May 04, 2025 10:25 Asia/Ashgabat
  • bölüm 993, süre wakaýa, aýat 1-19

bölüm 993, süre wakaýa, aýat 1-19

برنامه تفسیر نور (واقعه1)

993

Wakaýa süresi

Geçen gepleşikde ärrahman süresiniň soňuna ýetmegi bilen bu günki gepleşikde gurhan kerimiň wakaýa süresiniň ilkinji aýatlary bilen hezmatyňyzda bolmagçy bu sürä mekkede nazyl bolup kýamatyň hökmany ýüze çykmagy baradadyr bu sürede deslap kýamatyň gopan zamanynda ýüze çykjak hadisalara yşara etýär soň hem ynsanlaryň öz amallary boýunça topar topar bölünjekdiklerine yşara etýär . aýatlaryň dowamynda hem alla tagalanyň ynsany we jahany ýaratmakdaky gudraty beýan etýär.

Wakaýa süresi, 1, 2, 3, 4, 5 we 6-njy aýarlar:

إِذَا وَقَعَتِ الْوَاقِعَةُ ﴿١﴾ لَیْسَ لِوَقْعَتِهَا کَاذِبَةٌ ﴿٢﴾ خَافِضَةٌ رَافِعَةٌ ﴿٣﴾ إِذَا رُجَّتِ الأرْضُ رَجًّا ﴿٤﴾ وَبُسَّتِ الْجِبَالُ بَسًّا ﴿٥﴾ فَکَانَتْ هَبَاءً مُنْبَثًّا ﴿٦﴾

Wakaýa (dimek uly kýamatyň ýüze çykjak mahaly )// onuň ýüze çykjakdygynda ýalan ýokdyr// we hiç kimse ony ýalan hesiplemeli däldir.// ol waka kapyrlary pese düşürip möminleri belende göterjekdir.// Şol mahalda ýer güýçli suratda sarsjakdyr// we daglar güýçli görnüşde çaşyp dargajakdyrlar, soň çaň ýaly pytrap gitjekdirler.>>

Köp adamlar durly niýetler bilen kýamaty inkär edip mayad aslyny kabul etmekden saklanýarlar . hata kä adamlar başlangyjyň bardygyny kabul etýän bolsalarda emma mayady bolmajak iş bilip ony inkär etýärler . bu aýatlar şeýle permaýyş etýär : kýamatyň ýüze çykmagynyň nyşanlaryny göreňizde ony inkär etjek däl syňyz welin şol ýagdaýda bu mesele size peýdaly boljak däldir . sebäbi şol zamanda ynsanlaryň amal düsiýeleri baglanyp her kimiň orny onuň ýagşy we telek işleri bilen belli biljakdyr. Ýagşy ynsanlar eziz bolup belend orunly boljakdyrlar we ylahy behişte tarap ýokary gitjekdirler emma telek ynsanlar har we zelil bolup duzah odyna atyljakdyrlar. Aýatlaryň dowamy , dünýäň soňna çenli ýetýän zamanny we kýamatyň başlanýan mahalyny wasyp edip şeýle permaýyş etýär : uly sarsgyn ýer şaryny gurşajakdyr we şol ýer tetremede agyr we gaty daglar çaşyp çaň ýaly hawada pytraň bolup dargajakdyr.

Bu aýatlaryň öwretýän sapaklary :

1- kýamatyň gpmagy we agyr ýer sarsgynlaryň ýüze çykjak dygy hökmany boljakdyr we allatagala ondanhabar berendir ony inkär etmek , kýamata taýýarlyklary bolmadyk kapyrlara zýanly boljakdyr.

2- kýamatyň düzgini dünýä häkim bolan düzgin bilen paryhlydyr köpler dünýede eziz bolup uly şührat , baýlyk we gudratdan paýly bolan bolsalarda emma kýamatda har we zelil bolup heläkçilige uçrajakdyrlar.

3- kýamatyň bosagasynda ýer göşli suratda sarsyp kararsyz bolup daglar hem öz ýerlerinden gopup pytraň boljakdyrlar allanyň yradasy bilen dünýä häkim bolan düzgin çaşyp zemin we asmana täze düzgin häkim boljakdyr.

Wakaýa süresi, 7, 8, 9, 10, 11, 12, 13 we 14-nji aýatlar:

وَکُنْتُمْ أَزْوَاجًا ثَلاثَةً ﴿٧﴾ فَأَصْحَابُ الْمَیْمَنَةِ مَا أَصْحَابُ الْمَیْمَنَةِ ﴿٨﴾ وَأَصْحَابُ الْمَشْأَمَةِ مَا أَصْحَابُ الْمَشْأَمَةِ ﴿٩﴾ وَالسَّابِقُونَ السَّابِقُونَ ﴿١٠﴾ أُولَئِکَ الْمُقَرَّبُونَ ﴿١١﴾ فِی جَنَّاتِ النَّعِیمِ ﴿١٢﴾ ثُلَّةٌ مِنَ الأوَّلِینَ ﴿١٣﴾ وَقَلِیلٌ مِنَ الآخِرِینَ ﴿١٤﴾

<< we şol günde siz 3 topar boljaksyňyz // ilkinji topar sagadatly bolanlardyrlar we bu topar , ne bagtyýardyrlar.// 2 nji topar bedbagytlardyrlar we olar ne bedbagytlar boljakdyrlar// .3 nji topar haýyr işlerde öňdew bolanlardyr. olar padaş almakda hem öňde boljakdyrlar.// Olar allnyň dergahyna ýakyn bolanlardyrlar.// bol nygmatly jennetlerde boljakdyrlar.// olar ozalky pygambelere iman getiren we ozalda ýaşap geçenler boljakdyrlar.// We soňky pygambere iman getirenlerden az topar boljakdyrlar.>>

Gurhan kerimiň mübärek fater süresinde yşarat bolşy ýaly bu aýatlarda hem ynsanlar kýamatda 3 bölüme bölünjekdirler. Deslapky topar , öz imanlary we ýagşy işleri sebäpli bagtyýarlyga ýeten ynsanlardyrlar we olaryň nähili sagadata eýe boljakdyklaryna çen çak ýokdyr.

2 nji topar müjremler we erbet kişilerdirler. Olar zülüm , günä köfürleri sebäpli bedbagytçylyga düş boljakdyrlar we şondan ýokaryda betbagytçylyk olara ýokdyr dimek garabagytlylygyň aňyr başyna gyryptar boljakdyrlar.

Emma 3 nji topar iman we ýagşy işlerde öňde bolup ýagşy kişleriň we dogurçy adamlaryň ölüňileri hesiplenýändirler . şol sebäpli olar allatagalanyň dergahyna ýakyn bolanlardandyrlar. Taryhyň boýunda ýaşap geçen pygamberler , ymamlar we ylahy öwlýalar bu topurdandyrlar. Olaryň allaga we kyýamata bolan imanlary ýokary derejededir ahlaklary söýerli bolup ensap we geçimlilik ýüzünden ilat bilen çykyş edendirler . bu ynsanlar , ybadat , batyrlyk , adalat sahawat we bütin ylahy we ynsany degerliklerde iň ýokary mertebede bolup hata olaryň şehid bolupda şeýle bir belend gorganlara ýeten bolmaklary hem mümkindir.

Iman we ýagşylykda elmydama öňde bolan ynsanlar taryhyň başlangyjyndan soňuna çenli bolup ýenede boljakdyrlar. Hata öz pygamberleriniň zamanynda iman getiren ozallarda ýaşap geçen ynsanlardan , soňky pygamberiň ummatyna çenli olaryň arasynda boljakdyr.

Bu aýatlaryň öwretýän sapaklary :

1- hakyky we müdimlik bagtýarlyk we bedbagytlyk ahyrata degişlidir. Şol zamanda adamlaryň hakyky bagytlylygy ýada garabagytdyklary belli boljakdye . hata dünýede bagtýar görünýän köp ynsanlaryň , kýamatda olaryň ejizligi we bedbagytçylyklary äşkär boljakdyr.

2- haýyr iş bir degerlikdir we haýyr işlerde öňdew bolmak ýene bir degerlik , haýyr işlerde öňdew bolýan kişler kýamatda hem beýlekilerden öňde bolup ýokary orunda ýerleşjekdirler .

3- behişt mümin ynsanlaryň bagtýar boljak mekanydyr emma behişti nygmatlardan ýokaryrakda bolan dereje dimek allaga ýakyn barmak orny behiştilere haslanjak manawy padaşlardandyr. We bu aýatlarda hem bu mesele mady nygmatlardan öň hatarda beýan edilendir.

Wakaýa süresi, 15, 16, 17, 18 we 19-njy aýatlar:

عَلَى سُرُرٍ مَوْضُونَةٍ ﴿١٥﴾ مُتَّکِئِینَ عَلَیْهَا مُتَقَابِلِینَ ﴿١٦﴾ یَطُوفُ عَلَیْهِمْ وِلْدَانٌ مُخَلَّدُونَ ﴿١٧﴾ بِأَکْوَابٍ وَأَبَارِیقَ وَکَأْسٍ مِنْ مَعِینٍ ﴿١٨﴾ لا یُصَدَّعُونَ عَنْهَا وَلا یُنْزِفُونَ ﴿١٩﴾

<< göwher we altyn-zer bilen bezelen tagtlarda// birek birege ýüz be ýüz bolup oturan mahllary ýaplanandyrlar// Olaryň daşynda elmydama ýetginjek oglanlar aýlanyp durjakdyrlar// We jamlar bilen olara ýetişiklik ediljekdir// ol içgilerden ne olaryň başlary agyrjakdyr nede mest boljakdyrlar.>>

Bu aýatlar, köp şadlyga we asudalyga eýe bolan behiştileriň ýaşaýyşlaryň kä bölümlerini wasyp edip şeýle diýär : behiştiler birek birekden daşda bolup ýaşaýan däldirler isem olar meilis gorup şadýan bolýandyrlar . bu bagtýar ynsanlar haýbatly gözel tahytlarda oturup birek birek bilen söbet etmekden hezil alýandyrlar . allatagala gözel keşipli juwanlary olara ýetişiklik etmek üçin buýrukly edendir. Bu ýaş oglanlar durly tagamlar we içgiler bilen behitileri garşy alýandyrlar we olar hiç haçan ynjyp şeýle bir nygmatlardan ýadajak däldirler we elmydama lezzetiň aňry başyndan paýly boljakdyrlar.

Bu aýatlaryň öwretýän sapaklary :

1- elmydama birek biregi lanatlaýan duzahylaryň tersine behişt ähli bolanlar , haýbatly we dabaraly tahytlaryň östünde oturyp söbetdeş bolupda birek biregiň huzuryndan hezil aljakdyrlar.

2- dünedäki imitleriň we içgileriň kä mahallarda erbet izgelimleri we ýaramaz täsirleri bolýar emma behiştde beýle däldir we ol boýdan baş lezzet we bagtýarlykdyr.

///////////