bölüm 981, süre näjm, aýat 43-62
bölüm 981, süre näjm, aýat 43-62
981
näjm süresi, 43, 44, 45, 46, 47, 48, we 49-njy aýatlar
وَأَنَّهُ هُوَ أَضْحَکَ وَأَبْکَى﴿۴٣﴾ وَأَنَّهُ هُوَ أَمَاتَ وَأَحْیَا ﴿۴۴﴾ وَأَنَّهُ خَلَقَ الزَّوْجَیْنِ الذَّکَرَ وَالأنْثَى ﴿۴۵﴾ مِنْ نُطْفَهٍ إِذَا تُمْنَى ﴿۴۶﴾ وَأَنَّ عَلَیْهِ النَّشْأَهَ الأخْرَى ﴿۴٧﴾ وَأَنَّهُ هُوَ أَغْنَى وَأَقْنَى ﴿۴٨﴾وَأَنَّهُ هُوَ رَبُّ الشِّعْرَى ﴿۴٩﴾
<< we oldur güldürýän we aglatýan// we oldur öldürýän we direltýän// we oldur erkek bilen urkajyny jüft edip ýaradan// räheme goýulýan nütfeler arkaly// we ýene bir jahany ýüze çylarmak hem onuň bilen dir// we oldur size baylyk berip biniýäz edýän// we oldur Şeera ýyldyzyny ýaradan perwerdigär .>>
Geçen gepleşikde , alla tagalanyň dünýä bolan häkemiýetine yşarat edip bütin işleriň , oňa tarap dolanýandygy aýdyldy , bu aýatlar bir näçe mysaly beýan edip şeýle permaýyş edýär : siz ynsanlaryň we bütin närseleriň ölüm we ýaşaýyşy allanyň erkindedir, siz öz yradaňyz bilen dünýä inen dälsiňiz we onuň özi hem bu dünýeden äkitjekdir . ynsanlaryň beýleki närseler bilen bolan belli parhlarnyň biri , onuň gülüp aglamagydyr , we bu häsiýeti hem perwerdigär adamlaryň dürkünda goýandyr . Ynsanlar gülüp aglamak bilen öz , atyfalaryny , we dügülaryny beýan edip, äktiw we şohunly ýaşaýyşdan paýly bolýandyrlar, şeýlede , perwerdigär ynsanlaryň we biýleki närseleriň nesilleriniň dowamly bolmagy üçin käleri erkek we käleri urkajy edip ýaradandyr , şeýlede , nesil öndürmek ükibi olarda karar berip entejik ejiz nütfadan gysga mütdetde, kämil dügüdi önderýändir , we bu dünýäň yzy bilen ýene bir dünýäni ýaradan hem perwerdigärdir , her kimse bu dünýede ekýän zadyny , indiki dünýede we kyýamatda orjakdygyny bilmelidir we hiç bir amal jogapsyz galjak däldir . We oldur öndürmek we sowda etmek arkaly size mal we baýlyk bagyşlap , sizi ýaşaýyşyň mätäçliklerinden ganahatlandyryp , sizi biniýäz edýän perwerdigär. diňe zemin we ýer ýüzünde ýaşaýanlaryň dälde eýsem asman we bütin ýyldyzlaryň indi olary atlary bilen tanaýan bolsaňyz , ýada tanamaýan bolsaňyz parh etmeýär , olaryň perwerdigäri hem alla tagaladyr . Onda näme üçin beýlekileriň ýanyna baryp olary allaga şärik tutunýarsyňyz ? we olaryň berabarynda tagzym edýärsiňiz ?
Bu aýatlaryň öwrdýän sapaklary şulardan ybarat:
1-njiden: hemme zadyň göz başy we başlangyjy , alla tagaladyr eger ýüzli suratda gapma garşy bolup birek_ birege çapraz gelýän bolsada we biz birini haýyrlanyp ol birini şer hasap edýän bolsakda , hamana ýaşaýş we ölüm şeýle gülki we agy
2-njiden: närseleriň arasynda bar bolan jüft bolmak düzgüni olaryň nesliniň dowamly bolmagyna kepil geçýändir we bu älemiň ajaýyp görnüşlerinden bolup alla tagalanyň jahany dolandyrmakdaky hikmetiniň nyşanlaryndan hasaplanýandyr .
3-njiden: mal we baýlygy özümize degişli bilmäýliň sebäbi adam oglunyň eli bilen önderilýän bütin önümleriň çaşmesi hem alla tagala arkaly ýaradylandyr we ondan haýyrlanmak akyly hem alla tagala ynsana bagyş edendir .
näjm süresi, 50, 51, 52, 53, 54 we 55-nji aýatlar
وَأَنَّهُ أَهْلَکَ عَادًا الأولَى ﴿۵٠﴾ وَثَمُودَ فَمَا أَبْقَى﴿۵١﴾ وَقَوْمَ نُوحٍ مِنْ قَبْلُ إِنَّهُمْ کَانُوا هُمْ أَظْلَمَ وَأَطْغَى ﴿۵٢﴾ وَالْمُؤْتَفِکَهَ أَهْوَى﴿۵٣﴾ فَغَشَّاهَا مَا غَشَّى ﴿۵۴﴾ فَبِأَیِّ آلاءِ رَبِّکَ تَتَمَارَى ﴿۵۵﴾
<< we oldur adyň ozalky nesilni ýok eden// we sämutdan hiç birini baky goýan däldir// we olardan ozal hemmelerinden siremkärräk we serkeşräk bolan nuhuň komuny ýok etdi// we ylahy azaba giriftar bolan kowumlaryň şähärlerini derbi-dagan etdi// , onda (ylahy azabyň) basygyly bolşy ýalay olary basyryp goýdy// onda eý ynsan sen perwerdigäriň haýsy bir nygmaty hakda şübheli bolýarsyň ? >>
Geçen aýatlaryň dowamunda , alla tagalanyň ynsan we jahana bolan häkemiýetine yşarat bolany soň bu aýatlar şeýle permaýyş edýär: näme üçin kapyrlar we zalymlar geçen kowumlardan ybrat we sapak almaýarlar, meger kä bir uly medeniýetleriň günä we zulum etmekleri sebäbli dargandygyny we olardan hiç bir eseriň galmandygyny bilmeýärlermi ? at, sämut , nuh we lutyň kowumlary ylahy pygambarlaryň tohyt we dogurçylyga tarap bolan çakylyklarynyň garşysynda togýan edip serkeş boldular , şonuň üçin hem bu dünýede ylahy azap olary gurşap aldy ,we bir az päk we mömin adamlardan başga hemmesi heläk boldular , kä bir kapyr we zalym adamlaryň naşükür bolup ylahy magnawy we matdy nygmatlary onutýandyklary bir hakykatdyr , bu topar ynsanlar bir hilli togýan we sitemçi bolýandyrlar welin olar öz işlerniň jezasyna şu dünýede şaýat bolýandyrlar we bu dünýede azap olara inýändir .
bu aýatlaryň öwredýän sapaklary şulardan ybarat:
1-njiden: geçmişde ýaşan ynsanlaryň tarhyny barlamak bilen olaryň erbet ýazgytlaryndan sapak alyp , togýan we serkeşlik etmekden saklanmalydyr .
2-njiden: ylahy jezalar diňe kyýamata has däldir, we kä mahallarda , zalymlar şu dünýede öz işlerniň jezasyny görjek dirler .
3-njiden: ilata zolum we sütem edip allanyň berabarynda togýan etmek , geçen kowumlaryň heläkçilige uçramaklarynyň sebäplerindedir .
näjm süresi, 56, 57, 58, 59, 60, 61 we 62-nji aýatlar
هَذَا نَذِیرٌ مِنَ النُّذُرِ الأولَى ﴿۵۶﴾ أَزِفَتِ الآزِفَهُ ﴿۵٧﴾ لَیْسَ لَهَا مِنْ دُونِ اللَّهِ کَاشِفَهٌ ﴿۵٨﴾أَفَمِنْ هَذَا الْحَدِیثِ تَعْجَبُونَ ﴿۵٩﴾ وَتَضْحَکُونَ وَلا تَبْکُونَ ﴿۶٠﴾ وَأَنْتُمْ سَامِدُونَ﴿۶١﴾ فَاسْجُدُوا لِلَّهِ وَاعْبُدُوا ﴿۶٢﴾
<< Bu pygambar ozalky duýduryş berjileriň birisidir// kyýamat golaýlandyr// alladan başga hiç kimse şol günüň gyn ýagdaýlaryny ýok edip başarjk däldir// onda şeýle bir sözden haýran galýarsyňyzmy ?// we şeýle bir ýowuz ýagdaýda aglamagyň deregine masgaralap gülýärsiňizmi?// siz hemişe gaflatda we haý_ hewesiň yzyndadyrsyňyz// onda (kyýamatyň ýowuz güni gaşyňyzdaka) diňe allany sejde edip ony ybadat ediň. >>
näjm süresiniň soňy bolan bu aýatlar , tekebbirlik we gyflata , duçar bolan ynsanlara , ýüzlenip şeýle permaýyş edýär: siz nähilli kyýamatda huzurly bolup öz işleriňize jogap bermek hakdaky ylahy pygambarlaryň duýduryşlaryna ynanmany ony bolmajak işler hasaplaýarsyňyz ? Emma siziň ölümiňiz ýakyndyr we onuň yzy bilen kyýamat hem geljekdir . dünýe bir hilli sizi özüne maşgul edendir welin ahyretden gapyl bolansyňyz. Öz ýgdaýyňza aglamagyň ýerine , mestlik ýüzünden gülýänsiňiz we iman ähliniň ynam-ygtykatlryny masgaralap harlyk ýüzünden olara ser edýänsiňiz . bu süräniň iň soňky aýaty , ynsanlaryň menlik we gyflatdan , gutulmaklarynyň , ýoluny allanyň garşysynda pes päl bolup şerklikden gaça durup allany ybadat etmekde bilýär .
Bu aýatlaryň öwredýän sapaklary şulardan ybarat:
1-njiden: kyýamaty daş bilmeli däldiris .
2-njiden: eger özümiziň gutulmakmyza oýlanýan bolsak onda şu dünýede onuň sebäplerini taýýarlamalydyrys sebäbi ahyretde biz üçin gaçalga we gutulyş ýoly boljak däldir.
3-njiden: aglamak diňe dünýewi işlere has däldir , allanyň öwliýalary özleriniň kyýamatdaky ýagdaýlaryna aglap alla tagaladan magfyrat talap edýändirler .
4-njiden: her reket namazda iki gezek ýerine ýedýän alla tagalanyň berabarynda , sejde etmeklik , menlik, pahyrlanmak we gyflat ýly apatlary derman etmegiň ýollaryndandyr .
////////////////
Näjm süresiniň soňy