bölüm 977, süre Tur, aýat 41-49
bölüm 977, süre Tur, aýat 41-49
977
Tur süresi, 41, 42 we 43-nji aýatlar:
أَمْ عِنْدَهُمُ الْغَیْبُ فَهُمْ یَکْتُبُونَ ﴿٤١﴾ أَمْ یُرِیدُونَ کَیْدًا فَالَّذِینَ کَفَرُوا هُمُ الْمَکِیدُونَ ﴿٤٢﴾ أَمْ لَهُمْ إِلَهٌ غَیْرُ اللَّهِ سُبْحَانَ اللَّهِ عَمَّا یُشْرِکُونَ ﴿٤٣﴾
<< Ýä Gaýb olaryň ýanyndamy? Aýdýan zatlaryny onuň üstünden ýazar ýaly.// Ýada haky ýok etmek üçin bir hiläni ulanjak bolýarlarmy? emma kapyrlaryň özleri öz hilelrine giriftardyrlar.// ýada olaryň Alladan başga magbutlary barmydyr? Alla, özüne kaýyl bolunýan şäriklerden päk we üzňedir.>>
Geçen gepleşiklerde Alla tagala yslam Pygamberi bilen tersleşýänleri sorag astyna alyp, siz haýsy bir ölçeg esasynda Allanyň Resuluna şeýle bir töhmetleri ýapýaňyz diýip beýan etdi. indi şol soraglaryň dowamunda bu aýatlarda şeýle permaýyş edýär: tersleşýän kapyrlar diňe özleri gaýb älem bilen baglanşykly bolupda ylahy wahýy göni suratda alyp, şol sebäpli hem yslam Pygamberiniň olara sowgat getiren Hudaýyň kelamyna mätäç däldiris diýip toslaýarlarmy? Ýa-da Allanyň Resuluny aradan aýrmak üçin hile düzdilermikä? emma olaryň özleri soňra ylahy yradaň garşysyda şekese duş bolup düzen toslamalary hem öz zyýanlaryna bolup gutarjakdyr. olar egerde Allaga şärik hökmünde saýlan puç gudratlara daýansalar, şeýle bir ýaramaz butlaryň Allanyň gudratynyň garşysynda hiç hili ýarawynyň ýokdugyny we olary goldap başarjak däldigini bilmelidir.
bu aýatlaryň öwredýän sapaklary şulardan ybarat:
1-njiden: gyşarnyga duş bolanlary hedaýat etmek ýollarynyň biri , olaryň weždanlaryny oýayrmak ugurda käbir soraglary ara atmaklykdyr.
2-njiden: her kimse Pygamberlerden we ylahy öwliýalardan başga gaýb älemi bilen baglanşygym bar diýip toslasa , onuň gürrüňleriniň ylmy we akly arkasy ýokdur we gürrüňleri puç we batyldyr.
3-njiden: Alla tagala mömin ynsanlaryň hemaýatçysydyr we gerek bolan ýerinde duşmanlaryň olara garşy düzýän pitnelerini puja çykarýandyr.
Tur süresi, 44, 45 we 46-njy aýatlar:
وَإِنْ یَرَوْا کِسْفًا مِنَ السَّمَاءِ سَاقِطًا یَقُولُوا سَحَابٌ مَرْکُومٌ ﴿٤٤﴾ فَذَرْهُمْ حَتَّى یُلاقُوا یَوْمَهُمُ الَّذِی فِیهِ یُصْعَقُونَ ﴿٤٥﴾ یَوْمَ لا یُغْنِی عَنْهُمْ کَیْدُهُمْ شَیْئًا وَلا هُمْ یُنْصَرُونَ ﴿٤٦﴾
<< Olar egerde asmandan bir bölegiň gaçýandygyny görseler hem ýene-de iman getirmäni, bular ýygnanyp goýberilen bulutlar diýyp aýtjakdyrlar.// onda olary öz ýagdaýlaryna goýber, olar ýyldyryma griftar boljak günlerini görer ýaly.// şol günde olaryň hileleriniň olara hiç hili peýdasy boljak däldir we olary hemaýat etjek däldir. >>
bu aýatlar kapyrlaryň jedel etmekleriniň aňyr ujuna yşarat edip, şeýle permaýyş edýär: eger Allanyň azaby asmandan daşyň bölgeleri bolup insede, olar şony ynkär edip bular ýygnanyp üýşürlen bulutlardyr diýip aýtjakdyrlar. olar diňe magnawy hakykatlary ynkär etmeýärler , eýsem öz gözlri bilen görýän adaty hakykatlry hem kabul edýän däldirler we ony bir hili gyşarnyga çekip Allany kabul etmekden saklanýandyrlar. şol sebäpli ýaňky aýtlaryň dowamy Allanyň Resuluna ýüzlenip, şeýle permaýyş edýär: bu hili adamlary öz ýagdaýlaryna goý, olar seniň olary oýandyrmagyň üçin ukyda däldirlerde, eýsem özlerini ukyda görkezen bolýarlar, şol sebäpli hem herniçe talaş etseňde oýanjak däldirler. diňe ölüm we heläk bolmak olary bu ukydan oýandyrmagy başarjakdyr welin şonda bu iş olara peýda berjek däldir. şondan başga olaryň haky we Allanyň dinini aradan aýyrmak ugurdaky düzen taslamalary hem başa barjak däldir.
Bu aýatlaryň öwredýän sapaklary şulardan ybarat:
1-njiden: täsipkeşlik we jedel etmek , ynsanyň gözüni maddy hakykatlary görüp başarmakdan natawan edýändir. Indi magnawy hakykatlara bärde dursun, esasan täsipkeşlik ynsanyň hakykatdan nädogry düşünjeleri öňe sürmegine sebäp bolýandyr.
2-njiden: Pygamberleriň hedaýat we ýol görkerzmeleri hakykaty tanamagyň ugrunda bolan adamlar üçindir. hakykatyň garşysynda durup jedel we duşmançylyk edýänler üçin daldir.
Tur süresi, 47, 48 we 49-njy aýatlar:
وَإِنَّ لِلَّذِینَ ظَلَمُوا عَذَابًا دُونَ ذَلِکَ وَلَکِنَّ أَکْثَرَهُمْ لا یَعْلَمُونَ ﴿٤٧﴾ وَاصْبِرْ لِحُکْمِ رَبِّکَ فَإِنَّکَ بِأَعْیُنِنَا وَسَبِّحْ بِحَمْدِ رَبِّکَ حِینَ تَقُومُ ﴿٤٨﴾ وَمِنَ اللَّیْلِ فَسَبِّحْهُ وَإِدْبَارَ النُّجُومِ ﴿٤٩﴾
<< elbetde sütem edenlere bulardan başga azap bardyr, we olaryň köpüsi bilýän däldirler// we Perwerdigäriň permanyny ýerine ýetirmek üçin sabyr edip çydam görkez. sen biziň nazarmyzda we biziň hemaýatymyzyň astyndadyrsyň, we ukydan oýanan mahalyň Perwerdigäriňi päklik-de ýatlap hämt aýt// we gijäniň bir ýarynda we säherlerde ýyldyzlaryň gözlerden ýidýän zamanynda Perwerdigäriňe tesbih aýt.>>
Geçen aýatlaryň dowamunda jedelkeş kapyrlara azabyň we gaharyň inmegi hakda bolan aýatlaryň dowamunda bu aýatlar şeýle permaýyş edýär: ylahy azap diňe ahyrere degişli däldir, eýsem dünýe-de we Bärzahda hem olary öz içine aljakdyr, emma wahýydan habarsyz bolanlar bu meseleden habarlydyrlar we özlerini düzeldip ylahy azapdan gutulmagyň pikrinde däldirler. soňra bu aýatlarda duşmanlaryň dürli pitneleri we hileleri beýan edilen soň Alla tagala Hezreti Resuly Äkräm(sa)-e ýüzlenip şeýle permaýyş edýär: Pygamberçilik jogapkärçiligini ýerine ýetirmek-de berk we mäkäm bol, we biz saňa ýol görkezip seni hemaýat etjekdiris we sen hatda ýekeje salym hem sen öz halyňa goýar ýaly biziň görejümizden daşarda bolan däldirsiň. Elbetde her bir ýagdaýda hem öz ruhuňy kuwwatlandyrmak üçin Alla tagala bilen yz-giderli baglanşykda bol we her günde ertir we agşamda ony tesbih aýtmak işi bilen meşgul bol sebäbi bu mesele seni özgelerden bi-niýaz edip seni uly we azamatly gudrata baglanşykly etjekdir.
Bu aýatlaryň öwredýän nokatlary şulardan ybarat:
1-njiden: zalymlar özleriniň şum akybatlaryndan habarsyzdyrlar, ýogsa bu hili işlere baş goşmazdylar. ýene bir ybaratda, özlerine sütem etmekden saklanardilar.
2-njiden: Allanyň dinini goramak ugurda täsipkeş garşylaryň öňünde durup sabyr bilen gynçylyklary başdan geçirmelidir.
3-njiden: eger ynsan Alla tagalanyň Hudaý ýolunda talaş edýänleri görýändigine imanly bolsa we olry goldajakdygyna ýürekden ynamy bolsa , onuň sabyr we çydamy hem köpeljekdir we öz talaşyndan el çekjek däldir.
4-njiden: Allaga raz o niýaz aýtmak we tesbih aýtmaklyk, hakykatda ynsanyň ruhuny ylahy permanlary ýerine ýetirmek üçin kuwwatlandyrmakda uly täsirilidir.
///////////////
Tur süresiniň soňy