May 04, 2025 09:11 Asia/Ashgabat
  • bölüm 987, süre Ärrahman, aýat 1-9

bölüm 987, süre Ärrahman, aýat 1-9

          987                                                                          برنامه تفسیرنور (الرحمن1)                 

Ärrahman süresi

Ärrahman süresi alla tagalanyň adlarynyň we sypatlarynyň biri bolan Rahman sözi bilen başlanyp perwerdigäriň ýaradylmyş düzgindäki ýaýbaň rahmatyny beýan edýär . bu sürede allatagalanyň dünýede we ahyretdäki köp mady we manawy nygmatlaryna yşarat edilip her nygmat beýan edileni soň bendelerden, allanyň gaýsy bir nygmatyny inkär edýär syňyz diýlip sorag bolýar.

Ärrahman süresi, 1, 2, 3 we 4-nji aýatlar:

الرَّحْمَنُ ﴿١﴾ عَلَّمَ الْقُرْآنَ ﴿٢﴾ خَلَقَ الإنْسَانَ ﴿٣﴾ عَلَّمَهُ الْبَیَانَ ﴿٤﴾

<<Rahman perwerdigär// gurhany öwretdi.// ynsany ýaratdy// we oňa beýany ögrediş berdi.>>

Hudaýyň gurhandaky ady alladyr we rahman hem onuň sypatlarynyň biridir emma bu sypat allatagalanyň ýaýbaň rahmatyny beýan edip alla ýaly hudaý hakda köp suratda ulanylmagy sebäpli perwerdigäriň ady bolup bu sürede onuň ýerine oturandyr . gurhanyň inmegi we onuň hezret resul äkrem (s) taglym berilmegi şeýlede ol hezret arkaly umum ynsanlara we jynlara ögrediş berilmegi şeile bir gymmatlydyr welin bu sürede , ynsanyň ýaradylmak aslyndan hem ozal beýan edilendir , hawa dogurdan hem ynsanyň degerli bolmagy diňä onuň ylahy hidaýat gidişinde hereket edip dogry ýolda bolmagyna baglydyr.

Ynsanyň ýöritelikleriniň arasyndan bu aýatlar , ynsanyň beýan we sözlemek göijine yşarat edýärler sebäbi bu ýöritelik diňä ynsanlara degişli bolup ony haýwanlardan tapawatly edýändir . aýtmak ýerli beýan didigi giň öride ýazmak guduratyny öz içine alýandyr we bu mesele ynsanyň ýaşaýşynyň ösüp kämilleşmeginde mühüm orna eýe bolup medeniýetleriň tapylmagyna sebap bolýandyr . eger ynsan beýan nygmatyndan paýly bolman bolsa onda hergiz öz ylym bilimini we tejribelerini öz neslinden indiki nesillere göçrip başarmazdy we netijede ylmyň ösmegine we teknolugýalaryň döremegine ýerlik taýýar bolmazdy.

Bu aýatlaryň ögredýän sapaklary :

1-Bütin närseleri öz içine alyp kämilleşmek düzgüniň göz başy bolan allatagalanyň iň belli ýöritelikleriniň biri onuň rahmat sypatydyr. Allatagala bismillä ärrahman ärrahimi işleriň başlangyjynda beýan etmek bilen elmydam öz adynyň ýanynda rahmatyna hem yşarat bolmagyny isleýändir.

2-Mugallymçylyk perwerdigäriň şanlarynyň biridir hakykatda adam oglynyň ilkinji mugallymy allatagaladyr we elbetde mugallymçylygyň zerur gerekligi hem rahmatdyr.

3-Ynsanyň ögrenmek okyby bilen ýaradylmagy ylahy rahmatyň jylwalaryndyr .

4-Adam oglynyň yejribeleriniň we ylymlarynyň geçirilmegi ugurda bir apzal bolan beýan gudraty hem allatagalanyň rahmatynyň jylwalarynyň biridir.

Ärrahman süresi, 5 we 6 nji aýatlar :

الشَّمْسُ وَالْقَمَرُ بِحُسْبَانٍ ﴿٥﴾ وَالنَّجْمُ وَالشَّجَرُ یَسْجُدَانِ ﴿٦﴾

<< güneş we aýyň belli hasaplary bardyr// we ösümlik we agaç oňa sejde edýändirler.>>

Gurhanyň inmegi we beýan gudraty ýaly nygmatlaryň zikir edilmeginden soň bu aýatlar deslap asmana we soň hem zemine göz aýlamak bilen

Gije we gündiziň döremegine sebäp bolýan ýer şarynyň öz daşyna aýlanmaklygy şeýlede aýlaryň we ýylyň dürli pasyllarynyň döremegine sebäp bolýan ýer şarynyň , güneşiň daşyna aýlanmagy we ýenede aýyň belli döwürlerde ýeriň daşyna aýlanypda hereketde bolmaklygy , bularyň hemmesi älemdäki belli we düzginli hasabyň bardygyndan nyşandyr.

Alymlaryň garaýşyndan aýyň we güneşiň öz orbitlerinde aýlanmaklary şeýle bir düzinlidir welin olar 10 larça ýyl öňürtiden aýyň ýada güniň haçan gutuljak dygyny çak edip başarýandyrlar.

Ýene bir nukat şydyr welin yssy we gyzgyn güneş bolmagy adam oglyna iň uly nygmatlardan hesiplenýändir . sebäbi nursyz we yssysyz ýer ýüzündäki närseleriň ýaşamaklaryna mümkinçilik boljak däldir . ösümlikleriň öaüp ulalmagy we ynsanyň imitlenmegine gerek bolan zatlaryň taýýarlanmagy , ýagynyň ýagmagy we ýeliň ösmegi hemmesi şeýle bir ylahy muhebetiniň bereketi üçindir . aý hem öz paýnagürä adam oglynyň ýaşaýşynda mühüm roly ýerine ýetirýändir. Aý garaňky gijelerde göýä bir çyra ýaly ýagtylyk saçýandyr onuň dartyjylyk göýji derýalaryň sularynyň joşmaklaryna ýada yza serpilmeklerine sebäp bolýar we şeýlelik bilen uly rola eýe bolýandyr.

Ýer ýüzünde hem doly ösümlikler we agaçlar adam oglynyň we beýleki jandarlaryň imitlenmek çeşmesidirler . olaryň hemmesi tebigi kanunlara eýerip allatagalanyň yradasy bilen hereketdedirler we zerreçe hem bu gidişden gyşarýan däldirler .

Bu aýatlaryň öwredýän sapaklary :

1- asman we zemin belli düzgin we ölçek esasynda dolandyrylýandyr we hiç gaýsy allatagalanyň olara belli edip goýan ugrundan gyşarýan däldir.

2- ýaradylmyş äleminde adam oglyna hyzmat ýetirmekde hiç hili kem köstlik ýokdyr emma adam ogly bir hili çykyş edýändir welin göýä tebigaty we ýaşaýyş oryny dargatmak ugurda tutum tutan ýalydyr.

3- bütin älem , allatagalanyň tarapyndan belli edilen bernama we düzgin esasynda hereketde bolup oňa boýundyrlar.

Ärrahman süresi, 7 -8 we 9 nji aýatlar :

وَالسَّمَاءَ رَفَعَهَا وَوَضَعَ الْمِیزَانَ ﴿٧﴾ أَلا تَطْغَوْا فِی الْمِیزَانِ ﴿٨﴾ وَأَقِیمُوا الْوَزْنَ بِالْقِسْطِ وَلا تُخْسِرُوا الْمِیزَانَ ﴿٩﴾

<< we alla tagala asmany dikeldip her bir emri ölçemek ugurda terezi karar berdi// olçemek we mizan etmekde belli çäkden geçmez ýaly// we agramy adalat esasynda dikeldiň we tereziden kem goýmaň.>>

Geçen aýatlaryň dowamynda bu aýat uly we ägird kähkeşanlaryň ýaradylmagyna yşara edýär bu kähkeşanlar milýardlarça ýyldyzy we şarlary öz içine alýar we allatagala olar üçin ýürite orbýtlary belli edip şeýle permaýyş edýär : bu azamatly asmany dikelden hudaý , şerigatyň düzgini üçin hem belli ölçegi goýandyr we siz hem şol esasynda hak we adly tanapda batyldan gaçmalydyrsyňyz. maly we yktysady işlerde şeýlede biri we ilin hukuklar ýerliklerde hak we batyly ölçäpde beýlekileriň hakyny kem köstsüz ýerine ýetirmeklik zerurdyrýene bir ybaratda siziň beýlekiler bilen bolan aragatnaşyklarňyz elmydama adyl we ensap esasynda bolmalydyr.

Bu aýatlaryň öwredýän sapaklary :

1- ýaradylmyş älemi bellije ölçek esasynda dykkat ýüzünden dikeldilendir we ýönekeý ýerden düzülen däldir .

2- ýaradylmyş älemy myzan esasynda bolşy ýaly wähi we şerigatyň inmegi hem ynsanlaryň öz işlerinde wähi we akyl esasynda çykyş edipde hak we adalaty göz öňüne almaklary üçindir.

  •