bölüm 948, süre Muhammet , aýat 33- 35
bölüm 948, süre Muhammet , aýat 33- 35
948
Muhammet süresi, 33-nji aýat:
یَا أَیُّهَا الَّذِینَ آمَنُوا أَطِیعُوا اللَّهَ وَأَطِیعُوا الرَّسُولَ وَلا تُبْطِلُوا أَعْمَالَکُمْ ﴿٣٣﴾
<< eý iman getiren adamlar! perwerdegäre boýun boluň we pygambere eýeriň we alla we resulunyň permanyna boýun bolman öz amallaryňyzy batyl etmäň. >>
Gurhanyň sözleri munapyklar we kapyrlar hakdady , bu aýat möminlere karap şeýle permaýiş edýär: eý iman ähli bolanlar! esewan boluň we munapyklar ýaly alla we onuň resulunyň permanyndan boýun gaçyryp ýüz öwürmäň. olar dilleri bilen ylahy boýruklara boýundyklaryny aýdýan bolsalarda amal-da ýa onuň bilen tersleşýärler ýada öz wezipelerini dogry suratda ýerine ýetirmeýärler. siz özüňizi hakyky mömin hesipleýärsiňiz . şol sebäpli amal-da hem allanyň permanyna boýundyňyzy görkezmelidirsiňiz , şol sebäpli hem öz nebis islegiňiz we meýliňiz boýunça bolan işlerden saklanmalydyrsyňyz .
Bu ayatyň öwredýän sapaklary şulardan ybarat:
1-njiden: imanyň gerekligi, alla we resulunyň garşysynda boyun bolmaklykdyr sebäbi allanyň we onuň resulunyň permanlaryny amal-da ýerine ýetirmezden , hakyky imany elgerip bolyan däldir .
2-njiden: Gurhanyň ýanynda hodaý resulunyň sünneti we ýoly hem esasdyr, şol sebäpli dini tanamak üçin olaryň ikisine hem üns bermek gereklidir.
3-njiden: yagşy işleri ýerine ýetirmegiň ýeke özi ýetelik däldir eýsem amaly hem şirk , ikiýüzlilik we tekepbirlik ýaly äpetlerden goramak gereklidir .
Muhammet süresi, 34-nji aýat:
إِنَّ الَّذِینَ کَفَرُوا وَصَدُّوا عَنْ سَبِیلِ اللَّهِ ثُمَّ مَاتُوا وَهُمْ کُفَّارٌ فَلَنْ یَغْفِرَ اللَّهُ لَهُمْ ﴿٣٤﴾
<< kapyr kişiler we ilaty alla ýolundan alyp galýanlar , soňda kapyrçylyk-da dönýeden ötenleri, perwerdigär hergiz bagşlamaz. >>
Gurhan aýatlaryň esasynda, alla tagala geçrimlidir we köp günälerden geçip günäkärleri magfyrat edýändir. şol bir ýagdaýda hem kä adamlar öz kapyrçylyklaryna we şirklerine aýak diräp beýlekileriň günä çekilip gyşarnyga duş bolmaklaryna ýerlik taýýarlaýarlar we ömürleriniň soňyna çenli hem öz şeýle bir batyl ýollarynda galyarlar. şeýle bir adamlar allanyň rahmetini almak üçin özlerine hiç bir mümkinçilik goýmaýarlar şol sebäpli hem olar magfyrat boljak däldirler .
Bu aýatyň öwredýän sapaklary şulardan ybarat:
1-njiden: alla tagala öz bütin bendelerine toba we öwrülmek ýoluny açyp goýandyr emmä käler öz kapyrçylyklaryna , şirklerine we allanyň ýoly bilen tersleşmeklerine aýak direýärler. olar şeýle bir ýagdaýda dünýäden gaýtsalar allanyň rahmetine duş boljak däldirler.
2-njiden: ynsanyň soňy hakda möhüm bolup durýan mesele şudyr welin ol ölüm zamanynda mömin suratynda dünýäden gaýdýandyrmy ýada kapyr suratda?
3-njiden: duşmançylyk we hak bilen jedelleşmek ýüzünden bolan kapyrçylyk howplydyr we bu mesele ynsany ylahy rahmetden mahrum edýändir.
Muhammet süresi, 35-nji aýat:
فَلا تَهِنُوا وَتَدْعُوا إِلَى السَّلْمِ وَأَنْتُمُ الأعْلَوْنَ وَاللَّهُ مَعَکُمْ وَلَنْ یَتِرَکُمْ أَعْمَالَکُمْ ﴿٣٥﴾
<< gowşak we ejiz bolmaň we duşmanlary oňuşmaklyga çagyryň, siz üstem we ýokarydyrsyňyz we alla siz bilendir we hergiz siziň işleriňiziň paý-padaşyndan kemeljek däldir. >>
Geçen aýatlaryň dowamunda bu aýat iman ähline karap şeýle permaýyş edýär: imanlary gowşak bolan adamlaryň siziň imanyňyzda täsir galdyrmagy hakda esewan boluň, şeýle bolan ýagdaýynda siz duşmanlar garşysynda çydam görkezmegiň ýerine olar bilen sazlaşyp oňuşmagyň ogrunda boljakdyrsyňyz, onda ägä boluň . eger duşman öz duşmançylygyndan el çekip siziň hak hukukyňyza hormat goýup siz bilen parahatçylykly ýaşaýyşy dewam etmekligi kabul etse onda ýaraşmak we oňuşmak kabul ederlidir , emmä eger her gün täze pitnä golluk edip allanyň dinini ýok etmegiň ogrunda bolsa onda onuň bilen oňuşmak we ýaraşmak bir hilli din ýerlikde gowşak durmaklyk we dünýede rahat talap bolmagyň nyşanydyr .
Alla tagala iman ähli bolanlaryň hezzet we azamatly bolmaklaryny isleýändir, şol sebäpli eger möminler çydam görküzip durumly bolsalar, perwerdigär hem olary duşmanlaryň garşysynda ýeňişli etjekdir. emmä eger käler gorky , gowşaklyk ýada rahat talaplyk bilen ant içen duşmanlar bilen oňuşmak ýoly göz öňüne alsalar onda şeýle bir iş olara zillet we harlykdan başga zady yzyna tirkejek däldir. elbet duşmanyň garşysynda her hilli çydam görkezmegiň harajatynyň bardygy belli zatdyr. emmä uzak mutdatda duşman bilen oňuşmagyň harajaty onuň garşysynda durum görkezmekden harajatynyň köpdigini subut edendir. ondan daşgary her kimse iman ähli bolanlaryň hezzetiniň we azamatynyň ogrunda ädim ätse we şu ýolda oňa zyýan ýetişse alla tagala laýyk suratda şeýle bir zyýanlaryň ýoluny doldurjakdyr we onuň padaşyndan kem goýjak däldir .
Bu aýatyň öwredýän sapaklary şulardan ybarat:
1-njiden: iman ähli bolanlar öz sanlarynyň we mümkinçilikleriniň duşmanyň sanynyň we abzallarynyň garşysynda az bolmagyndan howatyrlanmaly däldirler, sebäbi perwerdigär möminler bilendir we alla bilen bolan kişi iň soňda ýeňiş gazanjakdyr .
2-njiden: iman , gowşaklyk we rahat talap bolmak bilen ogurdaş däldir .
3-njiden: duşmana garşy göreş meydanynda iman ähli bolanlar ýaraşmagy maslahat berýän däldirler sebäbi bu mesele olaryň gorkmaklarynyň we gowşaklykdyr ejizlikleriniň nyşanydyr we gelşikli iş däldir emmä eger duşman ýaraşmak üçin isleg bildirse maslahat bolan ýagdaýynda kabul edilmelidir .
4-njiden: perwerdigär iman ähli bolanlara azamat we hezzeti isleýandir, şol sebäpli hem öz hedaýaty bilen din ýolunda berk we mäkäm bolanlary goldap olara medet ýetirjekdir.
/////////////