bölüm 996, süre wakaýa, aýat 57-74
bölüm 996, süre wakaýa, aýat 57-74
برنامه تفسیر نور (واقعه4)
Wakaýa süresi, 57, 58, 59, 60, 61 we 62-nji aýatlar:
نَحْنُ خَلَقْنَاکُمْ فَلَوْلا تُصَدِّقُونَ ﴿٥٧﴾ أَفَرَأَیْتُمْ مَا تُمْنُونَ ﴿٥٨﴾ أَأَنْتُمْ تَخْلُقُونَهُ أَمْ نَحْنُ الْخَالِقُونَ ﴿٥٩﴾ نَحْنُ قَدَّرْنَا بَیْنَکُمُ الْمَوْتَ وَمَا نَحْنُ بِمَسْبُوقِینَ ﴿٦٠﴾ عَلَى أَنْ نُبَدِّلَ أَمْثَالَکُمْ وَنُنْشِئَکُمْ فِی مَا لا تَعْلَمُونَ ﴿٦١﴾ وَلَقَدْ عَلِمْتُمُ النَّشْأَةَ الأولَى فَلَوْلا تَذَکَّرُونَ ﴿٦٢﴾
<<biz sizi (ýokdan) ýaratdyk , onda näme üçin tasdyk etmeýärsiňiz?// siz nutfa suratynda dökýän zadyňyzy gördiňizmi?// Siz ony ynsan suratynda ýaratýarsyňyzmy? Ýada ony ýaratýan bizmi?// Biz siziň araňyzda ölümi mukaddar etdik we hergiz hiç bir kimse gudratda bizden öňteläp başaran däldir// Tä siz ýaly närseleri siziň ýeriňize karar berdik we sizi bilmeýän dünýäňizde ýüze çykardyk// siz deslapky ýaradylşy bildiňizmi? Onda näme üçin ýaňadandan boljak ýaradylşa hakda oýlanmaýarsyňyz?>>
Geçen aýatlarda kýamaty tekzip etýänlerden gurruň boldy , bu aýatlar , mayadyň ýüze çykmagynyň delillerine yşara edip şeýle permaýyş etýär : megerde sizi öz ýaradylmyşňyzda allanyň gudratyny görmediňizmi ? onda nähili ýaňadan halk edilmäňiz hakynda şekli bolup ony bolmajak iş hesipleýärsiňiü?
Özüňizden başga perzendlerňiz hakynda näme diýärsiňiz ? olary ýaradan sizmy?siz diňä bir nutfany gewräň içinde goýýarsyňyz we 9 aýyň gidişinde şol nutfaň nähili özgürişlere gabat gelýän digini bilýän däl dirsiňiz ? bir nutfany kämil ynsana ögürmek siziň işiňizmi? We siz şu ugurda rullymy? Ýene bir tarapdan siziň hiç gaýsyňyz öz ölümiňiziň öňüni alyp ölümden gutulyp başardyňyzmy? Siziň ýaşaýşyňyz we ölümňiz öz erkiňizde däldir we öz ygtyarňyz bilen dünýä gelip öz ygtyarňyz bilen dünýeden gitýän dälsiňiz onda nähili bolup özüňiziň ýaňadan halyk edilmegiňiz barada şekli bolýarsyňyz?
Bu aýatlaryň öwretýän sapaklary :
1- mantyk ýüzünden bolan soraglary ara atmak arkaly , kýamaty we allany inkär etýänleriň akyldyr pitretlerini oýandyryp olaryň jogaba ýetipde haky kabul etmeklerine sebäp bolaýlyň .
2- garşylaryň şek şüpheleriniň garşysynda gurhanyň şywasy tebigi we rüşen delillerden haýyrlanmakdyr olara bi hormatçylyk edip olary masharalamak ýada harlamak däldit.
3- ynsanyň ölümi ýada dünýä gelip ýaşamagy öz erkinde däldir hem onuň ýaradylmagy hemde ölmegi , allanyň ygtýaryndadyr we bu meselede hem dana perwerdigäriň gudraty äşkärdir .
4- hiç kimse ölümden gaçyp başarmaýar we bu ylahy takdyr ony gurşap aljakdyr elbet ölüm hem beileki gopgynlar ýaly hikmet we hasap kitap esasyndadyr.
Wakaýa süresi, 63, 64, 65, 66 we 67-nji aýatlar:
أَفَرَأَیْتُمْ مَا تَحْرُثُونَ ﴿٦٣﴾ أَأَنْتُمْ تَزْرَعُونَهُ أَمْ نَحْنُ الزَّارِعُونَ ﴿٦٤﴾ لَوْ نَشَاءُ لَجَعَلْنَاهُ حُطَامًا فَظَلْتُمْ تَفَکَّهُونَ ﴿٦٥﴾ إِنَّا لَمُغْرَمُونَ ﴿٦٦﴾ بَلْ نَحْنُ مَحْرُومُونَ ﴿٦٧﴾
<<siz ekýän zatlaryňyzy gördiňizmi?// Siz ony ösdirýärsiňizmi ýada ösdürýanmi?// Eger islesek ony haşal ot we tikenlik etjekdiris// we siz haýran bolup şeýle dijekdirsiňiz// belkide biz zýankärlerden bolduk.>>
Bu aýatlar, tebigatda bar bolan allanyň gudratlarynyň ýene birine yşara edip şeýle permaýyş etýär : toprak içinden agaçlaryň we ösümlikleriň baş çykaryp ösmegi siziň işiňizmi? Ýada hudaýyň işi? Siz alla arkaly halyk bolan dänäni topragyň içinde goýýarsyňyz we allanyň inderen sowy bilen ony suwarýarsyňyz . ýene bir tarapdan güneşiň nury we yssylygy oňa ýetýär . bu sebäpkärler bilen dänäň ösmegine gerek bolan şertler taýýar bolýar. Şu ýerde bir sorag ara gelýär olda şy? Toprak , suw , nur we ysty siziň işiňizmi? Ýada allanyň işimi? Bir dänäň topragyň içinde kök tutyp ýene bir tarapdan gumyň içinden baş çykarmagy siziň işiňizmi ýada allatagala däne ýaly zada bu ýüritelikleri haslap goýdymy? Eger alla şeýle bir ösüşe gerek bolan şertleriň birini ýok etse onna ösümlik guryp ýok boljakdyr we siz hiç mahal ony gögerdip osdirip başarjak dälsiňiz.
Bu aýatlaryň öwretýän sapaklary:
1- dünýede bir tohmy gumyň içinde ekleýän gudrat we ony gögerdip başarýan güýç kýamatda hem ony ynsandan galan birje bölegi ýaňadan direldip başarjakdir.
2- ynsanyň işi we amaly ýaradylmyşyň ýerligidir kä wagytlarda nutfany rähimde karar berýär we kä mahallarda hem dänäni topragyň içinde . emma dogydy ýaradyp ösümligi ekleýän güýç bütin närseleriň halygy bolan allatagaladyr.
Wakaýa süresi, 68, 69, 70, 71, 72, 73 we 74-nji aýatlar:
أَفَرَأَیْتُمُ الْمَاءَ الَّذِی تَشْرَبُونَ ﴿٦٨﴾ أَأَنْتُمْ أَنْزَلْتُمُوهُ مِنَ الْمُزْنِ أَمْ نَحْنُ الْمُنْزِلُونَ ﴿٦٩﴾ لَوْ نَشَاءُ جَعَلْنَاهُ أُجَاجًا فَلَوْلا تَشْکُرُونَ ﴿٧٠﴾ أَفَرَأَیْتُمُ النَّارَ الَّتِی تُورُونَ ﴿٧١﴾ أَأَنْتُمْ أَنْشَأْتُمْ شَجَرَتَهَا أَمْ نَحْنُ الْمُنْشِئُونَ ﴿٧٢﴾ نَحْنُ جَعَلْنَاهَا تَذْکِرَةً وَمَتَاعًا لِلْمُقْوِینَ ﴿٧٣﴾ فَسَبِّحْ بِاسْمِ رَبِّکَ الْعَظِیمِ ﴿٧٤﴾
<< siz içýän suwňyzy gördiňizmi ?// siz ony ýagynly bulutlardan inderdiňizmi? Ýada biz ony inderdikmi?// Eger islesek ony şorlap ýada ajylandyryp bileris. onda näme üçin şukur etmeýärsiňiz?// Siz ýakýan oduňyzy gördiňizmi?// Siz onuň agajyny ýaratdyňyzmy? Ýada ony ýaradan bizmy?// Biz ony kyýamat oduny ýada salar ýaly şeýlede ýolagçylara nygmat bolar ýaly karar berdik// onda oly perwerdigäriňä tesbih aýt.>>
Geçen aýatlaryň dowamynda bu aýatlar , tebigatdäki ylahy gudratyň nyşanlaryna yşara edip şeýle permaýyş etýär : bulutlaryň , derýalaryň we akýanlaryň üstünde ýüze çykmagy we bu bulutlary ýer şarynyň durly taraplaryna hidaýat etmek ynsanyň işimi? Egerde bir näçe ýyllap ýagyn ýagmasa siz näme iş edip başarjak ? hem özüňiz susyzlykdan heläk boljakdyrsyňyz hemde agaçlaryňyz we mallaryňyz. Eger ýagyn ýagsa emma ýagynyň suwy derýalaryň suwy ýaly ajy we şor bolsa siziň eliňizden näme iş geljek?
Eger ýagyn ýagmasa agaç hem gögermeýär . we onuň mywasyndan ýada agajyndan durly zatlary bejermek üçin haýyrlanyp başarjak dälsiňiz . agajyň ýanmagyndan ýüze çykýan nur hemä ýolagçylar üçin ýagtylygyň we yssylygyň gözbaşydyr hemde suw gumdan hem ody ýaradyp başarýan allanyň gudratyny ýadlara salýandyr.
Bu aýatlaryň öwretýän sapaklary:
1- suw , gum , ýel we oddan ybarat bolan 4 esasy önelge hemmesi ylahy permanyň astyndadyr we olar hem allany tanypda gudratyna ägä bolmak üçin bir apzaldyrlar.
2- suwyň nähili döremegi we onuň diri närseleriň ýaşaýyşlarynda mühüm roldan paýly bolmagy , bulutlaryň bulutlaryň döremegiň şywasy şeilede olaryň ýeller arkaly zeminiň durly bölgelerine hidaýat bolmagy şeilede ýagynyň ýagmagy hudaýy ynsanlaryň ýadyna salýandyr we onda şükürli bolmak ruhýany diri saklaýandir.
3- agaç, suw toprakdan ýüze çykýar we agaçdan hem od döreýär . we ol hem ynsana yssylyk bagyşlaýar . bolaryň hemmesi çapraz gelýän ýaradylmyşlara bolan ylahy gudratyň nyşanlaryndandyr.
4- elmydama zikir we tesbih aýtmak bilen allany ýatlap ony her hili natuwanlyk we nadanlykdan päk bilmeklik gerekdir we şeýdip hem kýamaty dikeltmekdäki allanyň gudratyna şekli bolmakdan daş durmak zerurdyr.