَلُهُمْ أَجْرًا فَهُمْ مِنْ مَغْرَمٍ مُثْقَلُونَ ﴿٤٠﴾
<< Perwerdigäriň genç hazynalry olaryň ýanyndamy?Ýa olar bu dünýä üstemdirlermi?// ýä Olaryň asmanlardaky syrlary eşitmek ugurda basmançaklary barmydyr? onda öz eşidýän zatlaryndan bir delili getirsenler// gyzlar Hudaýa we ogullar size degişlimi?// Olardan bir paý-padaşy isleýärsiňmi welin ony tolemeklik olara agyr bolsun.>>
Geçen aýatlaryň dowamunda bu aýatlar hem Hezreti Resuly Äkräm(SA) bilen tersleşýänlere ýüzlenip, olardan sorag edýär. Bu aýatlar şeýle permaýyş edýär: eger siz özüňizi we jahany halk etmändiňizi kabul edýän bolsaňyz, onda jahanyň we ynsanlaryň dolandyrylmgy we ryzklary we nygmatlary paýlamaklyk size tapşyrlanmyka diýip pikir edýäňizmi? Siz Allanyň siziň isleýän kişiňizi Pygamberlige bellenmegine talap edýärsiňizmi?ýa-da öz gowy görýän adamyňyzy bu jogapkärçilige ýa-da beýleki sosiýal jogapkärçilikler bellärsiňz gelýärmi? olaryň asmana tarap ýollary barmydyr we şol ýoldan hem dünýäni dolandyrmak işlerden ýa-da ilaty hedaýat etmek ugurda bolan ylahy wahyden habarly bolýarmy we şol esasda amal edýärlermi ,olaryň Allaga degişli bilýän esassyz gürrüňleri we horafalary hakda mysaly perişteleri Hudaýyň gyzlary bilmekleri barada delilleri barmy? Ýa-da Pygamber(sa) olardan pygamberçiliginiň garşysynda paý-padaş isledimika? We şol paý-padaş islemek olara agyr bolup düşýärmika? Onda näme üçin onuň Pygamberçiligini kabul etmeýärler? Elbetde bu soraglaryň hemmesiniň jogabynyň ýokdygy belli we äşgärdir. we tersleşik bildirýänler öz garşydaşlaryna hiç bir delil getirip başarjakdäldirler , eýsem olar diňe haky kabul etmekden saklanmak we gaçmak ugurda bir gaçalga ýoly gözleýändirler.
Bu aýatlaryň öwredýän sapaklary şulardan ybarat:
1-njiden: eger garşylarymyz hem mantyk ýüzünden sözleseler, biz ony kabul etmelidiris.
2-njiden: Allanyň şanyna ýaramaz sözleri aýdýanlar , mysaly Hudaýyň gyzy bar diýip aýdýan kişiler Pygamberlere hem puç sözleri aýtmakdan gaýara durýan däldirler.
3-njiden: dini ýaýradyş berip ynsanlary haka çagyryp olary hedaýat etmek ugurda Pygamberler ýaly mady meseler ara atmakdan we ilatdan mal talap etmekden saklanmak gerekdir, sebäbi ýaýradyş işleriň eserleriniň ýogalmagyna we ilata basyş bermeklige sebäp bolýandyr. elbetde eger ilatyň ozy meýletin sowgat berseler ony kabul etmekde kynçylyk ýokdur.
//////////////