May 04, 2025 11:27 Asia/Ashgabat
  • bölüm 997, süre wakaýa, aýat 75-96

bölüm 997, süre wakaýa, aýat 75-96

برنامه تفسیر نور (واقعه5)

  1.  

Wakaýa süresi, 75, 76, 77, 78, 79, 80, 81 we 82-nji aýatlar:

 فَلا أُقْسِمُ بِمَوَاقِعِ النُّجُومِ ﴿٧٥﴾ وَإِنَّهُ لَقَسَمٌ لَوْ تَعْلَمُونَ عَظِیمٌ ﴿٧٦﴾ إِنَّهُ لَقُرْآنٌ کَرِیمٌ ﴿٧٧﴾ فِی کِتَابٍ مَکْنُونٍ ﴿٧٨﴾ لا یَمَسُّهُ إِلا الْمُطَهَّرُونَ ﴿٧٩﴾ تَنْزِیلٌ مِنْ رَبِّ الْعَالَمِینَ ﴿٨٠﴾ أَفَبِهَذَا الْحَدِیثِ أَنْتُمْ مُدْهِنُونَ ﴿٨١﴾ وَتَجْعَلُونَ رِزْقَکُمْ أَنَّکُمْ تُکَذِّبُونَ ﴿٨٢﴾

<< onda ýyldyzlaryň orunlaryna ant bolsyn// we eger bilseňiz bu uly antdyr// dogyrdan hem ol gurhan kerimdir// basyrgyly we gorylan kitapda jaý tutandyr// diňä her hili bulaşyklyklardan päklenen kişilerden başga onuň hakykatlaryna hiç bir kimsäň eli ýetýän däldir// älemleriň perwerdigäri tarapyndan inendir// onda siz bu sözi bihuda we ýeňil tutýarsyňyzmy?// we öz ryzkyňyzy we gysmatyňyzy ony tekzip edip ony ýalanlajak bolýarsyňyzmy?>>

Geçen gepleşiklerde , kýamatyň kapyrlar we münkirler arkaly inkär edilmeginden gurruň boldy elbet biziň kýamat barada ägälik gazanmagmiziň ýekeje ýolynyň pygamberler arkaly adam oglyna ýetirlen ylahy wähi digi rüşen we bellidir . münkirler hem wähi we pygamberçylygy kabul etmänseňler kýamaty hem kabul etýän däldirler.

Bu aýatlar , ýyldyzlaryň orunlaryna ant içmek bilen başlanýar bu gükigün , müňlerçe mylýaryd asmanda bar bolan ýyldyzlaryň hersiniň gük aşada belli jaýnyň bardygy adam oglyna subut bolandyr . bu ýyldyzlar öz belli ugurlarynda hereketdedirler we olaryň asmandaky ogur ýollary we hereketleriniň çaltlygy takyk we hasablyjadyr. Güneş düzgüni unuň mysallaryndandyr . alymlaryň hasabatlarynyň esasyna gürä güneş ýygyndysynda bolan şarlaryň ugurlary şeile bir enaýy we belli takyk suratynda hasaplanandyr welin her bir alym we pikirli ynsany haýrana goýandyr . şol sebäpli hem biü gurhanyň näme üçin ýyldyzlaryň oryn mekanyna we olaryň ugur ýoluna ant içen digine göz ýtirýäris hut şunyň özi hem gurhan kerimiň müjizelerindendir . bu süräň dowamynda gurhanyň azamatyna we onuň belend magarypyna yşarat edilip şeýle gelýär : şol azamatly asmany ýaradan perwerdigär we milýardlarça ýyldyzy belli ugurda karar beren allatagala , ynsanlary hidaýat etmek üçin gurhan kerimi inderendir.

Bu kitap , her hili ýalňyşlyklardan daş bolan we adam oglynyň kemal derejelere ýetmek üçin gerek bolan magaryplary we hakykatlary siziň erkiňizde goýýar we şu ugurda bahylçylyk etýän däldir.

Elbet şeile bir magarypdan paýly bolmagyň ýoly hem päk we hak talap ruhyýadan paýly bolmakdyr şol sebäpli duşmançylyk we jedelkeşlik zerarly ruhlary bulaşyp gümrälige duş bolanlar onuň hakykatlaryndan dünýede we ahyratda peýdalanyp başarjak däldirler.

Bu aýatlaryň öwretýän sapaklary :

1- allatagala gurhanda ýyldyzlaryň orun mekanlaryna ant içip bu meseläň ähmiýetini nygtandyr .

2- bu azamatly barlygy ýaradan perwerdigär , ynsany kemal we ösüş derejelere hidaýat etmek ugurda gurhan kerimi inderendir. Hawa kämilleşmek her görnüşinde ýeke täk hudaý arkaly bolup hemmesi bir çeşmeden göz baş alýandyr.

3- gurhan kerim hudaýyň kelamydyr bu kitap diňä sözlerden ybarat dälde isem onuň beýil manasy bardyr we ol allanyň ýanynda gorylandyr. Bu kitap her hili ýaramaz we erbet sözden päkdir şeilede mümin ynsanlaryň keramat we izzetiň göz başy we jan maýasydyr.

4- durly bulaşyklara duş bolan ruhlar , gurhanyň hakykatlaryna göz ýetirip başarmak güiçden paýly däldirler we päk adamlar başga hiç bir kimse gurhanyň hidaýatlaryndan haýyrlanyp başarýan däldir.

5- gurhanyň beýik magaryplaryny äsgermezlik we ony kiçeldip ähmiýet bermesizlik ynsany kýamaty inkär etmeklige tarap çekýändir.

Wakaýa süresi, 83, 84, 85, 86 we 87-nji aýatlar:

فَلَوْلا إِذَا بَلَغَتِ الْحُلْقُومَ ﴿٨٣﴾ وَأَنْتُمْ حِینَئِذٍ تَنْظُرُونَ ﴿٨٤﴾ وَنَحْنُ أَقْرَبُ إِلَیْهِ مِنْکُمْ وَلَکِنْ لا تُبْصِرُونَ ﴿٨٥﴾ فَلَوْلا إِنْ کُنْتُمْ غَیْرَ مَدِینِینَ ﴿٨٦﴾ تَرْجِعُونَهَا إِنْ کُنْتُمْ صَادِقِینَ ﴿٨٧﴾

<< onda näme üçin jan karkara ýetende// siz şol ýagdaýda diňe gözläp oturýansyňyz ( we siziň eliňizden hiç bir iş gelýän däldir )// we biz sizden şol jany çykyp barýan kişä ýakynrakdyrys emma siz görýän dälsiňiz// onda egerde siz öz amallaryňyzyň barabarynda jezalandyrylmaýan bolsaňyz// näme üçin şol jany çykyp barýan kişini öwrüp başarmaýarsyňyz, eger dogry aýtýan bolsaňyz?>>

Bu aýatlar ýene bir gezek kýamat meselesine ögürlip ölümiň ýagdaýlaryna yşarat edip şeýile permaýyş etýär:

Siz ynsanlaryň ölümi we ýaşaýşy allanyň erkindedir we her haçan siziň biriňiziň ölüm wagty gelip ýetende siziň hiç biriňiziň elinden hiç bir iş gelýän däldir hatta ozarman tebipler hem köp öňde baryjy apzallardan we gurallardan paýly bolsalarda ölüme düşen syrkaw hakda ejiz bolup diňä ony gözläp oturýandyrlar hudaýy inkär edip diňä adam oglynyň ylym we gudratyna daýanan kişi , egerde öz ýakynlarynyň biriniň ölüp barýan dygyna gabat gelse onuň ölüminiň öňüni alyp ony ýaşaýşa ögrip başarjakmydyr ? onda nähili bolup şeýile bir ynsan , adam oglynyň allanyň yradasynyň garşysynda ejiz dygyny kabul etýän däldir?

Bu aýatlaryň öwretýän sapaklary:

1- ynsanlaryň janlaryny alýan gudratyň garşysynda hemmeler ejizdirler şol gudrat hem kýamatda jany oňa ögrip başarjakdyr we hiç bir kimse onuň yradasynyň öňüni alyp biljek däldir.

2- ölüm pursatlarynda allatagala onuň ýakynlaryndan hem oňa ýakynrakdyr emma özgeler bu hakykata düşünýän däldirler.

 

Wakaýa süresi, 88, 89, 90, 91, 92, 93, 94, 95 we 96-njy aýatlar:

 فَأَمَّا إِنْ کَانَ مِنَ الْمُقَرَّبِینَ ﴿٨٨﴾ فَرَوْحٌ وَرَیْحَانٌ وَجَنَّةُ نَعِیمٍ ﴿٨٩﴾ وَأَمَّا إِنْ کَانَ مِنْ أَصْحَابِ الْیَمِینِ ﴿٩٠﴾ فَسَلامٌ لَکَ مِنْ أَصْحَابِ الْیَمِینِ ﴿٩١﴾ وَأَمَّا إِنْ کَانَ مِنَ الْمُکَذِّبِینَ الضَّالِّینَ ﴿٩٢﴾ فَنُزُلٌ مِنْ حَمِیمٍ ﴿٩٣﴾ وَتَصْلِیَةُ جَحِیمٍ ﴿٩٤﴾ إِنَّ هَذَا لَهُوَ حَقُّ الْیَقِینِ ﴿٩٥﴾ فَسَبِّحْ بِاسْمِ رَبِّکَ الْعَظِیمِ ﴿٩٦﴾

<<Onda egerde ol mukarryplaryň sanyndan bolsa// asudalyk we rahatlyk we bol nygmatly behişt oňa berler// eger bagtyýarlaryň sanyndan bolsa oňa aýdyljakdyr// sagadat ähliniň tarapyndan saňa salam bolsyn// emma eger tekzip ediji gumralardan bolsa// gyzgyn we gaýnap duran suw bilen garşy alynjakdyr// we onuň jezasy hem duzaha girmekdir// dogrudanda bu sözler hak sözdir// onda uly perwerdigäriň adyna tesbih aýt.>>

Bu süräň başlangyjynda ilat 3 topura bölündiler : mukarryplar , sagadat ähli bolanlar we gümräler .

Bu süräň soňky aýatlary bolan bu aýatlarda , ýene bir gezek bu 3 topura yşarat edilip şeýile permaýyş bolýar ? şol ölüm wagtyndan we bärzäh älemine giren badyňa bu 3 topur hakda bolan şertler öýtgeýändir . we kýamat gopýança dowamly bolýandyr.

Imanda we salyhy amalda öňdü bolanlar şol mukarryplardyrlar olar dünýäň kynçylyklaryndan rahat bolup köp asudalyklardan we bol nygmatlardan paýly bolýandyrlar.

Bagtýarlar hem sagadat ähli bolan päk adamlar tarapyndan garşy alynyp olar bilen hemra bolýarlar emma kýamaty inkär etýänler , gümrälige we gyşarnyga duş bolan saňlar şol ölümden beiläk azap we kyn ýagdaýlara duş bolup kýamata çenli kynçylykda boljakdyrlar we soň hem duzaha atyljakdyrlar.

Kýamat barada bolan bu sürede gelen zatlaryň hemmesi hakdyr we iman ähli bolanlae hem oňa ynanmalydyrlar. Olar perwerdigäri her hili zülüm we günäden arassa we päk bilip elmydama oňa tesbih aýtýandyrlar.

Bu aýatlaryň öwretýän sapaklary :

1- ilatyň umumlygy ölümden gorkyp ony kyn we hawuply bilýärler emma welin hudaý dergahyna ýakyn bolan mukarryplar üçin näçe nygmata ýetmekligiň başlangyjydyr ölüm arkaly olar , dünýäň kynçylyklaryndan rahat bolup asudalyga ýetýärler we olar ylahy lotyflardan paýly boljakdyrlar we ebedi bagtýarlyga ýetjekdirler.

2- şol ölüm mahalyndan beiläk , ýagşylaryň paý padaşlary we erbetleriň jezalandyrylmaklary başlanyp kýamata çenli dowamly bolýandyr.

  •