May 04, 2025 09:56 Asia/Ashgabat
  • bölüm 992, süre Ärrahman, aýat 62-78

bölüm 992, süre Ärrahman, aýat 62-78

برنامه تفسیر نور (الرحمن6)

992

Ärrahman süresi, 62, 63, 64, 65, 66, 67, 68 we 69-njy aýatlar :

وَمِنْ دُونِهِمَا جَنَّتَانِ ﴿٦٢﴾ فَبِأَیِّ آلاءِ رَبِّکُمَا تُکَذِّبَانِ ﴿٦٣﴾ مُدْهَامَّتَانِ ﴿٦٤﴾ فَبِأَیِّ آلاءِ رَبِّکُمَا تُکَذِّبَانِ ﴿٦٥﴾ فِیهِمَا عَیْنَانِ نَضَّاخَتَانِ ﴿٦٦﴾ فَبِأَیِّ آلاءِ رَبِّکُمَا تُکَذِّبَانِ ﴿٦٧﴾ فِیهِمَا فَاکِهَةٌ وَنَخْلٌ وَرُمَّانٌ ﴿٦٨﴾ فَبِأَیِّ آلاءِ رَبِّکُمَا تُکَذِّبَانِ ﴿٦٩﴾

<< we ol iki bagdan etekräkde ýene iki bag bardyr.// onda perwerdigäriňiziň haýsy nygmatlaryny inkär edýärsiňiz?// ol iki bag şeile bir al- ýaşyldyr welin ereňki gara meňzeşdir.// onda perwerdigäriňiziň haýsy nygmatlaryny inkär edýärsiňiz?// ol iki bagda iki sany joşup duran çeşme bardyr.// onda perwerdigäriňiziň haýsy nygmatlaryny inkär edýärsiňiz?// ol iki bagda köp miweler, hurma we nar agajy bardyr.// onda perwerdigäriňiziň haýsy nygmatlaryny inkär edýärsiňiz?>>

Geçen gepleşikde alla tagalanyň kyýamatda päk we perhizkär bendelerine göz öňüne alan padaşlaryndan gürrüň boldy. bu aýatlar hem alla tagalanyň öwliýalarynyň behiştinden aşakrakda bolan we ýagşy möminler indi jyn hilinden bolsyn ýada ynsanlara haslanýan beileki behiştlere yşarat edýär . bu aýatlar behişti baglary wasyp edende olaryň iki ýüriteligine yşara edýär: bu baglar diseň gözel we al ýaşyl we horramdyrlar bu baglarda sular bol mykdarda we çeşmelerdir şarlawuklar görnüşünde ýeriň astyndan ýada daglardan joşup çykyp agaçlaryň arasynda rowandyrlar. Aýry bir tarapdan bu baglar öz bol önümlerini we miwelerini behiştileriň erkinde goýýarlar elbet miweleriň arasyndan köp ähmiýetden paýly bolan hurma we nar miwelere yşarat bolandyr.

Şu dünýede hem bu iki miwe köp imit we dermanlyk hasiýetden paýlydyr . şeilede bu mesele behiştiň iki pasyldan paýly dygyny nygtaýandyr sebäbi hurma gyzgyn sebitlerde we nar ham mylaýymrak bölgelerde ekleýändir bu miweler şu dünýede şeile bir köp hasiýete eýe bolsalar onda ahyratda nähili bolarkan?

Bu aýatlaryň öwredýän sapaklary şulardan ybarat:

1- behişti miweler elmydama al ýaşyl we horramdyrlar .

2- tebigi gözellikler şol sanda al ýaşyl jeňgeller , şarlawuklar we suly çeşmeler ýenede durly reňgli miwelerden paýly bolan agaçlar behiştdäki nygmatlaryň bir bolumydyr .

3- dünýede ylahy nygmatlary ýalana çykaryp kufran etmek , ynsany , ahyratdaky ylahy nygmatlardan mahrum etjekdir.

Ärrahman süresi, 70, 71, 72, 73, 74, 75, 76, 77 we 78-nji aýatlar:

فِیهِنَّ خَیْرَاتٌ حِسَانٌ ﴿٧٠﴾ فَبِأَیِّ آلاءِ رَبِّکُمَا تُکَذِّبَانِ ﴿٧١﴾ حُورٌ مَقْصُورَاتٌ فِی الْخِیَامِ ﴿٧٢﴾ فَبِأَیِّ آلاءِ رَبِّکُمَا تُکَذِّبَانِ ﴿٧٣﴾ لَمْ یَطْمِثْهُنَّ إِنْسٌ قَبْلَهُمْ وَلا جَانٌّ ﴿٧٤﴾ فَبِأَیِّ آلاءِ رَبِّکُمَا تُکَذِّبَانِ ﴿٧٥﴾ مُتَّکِئِینَ عَلَى رَفْرَفٍ خُضْرٍ وَعَبْقَرِیٍّ حِسَانٍ ﴿٧٦﴾ فَبِأَیِّ آلاءِ رَبِّکُمَا تُکَذِّبَانِ ﴿٧٧﴾ تَبَارَکَ اسْمُ رَبِّکَ ذِی الْجَلالِ وَالإکْرَامِ ﴿٧٨﴾

<< ol baglarda gözel ýüzlei ýagşy gylykly başdaşlar bardyr.// onda perwerdigäriňiziň haýsy nygmatlaryny inkär edýärsiňiz?// bu hüýrler gözel we azamatly jaýlarda örtgileriň aňyrysynda ýaşaýandyrlar.// Onda perwerdigäriňiziň haýsy nygmatlaryny inkär edýärsiňiz?// Behiştilerden öňürti hiç bir ynsan ýada jyn olara el degiren däldir.// onda perwerdigäriňiziň haýsy nygmatlaryny inkär edýärsiňiz?// Olar bir hili ýaşyl parçalar bilen bezelen düşeklere paýlanandyrlar we şol mekan taýy az bolan halylar bilen bezelendir// onda perwerdigäriňiziň haýsy bir nygmatlaryny inkär edýärsiňiz?// mübärek bolsun perwerdigäriň ady, ol azamatly we hormatlydyr.>>

Ärrahman süresiniň soňky bolumny ybaratlaýan bu aýatlar geçen aýatlaryň dowamunda alla tagalanyň behiştdäki beýileki nygmatlaryna yşara edýär dünýedäki ylahy nygmatlaryň biri başdaşdyr we perwerdigär başdaşy ynsany ruhy taýdan aramlyga ýetirip onuň öz jynsy tarapyndan halal we dogry ýolda peýdalanmagy üçin kara berendir, emma dünýede köp adamlar bu gaýnamyn gerekliklerini haram ýollardan üpjün edip gyşarnyga duş bolýarlar we käler hem şu ugurda gaty gidip hatda başdaş saýlap baş çatyşmagy hem ýaramaz iş hesipleýärler olar bu halal işi terk etmek bilen ýene bir hili gyşarnyga duş bolýarlar.

Bu aýatlar, päk we ýagşy şeýlede gözel başdaşlardan paýly bolmaklygy behişti padaşlaryň ýene birisi hesipleýär we olar hem azamatly , haýbatly we giň emaratlarda mesken tutup ýaşaýandyrlar. bu başdaşlar hem behiştde bolanlaryň öz hillerinden we ynsandyr jynyň galybynda bolan perişteleriň hilindendirler. olar ýagşy we şyryn sözleri we çykyşlary bilen behişt ähline ýar we hemra bolýandyrlar. bu gözel keşipli zenanlaryň ýüritelikleriniň ýene biri hem olaryň şol zamandan öňürti hiç bir kimse bilen ara-baglanşykda bolmandyklarydyr. olar diňe başdaşlaryna hasdyrlar we beilekileriň gözleriniň alynda däldirler.

Ärrahman süresiniň deslapky bölümi dünýedäki nygmatlary we ikinji bölümi hem ahyrerdäki ntgmatlary sanap beýan edýär. bu süräniň aýatlary yz-giderli ynsanlara we jynlara ýüzlenip perwerdigäriňiziň haýsy nygmatlaryny inkär edýärsiňiz we näme üçin şeýle bir nygmatlar şükür etmekden saklanýarsyňyz we şu ugurda özüňizi jogapkär bilmeýärsiňiz diýip sorag berýär.

Şeksiz bu nygmatlaryň hemmesi rahmet we bereketiň göz başy bolan allanyň tarapyndan inendirler. bu hudaýy azamatly we uly bolmagyň ýany bilen öz bendelerini hem hormatlaýandyr.

Bu aýatlaryň öwredýän sapaklary şulardan ybarat:

1- ynsanyň tebigi gereklikleri kyýamatda hem onuň dünýedäki gerekliklerine meňzeşdir, emma behiştde onuň şeýle bir gereklikleri iň ýokary derejede üpjün boljakdyr .

2- behiştdäki başdaşlar hemä keşip taýdan görkli bolup hemde çykyş we ahlak taýdan ýagşy gylykly we päkdirler we olaryň geýenýän we haýyrlanýan eşikleri hem olary beilekileriň gözlerinden goraýandyr.

3- jahanyň perwerdigäri haýbatly we azamatly bolsada şol halda keramatyň, rahmetiň we geçirimliligiň gözbaşydyr.

 

//////////////