bölüm 995, süre wakaýa, aýat 41-56
bölüm 995, süre wakaýa, aýat 41-56
برنامه تفسیر نور (واقعه3)
Wakaýa süresi, 41, 42, 43, 44, 45 we 46-njy aýatlar:
وَأَصْحَابُ الشِّمَالِ مَا أَصْحَابُ الشِّمَالِ ﴿٤١﴾ فِی سَمُومٍ وَحَمِیمٍ ﴿٤٢﴾ وَظِلٍّ مِنْ یَحْمُومٍ ﴿٤٣﴾ لا بَارِدٍ وَلا کَرِیمٍ ﴿٤٤﴾ إِنَّهُمْ کَانُوا قَبْلَ ذَلِکَ مُتْرَفِینَ ﴿٤٥﴾ وَکَانُوا یُصِرُّونَ عَلَى الْحِنْثِ الْعَظِیمِ ﴿٤٦﴾
<< we solyň ýaranlary dimek kärnamalary sol ellerine berilen kişiler ne gara bagytlydyrlar.// Yssy ýel we gyzgyn suwyň arasynda//gam- gara tüssäniň astynda// ne selgindir we nede bäfidli// olar mundan öňürti naz- nygmatda bolup hoşlukda ýaşap serkeş bolandyrlar// we elmydama uly günälere aýak dirändirler.>>
Geçen gepleşiklerde aýdyşymyz ýaly wakaýa süresiniň aýatlarynyň esasyna gürä ilat kýamatda 3 topura bölünýärler . 2 topur behişt ähli bolan mukarryplar we bagtýarlardyrlar bu toparlary geçen gepleşikde size tanydypdyk. Bu gepleşikde ýaňky aýatlar 3nji topura yşara edip şeýle permaýyş etýär: amal dusýalary olaryň sol ellerine berilýän kişiler , duzah ählidirler we ynsanyň duzahy bolmagyndan ulyrak musybat ýukdyr.
Behiştiler suwly şarlawuklar we çeşmeleriň şeýlede gözel we belend agaçlaryň saýasynda ýakymly howadan lezzet alýan bolsalar duzahylar , goýy tüsse we oda gyryptar bolup kynçylykda bolýandyrlar olara susanlarynda gyzgyn sudan başga zat ýokdyr we bu gyzgyn suw hem olaryň susyzlyklaryny köpültjekdir. Aýatlaryň dowamy olaryň nähili bolup duzahy bolandyklaryna yşarat etýär we şeýle dýar: olar dünýede şeýle bir baýlyklaryna we orun mukamlaryna menliklenip mes bolandyrlar welin pygamberleriň we asmanlyk kitaplaryň sözlerini eşiden däldirler . şol sebäpli hem telek we ýaramaz işleri gözel oý edip uly günälere baş goşup öz erbed işlerine aýak dirändirler.
Bu aýatlaryň öwreýän sapaklary:
1- ynsanyň alla we kýamatdan gapyl bolmagyna sebäp bolýan çen çaksyz asudalyklar we hoşluklar adama erbed ýazgydy yzyna tirkejekdir we onuň heläkçilige uçramagyna sebäp boljakdyr.
2- günä işlere baş goşmak ynsany duzahy edmeýär sebäbi toba etmek çiligi bardyr emma şol günä işleri dowam bermeklige ykjam bolup aýak diremaklik ynsany gyflata duçar edip ony heläk çilige uçratjakdyr.
3- ýaşaýyşda menlikli bolup pahyrlanmak , günä işlere ýerlik döretýär we bu ýoly dowam etmek ynsana howplydyr.
Wakaýa süresi, 47,48, 49 we 50-nji aýatlar:
وَکَانُوا یَقُولُونَ أَئِذَا مِتْنَا وَکُنَّا تُرَابًا وَعِظَامًا أَئِنَّا لَمَبْعُوثُونَ ﴿٤٧﴾ أَوَآبَاؤُنَا الأوَّلُونَ ﴿٤٨﴾ قُلْ إِنَّ الأوَّلِینَ وَالآخِرِینَ ﴿٤٩﴾ لَمَجْمُوعُونَ إِلَى مِیقَاتِ یَوْمٍ مَعْلُومٍ ﴿٥٠﴾
<< we izgiderli şeýle diýärdiler : biz ölüpde süňklerimiz çüýrän soň ýene direljekmi?// we bizden ozalkylar hem direljeklermi?// Aýt: dogrudan-da ozalkylar we geljekdäkiler// hökman belli bir günde we belli bir mekanda öýşürüljekdirler.>>
Bu topuryň duzahy bolmaklarynyň sebäpleriniň biri şudyr welin olar ylahy pygamberleriň kýamat hakdaky sözlerini masharalaýardylar we şeýle diýardiler : nähili bolup olaryň jesedlerinden hiç bir zat galmadyk biziň atababalarymyz ýenede direljek kalar ? olaryň etleri , süňkleri we derileri , gum bolup çaşandyrlar we olardan hiç bir zat galan däldir .
Gurhan kerim olaryň jogabynda şeýle diýär:
Allatagalanyň gudratyna şeýle bir iş aňsatdir we bu ylahy wada hökman durmuşa geşjekdir . ynsanlar , hezret adam (a)ň zamanyndan , ýer şaryna aýak goýan soňky adama çenli , hemmeleri belli zamanda we mekanda häzir bolup öz jezalaryna we paý padaşlaryna ýetjekdirler.
Bu aýatlaryň öwretýän sapaklary :
1- mayady inkär etýän kapyrlaryň kýamatyň ýok bolmagy hakdaky peýkerlerine hiç hili mäkäm we rüşen delilleri ýokdyr we olar diňä bu işi bolmajak iş hesipleýändirler .
2- käler özleriniň hudaý we kýamat hakdaky şek şüphelerini köpçilikde ýaýradyp özgeleri hem gyşarnyga çekmek ugurda talaş etýärler we bu mesele diseň hawuplydyr . elbet müminler şeýle bir şüphelere jogap bermeklige jogapkärdirler .
3- kýamatda belli zamanda hemme ynsanlar häzir boljakdyrlar.
Wakaýa süresi, 51, 52, 53, 54, 55 we 56-njy aýatlar:
ثُمَّ إِنَّکُمْ أَیُّهَا الضَّالُّونَ الْمُکَذِّبُونَ ﴿٥١﴾ لآکِلُونَ مِنْ شَجَرٍ مِنْ زَقُّومٍ ﴿٥٢﴾ فَمَالِئُونَ مِنْهَا الْبُطُونَ ﴿٥٣﴾ فَشَارِبُونَ عَلَیْهِ مِنَ الْحَمِیمِ ﴿٥٤﴾ فَشَارِبُونَ شُرْبَ الْهِیمِ ﴿٥٥﴾ هَذَا نُزُلُهُمْ یَوْمَ الدِّینِ ﴿٥٦﴾
<< soň siz eý inkär etýän gumralar// şeksiz zakgum agajyndan ijeksiňiz// we garynlaryňyzy ondan doldurjakdyrsyňyz// we onuň üstünde gaýnap duran suwdan içmelidirsiňiz// soň suwsap täbsirän düýeler ýaly içjeksiňiz// bu bolsa olardan kyýamat gün ediljek ilkinji gonakdarlykdyr.>>
Geçen aýatlarda günäkärleriň duzahdaky mekanlaryna yşarat boldy indi bu aýatlar olaryň iýip işjek zatlaryna yşarat edip şeýle diýär : behiştiler durly tagamly mywalardan iýip peýdalanýandyrlar emma olaryň tersine duzah ähli bolanlar , ajy we ýokymsyz isi bolan agaçlaryň mywalaryndan iýipde garynlaryny doldyrýandyrlar . emma bu imitler olara dert we kynçylykdan başgany yzyna tirkejek däldir . olar garynlaryny duzahy imitlerden doldyran zamanlarynda, susap teşne boljakdyrlar we göýä täbsiräp duran düýeler ýaly gaýnap duran suwdan içipde öz içlerini ýakjakdyrlar emma olaryň susyzlygy aýryljak dälde isem köpüljekdir . elbet şeýle bir elhenç azap , haka düşünipde gümrä bolup azan adamlar üçindir olar duşmançylyk we jedelkeşlik sebäpli haky kabul etmekden saklanyň hata şek şüphe döredip özgeleriň hem gümrä bolmaklaryna sebäp bolýandyrlar.
Bu aýatlaryň öwretýän sapaklary:
1- köp ynsanlar bardyr welin gümrä bolan bolsalar hem soňda hidaýat ýoluny tapýandyrlar . emma her bir zatdan hawuply bolan mesele şudyr welin gümrälik ýalan saýyp alla tagala bilen duşmançylyk etmeklik ýüzünden bolsyn.
2- şeksiz allatagala adyldyr we hergiz hiç bir kimsä sütem etýän däldir hakykatda duzahylara ýetýän azap olaryň öz ýaramaz işleriniň netijesidir.