May 04, 2025 12:34 Asia/Ashgabat
  • bölüm 1001, süre Hädid , aýat 21-24

bölüm 1001, süre Hädid , aýat 21-24

برنامه تفسیر نور (حدید4)

  1.  

Hädid süresi, 21-nji aýat:

 سَابِقُوا إِلَى مَغْفِرَةٍ مِنْ رَبِّکُمْ وَجَنَّةٍ عَرْضُهَا کَعَرْضِ السَّمَاءِ وَالأرْضِ أُعِدَّتْ لِلَّذِینَ آمَنُوا بِاللَّهِ وَرُسُلِهِ ذَلِکَ فَضْلُ اللَّهِ یُؤْتِیهِ مَنْ یَشَاءُ وَاللَّهُ ذُو الْفَضْلِ الْعَظِیمِ ﴿٢١﴾

<<Perwerdigäriňiziň tarapyndan bolan magfyrata şeýlede giňligi asman we zeminiň giňligi ýaly bolan behişte ýetmek ugurda birek birekden öňe çykyň bu behişt hudaýa we onuň pygamberlerine iman getirenlere taýýar edilendir. bu , hudaýyň fazlydyr her kime islese berýändir we perwerdigär , uly fazlyň eýesidir.>>

Geçen gepleşikde we onuň ýüritelikleri hakda gürrüň boldy we ynsanyň çagalyk we ýetginjeklik döwürlerde oýuna güimenip ýaşlykda hem zinetiň we gözelligiň yzynda bolýa dygy beýan edildi bu ynsan şondan soň pahyrlanmaklyga duş bolup orunyny we malyny köpeldip ýokarlandyrmagyň gözleginde bolýar bu aýat şeile permaýyş etýär : emma iman ähli bolanlar allanyň nygmatlaryndan ahyratda ebedi behişti elgermek üçin haýyrlanýandyrlar umum ilatyň dçnýede orun mukama we mala elgermek ugurda birek birek bilen bäsleşik geçirşileri ýaly müminler hem ýagşy işleri ýerine ýetirmekde birek birekden öňe çykmak ugurda talaş etýärler we olar allanyň permanlaryna eýermek arkaly şeýlede ýagşy we ylaýyk işleri ýerine ýetirmek bilen ylahy rahmaty we lotfy özlerine tarap dartýandyrlar olar hemä padaş alýarlar hemde günäleri bagyşlanýandyr sebäbi gurhan aýatlatynyň esasyna gürä ýagşy işler günäleriň geçilmegine sebäp bolýandyr we biz her neçe gowy we söýerli işleri köpeňräk ýerine ýetirsek günälermiz hem şonça köpeňräk bagyşlanjakdyr allanyň bizden çakylyk etýän behiştiň hem ini boýy belli däl we biz onuň giňliginiň neçende digine göz ýetirip başarjak däldiris şol sebäpli alla tagala behiştiň ulylygyny zemin we asmanyň giňligi ýaly diýip şoňa meňzeş bize wasp edendir. Häzirki ýagdaýda bu asmanyň deslapky we soňy adam oglyna belli bolan däldir.

Aýatyň dowamy şeýle bir mühüm nukata yşarat etýändir welin biziň dünýedäki ýerine ýetirýän ýagşy işlerimiziň degeligi , behiştdäki gutarnyksyz nygmatlaryň ýanynda diseň azajykdyr şol sebäpli alla tagala öz lotyf we fazlyndan behişte ýol açýanlara bagyşlap ata etjekdir gurhanyň beýileki aýatlarynda hem gelşi ýaly alla tagala biziň ýagşy işlermize ençeme esse we kä rewaýatlar boýunça hem 700 esse paý padaş berjekdir sebäbi dünýäň ömri çäkli we siziň ýagşy işleriňiziň mykdary hem çäklidir.

Bu aýatlaryň öwgretýän sapaklary :

1- dünýe parazlara hile we pahyrlanmagyň maýasy bolan dünýe , iman ähline , ýagşy işleri etmekleri sebäpli ylahy rahmat we magfyratyň göz başydyr.

2- dünýe parazlar dünýede baýlyk we gudrata ýetmek ugurda ýaryşýan bolsalar iman ähli bolanlar ýagşy işleri ýerine ýetirmek ugurda birek birekden öňe çykmak üçin talaş etýändirler.

3- behişt iki zadyň arasyndadyr . biri günäleriň geçilmegine sebäp bolýan ylahy magfyrat we ol biri hem ylahy faazyldyr we perwerdigär öz fazly boýunça behiştileriň ýagşy işlerine müňlerçe esse paý padaş berýändir.

 

Hädid süresi, 22 we 23-nji aýatlar :

مَا أَصَابَ مِنْ مُصِیبَةٍ فِی الأرْضِ وَلا فِی أَنْفُسِکُمْ إِلا فِی کِتَابٍ مِنْ قَبْلِ أَنْ نَبْرَأَهَا إِنَّ ذَلِکَ عَلَى اللَّهِ یَسِیرٌ ﴿٢٢﴾ لِکَیْلا تَأْسَوْا عَلَى مَا فَاتَکُمْ وَلا تَفْرَحُوا بِمَا آتَاکُمْ وَاللَّهُ لا یُحِبُّ کُلَّ مُخْتَالٍ فَخُورٍ ﴿٢٣﴾

<< ýer ýüzünde tebigi belalar sebäpli size hiç bir howp we janyňyza hem syrkawçylyklar we kynçylyklar sebäpli hiç bir zýan ýetişjek däldir. Meger biz ony ozaldan ýüze üykarmak bu zad bir kitapda belli edilendir dogyrdan hem bu , perwerdigäre aňsatdyr// elden beren zadyňyza gynanmaz ýaly we size berilen zada mest bolup şatlyk etmez ýaly , we perwerdigär pahyrlanýan menlikli kişileri söýýän däldir.>>

 

Ynsana ýetişýän belalar we musybatlar iki hilidir biri sil , biri ýer sarysma, gurakçylyk we gahat çylyk ýaly belalardyr bu musybatlaryň ýüze çykmagynda ynsanyň özi rolly däldir şeilede äpetleriň we uly we ýaýbaň syrkawçylyklaryň dörümeginde hem ynsanyň özi täsirli däldir bu aýat şolara yşarat edip şeile permaýyş etýär: ýer ýüzünde ýüze çykan hadysalar ýada siziň jysym we janyňyza zýan ýetirýän keselçilikleriň hemmesi ylahy ylym kitapda ozaldan ýazylandyr emma musybatlaryň ýene bir hili bardyr welin ol , ynsanyň öz işleriniň netijesidir hamana ynsan sygar çekmek ýada näşelendirji maddalary ulanmak bilen özüne zýan ýetirip dem gysma ýaly syrkawçylyklara gyryptar bolýar ýada sürüjiligiň kaýda kararlaryna ünis bermäni hadysa uçraýar. Gurhan kerimiň mübärek şura süresiniň 30 nji aýaty bu 2 nji hile yşara edipşeýle permaýyş etýär : size ýetýän her hili musybat siziň ýerine ýetiren işleriňiz zerarlydyr.

Elbet biz ilkinji belalaryň ýüze çykmagynda rolly däldiris şol sebäpli olar garşysynda biziň jogapkärçiligiziň ýokdygy bellidir emma 2 nji topar musybatlar hakda biz jogapkärdiris şu sebäpli ol , biziň öz erkimiz boýunça ýerine ýetiren işlerimiziň netijesidir.

Ynsan , egerde kä bir işleriň ylahy hikmet we ylym esasynda dygyna göz ýetirse we onuň hakda rolly däldigini bilse onda ýaşaýşynda ýüze çykan musybatlar hakda numytlyga duş boljak däldir mysaly egerde perzendi dünýeden gaýdsa ýada sil zerarly öý ewzary dargasa onda numyt bolup kufur aýtjak däldir . onuň tersine eger hem ol kä bir şeritler boýunça asudarak ýaşaýyşdan paýly bolan bolsa bu ynsanyň şol ýagdaýda hem menliklenip pahyrlanmakdan saklanmagy gereklidir.

Bu aýatlaryň öwretýän sapaklary:

1- ýer ýüzünde ýä ynsanyň ýaşaýşynda ýüze çykýan hadysalar ozaldan belli edilip ylahy kitapda ýazylan düzginiň esasyndadyr we bu işler allanyň gudratyndan daşaryda bolan hadysalar däldir.

2- alladan daş bolan ynsan , kynçylyklarda numyt bolýar we rahatlyklarda hem menlige gyryptar bolýar . onuň tersine mümin ynsan musybatlarda sabyrly we rahatlyklarda hem şükürli bolýar.

3- tebigi gam we şadlyk öz özünden erbet däldir emma geçmişdäkiler hakda gamly bolmak ýada bar zatlaryňa sermest bolmak we pahyrlanmak ýaramaz işlerdendir.

 

Hädid süresi, 24-nji aýat:

الَّذِینَ یَبْخَلُونَ وَیَأْمُرُونَ النَّاسَ بِالْبُخْلِ وَمَنْ یَتَوَلَّ فَإِنَّ اللَّهَ هُوَ الْغَنِیُّ الْحَمِیدُ ﴿٢٤﴾

<< bahylçylyk edýänler ýada ilata bahylçylyk etmek ugurda perman berýanlar we ynfak we garz bermekden ýüz öwürýän her bir kimse galsyn, alla gany we söýerlidir.>>

Geçen aýatlaryň soňunda şeýle permaýyş edildi : alla tagala asudalygyň we bol nygmatlarda ýaşaýan ynsanlaryň pahyrlanmaklaryny we menlige duçar bolmaklaryny halaýan däldir . bu aýat şeýle bir adamlaryň ýüritelikleriniň ýene birine yşarat edip şeýle permaýyş etýär : perwerdigär olara barandalyk we mal mülük beren hem bolsa olar öz baýlyklarynyň bir bölümini mätäçlere ynfak etmäge ýada olara garyz bermäge taýyn bolýan däldirler.

Olar özlerine önis berip bütin baýlyklary özlerine isleýändirler . bahyl ynsan , onuň elinde bolan zatlar , şerafat we ulylygyň maýasy mykan diýip oý etýär şol sebäpli bu faktury elden bermeklige taýýar bolmaýar . we ajaýyp zat şudyr welin bu topar ynsanlar dünýä ýürek baglap ýaşýşyň dogry ýoly hem şol mykan diýip bu meseläni beilekilere hem tabşyrýandyrlar . we siz hem biz ýaly öz baýlyklarňyzy mätäçlere ynfak etmäň diýip aýtýarlar.

Bu aýatyň öwretýän sapaklary :

1- bahylçylykdan hem elhençräk zat , özgelere bahylçylygy tabşyrmakdyr şu sebäpli din öwliýalary hem bahyl ynsanlar bilen oturyp turuşmakdan saklanyň we olar bilen geňeşmäň diýip tabşyrandyrlar.

2- mal we baýlykdan haýyrlanmak ýerlikde mühüm mesele bagşandalygyň meçweridir köpi barandalar bahyldyrlar emma köpi ýoksyl adamlar eli açykdyrlar.

  •