bölüm 979, süre näjm, aýat 19-30
bölüm 979, süre näjm, aýat 19-30
979
Näjm süresi, 19, 20, 21, 22 we 23-njy aýatlar:
أَفَرَأَیْتُمُ اللاتَ وَالْعُزَّى ﴿١٩﴾ وَمَنَاهَ الثَّالِثَهَ الأخْرَى﴿٢٠﴾ أَلَکُمُ الذَّکَرُ وَلَهُ الأنْثَى ﴿٢١﴾ تِلْکَ إِذًا قِسْمَهٌ ضِیزَى ﴿٢٢﴾ إِنْ هِیَ إِلا أَسْمَاءٌ سَمَّیْتُمُوهَا أَنْتُمْ وَآبَاؤُکُمْ مَا أَنْزَلَ اللَّهُ بِهَا مِنْ سُلْطَانٍ إِنْ یَتَّبِعُونَ إِلا الظَّنَّ وَمَا تَهْوَى الأنْفُسُ وَلَقَدْ جَاءَهُمْ مِنْ رَبِّهِمُ الْهُدَى ﴿٢٣﴾
<< maňa Lat-i Uzza butlaryndan habar ber.// we ol üçünjisi Menatda.// gümanyzya siz üçin ogul, ol üçin gyzmydyr?// bu ,adalatsyzlykly bölenşikdir// bu butlar adlardan başga zat däldirler we olary hem siziň atalaryňyz goýandyr we Perwerdigär olaryň berhaklygyna hiç bir delili iberen däldir we müşrükler diňe öz höweslrine we gümanlaryna eýerýändirler , Perwerdigäriň tarapyndan olara hedaýatyň gelen zamanynda.>>
bu aýatlar Mekgede ýaşaýan butparazlaryň iň möhüm inamlarynyň birini çalyşa çekip şeýle permaýyş edýär: siz bir tarapdan butlary perişteler hökmünde goýup olary ybadat edýärsiňiz ýene bir tarapdan hem perişteleri Allanyň gyzlary oý edip olardan Allanyň ýanynda şepagatyň umydynda bolýarsyňyz. emma Allanyň deslapdana perzenti ýokdur we perişteler Allanyň perzenti däldirler, ikinjiden hem, perişteler Allanyň perzentleri däldirler, üçünjiden hem, perişteler olaryň erkek we urkajysy bolýar ýaly ynsan däldirler. bulardan daşgary sizler, gyzlary özüňiz üçin pitneçilik we harlyk hasaplaýarsyňyz we hatda olary diri gömmge hem taýynsyňyz. indi nähili bolup gyzlary Allaga has bilip , perişteleri Perwerdigäriň gyzlary hasaplaýarsyňyz? Siziň öz şeýle bir toslamaňyza delil we borhanyňyz barmydyr? Ýa-da ata-babalaryňyzyň size aýdan zatlaryny eşidip, olary hiç bir delilsiz kabul etdiňizmi? egerde Allany ýagşy, tanamagyň ýyzynda bolsaňyz, Perwerdigär iň soňky Pygamberi we Gurhan Kitabyny ibermek bilen hedaýat ýoluny size görkezip goýandyr, siziň gyşarnyga duş bolmaňyzyň öňüni almak üçin.
Bu aýatlaryň öwredýän sapaklary şulardan ybaratdyr:
1-njiden: müşrükler Allany kabul edýärdiler emma ybadat etmekde horafaçylyga giriftar bolup, daşdan bolan butlary Allanyň gyzlary hökmünde atlandyryp olary ybadat edýärdiler.
2-njiden: gyşarnykly pikirleriň garşysynda jedel ýolundan haýyrlanyp, onuň öz mantyk esasynda ony garalap bolýandyr. müşrükler gyzly bolmagy özlerine harlyk bilýärdiler, indi nähili bolup perişteleri Allanyň gyzlary hasaplaýarlar?
3-njiden: gyz we erkekleriň arasynda parh goýup, olaryň birini ol birine üstem saýmaklyk, zulum we adalatsyzlygyň görnüşlerindendir.
4-njiden: ata-babalaryň sünnetleri we hakydalary soňraky nesilleriň medeniýetinde köp täsiri galdyrýandyr, şol sebäpli olaryň däp-dessurlaryndan köre-körlük ýüzünden etagat edip, olara eýermeklik, adam oglunyň köpçüliginde horafaçylygyň ýaýbaňlaşmagyna sebäp boljakdyr.
5-njiden: süs we esassyz gümanlar, şeýle-de nebs howasyna eýermeklik, köp ilatyň gumralyga duş bolup ylahy hedaýatdan daş galmaklaryna sebäp bolandyr.
Näjm süresi, 24, 25 we 26-njy aýatlar:
أَمْ لِلإنْسَانِ مَا تَمَنَّى ﴿٢۴﴾ فَلِلَّهِ الآخِرَهُ وَالأولَى ﴿٢۵﴾ وَکَمْ مِنْ مَلَکٍ فِی السَّمَاوَاتِ لا تُغْنِی شَفَاعَتُهُمْ شَیْئًا إِلا مِنْ بَعْدِ أَنْ یَأْذَنَ اللَّهُ لِمَنْ یَشَاءُ وَیَرْضَى ﴿٢۶﴾
<<ynsan her nämäni arzuw etse oňa ýetermi?// onda ahyret we dünýä Perwerdigäre degişlidir// we asmanlarda bolan köp perişteler, emma olaryň şepagaty peýdaly boljak däldir, meger Allan özüniň isleýän , razy bolan kimselerine rugsat berer. >>
bu aýatlaryň esasynda müşrükler , perişteleriň şepagatlaryna umytly bolup, olary ybadat edýärdiler, emma olaryň şeýle bir arzuwlary beýleki ýersiz we esassyz arzuwlary ýaly, hiç haçan durmuşa geçjek däldir. sebäbi dünýe we ahyret ylahy yrada boýünça dolandyrylýandyr we ol, ynsanlaryň umyt arzuwlaryna bagly däldir. şeksiz, geljege bolan umyt, ynsanyň iş talaşda bolmagyna sebäp bolup, onuň ösmegine şert döredýändir, eger umyt bolmasa onda hiç kim talaş edip öz ýaşaýyşyny öňe äkitmek ugurda ädim ardjak däldir, elbetde ynsanyň umyt we arzuwlary, öz ukyplaryna we görümlerine görä bolmalydyr, eger beýle bolmasa ol hyýal we gumana geriftar boljakdyr. bu aýatlaryň ýazgarýan zady akyl, mantyk ýa-da ylahy wahý esasynda bolmadyk puç isleg arzuwlardyr, sebäbi şeýle bir puç we hakykatdan daş bolan arzuwlary gyrakda goýmagyň özi, ynsanyň we adam oglunyň köpçüligiň ösmegine ýerlik döretjekdir.
Bu aýatlaryň öwredýän sapaklary şulardan ybarat:
1-njiden: ynsana sagadat we hedaýat ýoluny görkezýän akly we wahyny gyrakda goýupda, puç hyýal arzuwlara ýürek baglamak ynsany dünýe-de we ahyretde ylahy lutuflary alyp bilmekden şeýle-de ösüşden alyp galýandyr.
2-njiden: biz islendik netijä ýetip başar ýaly, öz isleg arzuwlarymyzy ylahy yrada bilan sazlaşdyrmalydyrys, biz Allanyň hekmetli yradasynyň biziň eradamyz we arzuwlarymyza görä bolmagyna garşmaly däldiris.
Näjm süresi, 27, 28, 29 we 30-njy aýatlar:
إِنَّ الَّذِینَ لا یُؤْمِنُونَ بِالآخِرَهِ لَیُسَمُّونَ الْمَلائِکَهَ تَسْمِیَهَ الأنْثَى ﴿٢٧﴾ وَمَا لَهُمْ بِهِ مِنْ عِلْمٍ إِنْ یَتَّبِعُونَ إِلا الظَّنَّ وَإِنَّ الظَّنَّ لا یُغْنِی مِنَ الْحَقِّ شَیْئًا ﴿٢٨﴾ فَأَعْرِضْ عَنْ مَنْ تَوَلَّى عَنْ ذِکْرِنَا وَلَمْ یُرِدْ إِلا الْحَیَاهَ الدُّنْیَا﴿٢٩﴾ ذَلِکَ مَبْلَغُهُمْ مِنَ الْعِلْمِ إِنَّ رَبَّکَ هُوَ أَعْلَمُ بِمَنْ ضَلَّ عَنْ سَبِیلِهِ وَهُوَ أَعْلَمُ بِمَنِ اهْتَدَى ﴿٣٠﴾
<< Ahyrete imany bolmadyklar, perişteleri gyzlaryň ady bilen adlandyrýarlar// olaryň şeýle bir zada hiç bir ylymlary ýok zamanynda , olar öz gümanlaryndan başga zada eýerýän däldirler we şeksyz güman haky bilmekde ynsana kömek ýetirmez// onda her bir kimse bizi ýat etmekden gapyl galyp dünýäň ýaşaýyşyndan aýry zady islemese, ondan ýüz öwür.// bu, olaryň ylym we magrypatlarynyň soňky derejesidir. Perwerdigärň onuň ýolundan gurma bolanlary ýagşy tanaýandyr we hedaýat bolanlara danarakdyr.>>
Ozal hem aýdyşymyz ýaly müşrükler, Allany dünýäň ýaradylmyşynyň başlangyjy we göz başy hökmünde kabul edýärdiler. emma kyýamata we ölümden soň boljak jeza we padaşa hakydaly däldiler. şol sebäpli bu aýatlar şeýle permaýyş edýär: bu hrafaçyllygy Alla degişli bilip, onuň esasynda hem butlara sygynýan kişiler, hakykatda , kyýamata ynanýan däldirler we öz işleriniň soňundan gorkýan hem däldirler. Aýatlaryň dowamunda, adam oglunyň köpçüliginiň ýaramazlyklarynyň birine yşarat edip şeýle permaýyş edýär: köp adamalryň mäbdä we mäad diýmek başlangyç we ölümden soň direlmegiň bardygy hakdaky ynamlary guman esasyndadyr, emma hakykat şudur welin şeýle bir meselelerde ynsan ylym we doly ynama ýetmelidir, şeýdyp hem öz hakydasynyň hakdygyna ynamly bolmalydyr. tebigi suratda älem-jahanyň başlangyç nokatyny tanamak ugurda adamlaryň köpüsi Pygamberlerden peýdalanyp, olaryň hedaýatlaryndan paýly bolýandyrlar. emma beýlekileriň hakykatdan bolan maglumatlary diňe dünýäni tanapda, onuň lezzetlerinden we nygmatlaryndan haýyrlanmaklyga çäkli bolýandyr.
Bu aýatlaryň öwredýän sapaklary şulardan ybarat:
1-njiden: möhüm bolmadyk ýönekeý işlerde gümana eýermek mümkin köp zyýanlary yzyna tirkemesin we olaryň ýerini dolduryp bolsun, emma ygtygady meseleler hakda güman esasynda bolmaklyk köpüsi uly zyýanlary yzyna tirkejekdir, sebäpli ömür hiç haçan gaýtalanýan däldir.
2-njiden: ilaty hedaýat we terbiýelemek we olary Alla tarap hedaýat etmek üçin hakyň gözleginde bolan adamlara ýüzlenmelidir, Allanyň ýadyndan ýüz öwrüp hakykata gözlerini gulaklaryny baglan adamlaryň tarapyna gitmeli däldir.
3-njiden: dünýeçil bolmak Allany we kyýamaty unutmaklygyň sebäpkärlerindendir, eger dogry we akyl ýüzünden tebigi lezzetlerden hezil alsak, ýagşy işdir, emma hetden aşa dünýä ýürek baglamak zyýanlykly we ýaramazdyr.
//////////////