bölüm 978, süre näjm, aýat 1-18
bölüm 978, süre näjm, aýat 1-18
978
Näjm süresi:
Näjm süresi Mekgede inip wahyýň nähili bolup Hezreti Resuly Äkräm(sa)-e inmegi we meraç ýa-da şol ol Hezretiň arşa çykmagy hakda bolan gürrüň bilen başlanýar,soň hem müşrükleriň horafaçyl işlerini ýazgarmak we dünýede we ahyratda ylahy jezalaryň bolmagy hakda dowam edýär.
Näjm süresi, 1, 2 3, we 4-nji aýatlar:
وَالنَّجْمِ إِذَا هَوَى ﴿١﴾ مَا ضَلَّ صَاحِبُکُمْ وَمَا غَوَى ﴿٢﴾ وَمَا یَنْطِقُ عَنِ الْهَوَى ﴿٣﴾ إِنْ هُوَ إِلا وَحْیٌ یُوحَى ﴿٤﴾
<< Ant bolsun ýyldyza, batan mahali // siziň eýäňiz (Muhammet) ne gümra bolandyr ne-de azaşandyr.// we haý-höwes ýüzünden sözleýän däldir// onuň sözi oňa inýän wahyden başga zat däldir.>>
Mekgi süreleriň käleri ýaly bu süre hem ant bilen başlaýar we taryh boýunda elmydama adam ogulunyň üns merkezinde bolup hatda kä mahallarda , kä ilat arkaly ybadat edilen we tebigi gopgunlaryň biri bolan ýyldyza ant bolsun diýýilýär. antladan soň Alla tagala Mekgede ýaşaýanlara ýüzlenip şeýle permaýyş edýär; Abdullanyň ogly Muhammet siziň araňyzda dünýä inip 40 ýyldan gowyrak hem siz bilen hemra we söhbetdeş bolandyr. siz şu mutdatyň boýunda ondan hiç bir erbet sözi eşidip ýa-da ýaramaz çykyşy gören dälsiňyz we hemmeler onuň dogruçylygyna şaýat bolup bilýärler: eger ol bu günki gün Allanyň tarapyndan siziň hedaýat bolmagyňyz üçin bellendim diýip aýak direýän bolsa , onuň sözleri nebs howasyndan ýa-da gudrat talaplyk ýüzünden däldir ol size üstüm çykyk orun alyp mal gazanmagyň ugrunda däldirde eýsem ol diňe sizi Hudaýa tarap çagyrýandyr onuň aýdan sözleri Alla tarapyndan inendir onda Hudaýyň sözlerini kabul edipde oňa iman getiriň.
Bu aýatlaryň öwredýän sapaklary şulardan ybaratdyr:
1-njiden: Pygamberler ýalana, gyşarnyga we gümralyga duş bolan uly taýpalaryň we kowumlaryň içinde önüp ösen bolsalarda , hiç haçan, olaryň tersin Pikirlerine we ynamlaryna duş bolan däldirler we olardan täsir alan däldirler.
2-njiden: haky kabul etmejek bolýanlar, päk adamlara gudrat talaplyk ýaly töhmetleri ýapmakda, hakdan gaçmak ugurda bir bahananyň gözleginde bolýandyrlar.
3-njiden: Pygamberleriň sözleri onuň birin isleglerinden göz baş alýan däldir, şeýlede köpçülige häkim bolan öriň hem täsirinde däldir.
4-njiden: pygamberiň sözi hüjjetdir, indi suratda Alla tagala tarapyndan sözlesin ýa-da öz tarapyndan bir işe perman bersin parh etmeýär.
Näjm süresi, 5, 6, 7, 8, 9, 10, 11 we 12-nji aýatlar:
عَلَّمَهُ شَدِیدُ الْقُوَى ﴿٥﴾ ذُو مِرَّةٍ فَاسْتَوَى ﴿٦﴾ وَهُوَ بِالأفُقِ الأعْلَى ﴿٧﴾ ثُمَّ دَنَا فَتَدَلَّى ﴿٨﴾ فَکَانَ قَابَ قَوْسَیْنِ أَوْ أَدْنَى ﴿٩﴾ فَأَوْحَى إِلَى عَبْدِهِ مَا أَوْحَى ﴿١٠﴾ مَا کَذَبَ الْفُؤَادُ مَا رَأَى ﴿١١﴾ أَفَتُمَارُونَهُ عَلَى مَا یَرَى ﴿١٢﴾
<< ony şädit-äl-gäwi (perişde) oňa öwretdi// güýçli gopgun, berk dikelip durdy// al asmanda duran halynda// soň ýakyn we ýakynrak geldi// kemanyň iki ujy ýaly ýakyn geldi// onsoň bendäge wahy etmeli zady wahy etdi// ýüregi bilen duýan zady inkär etmedi// onuň gören zatlary barada ol bilen jedel edýärsiňizmi?>>
Geçen aýatlar, wahyň inmeginiň esasy hakdady, indi bu aýatlar, Pygamber Äkräm(sa)-yň hudaýy bilen nähili arabaglanşyk tapmagyna yşarat edip şeýle permaýyş edýär; pygamberiň mugallymy alym we hekim Hudaýdyr we hemme älemiň güýç gudraty hem Allanyň erkinde bolup, işleri berkidýändir. ol zehin we enteşeden aşa bolan orunda ýerleşýändir, hiç kimse oňa ýetip biljek däldir, emma Pygamber(sa) imandan doly bolan ýüregi we kalby bilen görüp başardy. şeýle bir görmeklikde ýalňyşlyk ýokdur we ol Pygamberiň ýokary mertebede Allaga ýakyn barmagynyň maýasydyr. şeýle bir ýakyn barmaklyk, wahyň inmegine ýerlik döretdi we ondan soň Jebraýyl, Alla we Pygamberiň arasynda wasyta bolup, wahyny Hezreti Resuly Äkräm(sa)-yň ýüregine guýardy we ol Hezret hem Gurhannyň aýatlaryny ilata talwat ederdi. Pygamberçiligi inkär edýänler, elmydama taryh boýunda , Alla we ynsanyň arasynda arabaglanşygyň berkarar bolmagyny bolmajak iş bilip ony kabul etmekden saklanýardylar. emma bu arabaglanşyk maddy esasdan paýly bolan arabaglanşyk däldir eýsem ýürekden bolan içgin baglanşykdan ybaratdyr. bu aýatlar hem Pygamber Äkräm (sa)-yň öz ýürek gözi bilen Allany görüp başarandygyny nygtaýandyr.
Bu aýatlaryň öwredýän sapaklary şulardan ybarat:
1-njiden: diňe tejrebi ylymlar we ynsana degişli ylymlar, mugallyma mätäç däldir eýsem ynsan, magnawy ösüşden paýly bolmak üçin ylahy mugallymlara hem mätäçdir, ol şeýdyp hem Allanyň oňa öwredýän zatlaryny ilata öwretmelidir we olary puç pikirlere we batyl hakydalara giriftar bolmakdan alyp galmak ugurda talaş etmelidir.
2-njiden: Pygamber Äkräm(sa)-y özleri ýaly bir kişiniň şägirdi hesip edýänleriň garşysynd, bu aýatlar Hezreti Resulyň mugallymynyň, Hudaýyň özidigini äşgär nygtaýandyr.
4-njiden: Allaga bende bolup oňa ýakyn barmaklyk, Hezreti Resuly Äkräm(sa)-yň, Pygamberçilik ornuna ýetip, wahy almagyna şert döretdi, şol sebäpli bu aýatlar, Alla tagala bendesine wahy etdi diýip aýdýar. Perwerdigär Pygamberine wahy etdi diýip aýtmaýar.
Näjm süresi, 13, 14, 15, 16, 17, we 18-njy aýatlar:
وَلَقَدْ رَآهُ نَزْلَةً أُخْرَى ﴿١٣﴾ عِنْدَ سِدْرَةِ الْمُنْتَهَى ﴿١٤﴾ عِنْدَهَا جَنَّةُ الْمَأْوَى ﴿١٥﴾ إِذْ یَغْشَى السِّدْرَةَ مَا یَغْشَى ﴿١٦﴾ مَا زَاغَ الْبَصَرُ وَمَا طَغَى ﴿١٧﴾ لَقَدْ رَأَى مِنْ آیَاتِ رَبِّهِ الْکُبْرَى ﴿١٨﴾
<< Gümansyz ýene bir gezek ony görendir// sädrät äl-montehanyň golaýynda// şol jennt-äl mawanyň ýerleşen mekanynda// sädre agagyny basyran zamanynda ol basyrýan nur// Pygamberiň gözleri hakykatdan gyşarmady we (hetden) geçmedi// dogrudan-da ol, beýik Perwerdigäriň käbir nyşanalryny gördi.>>
Geçen aýatlaryň dowamynda bu aýatlar Hezreti Resuly Äkräm(sa)-yň arşa çykan wakasyna yşarat edýär, bu mesele Äsra süresiniň deslabynda hem aýdylandyr. geçen aýatlar, Hezreti Resuly Äkräm(sa)-yň ýürek gözi bilen Allany görendigini beýan edipdi we bu aýatlar, Hezreti Resuly (sa)-yň asmanlarda huzuly bolup Alla tagalanyň azamatynyň nyşanalaryny görendiklerine yşarat edýär. şeýle-de ol Hezretiň asmanlarda ylahy behişti görendiginden sözleýär, ol hem sädrät äl-monteha adly agajyň şahalarynyň saýasynda we kyýamatyň dikeltjek wagtyna çenli päk ynsanlaryň ruhlarynyň huzurly boljak mekanynda Hezreti Resuly Äkräm(sa) arşa çykan saparynda diýmek mygraç-da köp hakykatlary öz gözi bilen gördi, Alla tagala Hezreti Ybrahym(as)-a hem asmanlaryň we ýeriň azamatyna we mälekutyny görkezipdi , Perwerdigär ynsanlaryň hedaýatlaryna borçly ediln Pygamberleri doly ynama ýetirmek üçin, olara barlygyň azamatyny görkezendir.
Bu aýatlaryň öwredýän sapaklary şulardan ybarat:
1-njiden: Pygamberler hem ýürek gözi bilen hemde ýönekeý gözleri bilen Allany duýup ýaradylmyş älemiň azamatyny görendirler.
2-njiden: kyýamatda dikeljek ahyret beheştinden daşgary, bärzäh äleminde hem bir behişt bardyr welin şol mekandan päk we ýagşy kişiler paýly bolup ylahy nygmatlardan haýyrlanjakdyrlar.
////////////////