May 03, 2025 11:25 Asia/Ashgabat
  • bölüm 984, süre Gamar, aýat 23-32

bölüm 984, süre Gamar, aýat 23-32

984

Gamar süresi, 23, 24, 25 we 26-njy aýatlar:

 

کَذَّبَتْ ثَمُودُ بِالنُّذُرِ ﴿٢٣ فَقَالُوا أَبَشَرًا مِنَّا وَاحِدًا نَتَّبِعُهُ إِنَّا إِذًا لَفِی ضَلالٍ وَسُعُرٍ ﴿٢٤ أَؤُلْقِیَ الذِّکْرُ عَلَیْهِ مِنْ بَیْنِنَا بَلْ هُوَ کَذَّابٌ أَشِرٌ ﴿٢٥ سَیَعْلَمُونَ غَدًا مَنِ الْکَذَّابُ الأشِرُ ﴿٢٦

<< Sämut kowumy duýduryş berijileri inkär etdiler// we “biz öz hilimizden bolan bir adama iýýereýlimi?” diýiler. Şeýdsek gümrälikde we däli-telbelikde boljakdiris// biziň aramyzdan diňe şoňa wahy indimi? ol ýalançy we haý-höwesiň yzynda bolan kişidir// ýöne olar erte kimiň ýalançy we haý-höwesiň yzyndadygyny biljekdirler.>>

 

Geçen gepleşiklerde, Nuh we Ad kowumlarnyň başdan geçirmeleri beýan bokdy , bu gepleşikde sämut kowmunyň başdan geçmişi hakda gürrüň etjekdiris. Sämut kowumy Arap adasynyň demir gazygynda ýaşaýardylar we olaryň pygambarlary hem salyh pygamberdi, olar pahyrlanyp özlerini üstem saýmak bilen allanyň resulunyň duýduryşlaryna üns bermäni öz ýaramaz işlerini dowam edýärdiler . Olar gelen pygambaryň çakylygyny Kabul etmeýändiklerä bärde dursun , eýsem ony däli telbe hasaplap oňa eýermekligi hem gümralyk we diwanalyk bilýärdiler. Elbet olaryň salyh pygambere garşy durmaklary üçin ýene bir bahanalary bolupdyr, olar nähilli bolup biziň öz hilimizden bolan kişi we biziň aramyzda gudrat we baýlykdan paýly bolmany ýekelikde ýaşaýan ýalňyz adam, şeýle bir uly toslamany ara atýar we özüni bizi hedaýat etmek üçin gelen pygamber hasaplaýar diýip aýtdylar.

 

Bu aýatlaryň öwredýän sapaklary şulardan ybarat:

1-njiden: pygamberleriň mazalyklarynyň birisi şudur welin ýönekeý ilat arasynda ýaşap ilata ülňi bolmak ugurlaryň arasyndan pygamberçilige bellenendirler.

2-njiden: kä mahallarda ynsanlar bir hilli düňderülýärler welin olar dogruçy we päk bolan pygamberler ýaly adamlara eýermekligi Kabul etmeýärler, emmä şol adamlar, takutlaryň hökmeti astynda ýaşaýarlar, ýada akyl paýhas we düşümi bolmadyk zatlary ybadat edýärler .

3-njiden: pygamberlere gara sürtüpde özlerini uly saýmaklyk, tersleşik bildirýänleriň şiwesidir.

 

Gamar süresiniň 27, 28 we 29-njy aýatlar:

إِنَّا مُرْسِلُو النَّاقَةِ فِتْنَةً لَهُمْ فَارْتَقِبْهُمْ وَاصْطَبِرْ ﴿٢٧ وَنَبِّئْهُمْ أَنَّ الْمَاءَ قِسْمَةٌ بَیْنَهُمْ کُلُّ شِرْبٍ مُحْتَضَرٌ ﴿٢٨ فَنَادَوْا صَاحِبَهُمْ فَتَعَاطَى فَعَقَرَ ﴿٢٩

 

<< biz olary synamak üçin ol maýany iberdik, onda olaryň işlerniň soňuna garaş we sabyrly bol// we olara habar ber, suw olar bilen düýäniň arasynda bolundy diýip, we her kaýsy öz nobatynda suwuň başynda teýýär bolsunlar// Onda olar (düýäni öldürmek üçin) dostlarynyň birisini çagyrdylar, ol hem bu işe baş goşup düýäni öldürdi. >>

 

Her kims men pygamber diýse onuň sözüni Kabul edip bolmajakdygy belli bir zatdyr eýsem ol öz sözüni subutlamak üçin bir mugjyzany öňe sürmeli bolar. allanyň yradasy bilen beýleki düýelerden tapawutly bolan haýbatly bir düýe, dagyň içinden çykyp äşgär boldy, ol düýäň içýän suwy şeýle bir köpdi welin suw çeşmäni onuň we ilatyň arasynda deň paýlamaly bolupdy. elbet bu mesele ylahy bir synawdy we ilat suwuň şeýle bir bölünmegini göz öňüne alyp öz nobatlarynda suwuň başynda teýýär bolmalydylar. Sämut kowmunyň uly şahsyýatlary şeýle bir mugjyzany inkär edip başarman soňlar, bu düýäni öldürmekçi bolup bir adamy şeýle bir iş üçin buýrukly etdiler. Salyh pygamber olaryň şeýle bir hereketleri hakda duýduryş berip alla tagalanyň bu mugjyzasyny diýmek düýäni öldürmeklik, azabyň inmegine sebäp boljakdyr diýip, ägälik berdi. emmä olar hezreti salyh pygamberiň berýän duýduryşlaryna üns bermän aradan çykdylar.

 

Bu aýatlaryň öwredýän sapaklary şulardan ybarat:

1-njiden: ylahy mugjyzalar ilaty synamak üçin bir abzaldyr we kimleriň hakykaty Kabul etmegiň yzynda bolýandyklaryny we kimleriň hem jedelkeşlik edip haka garşy durýandyklaryny belli edýändir.

2-njiden: ilata hüjjet gutarýança alla tagala hiç kimi jezalandyrýan däldir.

3-njiden: pygamberler bilen terleşýänler öz şüm maksatlaryna ýetmek ugurda ganhor adamlardan peýdalanýandyrlar.

 

Gamar süresi, 30, 31 we 32-nji aýatlar:

فَکَیْفَ کَانَ عَذَابِی وَنُذُرِ ﴿٣٠ إِنَّا أَرْسَلْنَا عَلَیْهِمْ صَیْحَةً وَاحِدَةً فَکَانُوا کَهَشِیمِ الْمُحْتَظِرِ ﴿٣١ وَلَقَدْ یَسَّرْنَا الْقُرْآنَ لِلذِّکْرِ فَهَلْ مِنْ مُدَّکِرٍ ﴿٣٢

<< Onda görüň meniň azap we duýduryşym nähillidi?// Biz diňe bir aýlyganç sesi we heläklendiriji ýyldyrymlary olaryň üstünden inderdik, şonda olar maldarlaryň öz mallary üçin ýygnap goýýan gury otlary ýaly guryp galdylar// we dogrudan-da biz gurhany zikir we ýatlamak üçin aňsat we düşnükli suratda iderdik, indi pent alýan barmydyr?>>

 

Hezreti salyh pygamberiň mugjyzasy bolan düýäni öldürmekden soň Alla tagalanyň gahar gazaby asmandan ýyldyrym şeklinde inip sämut sebtinde ýaşaýan ilatyň hemmesini gurudyp hereketsiz etdi we netijede olar maldarlaryň öz mallaryny imitlendirýän gury otlary ýaly bolup hereketsiz boldular. gurhany kerim sämut kowmunyň ýazgydyny aýydyp gutarany soň alla tagala ýene bir gezek, gurhany indermekden bolan maksat, pent we duýduryş bermek we ynsany öz garşysyndaky howplardan ägä etmekdir diýip ýatlara berýär we ynsan bu meseleden ybarat alyp özüni dünýe we ahyretde ýüze çykjak ylahy azaplardan gutuldutyp başarjkdir.

 

Bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary şulardan ybarat:

1-njiden: düäni öldüren kişi bir adam bolsada umum ilata onuň bu işinden razy bolandyklary sebäpli gurhan bu işi olaryň hemmesiniň işi hasaplap azaby olaryň hemmesine degişli bilýär.

2-njiden: ylahy yradanyň berabarynda hiç kim durup başarjk däldir we sämut kowmunyň hekelli we haýbatly adamlary hem guran şahalar ýaly çaşyp ýere gaçdylar.

3-njiden: gurhan taryh kitaby däldir emmä kä bir ýaşap geçen kowumlaryň taryhyny hakykat esasynda beýlekilere ybrat bolar ýaly dogry suratda beýan edýändir.

 

///////////////