May 03, 2025 11:13 Asia/Ashgabat
  • bölüm 983, süre Gamar, aýat 9-22

bölüm 983, süre Gamar, aýat 9-22

983

Gamar süresi, 9, 10, 11, we12-nji aýatlar:

 

کَذَّبَتْ قَبْلَهُمْ قَوْمُ نُوحٍ فَکَذَّبُوا عَبْدَنَا وَقَالُوا مَجْنُونٌ وَازْدُجِرَ ﴿٩ فَدَعَا رَبَّهُ أَنِّی مَغْلُوبٌ فَانْتَصِرْ ﴿١٠ فَفَتَحْنَا أَبْوَابَ السَّمَاءِ بِمَاءٍ مُنْهَمِرٍ ﴿١١ وَفَجَّرْنَا الأرْضَ عُیُونًا فَالْتَقَى الْمَاءُ عَلَى أَمْرٍ قَدْ قُدِرَ ﴿١٢

 

<< Mundan ozal Nuhuň kowumy hem biziň nyşanalarmyzy ýalanlap biziň bendämiz Nuhy inkär etdip “ol däli-telbedir” diýdiler// we oňa dürli yza-eziýetleri berip ony pygambarçylyk borjuny ýerine ýetirmekden alyp galdylar.// bes Nuh perwerdigärine ýüzlenip “bar hudaýýa! Meň elimden zat gelmeýär, onda meni golda// şonda biz asmanyň gapylaryny sil-dek ýagýan ýagyn bilen açdyk// we ýer ýüzünden çeşmeleri joşuryp çykardyk, ahyrda zeminden çykýan suwlar we asmanda inýän ýagyn takdyr bolan emr esasynda bir-birine birikdiler. >>

 

Geçen gepleşikde haky inkär edýänleriň kyýamatdaky erbet we agyr ýagdaýlaryndan gürrüň boldy indi bu aýatlar dünýedäki jezalaryň bir bölümine yşarat edip şeýle diýýär: Nuh pygambar beýleki pygambarlar ýaly ilaty hudaýa tarap çagyryp olara mugjyzalar görkezdi emmä olar haky Kabul etmejek bolup ol hezreti jynyň täsirinde we akly zaýalanan däli-telbe diýip atlandyrdylar. Olar hatda Nuha haýbat atyp seni daşlap öldüreris diýip aýtdylar. Kapyrlar ol hezrete köp yza-eziýetleri berip onuň çakylygynyň öňünde böwet döretdiler we onuň pygambarçylyk borjundan saklanmagyny talap etdiler. şeýle bir ýagdaýlarda Nuh pygambar alla tagalaga ýüzlenip ony garşylarynyň berabarynda goldamagyny isledi. alla tagala Nuhuň öz kowmuna bolan hüjjetini gutarany soň we olar hak ýoluna öwrülmekden saklananlary soň azabyny olara inderdi. Şeýlelik bilen uly sil gelip olardan hiç bir zat goýmady.

Bu aýatlaryň öwredýän sapaklary şulardan ybarat:

1-njiden: pygambarlary däli-telbe diýip atlandyrmak taryh boýunda ýoň bolan tömetlerdendir, erbet gylykly garşylar, elmudama şeýle bir şiwe bilen pygambarlaryň şahsyýetlerini terror etmek ugurda tagalla edendirler.

2-njiden: iman ähli bolanlar öz boruçlaryna amal etmelidirler. Olar düşmanlaryň garşysynda ýeňilişe duş bolsalar hem numyt bolmaly däldirler sebäbi ylahy gudrat, bütin gudratlardan üstemräkdir.

3-njiden: ýagyn ylahy rahmet we mähriň görnüşi bolsada kä mahallarda gahar we jezaň abzalyna öwrülýändir.

 

Gamar süresi, 13, 14, 15, 16 we 17-nji aýatlar:

وَحَمَلْنَاهُ عَلَى ذَاتِ أَلْوَاحٍ وَدُسُرٍ ﴿١٣ تَجْرِی بِأَعْیُنِنَا جَزَاءً لِمَنْ کَانَ کُفِرَ ﴿١٤ وَلَقَدْ تَرَکْنَاهَا آیَةً فَهَلْ مِنْ مُدَّکِرٍ ﴿١٥ فَکَیْفَ کَانَ عَذَابِی وَنُذُرِ ﴿١٦ وَلَقَدْ یَسَّرْنَا الْقُرْآنَ لِلذِّکْرِ فَهَلْ مِنْ مُدَّکِرٍ ﴿١٧

 

<< We ony (Nuhy) tagtalardan we mäkäm çüýlerden bejerlen ulaga mündürdik// ol ulag biziň gözegçiligimizade heret edýärdi, bu bolsa kapyrlyk edenlere bolan bir jezady// dogrudan-da biz muny ymmatlaryň arasynda bir nyşana hökmünde goýduk, ondan pent alýan barmy?// meň azabymyň we duýduryşymyň nähili bolandygyna bir üns beriň// dogrudan-da biz gurhany zikir we pent almak üçin hemmelere düşnükli edendiris, onda pent alýan barmy?>>

 

Nuh kowmuna azabyň inmeginden ozal alla tagala Nuhy uly haýwanlaryň dürli hillerini, içinde jaýlap olaryň nesilini ýok ulmakdan goramak ugurda uly bir gämini ýasamaklyga borçly etdi, bu bolsa ýer şarynyň uly bölümini öz içine aljak uly bir tupanyň öňdedigini görkezýändir. Ýogsa şeýle bir işe mätäçlik bolmazdy. Uly tupanyň ýüze çykmagy bilen Nuhuň gämisi allanyň permany bilen herekete düşüp oňa minenleriň hemmesi halas boldular emmä kapyrlaryň hemmesi suwda gark bolup heläkçilige uçradylar. Soňda siliň ýatmagy bilen gämidäkileriň hemmesi saglyk salamatlykda gämiden düşdüler emmä ol tagta we çüýden ýasalan uly gämiň galan bölümleri ylahy yrada boýunça ylahy gudratdan nyşan bolar ýaly baky galdy. Bu bolsa haky inkär edýänlere ylahy uly jezaň boljakdygyny görkezýändir we olar pygambarlaryň duýduryşlaryna ähmiýet bermelidirler. elbet bu destanyň gurhanda nakyl edilmegi diňe ynsanlaryň sapak alyp jedelkeşlikden gaça durmaklary üçin bir hilli ýatlamak we zikir hökmündedir. Bu aýatlaryň soňunda gurhan aýatlarynyň aňsatdygyna yşarat bolýar. şeksiz gurhanyň sözleri bir hillidir welin onuň telawaty aňsat we şol bir ýagdaýda hem gözeldir. onuň destanlary we mysallary hem sözlerini Kabul etmek üçin işleri aňsat edýändir. elbet gurhan aňsat bolsada onuň sözleri mäkäm we berkdir. Gurhanyň aýatlary bir hillidir welin hatda bütin ilatyň we jahanyň hemmesi birek-birek bilen birleşselerde oňa meňzeş zady getirip başarjk däldirler.

Gurhanyň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary şulardan ybarat:

1-njiden: eger alla tagala yrada etse onda agaçdan bolan tagtalar hem ynsany howply sillerden gorajakdyr. mysaly musany niliň möwjünden gorayşy ýaly.

2-njiden: her kim pygamberleri inkär edip kapyrlyk etse ol, bu dünýäde we ahyretde azaba duş boljakdyr.

3-njiden: fyrownuň jisminiň suwdan gutulyp baky galşy ýaly, gelejekdäkilere sapak bolar ýaly Nuhuň gämisi hem baky galandyr.

4-njiden: gurhan aňsat kitapdyr emmä şol ýagdaýda hem hiç bir kim şonuň ýaly kitaby getirip başarjk däldir hatda dünýädäki adamlaryň hemmesi birleşselerde.

 

Gamar süresi, 18, 19, 20, 21 we 22-nji aýatlar:

کَذَّبَتْ عَادٌ فَکَیْفَ کَانَ عَذَابِی وَنُذُرِ ﴿١٨ إِنَّا أَرْسَلْنَا عَلَیْهِمْ رِیحًا صَرْصَرًا فِی یَوْمِ نَحْسٍ مُسْتَمِرٍّ ﴿١٩ تَنْزِعُ النَّاسَ کَأَنَّهُمْ أَعْجَازُ نَخْلٍ مُنْقَعِرٍ ﴿٢٠ فَکَیْفَ کَانَ عَذَابِی وَنُذُرِ ﴿٢١ وَلَقَدْ یَسَّرْنَا الْقُرْآنَ لِلذِّکْرِ فَهَلْ مِنْ مُدَّکِرٍ ﴿٢٢

 

<< Ad kowumy öz pygambarlaryny inkär etdiler, onda meniň azabym we duýduryşym nähilli boldy?// Biz bir gün olarayň üstünden yzy kesilmeýän Güýçli sowuk tupany iberdik// ol tupan adamlary köki bilen goparlan hurma agaçlary ýaly göterip ýere ýapýardy// onda meniň azabym we duýduryşym nähillidi?// dogrudan-da biz gurhany zikir üçin aňsat etdik, bes ondan pent alýan barmy?>>

 

Nuh kowmundan soň bu aýatlar Ad kowmunyň geçmişine yşarat edýär, hezreti Hut bolan ol kowmuň pygambary, olara her näçe nesihat we duýduryş bersede olar öz ýaramaz işlerinden saklanmadylar we elmudama ol pygamberi harlap masgaralap öz heýkellerine magtandylar. Olar hiç haçan şeýle bir howply we güýçli tupanyň öz şähärlerine we ülkelerine ösjekdigine oýlanmazdylar, bu tupan olaryň belent gamatlaryny kökden sogurlan hurma agaçlary ýaly göge galdyryp dürli mekanlara tarap atýardy, şeýle bir elhenç tupan bir hepteläp dowamly bolup öýlerden we öýde ýaşaýan ilatdan hiç bir zat baky goýmady. bu aýatlarda alla tagala näme üçin geçmişdäki kowumlaryň ýazgytlaryndan ybrat almaýarsyňyz we gorkmaýarsyňyz diýip gaýtalap nygtaýar.

Bu aýatlaryň öwredýän sapaklary şulardan ybarat:

1-njiden: alla tagala pygamberleri iberip ilata duýduryş bermek bilen hüjjeti adamlara gutarandyr we jedelkeş adamlar öz ýaramaz işleriniň netijelerine garaşmalydyrlar .

2-njiden: ýel hem suw ýaly alla tagalanyň yradasynda we permanyndadyr. kä mahallar ylahy mähriň görnüşi kä mahallar hem erbet adamlaryň jezalandyrylmaklarynyň abzabyna öwrülýändir, allanyň yradasy bilen ýel hem ösüş we ýagşylygyň sebäbi bolýandyr hemde kä mahallarda howply we dargadyjy bolýandyr .

3-njiden: gurhan taryh kitaby däldir emmä ilaty dogry ýola hedaýat etmek üçin kä bir kowumlaryň ýazgydyny beýan edendir.

 

/////////////////