bölüm 991, süre Ärrahman, aýat 46-61
bölüm 991, süre Ärrahman, aýat 46-61
برنامه تفسیر نور (الرحمن5)
991
Ärrahman süresi, 46, 47, 48, 49, 50, 51, 52 we 53-nji aýatlar:
وَلِمَنْ خَافَ مَقَامَ رَبِّهِ جَنَّتَانِ ﴿٤٦﴾ فَبِأَیِّ آلاءِ رَبِّکُمَا تُکَذِّبَانِ ﴿٤٧﴾ ذَوَاتَا أَفْنَانٍ ﴿٤٨﴾ فَبِأَیِّ آلاءِ رَبِّکُمَا تُکَذِّبَانِ ﴿٤٩﴾ فِیهِمَا عَیْنَانِ تَجْرِیَانِ ﴿٥٠﴾ فَبِأَیِّ آلاءِ رَبِّکُمَا تُکَذِّبَانِ ﴿٥١﴾ فِیهِمَا مِنْ کُلِّ فَاکِهَةٍ زَوْجَانِ ﴿٥٢﴾ فَبِأَیِّ آلاءِ رَبِّکُمَا تُکَذِّبَانِ ﴿٥٣﴾
<< we perwerdigäriniň ornundan gorkýan kişi üçin iki jennet bagy bardyr.// onda perwerdigäriňiziň haýsy nygmatlaryny inkär edýärsiňiz?// bu iki bagyň gür we terje agaçlary bardyr.// onda perwerdigäriňiziň haýsy nygmatlaryny inkär edýärsiňiz ?// Ol iki bagda iki akyp duran çeşme bardyr.// onda perwerdigäriňiziň haýsy nygmatlaryny inkär edýärsiňiz?// ol iki bagda iki hilde bolan miwelar taýýardyr.// onda perwerdigäriňiziň haýsy nygmatlaryny inkär edýärsiňiz?>>
Geçen gepleşikde müjrümleriň we günäkärleriň kyýamatda jezalandyrjakdyklaryndan gürrüň boldy indi bu aýatlar behişt ähliniň padaşlaryna yşara edip behiştde bar bolan kä bir taýsyz nygmatlary sanap geçýär. Emma ozalky aýatlara karamazdan bu aýatlar allaga bolan imanyň netijesine dimek alladan gorkmaklyga yşarat edip bu behişt dogrudan-da dünýäniň perwerdigäriniň permanyndan boýun gaçyrmakdan gaça durýanlara hasdyr diýip ýatlaýar öz bilşiňiz ýaly gurhanyň aýatlarynyň aglabasy behişte girmegiň esasy şerti iman we salyhy amaldyr diýip nygtaýandyrlar emma bu aýatlar aýdyşymyz ýaly allaga bolan imanyň netijesinde ýada şol hudaýdan howp etmeklige yşarat edýär.
Aytmak ýerli ilatyň käleri dowzahdan gorkyp allany ybadat edýärler we käleri hem behiştiň umydyna emma hakyky möminler hudaýy diňe hudaý bolan dygy sebäpli etagat edip onuň permanyndan boýun gaçyrmakdan gorykýandyrlar. elbetde bu gorky allanyň orun-mertebesinden gorkmaklykdyr onuň hakykatyndan we zatyndan gorykmaklyk däldir sebäbi perwerdigäriň mukatdes barlygy gorkmagyň maýasy däldir emma ynsan şeýle bir perwerdigäriň azamatly we çäk siz zatyna oýlananda gorky ýagdaýy onda ýüze çykýandyr.
Alladan gorkýan ynsanlar, perwerdigäri öz işlerine häzir we näzir bilenseňler we olaryň bütin işlerine perwerdigäriň şaýat bolup durandygyna imanly bolansaňlar öz erbet işlerinden gorkýandyrlar. göýä bir perzendiň öz atasynyň onuň teleke işe baş goşup durandygyna şaýat bolmagyndan gorkşy ýaly. Her halda alladan gorkmaklykyň özi jorum we günä işleriň öňüni almakda täsirli zatdyr. Allanyň öwliýalarynyň hudaý tagaladan haýa etmekleri olaryň köp ýaramaz işlerden gaça durmaklaryna sebäp bolýar hatda şol işler günä hesiplenýän bolmasalar-da.
Şeýle bir orna ýeten ynsanyň alla tagalanyň paý-padaşyndan paýly boljakdygy tebigi zatdyr we alla tagala onuň asudalygy üçin diňe bir bagy dälde isem joşgyn çeşmeler onda rowana bolan miwely iki bagy hem taýýar etjekdir.
bu aýatlaryň öwredýän sapaklary şulardan ybarat:
1- perwerdigär, bendelere bolan rahmetiniň çeşmesi we onuň mukatdes durky, gorkmagyň maýasy däldir emma mömin kişileriň alla tagalanyň ne-çende uly azamatly orun-mertebä eýedigine şaýat bolanlarynda olar öz çykyşlaryna we amallaryna esewan bolup günä etmekden gorkyp gaça durýandyrlar.
2- behiştde bolan nygmatlaryň düregeiligi şeýle bir çäksizdir welin elmydama behiştilere hezilli bolup olary ynjydyp ýadatjak däldir.
Ärrahman süresi, 54, 55, 56, 57, 58, 59, 60 we 61-nji aýatlar:
مُتَّکِئِینَ عَلَى فُرُشٍ بَطَائِنُهَا مِنْ إِسْتَبْرَقٍ وَجَنَى الْجَنَّتَیْنِ دَانٍ ﴿٥٤﴾ فَبِأَیِّ آلاءِ رَبِّکُمَا تُکَذِّبَانِ ﴿٥٥﴾ فِیهِنَّ قَاصِرَاتُ الطَّرْفِ لَمْ یَطْمِثْهُنَّ إِنْسٌ قَبْلَهُمْ وَلا جَانٌّ ﴿٥٦﴾ فَبِأَیِّ آلاءِ رَبِّکُمَا تُکَذِّبَانِ ﴿٥٧﴾ کَأَنَّهُنَّ الْیَاقُوتُ وَالْمَرْجَانُ ﴿٥٨﴾ فَبِأَیِّ آلاءِ رَبِّکُمَا تُکَذِّبَانِ ﴿٥٩﴾ هَلْ جَزَاءُ الإحْسَانِ إِلا الإحْسَانُ ﴿٦٠﴾ فَبِأَیِّ آلاءِ رَبِّکُمَا تُکَذِّبَانِ ﴿٦١﴾
<<behiştiler, içgi parçalaryň jynslary ýüpekden bolan düşeklere ýaplanýandyrlar we ol iki bagyň miweleri hem olaryň el ýeterindedir.// onda perwerdigäriňiziň haýsy nygmatyny inkär edýärsiňiz?// ol behiştde kesekileriň gözlerinden penhan bolan başdaşlar bardyr we ondan ozal hiç bir ynsanyň we jynyň eli olara ýeten däldir.// onda perwerdigäriňiziň haýsy nygmatlaryny inkär edýärsiňiz?// olar merjen we ýagut ýalydyrlar.// onda perwerdigäriňiziň haýsy nygmatlaryny inkär edýärsiňiz?// ýagşylygyň paý-padaşy, ýagşylykdan başgamydyr?// onda perwerdigäriňiziň haýsy nygmatlaryny inkär edýärsiňiz?>>
Geçen aýatlar behiştiň kä bir nygmatlaryna şol sanda behişt ahli bolanlaryň gözel behişti baglarda we çeşmeleriň ýanynda bolupda durly miwelardan haýyrlanýan dyklaryna yşarat edýär. bu aýatlar behiştileriň hal-awhallaryna yşarat edip olar asuda hyýal bilen doly rahatlykda düşeklere ýaplanyp kämil amanlykda ýaşajakdyrlar diýip beýän edýär. soň şeýle diýär: möminler behiştde ýeke däldirler isem alla tagala olara ýar we hemra bolar ýaly päk we gözel başdaşlary hem taýýar edendir we şeýlelik bilen olaryň aşratlary we hoşluklary kämildir. alla tagala behişti başdaşlary wasyp edende şeýle diýar "olar diňe öz başdaşlaryna karaýandyrlar we beýlekilere göz tikmekden saklanýandyrlar, bu zenanlar ondan ozal hiç bir kimse bilen bolan däldirler we diňe öz başdaşlaryna söýgi bildirýändirler". elbet mümkin bu aýatlar dünýedäki mömin zenanlaryň ýüriteliklerine yşarat edýän bolsun .
Bu aýatlaryň soňy hem bir esasy asla yşarat edip hiç bir zat allanyň ýanynda unudyljakdyr we alla tagala ýagşy ynsanlara oňat paý-padaşy haslajakdyr diýip nygtaýar.
Bu aýatlaryň öwredýän sapaklar şulardan ybarat:
1- dünýedäki haram hezilliklerden göz ýumýan adamlar üçin alla tagala ahyrerde we behiştde iň ýagşy lezzetleri taýýar etjekdir.
2- päklik, gözellik we terlik behişti başdaşlaryň ýöriteligidir we şeýle bir hasiýetden paýly bolan zenanlar dünýede hem öz öýlerini behişte dönderip biljekdirler .
3- alla tagaladan öwrenip bize haýyr we ehsan edenlere haýrymyzy ýetirmelidiris we hiç haçan beýlekileriň ýagşylyklaryny onutmaly däldiris.
///////////////