bölüm 985, süre Gamar, aýat 33-42
bölüm 985, süre Gamar, aýat 33-42
985
Gamar süresiniň 33, 34 we 35-nji aýatlar:
کَذَّبَتْ قَوْمُ لُوطٍ بِالنُّذُرِ ﴿٣٣﴾ إِنَّا أَرْسَلْنَا عَلَیْهِمْ حَاصِبًا إِلا آلَ لُوطٍ نَجَّیْنَاهُمْ بِسَحَرٍ ﴿٣٤﴾ نِعْمَةً مِنْ عِنْدِنَا کَذَلِکَ نَجْزِی مَنْ شَکَرَ ﴿٣٥﴾
<<Lutyň kowumy hem berlen duýduryşlary inkär etdiler // biz hem olara daş bilen hemra güýçli ýeli ýolladyk we daňdan lutyň içeri maşgalasyndan özgeleri heläkledik.// bu halas etmeklik biziň tarapymyzdan bolan nygmatdy we biz şu hilli şükür edýänlere paý-padaş berýändiris.>>
pygambarlaryň duýduryşlaryna üns bermezlik sebäpli şüm ýagdaýlara giriftar bolan kowumlaryň ýene biri lut kowumydy. bu sürede olaryň hekaýalaryna we şu hilli azaplara giriftar bolan 4-nji kowum hökmünde yşarat bolýar. Bu kowumuň erkekleriniň arasynda ýaramaz iş bolan jynsdaşlyk işler ýörgündi we olar hiç Mahal pygambarlaryň şu hilli ýaramazlyklaryň yz gelimleri barada berýän duýduryşlaryna üns bermeýärdiler. olar lut pygambaryň mantak ýüzünden bolan sözlerini Kabul etmezden ony şähärden kowup çykaryp nesihatlaryndan rahat bolmagyň ugruna çykypdyrlar. Alla tagala hem olary güýçli tupan bilen hereket eden daşlar bilen, daň çagynda heläkledi we bi-habar bu pasyk kowumy şeýle bir tebigi gopgun bilen ýok etdi. Netijede olaryň özleri we öýleri çägeleriň astynda gömülip heläk boldylar. elbet azabyň inmeginden öňürti alla tagala hezreti lut we onuň içeri maşgalasyna şähärden daşary çykyp bu ylahy gahardan aman galmaklaryny habar beripdir. elbet lutuň başdaşy tersleşik bildirýänleriň sanyndan bolansaň bu ylahy azapdan gutulyp başarmandyr.
Bu aýatlaryň öwredýän sapaklary şulardan ybarat:
1-njiden: duýduryş berip gorkuzmak taryh boýundaky bütin pygambarlaryň borçlaryndan bolupdyr emmä umum ilat bu duýduryşlara üns berip nesihatlary Kabul edýän däldirler.
2-njiden: ylahy adlyň çarçubasynda azabyň inen mahaly iman ähli gutulýandyr we hemmeler bile şeýle bir jezalara duş bolýan däldirler.
3-njiden: pygambarlaryň çakylygyny Kabul edip alla tagalanyň resulunyň berýän buýruklaryna boýun bolmak hakykatda bir hilli şükür etmekdir we bu mesele ylahy paý-padaşlaryň we dünýedäki nygmatlaryň inmegine sebäp bolýandyr.
Gamar süresi, 36, 37, 38, 39 we 40-nji aýatlar:
وَلَقَدْ أَنْذَرَهُمْ بَطْشَتَنَا فَتَمَارَوْا بِالنُّذُرِ ﴿٣٦﴾ وَلَقَدْ رَاوَدُوهُ عَنْ ضَیْفِهِ فَطَمَسْنَا أَعْیُنَهُمْ فَذُوقُوا عَذَابِی وَنُذُرِ ﴿٣٧﴾ وَلَقَدْ صَبَّحَهُمْ بُکْرَةً عَذَابٌ مُسْتَقِرٌّ ﴿٣٨﴾ فَذُوقُوا عَذَابِی وَنُذُرِ ﴿٣٩﴾ وَلَقَدْ یَسَّرْنَا الْقُرْآنَ لِلذِّکْرِ فَهَلْ مِنْ مُدَّکِرٍ ﴿٤٠﴾
<< lut, ilata biziň gaharmyz hakda duýduryş beripdi ýöne duýduryşlara şek edip jedel etdiler// we lutdan ýaramaz iş üçin myhmanlaryny olaryň erkinde goýmagyny islediler ýöne biz gözlerini batyl edip ýok edip “meniň azabymyň we duýduryşymyň tagamyny dadyň” diýdik.// ahyrda daňdan öýtgemez azap olaryň üstünden indi// onda dadyň meň azabymy we duýduryşymy// dogurdan-da biz gurhany ýatlamak we pent almak üçin aňsat etdik, onda pent alýan barmydyr?>>
Hezreti lut elmydama öz kowumyna ýaramaz işleriniň yz gelimleri hakda duýduryş berýärdi emmä olar onuň gürrüňler hakda şek şüpheli bolup olary hakykat hasap etmeýärdiler. Ylahy perişteler hezreti lutuň öýüne gözel ýigitler keşbinde myhman bolup dahyl bolanlarynda kä şerçi adamlar haýasyzlyk bilen lutdan öz myhmanlaryny olaryň erkinde goýmagyny talap etdiler, emmä ylahy perman boýunça olaryň gözleri kör boldy, şol bir ýagdaýda hem olaryň ne özleri nede kowumlary şeýle bir äşgär ylahy permandan ybrat almadylar. Olar öz işlernden puşman bolmadyklara bärde dursun eýsem hezreti lutuň janyna hem kast etdiler, alla tagala hem onuň we içeri maşgalasynyň janyny gorap lutuň kowumuny hem daň çagy heläkledi.
Bu aýatlaryň öwredýän sapaklary şulardan ybarat:
1-njiden: alla tagala deslap pygambarlar arkaly hüjjetini gutaryp soň kapyrlary we garşylary heläkleýändir.
2-njiden: ýaramaz işleriň telekeçilikleri aradan aýrylmasa we pysat çenden aşa rowaçlansa onda mömin we päk adamlaryň öýleri hem pasyt adamlardan aman galjak däldir.
3-njiden: gurhan taryh kitaby däldir emmä ilatyň ybrat almaklary üçin we haky Kabul etdirmekligi aňsatlaşdyrmak ugurda geçen kowumlaryň geçmişlerini we ýazgytlaryny beýan edýändir.
Gamar süresi, 41 we 42 inji aýatlar:
وَلَقَدْ جَاءَ آلَ فِرْعَوْنَ النُّذُرُ ﴿٤١﴾ کَذَّبُوا بِآیَاتِنَا کُلِّهَا فَأَخَذْنَاهُمْ أَخْذَ عَزِیزٍ مُقْتَدِرٍ ﴿٤٢﴾
<< we duýduryş berýänler, fyrownuň komunyň ýanyna bardylar// emmä olar biziň bütin mugjyzalarymyzy inkär etdiler, onda biz olara gaharlandyk göýä bir ýeňilmez zor aýdyjyň gaharlanşy ýaly. >>
Gurhany kerimiň mübärek gamar süresinde şüm ýazgyda giriftar bolan 5-nji kowumdan hem gürrüň bolýar, bu kowum fyrownuň kowumydyr. olar fyrowny hudaý ýaly bilip ony ybadat edýärdiler we onuň permanlaryna tutuş boýundyrlar. Fyrown ähli, bäni ysraýyl kowumuny özlerine esir edip olardan gul hökmünde haýyrlanyp bu kowuma köp yza ezýetler berýärdiler. Hezreti musa fyrown we köşükde ýaşaýan adamlary alla tagala tarap çagyrmak üçin şeýlede bäni ysraýyl kowumuny halas etmek maksady bilen fyrownyň ýanyna bardy. Ol hezret ylahy perman boýunça fyrownyň huzurynda köp mugjyzalary görkezdi, emmä olar hakyň garşysynda boýun bolup zulumdan el çekmegiň ýerine musa pygamber we ol hezrete eýerýänleri ýok etmek üçin tutum tutdylar. Onda alla tagala bütin zalymlary nil derýasynda garyk edip heläkledi.
Bu aýatlaryň öwredýän sapaklary şulardan ybarat:
1-njiden: zalym häkimlere eýerip olar bilen pikirdeş bolmak ynsany dünýe we ahyretde olaryň ýazgydynda şärik edýändir.
2-njiden: ylahy mugjyzalar ilata ägälik berip hüjjeti gutarmak üçindir. Emmä öz gözleri bilen mugjyzany görüpde ony inkär edýän kişiler dünýede azaba giriftar bolýandyrlar.
3-njiden: älem jahanyň iň güýçli we azamatly gudraty allanyň gudratydyr, adamyň gudraty, güýji ylahy gudratyň ýanynda hiç zat däldir.
///////////////