bölüm 982, süre Gamar, aýat 1-8
bölüm 982, süre Gamar, aýat 1-8
982
Gamar süresi
gurhany kerimiň mübärek gamar süresi mekgede inen süreleriň biridir, bu şürede alla tagala köplenç müşrüklere we garşylara duýduryş berýär we geçen komlaryň şeýle bir duşmançylyklar zerarly heläkçilige uçrandyklaryny ýatlap geçýär.
Gamar süresi, 1, 2 we 3-nji aýatlar:
اقْتَرَبَتِ السَّاعَةُ وَانْشَقَّ الْقَمَرُ ﴿١﴾ وَإِنْ یَرَوْا آیَةً یُعْرِضُوا وَیَقُولُوا سِحْرٌ مُسْتَمِرٌّ ﴿٢﴾ وَکَذَّبُوا وَاتَّبَعُوا أَهْوَاءَهُمْ وَکُلُّ أَمْرٍ مُسْتَقِرٌّ ﴿٣﴾
<< Kyýamat golaýlady, we aý bolundy// we haçanda mugjyza gşzleri düşende “bu mudymy jadygöýlik” diýip aýdarlar.// we (seni we gurhany) ynkar edip öz haý-heweslerine eýerdiler ýöne her bir zadyň soňy bardyr we hemme zat äşgär boljakdyr.>>
maübärek gamar süresiniň bu başlangyç aýatlary yslamyň beýik pygambarynyň uly mugjyzalaryna yşarat edýär, mekge müşrekleri , hezreti resuly äkremiň çakylygyny Kabul etmekden boýun gaçyrmak üçin ol hezretden bir zady islediler welin öz gumanlary boýunça ol hezretleri şeýle bir işi ýerine ýetirmekden natuwan bolsun, we ony durmuşa geçirip başarmasyn. Olar hudaý resuluna ýüzlenip egerde sen allanyň pygambary diýip dogry aýdýan bolsaň onda aýy biz üçin iki böl; olaryň ynamlary boýunça jadygöýlik diňe ýer ýüzünde bolan zatlara täsirlidi we asmandaky zatlara täsir goýmazdy, we egerde aý iki bölünse onda muhammediň işiniň jadygöýlik däldigi hemmelere äşgär boljakdy, şol wagtlarda, hezreti resuly äkrem alla tagaladan olaryň islegleriniň durmuşa geçirilmegini isledi, we allanyň emri bilen, aýyň kämil bolan zamanynda, bir gijede pygambar äkremiň yşaraty bilen aý iki bölüme bölündi we mekge ilaty bu wakany görenlerinde, ýenede aý ozalky ýagdaýyna öwrüldi. Emma şol bir ýagdaýda hem tersleşik görkezýän müşrekler, şeýle bir herekete garaşýan bolsalar-da bu işi bir hilli jadygöýlik hasaplap, hakykatda aý iki bölüme bölünýän däldir we sen jadygöýler ýaly, biziň gözlerimizi baglap, şeýle bir gumany bizde döretdiň diýip tosladylar. Emma müşrükleriň toslamalarynyň tersine şeýle bir hadysa, hakykatdan hem ýüze çykandyr we şam we ýämän ýollarynda ýolagçylykda bolan kerwenler hem şeýle bir ajaýyp gopguna şaýat bolandyrlar we hatda hent ilaty hem aýyň bölünmegini görendirler . Gurhany kerim şeýle permaýyş edýär: bu inkär etmeleriň köki nebsiň haý-hewesidir we bu mesele hem ynsanyň hakyň garşysynda boýun eňmegine rugsat berýän däldir, olar diňe öz islegleri boýunça amal etmekligi talap edýändirler welin soňda hakykat äşgär boljakdyr we kofyr we şerkiň soňy hem heläkçilikden başga zat däldir.
bu aýatlaryň öwredýän sapaklary şulardan ybarat:
1-njiden: kyýamatyň ýüze çykjakdygy hokmanydyr, we bular bolsa kyýamat we hesap kitapdan gapyl bolanlar üçin çynlakaý bir duýduryşdyr, iň soňky pygambaryň hem pygambarçylyga bellenmegi jahanyň soňunyň golaýdygyndan hekaýat edýändir .
2-njiden: hezreti resuly äkremiň mudymlyk mugjyzasy bolan gurhandan başga ol hezretiň başga mugjyzalary hem bolandyr we aýyň iki bölünmegi hem şol mühüm mugjyzalaryň biridir.
3-njiden: jedelkeş adamlar, mugjyzalary öz gözleri bilen görseler-de ony bir hilli jadygöýlik bilip ol' hezreti inkär edýändirler.
4-njiden: haý-höwslere eýermeklik garşylaryň hezreti resuly äkremiň hakdygyny Kabul etmekden saklanmaklarynyň iň mühüm delillerindendir.
Gamar süresi, 4 we 5-nji aýatlar:
وَلَقَدْ جَاءَهُمْ مِنَ الأنْبَاءِ مَا فِیهِ مُزْدَجَرٌ ﴿٤﴾ حِکْمَةٌ بَالِغَةٌ فَمَا تُغْنِ النُّذُرُ ﴿٥﴾
<< We şeksiz geçmişden bolan habarlar kapyrlykdan saklanmaklary üçin olara ýetirlendir// şol habarlar rewşen hekmet bolsada berlen duýduryşlar olara peýda bermedi.>>
Geçen aýatlaryň dowamunda bu aýatlar, şeýle permaýyş edýär: duşmanlaryň hezreti resuly äkremiň çakylygyny Kabul etmekden saklanmaklarnyň delili olaryň nadanlyklary we ägäsizlikleri üçin däldi, sebäbi olar heläkçilige uçran ozalky kowumlaryň ýazgytlaryndan habarlydylar. Olar ozalky dinlere eýerýänlerden, kyýamatyň dikeljekdigini we behiştdir dowzahyň boljakdygyny eşidipdiler. Şonda-da olar ýaramaz işlerinden saklanmaýardylar .
şeksiz alla we pygambaryň tarapyndan aýdylýan zatlar hojjatyň Kamil bolmagydy we hakdyr hekmet sözleriň hem olara ýetirilmegidi, emma bu ynsanlaryň köpüsi şeýle bir duýduryşlara üns berýän däldirler.
Bu aýatlaryň öwredýän sapaklary şulardan ybarat:
1-njiden: geçmişdäkileriň, tarhyny barlamak we olaryň nähilli bolup heläkçilige duş bolandyklaryndan ägä bolmak ynsanda täsir goýup ony kapyrlyga we günä işlere baş goşmakdan alyp galjakdyr .
2-njiden: gurhanyň sargytlary hekmet we mantak esasynda bolup akyl bilen umum ilata düşnüklidir .
3-njiden: pygambarlar öz wezipelerine amal edip hak sözüni ýetirmek bilen adam ogluna hüjjeti kämil edendirler emma ony mejburlykda ilata tüňkän däldirler we ilat öz erk-ygtyýarlary bilen haky Kabul etmelidirler.
Gamar süresi, 6, 7 we 8-nji aýatlar:
فَتَوَلَّ عَنْهُمْ یَوْمَ یَدْعُو الدَّاعِ إِلَى شَیْءٍ نُکُرٍ ﴿٦﴾ خُشَّعًا أَبْصَارُهُمْ یَخْرُجُونَ مِنَ الأجْدَاثِ کَأَنَّهُمْ جَرَادٌ مُنْتَشِرٌ ﴿٧﴾ مُهْطِعِینَ إِلَى الدَّاعِ یَقُولُ الْکَافِرُونَ هَذَا یَوْمٌ عَسِرٌ ﴿٨﴾
<< jarçy elhenç emre çagyrýan gününde olardan ýüz öwür// olar gorkydan gözlerniň açan ýagdaýynda, çaşgyn çekirtgeler ýaly gabyrlardan çykjakdyrlar// gala gop bolup jarça tarap ylgarlar, şonda kapyrlar “bu gün ne ýowuz gündir” diýip aýdarlar.>>
kapyrlaryň we inkär edijileriň jedelkeşlikleriň ujuny beýan etmekden soň bu aýatlar hezreti resuly äkreme ýüzlenip şeýle permaýyş edýär: bulary öz hallaryna goýber we haky Kabul etmäge taýyar bolanlaryň tarapyna git, bu adamlar, bir zaman oýanjakdyrlar welin kyýamaty öz gözleri bilen görsünler we şol heňgamda ölen adamlar hudaýyň emri bilen bir-bir ýeriň astyndan daşary çykyp gorky ýüzünden çar tarapa gitjekdirler. Kyýamatyň ýagdaýy bu adamlar üçin gümürtiklidir we olar bir habary eşidip aramlyga ýeter ýaly her bir sesiň yzyndan ýörtüp gitjekdirler emmä her näçe gitseler-de olaryň gorkylary köpeljekdir we şol gün olar dünýede olara aýdylan zadyň ýüze çykyp durandygyna şaýat boljakdyrlar.
Bu aýatlaryň öwredýän sapaklary şulardan ybarat:
1-njiden: garşylyk bildirýänlere hüjjeti aýdyp gutarmakdan soň olary öz hallaryna goýmalydyr sebäbi olar guman etmesinler pygambar olaryň iman getirmeklerine mätäçmikäm diýip we olardan iman getirmek üçin haýyş çekmeli däldir .
2-njiden: kyýamatyň sahnalary kapyrlara gaty howply we eýmendirji boljakdyr we olar şeýle bir sahnalary görmeklige hiç haçan garaşýan däldirler.
3-njiden: mäat jesmi bilen ýüze çykjak emrdir kyýamatda ynsanlar bütinleýin toprakdan daşary çykjakdyrlar we bu mesele kyýamatda diňe ruhlaryň taýýar bolmagyna çäklenýän däldir.
/////////////////