bölüm 1000, süre Hädid , aýat 16-20
bölüm 1000, süre Hädid , aýat 16-20
برنامه تفسیر نور (حدید3)
Hädid süresi, 16 we 17-nji aýatlar:
أَلَمْ یَأْنِ لِلَّذِینَ آمَنُوا أَنْ تَخْشَعَ قُلُوبُهُمْ لِذِکْرِ اللَّهِ وَمَا نَزَلَ مِنَ الْحَقِّ وَلا یَکُونُوا کَالَّذِینَ أُوتُوا الْکِتَابَ مِنْ قَبْلُ فَطَالَ عَلَیْهِمُ الأمَدُ فَقَسَتْ قُلُوبُهُمْ وَکَثِیرٌ مِنْهُمْ فَاسِقُونَ ﴿١٦﴾ اعْلَمُوا أَنَّ اللَّهَ یُحْیِی الأرْضَ بَعْدَ مَوْتِهَا قَدْ بَیَّنَّا لَکُمُ الآیَاتِ لَعَلَّکُمْ تَعْقِلُونَ ﴿١٧﴾
<< iman getiren adamlaryň ýüreklerini allanyň ýady we hakdan inen zatlar bilen ýumşadyp pes päl bolmaklarynyň wagty ýetmedimikä? mundan ozal olara asmanlyk kitap inip soň uzak zamanyň geçmegi bilen ýürekleri gaty bolup köpleriniň pysada duçar boluşlary ýaly bolmaň// biliň alla ýeri ölünden soň direldýändir dogrudan-da siziň oýlanyp pikir etmegiňiz üçin biz nyşanalary size aýdyň edendiris belki oýlanarsyňyz.>>
Bu aýatlaryň esasyna gürä iman ähline hawup awandyrýan zatlaryň biri gyflat we unutmaklykdyr . allanyň ýadyndan gapyl bolup onuň kitabyny unutmakdyr . taryh boýunda köpleriň deslap allaga we onuň pygamberine iman getirip soň zamanyň geçmegi bilen dünýedäki işlere gümenipde hakdan gapyl bolanlaryň sany az däldir olar gyplata duçar bolup asta ýuwaş hakyň garşysynda boýun bolmak ruhyalaryny elden berip ýürekleri hem daş ýaly gaty bolandyr.
Emma imanyň ruhy alla we onuň kitabynyň aýatlarynyň garşysynda baş eňip pes päl bolmakdyr we zamanyň geçmegi hem ynsanyň allanyň ýadyndan gapyl bolmagyna sebäp bolmaly däldir . yslamdan öňürti bolan ummatlarda hem şeýile bir işler ýüze çykandyr. Şol sebäpli musulmanlaryň ybrat alyp allanyň kitabyny we onuň ögredişlerini diri saklap soslyga duçar bolmakdan saklanmaklary zerürdir.
Aýatlaryň dowamy bu aýdyň hakykata yşarat edip şeýile permaýyş etýär : allanyň oly ýeri ýagynyň inmegi bilen diretşi ýaly allanyň ýady we zikri we onuň kelamynyň garşysynda pes päl bolmaklyk hem ynsanyň ýüregini oýandyryp direltýändir we oňa nur we magnawýat bagyşlaýandyr.
Bu aýatlaryň öwretýän sapaklary :
1- allanyň zikri we gurhan aýatlarynyň talawaty , ynsanyň ýüreginiň ýumşamagyna we onuň gaty ýürek bolmagynyň öňüniň alynmagyna sebäp bolýandyr.
2- zamanyň geçmegi we ömriň artmagy , dünýä ýürek baglamaklyga sebäp bolýandyr . allany zikir etmek arkaly şeýile bir hawupdan gaça durmak gerek .
3- ylahy sünnetler hemme ynsanlar we ummatlar hakda meňzeşdir şol sebäpli ummatlaryň hiç biri şol sanda musulmanlar özlerine ýürite mazalyklary kaýyl bolmaly däldirler.
4- ynsanyň ýüregi hakyň garşysynda we gurhanyň barabarynda pes päl bolmalydyr we ynsan öz akly bilen allanyň tebygatdaky aýatlary we nyşanalary hakda oýlanmalydyr.
Hädid süresi, 18 we 19-njy aýatlar:
إِنَّ الْمُصَّدِّقِینَ وَالْمُصَّدِّقَاتِ وَأَقْرَضُوا اللَّهَ قَرْضًا حَسَنًا یُضَاعَفُ لَهُمْ وَلَهُمْ أَجْرٌ کَرِیمٌ ﴿١٨﴾ وَالَّذِینَ آمَنُوا بِاللَّهِ وَرُسُلِهِ أُولَئِکَ هُمُ الصِّدِّیقُونَ وَالشُّهَدَاءُ عِنْدَ رَبِّهِمْ لَهُمْ أَجْرُهُمْ وَنُورُهُمْ وَالَّذِینَ کَفَرُوا وَکَذَّبُوا بِآیَاتِنَا أُولَئِکَ أَصْحَابُ الْجَحِیمِ ﴿١٩﴾
<< sadaka berýän merdan we zenan we allaga ýagşy garz berýänlere beriljk padaş näçe esse boljakdyr we olar üçin gymmatly serpaýlar bardyr.// We allaga we onuň pygamberlerine iman getirenler , şol dogruçylar we hudaýyň ýanynda şaýatlardyrlar . olara padaş we imanlarynyň nury bardyr we kapyr bolup biziň aýatlarymyzy tekzip edenler olar dowzah ählindendirler.>>
Geçen aýatlarda , allaga imanly bolup ýüregiň hudaýyň garşysynda ýumşak bolmagyndan gürrüň boldy . bu aýatlar bu iki meseläň nyşanlaryna we täsirlerine yşara edip şeýile permaýyş etýärler : mätäçlere ynfak edip olara sadaka bermek allanyň garşysynda pes päl bolmakdan nyşandyr . dünýede ynfak etýän zatlaryňyz göýä allaga berýän garzyňyz ýalydyr we ahyratda oňa mätäç bolan zamanyňyz allatagala onuň näçe essesini size gaýtarjakdyr . şeýile işleri ýerine ýetirýän möminleriň mukamy allanyň ýanynda syddyklar we şehitleriň orny ýalydyr we allatagala şol beýikleriň paý padaşy ýaly degerlikleri olar üçin hem göz öňüne aljakdyr . elbete aýdyň hakykatlary inkär edip olary kabul etmekden saklanýanlara kýamatda agyr jeza we azap garaşýandyr.
Bu aýatlaryň öwretýän sapaklary :
1- mätäçlere sadaka bermek , imanly adamlaryň dogyrçydyklarynyň nyşanydyr we sadaka berýänler syddyklaryň ornyna ýetjekdirler.
2- allanyň bendelerine berilýän her hili kömek sadaka ýada garyz görnüşinde bolan ýagdaýynda allaga garyz bermek ýalydyr. Garyz berip ynfak etmek ýüzlei suratda malyň azalmagyna sebäp bolýan ýaly bolsada emma hakykatda onuň köpülmegine sebäp bolýandyr.
3- dünýe işleriň sony däldir adamlary olaryň dünýedäki ýaşaýyşlaryna gürä deňäp görmeli däldir her kimiň işiniň soňy we agybaty kýamatda belli bolýar ýagşy kişler öz gawy amallarynyň paý padaşyna we ebedi asudalyga ýetýär we ýaman adamlar azaba duçar boljakdyrlar.
Hädid süresi, 20-nji aýat:
اعْلَمُوا أَنَّمَا الْحَیَاةُ الدُّنْیَا لَعِبٌ وَلَهْوٌ وَزِینَةٌ وَتَفَاخُرٌ بَیْنَکُمْ وَتَکَاثُرٌ فِی الأمْوَالِ وَالأوْلادِ کَمَثَلِ غَیْثٍ أَعْجَبَ الْکُفَّارَ نَبَاتُهُ ثُمَّ یَهِیجُ فَتَرَاهُ مُصْفَرًّا ثُمَّ یَکُونُ حُطَامًا وَفِی الآخِرَةِ عَذَابٌ شَدِیدٌ وَمَغْفِرَةٌ مِنَ اللَّهِ وَرِضْوَانٌ وَمَا الْحَیَاةُ الدُّنْیَا إِلا مَتَاعُ الْغُرُورِ ﴿٢٠﴾
<< şuny biliň , dünýedäki ýaşaýyş diňe bir oýun , göýmenç , zinet talaplyk we birek birege mal we perzentler garşysyndaky pahyrlanmakdan başga zat däldir göýä ýagyn sebäpli hasyl bolan ýaşyl öwsip duran ösümligi deslap taýhany haýrana goýup onsuň solup saraalşy ýalydyr ol soňda samandan başga zat bolýan däldir we ahyratda günäkärler üçin agyr azapbardyr we boýun bolanlar üçin hem allanyň tarapyndan magfyrat boljakdyr. Dünýäniň ýaşaýyşy aldawaçlykly bir mätäçden başga zat däldir.>>
Bu aýat ynsanyň ýaşaýşynyň durly tapgyrlarynda , dünýäň jylwalarynyň birine meşgul bolýar deslap oýun we güýmençlere bu bolsa çagalyk we ýetginjeklik döwürlere degişlidir. Jowanlyk döwründe ynsan köplenç bezek , zinetler we gözelliklere güýmenýändir. Soňralar hem öz mal müline , orun mukamyna we geçmişine buýsanýar . we pahyrlanýar we ömriniň soňyraklarynda hem hars urmak we bahylçylyga duçar bolup köpeňräk mal mülük ýygnamak ugurda tagalla etýändir. Ynsanyň ömriniň 60 ýada 70 ýada ondan azrak we kän räk bolmagy mümkindir emma çalyt bir nazar aýlap ser edeniňgde ol göýä baharda gögerip baş galdyryp ýaşyl öwüsýän tohum ýalydyr ol önüm berende çalytlykda saralyp sölüp güizde hem guryp awranýandyr.
1- dünýäň hakytlaryny we onuň ýüriteliklerini tanamak ynsany gyflat hawupyndan aman saklaýandyr we onuň dünýä we ýaşaýşa bolan garyşynyň özgürmegine sebäp bolýandyr.
2- dünýäge ýürek baglamak ynsany aldap onuň gyflata duçar bolmagyna sebäp bolýandyr elbet bir zaman ynsan öz ýalňyşýna düşünjek welin emma iş işden geçendyr.
3- alla we magnawiýetden boş bolan ýaşaýyş diňe çagalyk döwründe bolan göýmenç we oýundan başga zat däldir hatta eger şol oýunçylaryň ýaşlary oly hem bolsa .
4- bütin ynsanlar dünýedäkiýaşaýyşdan azda kände peýdalnýandyrlar . emma mühüm durýan mesele dünýedäki nygmatlardan dogry haýyrlanmakdyr . dünýe käler üçin ösüşiň sebäbi we onuň behişte barmagy üçin bir kämilleşmek ýolydyr . we käler üçin hem gyflatyň wesilesi we onuň dowzaha duş bolmagynyň sebäbi bolýandyr.