May 03, 2025 11:43 Asia/Ashgabat
  • bölüm 986, süre Gamar, aýat 43-55

bölüm 986, süre Gamar, aýat 43-55

986

Gamar süresi, 43, 44, 45 we 46-njy aýatlar:

 

أَکُفَّارُکُمْ خَیْرٌ مِنْ أُولَئِکُمْ أَمْ لَکُمْ بَرَاءَةٌ فِی الزُّبُرِ ﴿٤٣ أَمْ یَقُولُونَ نَحْنُ جَمِیعٌ مُنْتَصِرٌ ﴿٤٤ سَیُهْزَمُ الْجَمْعُ وَیُوَلُّونَ الدُّبُرَ ﴿٤٥ بَلِ السَّاعَةُ مَوْعِدُهُمْ وَالسَّاعَةُ أَدْهَى وَأَمَرُّ ﴿٤٦﴾

<< indi siz  (mekge) kapyrlary olardan gowumyňyz? Ýada size asmanlyk kitaplarda aman namalar barmydyr?// Ýada “biziň hemmämiz birek _ birege arka bolup birleşikdediris we hiç bir gutrat bize östem çykjak däldir diýip” aýdýarlarmy?// (ýöne bilsinler) olaryň topary basymlykda ýeňilip gaçyp gitjekdirler// howa kyýamat olara wada berlen ýerdir we kyýamatyň gezasy elhenç we ajyrakdyr.>>

 

Gamar süresiniň başyndan bäri jedelkeş kowumlaryň ýazgytlary beýän edildi. indi bu aýatlar mekge müşrüklerine ýüzlenip şeýle diýýär: siz näme üçin ybrat almaýarsyňyz we öz telek işleriňizden saklanmaýarsyňyz? Siz öz kofr we tokýan işleriňiz olardan azrakmykan diýip oý edýärsiňizmi? We şol sebäpli hem ylahy gahara duçar bolmarsyňyzmykan diýip pikir edýärsiňizmi? Ýada allanyň tarapyndan size bir amannama gelip azapdan gutularmykaňyz diýip guman edýärsiňizmi?

Şaýat hem siz öz gudratyňyza guwanyp siziň gudratyňyz şeýle bir köpdür welin hiç bir kimse siziň berabaryňyzda durup başarmaz we şonuň üçin hem siz ylahy yrdanyň garşysynda durum görkezip başararsyňyzmykan diýip oý edýärsiňizmi? Emmä eger alla tagala yrada etse hatda musulmanlaryň şeýle bir az topary hem size üsten çykjakdyr we sizi dargatjakdyr we siz uruş meýdandan gaçyp atjaksyňyz, bu bolsa siziň dünýedäki ýazgydyňyzdyr we şeksiz kyýamatdaky azap sizler üçin agyrrak we ajyrak boljakdyr.

 

Bu aýatlaryň öwredýän sapaklary şulardan ybarat:

1-njiden: özüňi ýokary saýyp pahyrlanmak ynsanyň heläkçilige uçramagyna sebäp bolýar .

2-njiden: öz gudrat we mümkinçilkilerimize ýada beýlekileriň hemaýatlaryna bil baglamaly däldir eýsem onuň ýerine alla tagalanyň gutarnyksyz gudratyna daýanmalydyrs we töwekgel edip pahyrlanmakdan saklanmalydyrys .

3-njiden: kapyr we zalymyň ýeňiljekdigi hokmanydyr we allanyň beren berk wadasydyr, şol sebäpli kapyrlaryň we zalymlaryň gudratlary olaryň ýogalmaklarynyň öňüni alyp başarjk däldir.

 

Gamar süresi, 47, 48, 49 we 50-nji aýatlar:

إِنَّ الْمُجْرِمِینَ فِی ضَلالٍ وَسُعُرٍ ﴿٤٧ یَوْمَ یُسْحَبُونَ فِی النَّارِ عَلَى وُجُوهِهِمْ ذُوقُوا مَسَّ سَقَرَ ﴿٤٨ إِنَّا کُلَّ شَیْءٍ خَلَقْنَاهُ بِقَدَرٍ ﴿٤٩ وَمَا أَمْرُنَا إِلا وَاحِدَةٌ کَلَمْحٍ بِالْبَصَرِ ﴿٥٠

<< günäkärler gümralykda we otdadyrlar// we olara aýdyjakdyr : dowzahyň ody ýülerine golaýlan güni olara “ dadyň bu dowzahyň odundan” diýlip aýdylar// elbetde biz her bir zady gerek mukdarda ýaratdyk// we biziň permanymyz diňe bir emirdir, göýä gözüňi bir ýumup açynçaň. >>

Geçen aýatlarda günäkärleriň dünýedäki jezalaryndan gürrüň boldy, indi bu aýatlar olaryň kyýamatdaky agyr jezalaryna yşarat edip şeýle permaýyş edýär: dünýede dogry ýoly saýlamagyň ýerine gyşarnykly we ýaramaz ýollary saýlan kişiler öz gümralyk sebäpkärlerini taýýarlandyrlar, şol sebäpli hem günä we ýaramaz işler olaryň ýaşaýyşlarynyň ugur ýoly boldy, elbet bu hilli adamlaryň kyýamatda öz aýaklary bilen dowzaha girmejekdikleri belli zatdyr, olar azap berýän buýrukçylar arkaly ýüzleý suratda oda atyljakdyrlar we şeýlelik bilen oduň yssylygyna giriftar boljakdyrlar. Elbet kä bir adamlar dünýede günäň baş goşulmagyna we onuň kyýamatdaky azabynyň arasynda belli bir ölçegi görmäni onuň hakynda, sorag edýändirler. gurhany kerim şeýle bir soragyň jogabynda bu aýatlaryň dowamunda şeýle permaýyş edýär: ýaradylmyş äleminiň bellije kada esasynda halk edilşi ýaly jeza we padaş düzgüninde hem mynasyp hasap-kitaplar boljakdyr, şol sebäpli şu ugurda ylahy gazawatçylyk zulum ýüzünden däldir.

 

Bu aýatlaryň öwredýän sapaklary şulardan ybarat:

1-njiden: ýaşaýyş ýoluny saýlamakda maksada ýeter ýaly dykgat etmek gerekdir, ýogsa bir gyşarnyga duş bolup sergezdan boljakdyrys .

2-njiden: asman we zemin alla tagalanyň bu dünýedäki ýaradylmyşlaryndandyr we olaryň arasynda belli ölçegler we hasap-kitaplar bardyr, şular ýaly kyýamatda hem behişt we dowzah adyl esasynda dikelip jeza we padaş düzgüni hem belli ölçeglerden paýlydyr.

 

Gamar süresi, 51, 52, 53, 54 we 55-nji aýatlar:

وَلَقَدْ أَهْلَکْنَا أَشْیَاعَکُمْ فَهَلْ مِنْ مُدَّکِرٍ ﴿٥١ وَکُلُّ شَیْءٍ فَعَلُوهُ فِی الزُّبُرِ ﴿٥٢ وَکُلُّ صَغِیرٍ وَکَبِیرٍ مُسْتَطَرٌ ﴿٥٣ إِنَّ الْمُتَّقِینَ فِی جَنَّاتٍ وَنَهَرٍ ﴿٥٤ فِی مَقْعَدِ صِدْقٍ عِنْدَ مَلِیکٍ مُقْتَدِرٍ ﴿٥٥

<<we şeksiz biz mundan ozal siz ýaly kapyr bolan geçmişdäki kişileri ýok edendiris , onda pent alýan barmydyr?// We eden her bir işleri amal depderlerinde bitdirlip ýazylandyr// we eden her bir uly kiçi amallary şonda ýazylandyr// dogurdan-da perhizkärler behişti baglarda we akarlaryň kenaryndadyrlar// dogry berhak gudratly bir hökmürowanyö ýanynda.>>

Gurhany kerimiň mübärek gamar süresiniň soňky aýatlaryndan bolan bu aýatlarda, ýagşy we ýamanlara buşluk we duýduryşlar bardyr, alla tagala bu aýatlarda geçmişdäki kowumlaryň duçar bolan ýazgytlaryny ýatlap , pent we ybrat alyň diýip tabşyrýar we şeýlede hiç bir amal ylahy ylymda ýaşryn galjak däldir we her bir ýagşy we ýaman iş siziň amal depderiňizde ýazyljakdyr diýip nygtaýar. Kyýamatda jeza we padaş düzgüni dykgat ýüzünden we ýazylan senetli şaýatlyklar esasynda ýörediljekdir. Ýagşy kişileriň haýyr işleri yhlas ýüzünden bolupda özgeleriň gözünden pynhan suratda bolan bolsa-da olara paý-padaş haslanjakdyr we päk we dogurçy ynsanlara ýokary orun beriljekdir we olaryň şeýle bir belent mukamlary bu dünýedäkiler üçin, düşnükli we duyurly däldir.

 

Bu aýatlaryň öwredýän sapaklary şulardan ybarat:

1-njiden: ylahy jeza we padaş adyl ýüzündendir we meňzeş işleri ýerine ýetiren kowumlar we adamlar meňzeş jeza we padaşdan paýly boljakdyrlar.

2-njiden: alla tagala hemme zady görüp bilýän bolsa-da we özi kyýamatda häkim we kazy bolsa-da ynsanyň uly-kiçi işleri perişteler arkaly düzgünli suratda bir kitap ýaly ýazylyp saklanýandyr we ol hiç bir zady inkär edip biljek däldir.

3-njiden: behişt ähliniň paý-padaşlary diňe jismi we maddy suratda dälde eýsem olar ylahy dergähde pygamberler we öwliýalar bilen bile bolup magnawy nygmatlardan hem paýly boljakdyrlar we onuň lezzeti we tagamy wasyp ederli däldir.

 

////////////////

Gamar süresiniň soňy