bölüm 994, süre wakaýa, aýat 20-40
bölüm 994, süre wakaýa, aýat 20-40
برنامه تفسیر نور (واقعه2)
994
Wakaýa süresi, 20, 21, 22, 23, 24, 25 we 26-njy aýatlar:
وَفَاکِهَةٍ مِمَّا یَتَخَیَّرُونَ ﴿٢٠﴾ وَلَحْمِ طَیْرٍ مِمَّا یَشْتَهُونَ ﴿٢١﴾ وَحُورٌ عِینٌ ﴿٢٢﴾ کَأَمْثَالِ اللُّؤْلُؤِ الْمَکْنُونِ ﴿٢٣﴾ جَزَاءً بِمَا کَانُوا یَعْمَلُونَ ﴿٢٤﴾ لا یَسْمَعُونَ فِیهَا لَغْوًا وَلا تَأْثِیمًا ﴿٢٥﴾ إِلا قِیلا سَلامًا سَلامًا ﴿٢٦﴾
<<we her nämeden saýlan miweleri// we her nämeden islän guşyň eti// we ak ýüzli uly we owadan gözli başdaşlar// göýä sadapdaky merwer ýaly// olaryň ýerine ýetiren işleri garşysynda bolan padaşlar// ol ýerde ne ýaramaz sözleri eşidjekdirler nede bir günäni biriniň üstüne oklamagy// olaryň eşidjek zady diňe salamdyr , salam .>>
Ozalky gepleşikde ilat kýamatda 3 topara bölünýändir diýip yşara edipdik: mukarrepler , bagtýarlar we bedbagytlar , şol gepleşikde allatagalanyňderhahyna ýakyn bolanlara dimek mukarryplara bolan kä bir ylahy lotyflara hrm yşarat boldy : bu aýatlar şol aýatlaryň dowamynda şeýle permaýyş etýär : behişt ähli bolanlara haslanan mady lezzetleriň çeni çaky ýokdyr we olar her nämäni isleseler çäk siz suratda olaryň erkinde goýuljakdyr imit ýerlikde durly mywalar we durly haýwanlaryň etleri hasda tagamly we dadly bolan guşlaryň etlari olaryň erkinde goýuljakdyr jynsy lezzetler hakda hem allatagala sadapda bolan merwerler ýaly gözel we päk bolan awadan ýüzli başdaşlary olara haslajakdyr we behiştiler şeýdip hem şol başdaşlaryň ýanynda uly bagtýarlyga we hoşlyga ýetjekdirler .
Dünýede bar bolan yşretleriň we hoşlyklaryň kä bir sypatlary olaryň ýaramaz işler we sözler bilen hemra bolmagydyr emma behiştiň dabaraly we haýbatly meýlislerinde behişt ähli bolanlar , diňä gözel sözleri we ýagşy we muhabbetli sözleri eşidip birek birege aramlyk berjekdirler .
Bu aýatlaryň öwretýän sapaklary :
- behiştde , huşhalyk we bagtýarlyk ugurda bolan bütin mümkinçilikler taýýardyr we behiştiler dünýede ýerine ýetiren ýagşy we arassa işleri boýunça behiştdäki nygmatlardan paýly boljakdyrlar.
- Gözellikden paýly bolsalarda öz päkliklerini we arassalyklaryny goryp saklaýan zenanlar we gözelliklerini na mähremlerden basyrýanlar behişti zenanlaryň sanyndan boljakdyrlar.
- Behişt , salam we sagdynlygyň saraýydyr . şol mekanda beýlekilere yza eziýet bermeklik ýokdyr we behiştiler gözel we ýagşy sözlerden başga gürrüňleri dillerine getirýän däldirler.
Wakaýa süresi, 27, 28, 29, 30, 31, 32, 33, 34, 35, 36, 37, 38, 39 we 40-nji aýatlar:
وَأَصْحَابُ الْیَمِینِ مَا أَصْحَابُ الْیَمِینِ ﴿٢٧﴾ فِی سِدْرٍ مَخْضُودٍ ﴿٢٨﴾ وَطَلْحٍ مَنْضُودٍ ﴿٢٩﴾ وَظِلٍّ مَمْدُودٍ ﴿٣٠﴾ وَمَاءٍ مَسْکُوبٍ ﴿٣١﴾ وَفَاکِهَةٍ کَثِیرَةٍ ﴿٣٢﴾ لا مَقْطُوعَةٍ وَلا مَمْنُوعَةٍ ﴿٣٣﴾ وَفُرُشٍ مَرْفُوعَةٍ ﴿٣٤﴾ إِنَّا أَنْشَأْنَاهُنَّ إِنْشَاءً ﴿٣٥﴾ فَجَعَلْنَاهُنَّ أَبْکَارًا ﴿٣٦﴾ عُرُبًا أَتْرَابًا ﴿٣٧﴾ لأصْحَابِ الْیَمِینِ ﴿٣٨﴾ ثُلَّةٌ مِنَ الأوَّلِینَ ﴿٣٩﴾ وَثُلَّةٌ مِنَ الآخِرِینَ ﴿٤٠﴾
<< amal namalary olaryň sag ellerine berilýän sagadat ähli bolanlar nede bagtýar kişlerdir.// tikensiz Sedir agaçlaryň astynda// we miweleri üsti üstüne hoşa hoşa edilip goýlan agaçlary// ýaýraň we mudymlyk kölügelerde// we şarlawuklardan akýan suwlar// we bol miweler// olar ne gutarýandyrlar we nede bir kimse olary şolardan haýyrlanmagyň öňüni alýandyr// we ýokary derejede bolan başdaşlar// we biz olary ýörite hilde ýaradandyrys// olary bäkere karar berendiris// olar öz ýaşlarynda bolan başdaşlaryny söýjekdirler// bagtýar kişler üçin// olaryň bir topary ozalkylardan boljakdyrlar// we bir topary hem soňky pygamberiň ymmatyndan boljakdyrlar.>>
Behiştde iň ýokary orna eýe bolan mukarreblerden soň ýämin äshaby ýerleşjekdirler . gurhan aýatlarynyň esasy boýunça olaryň amal perwendeleri sag ellerine beriljekdir we ol hem olaryň kýamatda sagadatly bolup ýaşajak dyklarynyň nyşanydyr . bu topar hem şol wagytda durly behişti lezzetlerden orun derejelerine gürä paýly boljakdyrlar . durly ösümlikler we agaçlar bardyr welin ýämin äshaby olaryň hema kölegelerinden hemde hiç hili tikenleri bolmadyk mywalaryndan haýyrlanjakdyrlar. Şeýle bir gür we al ýaşyl jeňgelleriň ýanynda şarlawuklar we çeşmeler hem bardyr welin ol baglaryň terligine gözellik goşýandyrlar.
Kýamatda dünýede bar bolan içeri maşgaladaky düzginler aradan aýrylýandyr . zenanlaryň we başdaşlaryň şeýlede ene atalaryň öz perzendleri bilen bolan arabaglanşyklary bozulyp ýok bolýandyr . we adamlar şeýle bir baglanşyklardan daş bolup kýamatda häzir bolýandyrlar. Şol sebäpli alla tagala behiştde kemal we gözüllik taýdan uwjda bolan başdaşlary ýaradyp olary behişt ähliniň erkinde goýjakdyr we behiştileriň ýar we başdaşa bolan gerekliklerini upjyn etjekdir.
Bu aýatlaryň öwretýän sapaklary :
1- tebigi suratda dünýede bolan nygmatlaryň kä bir äpetleri we ýedneçilikleri bardyr emma behişti nygmatlarda nuksanlyk ýokdyr . behiştde bütin nygmatlar çen çaksyz we müdimlik suratda behiştileriň erkinde goýulýandyr.
2- başdaşlaryň dünýedäki aragatnaşyklary kä mahallarda kä bir kynçylyklara gabat gelýändir we hata kä mahallarda olaryň işleriniň talaga çekmegi hem mümkindir . emma behiştde başdaşlar bütin taraplardan birek birek bilen deň we sazlaşykdadyrlar . olar birek birege mähir muhabbet edip yşyk çaýýarlar we hiç mahal olaryň arasynda kynçylyk we agyzalalyk ýüze çykýan däldir.
3- sagadata elgermeklik dige gadym eýýamlarda pygamberleri we ymamlary görüp olara eýerýänlere has däldir . isem taryhyň bütin tabgyrlarynda ynsanlaryň sagadata elgermek ýollary açykdyr we geljekde hem şeýle boljakdyr.