Apr 21, 2025 13:58 Asia/Ashgabat
  • bölüm 950, süre Fätih, aýat 1- 4

bölüm 950, süre Fätih, aýat 1- 4

950

Fätih suresi

Fätih süresi altynjy hejri gamary ýylda we hudibiýe ýaraş peýmanyndan soň hezret resuly ekrem we musulmanlaryň bir topary, omra hajyny ýerine ýetirmek üçin, Medineden mekgä tarap hereket etdilr emä mekgäniň golaýynda we hudibiýe atly ýerde müşrikler olaryň ýoluny baglap  mekgä barmaklaryna rugsat bermediler. şol wagtda musulmanlar we müşrikler arasynda bolan gürrüňlerden soň , netijede olaryň arasynda ýaraş peýmany baglandy we musulmanlaryň soňky ýyllarda mekgede huzurly bolyp başarmaklaryna mümkinçilik döredi . hezreti resuly ekrem medinä ögrülip baryan zamany  Fätih suresi ol hezrete inip ýeňişi buşluk berdi .

Fätih süresi, 1, 2 we 3-nji ayatlar:

إِنَّا فَتَحْنَا لَکَ فَتْحًا مُبِینًا ﴿١ لِیَغْفِرَ لَکَ اللَّهُ مَا تَقَدَّمَ مِنْ ذَنْبِکَ وَمَا تَأَخَّرَ وَیُتِمَّ نِعْمَتَهُ عَلَیْکَ وَیَهْدِیَکَ صِرَاطًا مُسْتَقِیمًا ﴿٢ وَیَنْصُرَکَ اللَّهُ نَصْرًا عَزِیزًا ﴿٣

<<Dogrudan-da biz saňa äşgär bir ýeňisi oňa getirdik// tä perwerdigär, kapyrlaryň saňa ilteşikli edýän ozalky we indiki günäleriňden geçer ýaly , we nygmatlaryny saňa kämil eder ýaly we seni dogry ýola hedaýat edr ýaly// we perwerdigär seni ýeňilmejek östünlik bilen goldamakçydyr. >>

Hudibiýe atly ýaraşyk peýmanyndan soň inen bu ayatlar, şeýle bir hereketi gelejekde ýüze çykjak möhüm ýeňişlere bir başlangyç diýip atlandyrdy , sebäbi şol wakadan öňürti müşrikler diňe musulmanlary ýok etmeklige oýlanýardylar we hiç bir orny olara kaýyl bolmaýardylar. Hudibiýäň ýaraşyk karar hatynyň netijelerniň birisi şu boldy welin kapyrlar musulmanlary resmiýýete tanydylar şeýlelikde 8-nji hejri kamary ýylda mekgäniň alynmagy bilen musulmanlar müşriklere östen çykyp uly we berk bir ýeňişi elgerip başardylar. yslamyň derejeli pygambarynyň gelmegi bilen , nadanlyk döwründe ýoň bolan bütin ýaramaz we hurafy sünnetler sorag astyna girdiler, yslamyň taglymatlary esasynda sosiýal gatlaglar dözgüni aýak aşaga taşlandy we bütin ynsanlar her gowum we gabyladan bolsalar-da hudaýyň bendesi we birek- birek bilen dogandyrlar  diýlip atlandyryldy . elbet hezreti resuly ekremiň butparazlyga we nadanlyk şiwelere garşy bolan göreşleri müşrikleriň başlyklaryna hoş ýokar däldi we olar şeýle bir möhüm meseläniň garşysynda aňsatlyk bilen bi-parh bolup başarmaýardylar. şol sebäpli olar hezreti resuly ekremi şeýle bir işleri we göreşleri babatly ýazykly we günäkär bilýärdiler. sözümizi jemläp aydar bolsak hudibiýe ýaraşyk peýmanynynyň möhüm netijelerniň biri şudy welin ýaramaz nadanlyk sünnetler we däp-desturlar aradan ayryldy we huday resuly mekgede we medinede yslamy düzgüni häkim etdi . gabylalar arasyndaky uruş we dawalar aradan aýyrlyp köpçilige doganlyk ruhiýesi häkim boldy .

Bu aýatlaryň öwredýän sapaklary şulardan ybarat:

1-njiden:  bar hakykatlar esasynda tutum tutup şol boýunça oýlanyp amal etmeklik, ýeňiş we östünlige ýerlik döredýändir. duşmanlara östün çykmak elmudam hem sowaş we jyhat arkaly  mümkin bolýan däldir , kä wagtlarda ýaraşmak hem duşmanlara östün çykmaklyga şert döredýändir .

2-injiden, eger biz wezipämizi ýerine ýetirmegiň ugrunda bolup onuň yz-gelimlerinden gorkmasak perwerdigär hem işleri bir hilli dolandyrýandyr welin şol yz-gelimler aradan aýrylyp islendik netije hasyl bolýandyr .

3-injiden: pygambaryň duşmanlar bilen sowaşmak ýäde ýaraşmak baradaky tutumlary alla tagalanyň hedaýaty bilen bolyandyr we ol hezretleri öz birin haý höwesi esasynda amal edýän däldirler .

Fätih süresi, 4-nji ayat:

هُوَ الَّذِی أَنْزَلَ السَّکِینَةَ فِی قُلُوبِ الْمُؤْمِنِینَ لِیَزْدَادُوا إِیمَانًا مَعَ إِیمَانِهِمْ وَلِلَّهِ جُنُودُ السَّمَاوَاتِ وَالأرْضِ وَکَانَ اللَّهُ عَلِیمًا حَکِیمًا ﴿٤

<< ol imanlary artar ýaly aramlygy möminleriň ýöreklerine inderen kişidir we asmanlaryň we ýeriň goşuny allaga degişlidir we perwerdigär dana we hekimdir. >>

Hudibiýe ýaraşyk peýmanynyň wakasynda musulmanlaryň köpüsi mekgede huzurly bolup Omra Hajyň däp-desturlaryny ýerine ýetirip başarmandyklary sebäpli gam bolup bir hilli özlerini şowsyzlyga uçran ýaly görýärdiler. emä bu süräniň inmegi we olara ýeňişiň buşlugyny bermegi ýöreklerine kuwwat boldy olar bu aýatlar bilen hezreti rsuly ekremiň we allanyň wadalaryna umytly bolup öz imanlaryny daýandyrdylar. elbet her bir kimse dünýäni ylahy hikmetiň astynda bilip asmanlarda we ýer şarynda bolan tebigi wakalary hem allanyň goşuny hökmünde kabul etse ol hiç haçan ýeňlişe duçar bolup duşmanlaryň haýbatyndan gorka düşjek däldir  we bu mesele tebigi bir zatdyr.

Bu aýatyň öwredýän sapaklary şulardan ybarat :

1-injiden: perwerdigär möminlere bolan lotuflarynyň biri şudyr welin beýik biri bar aramlygy olaryň gursaklaryna guýup ýöreklerine teskin berýändir. onuň garşysynda kapyrlaryň ýöregini bi-ynjalyk edip olary gorkuzmak bilen olara jeza berýändir .

2-injiden: imanyň derejeleri bardyr we bu dereje dürli adamlarda belentli- pesli bolýandyr, hakykatda dürli wakalaryň we kynçylyklaryň ýüze çykmagy adamlaryň iman derejelerini ölçemek öçündir .

3-injiden: ylahy hekmet, gutrat we ylma üns bermek we bütin tebigi gopgunlary allanyň permanynyň astynda bilmeklik iman ähline içgin we ruhy aramlyk bagş edýändir.

///////////////