bölüm 980, süre näjm, aýat 31-42
bölüm 980, süre näjm, aýat 31-42
980
Näjm süresi, 31 we 32-nji aýatlar:
وَلِلَّهِ مَا فِی السَّمَاوَاتِ وَمَا فِی الأرْضِ لِیَجْزِیَ الَّذِینَ أَسَاءُوا بِمَا عَمِلُوا وَیَجْزِیَ الَّذِینَ أَحْسَنُوا بِالْحُسْنَى ﴿٣١﴾ الَّذِینَ یَجْتَنِبُونَ کَبَائِرَ الإثْمِ وَالْفَوَاحِشَ إِلا اللَّمَمَ إِنَّ رَبَّکَ وَاسِعُ الْمَغْفِرَهِ هُوَ أَعْلَمُ بِکُمْ إِذْ أَنْشَأَکُمْ مِنَ الأرْضِ وَإِذْ أَنْتُمْ أَجِنَّهٌ فِی بُطُونِ أُمَّهَاتِکُمْ فَلا تُزَکُّوا أَنْفُسَکُمْ هُوَ أَعْلَمُ بِمَنِ اتَّقَى ﴿٣٢﴾
<<Teleke işlere baş goşanlary jezalandyryp, ýagşy işleri ýerine ýetirenleri iň oňat suratda paý-padaşdan paýly etmek üçin asmanlarda we ziminde bar bolan zattlar Hudaýa degişlidir.// uly günälerden we äşgär ýaramazlyklardan -meger islenmezden ýüze çykan günäler bolmasa- gaça durýan kişiler, şeksiz Perwerdigäriň magrypaty ýaýbaňdyr. ol size danarakdyr, sizi ýer ýüzünde dörän zamaňyz we enelerňiziň garnyndakaňyz. onda özüňizi aýypsyz hasaplap pahyrlanmaň, ol takwany göz öňüne alýanlary gowy tanaýandyr.>>
Bu aýatlar, ylahy jeza we padaş düzgünine yşarat edip, şeýle permaýyş edýär: asmanlaryň we ýeriň eýesi bolan Hudaý ynsanlary her hili islegleri boýunça amal edýärler ýaly, olary öz hallaryna goýberen däldir. eýsem, bir düzgüni we kada karary belli edip, şonuň esasynda hem ýagşylyk edýänlere paý-padaş berip, telek işlere baş goşýanlary hem jezalandyrýandyr. elbetde erbet işleriň ýagdaýy meňzeş däldir, käleri uly, käleri hem kiçi bolýandyr. käleri bilgişleýin amala aşyrylýandyr, käleri hem islenmezden ýüze çykýandyr. tebigi suratda hem Allanyň şeýle bir günäler garşysyndaky gaýtawuly hem parhlydyr, eger bir adam özi islemezden bir günä işe baş goşsa , soň hem puşman bolup, ony gaýtalamasa, Alla tagala hem onuň ýazygyny geçýändir, emma beýle bolmasa, ol ylahy magrypat we güzeştden paýly boljak däldir. bu aýatlarda äşgär günälerden gaça durup ýagşy işleri ýerine ýetirmekde özüňizi ilat arasynda päklik bilen öwmäň we pahyrlanmagyň sebäbi Alla siziň işleriňiziň hakykatyna ýetikdir we ol hakyky päk adamlary tanaýandyr diýip nygtalýandyr.
Bu aýatlaryň öwredýän sapaklary şulardan ybarat:
1-njiden: dünýe ynsan üçin ýaradylandyr we adam, jahany ýaradan Perwerdigär garşysynda öz işleri hakda jogapkärdir.
2-njiden: ýagşy ynsanlar, ýalňyş işlerden aman däldirler, elbetde olar ýürekleriniň päk bolandygy sebäpli, günä işlere tarap barmaýarlar we eger islemezden bir ýalňyşlyga baş goşsalar hem toba edip öwrülýändirler.
3-njiden: hiç haçan özümizi aýyp we telek işlerden aman hasaplamaýlyň we menlik we pahyrlanmaklyga duş bolmalyň, sebäbi ilat biziň işlermizden we aýyplarymyzdan habarlydyr.
Näjm süresi, 33, 34, 35, 36, 37 we 38-nji aýatlar:
أَفَرَأَیْتَ الَّذِی تَوَلَّى﴿٣٣﴾ وَأَعْطَى قَلِیلا وَأَکْدَى ﴿٣۴﴾ أَعِنْدَهُ عِلْمُ الْغَیْبِ فَهُوَ یَرَى ﴿٣۵﴾ أَمْ لَمْ یُنَبَّأْ بِمَا فِی صُحُفِ مُوسَى ﴿٣۶﴾ وَإِبْرَاهِیمَ الَّذِی وَفَّى ﴿٣٧﴾ أَلا تَزِرُ وَازِرَهٌ وِزْرَ أُخْرَى﴿٣٨﴾
<< (allanyň ýolunda ynfak etmekden) ýüz öwren kişiden habar ber. // (ol kişi malyndan) azajyk bagşlany soň bahylçylyk etdi// meger gaýypdan habaly bolmak onuň ýanyndamy? (bagyşlamak işini dowam edende onuň netijesini biler ýaly?) // meger Musanyň Turatynda gelen zatdan ony habarly etmedilermi?// şeýle haky kämil suratda ýerine ýetiren Ybrahymyň Sohofinde gelen zatlardan habarsyzmy?// günäden ýüki ýetik adam beýlekileriň günäsini boýnuna aljak däldir.>>
Geçen aýatlarda ynsanyň, işleriniň garşysyndaky jogapkärçiliklerinden gürrüň boldy, bu aýatlar ýene bir şekilinde şeýle bir meseläni nygtap, permaýyş edýär; käbir adamlar kyýamatda öz ýazyk we günälerini beýlekileriň boýunyna oklap başararmykam diýip oý edýärler. bu kişiler bir tarapdan mätäç adamlara kömek edip, dermandalary goldamak ugurda, öz wezipelerini ýerine ýetirmekde keýeňlik edendirler, şeýle-de bahylçylyk ýaly ýaramazlyklara baş goşandyrlar we ýene bir tarapdan öz elhenç işleriniň jogapkärçiligini kabul etmäge taýyn däldirler. emma geçen asmanlyk kitaplarda nygtalyp, Pygamberler arkaly hem aýdylan usullaryň biri şudyr welin hemmeler öz işleriniň joapkärçiliklerini boýuna almalydyrlar we olar pul tölemek ýaly işler bilen öz işleriniň jogapkärçiliklerini we günälerini başgalaryň gerşine oklap onuň yz-gelimlerinden gutulyp başarjak däldirler.
Bu aýatlaryň öwredýän sapaklary şulardan ybarat:
1-njiden: ynfak etmek we mätäçleri goldamak ýaly işleri dowam etdirmek adamlara kyýamatda çäre bolup goldaw berjekdir, emma kä mahal kömek edip, köp mahallarda hem bu işleri gyraga goýman ynsanyň öz wezipesine we ylahy borjuna ynamsyz bolmagyndan nyşandyr.
2-njiden: Hezreti Ybrahym(as) wepa we güzeştiň ülňisidir, ylahy peýmanlara wepaly bolmak we Hudaý ýolunda özüňden, başdaşyňdan we perzendiňden geçmeklik , Hezreti Ybrahymyň häsiýetlerindendir.
Näjm süresi, 39, 40, 41 we 42-nji aýatlar:
وَأَنْ لَیْسَ لِلإنْسَانِ إِلا مَا سَعَى ﴿٣٩﴾ وَأَنَّ سَعْیَهُ سَوْفَ یُرَى ﴿۴٠﴾ ثُمَّ یُجْزَاهُ الْجَزَاءَ الأوْفَى ﴿۴١﴾ وَأَنَّ إِلَى رَبِّکَ الْمُنْتَهَى ﴿۴٢﴾
<< We ynsana talaş eden zadyndan başga paý-padaş ýokdyr// we onuň talaş tagallasynyň netijesi çaltlykda görüljekdir// soň onuň kämil padaşyny berjekdirler // we bütin işleriň soňi Alla tarap dolanýandyr.>>
Allanyň adylnyň esasynda ylahy dinleriň usullarynyň ýene biri şudur welin her kimse öz wezipelerini ýerine ýtirmek ugurda çeken zähmetine görä paýly bolup kyýamatda padaş aljakdyr. öz teleke işleriňi käbir bahanalar zerarly beýlekileriň gerşine oklap bolmaşy ýaly, beýlekileriň gowylyklaryny we ýagşylyklaryny hem käbir bahanalar bilen özüňe haslap bolýan däldir we özüňi olaryň ýagşy işlerine şärik edipde ondan paý-padaş alyp boljak däldir.
Elbetde köp işler we talaşlar hem netijä ýedýän däldir we mümkin islendik netijäni olardan alyp bolmasyn, şol sebäpli Gurhanda elmydama talaş we tagalla etmek nygtalandyr we ynsan öz başa barmaýan işlerinden numyt bolmaly däldir, sebäbi Alla tagala onuň talaşlaryna şaýat bolansaň, onuň ýagşy işleriniň padaşyny kämil suratda berjekdir.
Bu aýatlaryň öwredýän sapaklary şulardan ybarat:
1-njiden: ylahy buýruklary ýerine ýetirmek üçin talaş etmek biziň borjumyzdyr, emma ondan netije almak elmydama biziň erkimizde däldir, şol sebäpli biz wezipeleri ýerine ýetirmäge tekliplidiris, göz öňüne alan netijämize elgermek ugurda borçly däldiris
2-njiden: hiç bir amal ýaradylmyş äleminde ýok bolýan däldir. amalyň galjakdygyna we adyl ýüzünden bolan jeza we padaş düzgüniň bardygyna ynamly bolup, iman getirmek hamana ynsanyň ýagşy işleri ýerine ýetirmegi üçin şowhlanmagyna we ykjam bolmagyna sebäp boljakdyr, hemde ony işleri garşysynda jogapkär we ätiýatly edip goýýandyr.
3-njiden: dünýe ynsanyň amallaryna kämil suratda jeza bermek ugurda ukyply däldir, şol sebäpli hak ýerine ýetirler ýaly kyýamat gereklidir.
4-njiden: Alla tagala biziň işlerimizi görýändir we biziň maksatymyz we talaşymyz boýunça kämil padaş bize berjekdir.
5-njiden: egerde kyýamata we biziň işlerimiziň soňunyň Alla bilen boljakdygyna ynamly bolsak, haýyr işleri ýerine ýetirmekde keýeň durmany öz güýjümize görä talaş etmelidiris.
/////////////