Apr 21, 2025 13:51 Asia/Ashgabat
  • bölüm 949, süre Muhammet , aýat 36- 38

bölüm 949, süre Muhammet , aýat 36- 38

949

Muhammt süresi, 36  we 37-nji aýatlar:

إِنَّمَا الْحَیَاةُ الدُّنْیَا لَعِبٌ وَلَهْوٌ وَإِنْ تُؤْمِنُوا وَتَتَّقُوا یُؤْتِکُمْ أُجُورَکُمْ وَلا یَسْأَلْکُمْ أَمْوَالَکُمْ ﴿٣٦ إِنْ یَسْأَلْکُمُوهَا فَیُحْفِکُمْ تَبْخَلُوا وَیُخْرِجْ أَضْغَانَکُمْ ﴿٣٧

<< dünýädäki ýaşaýyş diňe oýunjyk we güýmenjedir, eger iman getirip takwany göz öňüne alsaňyz perwerdigär size padaş berjekdyr we mal mölükiňizi sizden islejek däldir// eger hudaý baýlyklaryňyzy islese we oňa aýak direse , bahylçylyk edýärsiňiz we perwerdigär siziň kineleriňizi äşgär edýändir.>>

Dünýä baglanşykly bolmagyň sebäbkärleriniň biri bu dünýädäki ýaşaýyşa bolan nadogry garaýyşdyr her bir kimse öz dünýädäki baýlygynyň we gudratyny müdimlik we bakymykam diýip goman etse oňa göwün baglaýandyr, şeýle bir kişi alla ýolunda öz baýlyklaryndan we mal-mülkünden geçmeglige taýýar boljak däldir, ýada öz güýç gudratyndan ylahy dini kuwwatlandyrmak ugurda haýyrlanjak däldir. iman ähliniň garaýşyndan dünýä , gözel sahralar we owadan jeňňelleriň aralygyndan geçýän ýol ýalydyr. ilatyň köpüsi hakyky maksatlaryny unudyp ýoluň gyrasynda durup akarlaryň ýanynda we agaçlaryň astynda gümenç işlere maşgul bolýarlar. emmä iman ähli bolan adamlar maksatlaryny unudýan däldirler, olar hem beýlekiler ýaly ýoluň gyrasynda durup öz gerk-ýaraklaryny we mätäçliklerini öpjün edýärler, emmä olaryň şeýle bir togtamaklary uzak bolmany eýsem , çaltlyk bilen maksatlaryna tarap hereketlerini dowam berýärler , ondan daşgary iman ähli bolanlar , ýaşaýyş ýoluny takwa esasynda ýöreýärler , we ylahy kanunlardan gyşarnyga duş bolmajak bolup esewan bolyarlar , şeýdip hem sagdynlykda maksada ýetmek ugurda talaş edýärler. elbet her bir kimse bu ýolda özüne köp azka we ýük almany çaltrak hereket etse onuň basymlykda maksada ýetjekdigi tebigi bir zatdyr, şeýle bir kişi her bir menzile ýetende diňe indiki menzile ýedýänçä gerek bolan azykasyny alyp artykmaç zatlary beýlekiler üçin goýup gidýändir , dogrudan-da ýaşaýyş ýolunda ynsan hereketine selteň salýan zat herislik we bahylçylykdyr , bu meseleler onuň öňünde kynçylyk döredip çalt hereket etmeginiň öňünde päsgel döredýändir .

bu aýatlaryň öwredýän sapaklary şulardan ybarat :

1-njiden: dünýä güýmenip oňa güýçli ýürek baglap ahyreti unutmaklyk iman we ylahy takwa bilen jebis gelýn däldir .

2-njiden: imany bolmadyk ynsanlaryň dünýesi , öz oýun abzallaryna ýürek baglap şolar bilen maşgul bolýan çagalaryň dünýesi ýalydyr .

3-njiden: mal we baýlyk dünýede ýaşamak üçin gereklidir emmä bu mukdar ynsanyň beýlekilere mätäç bolmazlygy ýaly bolmalydyr ýaşaýyşyň ýekeje maksady diňe mal we mülk ýygnamak däldir .

4-njiden : heris bolup bahylçylyk etmek ynsany , ynfak we ýagşylyk etmek ýaly dini tekliplerini ýerine ýetirmekden alyp galýandyr .

Muhammt süresi, 38-nji aýat:

هَا أَنْتُمْ هَؤُلاءِ تُدْعَوْنَ لِتُنْفِقُوا فِی سَبِیلِ اللَّهِ فَمِنْکُمْ مَنْ یَبْخَلُ وَمَنْ یَبْخَلْ فَإِنَّمَا یَبْخَلُ عَنْ نَفْسِهِ وَاللَّهُ الْغَنِیُّ وَأَنْتُمُ الْفُقَرَاءُ وَإِنْ تَتَوَلَّوْا یَسْتَبْدِلْ قَوْمًا غَیْرَکُمْ ثُمَّ لا یَکُونُوا أَمْثَالَکُمْ ﴿٣٨

<< esewan we ägä boluň siz hudaý ýolunda ynfak etmeklige çagyrlansyňyz. onda siziň käleriňiz bahylçylyk edýändir, her kimse bahylçylyk etse diňe öz zyýanyna bahylçylyk edýändir we perwerdigär ganydyr we mähtäç däldir, mätäç sizsiňiz we eger ýüz öwürseňiz perwerdigär siziň ýeriňize bir kowumy getirjekdir welin ol siz ýaly boljak däldir. >>

bu aýat muhammet süresiniň soňky aýatydyr we geçen aýatlayň dowamunda käbir möminleriň dünýedäki baýlyklara ýürek baglamklaryna yşarat edip şeýle permaýyş edýär: eger siz hudaýa imanly bolsaňyz onuň gerekligi diňe mal taýdan harajaty bolmadyk Namaz we Ruza däldir eýsem hudaýa imanly bolmagyň gerekligi baylygyň bir bölümini Zekat hökmünde bermeklik ýada hudaýyň dinini kuwwatlandyrmak ugurda jyhat etmekdir. elbet şeýle bir işlerde keýeňlik edip bahylçylyk edýän kişiler hudaý olara mätäçdir şol sebäply hem şeýle bir boýruklary berenmikä diýip goman etmesinler eýsem olar hudaýa mätäçdirler we her näçe bahylçylyk etseler hakykatda özlerini dünýede we ahyretde ylahy rahmetden mahrum edýändirler .

bu aýatyň soňy duýduryş beriji sözler bilen şeýle diýýär: siz imanly bolmak sebäpli elmudama dünýede allanyň lutfy ynaýaty sizler bilen bolar diýip goman etmäň eger siz hem hudaýyň dinini goramakda we hudaýyň duşmanlaryna garşy durmakda öz wezifeleriňizi ýeryne ýetirmekde keýeňlik etseňiz asta-ýuwaş siziň gudratyňz azalyp özüňiz hem aradan gitjeksiňiz şol ýagdaýda perwerdigär, din ýolunda gaýym bolan we hudaý ýolunda öz baýlyklarynyň bir bölümini ynfak etmekde bahyl bolmaýan başga bir topary siziň jaýyňyzda oturtjakdyr .

bu aýatyň öwredýän sapaklary şulardan ybarat:

1-njiden: ynfakda bahylçylyk etmek hudaýa imanly bolmak bilen sazdaş däldir we mömin adam bahyl bolýan däldir .

2-njiden: ynsan öz malyndan, güýjine görä alla ýolunda ynfak etmelidir, ol allanyň hiç bir zada mätäç däldigini bilmelidir, emmä ol mal we baýlyk ýygnamak bilen hiç haçan hudaýdan bi-nyýaz däldir.

3-njiden: iman ähli, diňe öz wezipelerine dogry amal eden ýagdaýlarynda ylahy goldaw we medetden paýly boljakdyrlar we perwerdigär hiç bir kişä kepilçilik beren däldir.

4-njiden: alla ýolunda janyňdan we malyňdan geçmek köpçiligiň duwamly bolmagyna gereklidir we dünýä bakna bolup bu möhümden boýun gaçyrmaklyk köpçiligiň dargap ýok olmagyna we başga bir toparyň we kowmuň ara gelmeglerine sebäp bolýandyr.

//////////////

Muhammet süresiniň soňy