bölüm 1002, süre Hädid , aýat 25-29
bölüm 1002, süre Hädid , aýat 25-29
برنامه تفسیر نور (حدید5)
1002
Hädid süresi, 25-nji aýat:
لَقَدْ أَرْسَلْنَا رُسُلَنَا بِالْبَیِّنَاتِ وَأَنْزَلْنَا مَعَهُمُ الْکِتَابَ وَالْمِیزَانَ لِیَقُومَ النَّاسُ بِالْقِسْطِ وَأَنْزَلْنَا الْحَدِیدَ فِیهِ بَأْسٌ شَدِیدٌ وَمَنَافِعُ لِلنَّاسِ وَلِیَعْلَمَ اللَّهُ مَنْ یَنْصُرُهُ وَرُسُلَهُ بِالْغَیْبِ إِنَّ اللَّهَ قَوِیٌّ عَزِیزٌ ﴿٢٥﴾
<< şeksiz biz pygamberleri äşgär deliller we mugjyzalar bilen ýollandyrys we olar bilen hemra kitap we ölçemek apzalyny iberendiris ilatyň adalata we deňlige tarap aýaga galmaklary üçin we demiri ýollandyrys demirde agyr güiç bar we ilat üçin hem onda haýyrlanar ýaly köp peýdalar bar. Allanyň ony we pygamberlerini ýaşrynlykda goldaýanlary belli etmegi üçin , perwerdigär gudratly we ýeňilmezekdir.>>
Bu aýat pygamberçilik we ynsanlaryň sagadata tarap hidaýat bolmaklary hakda bolup şeýle permaýyş etýär : taryh boýunda pygamberler ilata dogry ýoly ýaramaz ýoldan görkezip belli etmekleri üçin kitap we mugjyza bilen gelendirler . olar ilaty adalata çagyryp zülüm we el gatyjylykdan hem alyp galandyrlar elbet käleriň ylahy çäkliklerden çykypda zülüm ýolunda ädim ätmekleri hem mümkindir. Olara garşy durmak üçin munasyp wesileler we gudrat gerekli bolýar we tebigatda ilata köp bäfidli bolan apzallaryň biri hem demirdir häzirki asyrda hem demizsiz dünýäň uly kärhanalary we senagatlary işläp başarýan däldirler . ir eýiämlerde ilat zalymlara we el gatyjylara garşy durmak ugurda gylyç we galkan ýaly wesilelerden haýyrlanýardylar we häzir zamanda hem tufeň , tup we taňk şeýle bir işler üçin ulanylýandyr . şek siz zalymlara garşy görüşmek ugurda mümin we mujahyd güiçleriň bolmagy zerur bolýar we olar ylahy şerigatdan we müminlerden arka çykmak ugurda hak ýolunda jan köýürlik etýändirler.
Bu aýatyň öwretýän sapaklary :
1- pygamberler ilaty , ýagşy işleri ýerine ýetiripde zülüm we günä işlerden gaçmaklyga we saklanmaklyga mejbur etmeýärdiler isem olar hak we batylyň ölçegini belli etýärdiler we ilat öz erk ygtýarlary boýunça hak we adyl esasynda çykyş etmelidiler.
2- pygamperleriň borçlarynyň biri ilatyň taglym terbiýeleriniň ýanynda , köpçilikde adalaty dikeltmekleridir .
3- köpçilikde adalaty durmuşa geçirmek üçin , adalaty kabul etmejek bolýanlara garşy durmaklyk gerekli bolýandyr.
Hädid süresi, 26 we 27-nji aýatlar:
وَلَقَدْ أَرْسَلْنَا نُوحًا وَإِبْرَاهِیمَ وَجَعَلْنَا فِی ذُرِّیَّتِهِمَا النُّبُوَّةَ وَالْکِتَابَ فَمِنْهُمْ مُهْتَدٍ وَکَثِیرٌ مِنْهُمْ فَاسِقُونَ ﴿٢٦﴾ ثُمَّ قَفَّیْنَا عَلَى آثَارِهِمْ بِرُسُلِنَا وَقَفَّیْنَا بِعِیسَى ابْنِ مَرْیَمَ وَآتَیْنَاهُ الإنْجِیلَ وَجَعَلْنَا فِی قُلُوبِ الَّذِینَ اتَّبَعُوهُ رَأْفَةً وَرَحْمَةً وَرَهْبَانِیَّةً ابْتَدَعُوهَا مَا کَتَبْنَاهَا عَلَیْهِمْ إِلا ابْتِغَاءَ رِضْوَانِ اللَّهِ فَمَا رَعَوْهَا حَقَّ رِعَایَتِهَا فَآتَیْنَا الَّذِینَ آمَنُوا مِنْهُمْ أَجْرَهُمْ وَکَثِیرٌ مِنْهُمْ فَاسِقُونَ ﴿٢٧﴾
<< dogrudan-da nuh we ybrahymy ýolladyk we olaryň nesillerinde we uruglarynda pygambarçylyk we kitaby karar berdik onda olaryň käleri hidaýat boldular emma köpüsi permandan boýun gaçyryp ýaramaz kişiler boldular.// Soň olaryň izi bilen pygamberleri yzly- yzyna getirdik , merýemiň ogly isany olaryň yzy bilen iberip oňa enjili berdik we oňa eýerýänleriň ýüreginde rähimlik we rahmat karar berdik emma olaryň öz ýanlarynda dörüden dünýäni terk etmekligi biz olara hökmani eden däldiris meger olaryň allanyň razylygy ugurda bu işi ýerine ýetirn bolmaklary mümkindir . emma bolmalsy ýaly olar bu işiň hakyny göz öňüne almadylar . onda olaryň iman getirenlerine padaş berdik emma köpisi ýaramaz bolup permandan boýun gaçyrdylar.>>
Geçen aýatyň dowamynda bu aýatlar şeýle permaýyş etýär : kitap we şerigata eýe bolan pygamberleriň hemmesi nuh we ybraymdan tut tä isa we musaga çenli , olaryň buýruklary adam oglyny sagadat şa ýoluna tarap hidaýat etmek bolandyr emma her bir asyrda we zamanda ilatyň käleri olaryň hidaýatyny we çakylygyny kabul etmäni iman getirmekden saklanan topurlaryň sanyndan bolandyrlar.
Hezret muhammet (s)-ň pygamberçiliginden öňürti iň soňky pygamber hem isa bolandyr ol öz ummatyny hidaýat etmek üçin enjili getirendir we myhabbetdir doslygy özüne eýerýän ilatyň arasynda rewaj berendir elbet olar , allanyň razylygyny gazanmak ugurda dünýedäki lezzetleri terk edip olardan gaça durmaklyga hem ýüz tutandyrlar bu işi alla olara teklip eden däldir emma olaryň bu işi öz dogry ugrundan daşary çykdy we ilatdyr köpçilikde gaça duranlara erbet izgelimleri yzyna tirkedi .
Bu aýatlaryň öwretýän sapaklary :
1- ilaty hidaýat edip ylahy sargytlary olara ýetirmek ugurda taalaş etýärler emma bu çakylygy kabul etmek ýada ret etmek ilatyň erkine we yradasyna baglydyr pygamberler hiç bir kimsäni haky kabul etmeklige mejbur eden däldirler .
2- pygamberçilik akymy taryh boýunda elmydam bolandyr elbet ylahy hikmet we ylym esasynda indi täze pygamberiň we täze kitabyň ýenede gelmegine ätýäjiň ýok bolan zamanyna çenli bu iş dowam edendir.
3- ylahy pygamberlere iman getirip olary we olaryň kitaplaryny hormatlamak iman ähliniň wezipelerindendir.
4- din we diniň ady bilen bedgat işleri döretmek asmanlyk dinlara hawup awandyrýan äpetlerdendir dinlere eýerýänleriň käleriniň öz salygatlaryny we alakalaryny , diniň ady bilen ýaýratýan zamanlarynda bedgat ýüze çykýandyr.
Hädid süresi, 28 we 29-njy aýatlar:
یَا أَیُّهَا الَّذِینَ آمَنُوا اتَّقُوا اللَّهَ وَآمِنُوا بِرَسُولِهِ یُؤْتِکُمْ کِفْلَیْنِ مِنْ رَحْمَتِهِ وَیَجْعَلْ لَکُمْ نُورًا تَمْشُونَ بِهِ وَیَغْفِرْ لَکُمْ وَاللَّهُ غَفُورٌ رَحِیمٌ ﴿٢٨﴾ لِئَلا یَعْلَمَ أَهْلُ الْکِتَابِ أَلا یَقْدِرُونَ عَلَى شَیْءٍ مِنْ فَضْلِ اللَّهِ وَأَنَّ الْفَضْلَ بِیَدِ اللَّهِ یُؤْتِیهِ مَنْ یَشَاءُ وَاللَّهُ ذُو الْفَضْلِ الْعَظِیمِ ﴿٢٩﴾
<< eý iman getiren adamlar! alladan gorkuň we onuň pygamberine iman getiriň, öz rahmetinden size iki haýry merhemet eder ýaly we size dünýede we ahyretde ýol ýöremek üçin nur karar berer ýaly we sizi magfyrat eder ýaly we perwerdigär diseň magfyrat ediji we mähribandir.// tä kitap ähli bolanlar musulmanlaryň allanyň fazlyna ýollary ýok mykan diýip guman etmesinler we bilsinler fazyl , bagşyş we ynaýat diňä allanyň eli bilendir ony her bir kimsä islese berjekdir we perwerdigär uly bagşyşa eýedir.>>
Geçen aýatlaryň dowamynda bu aýatlar musulmanlara ýüzlenip şeýle permaýyş : ýüzleý imandan içgin imana ýetiň we ylahy takwany göz öňine alyň , dünýede we ahyratda alla tagalanyň rahmatyndan paýly bolupda ýaşaýşyňyzda hidaýat nury rüşen bolar ýaly . bu ýolda hereket etmek bilen siziň geçmişdäki günälerňiz bagyşlenyp geljekde hem behişte tarap hidaýat boljak dyrsyňyz . bu süräň soňky aýaty şeýle permaýyş etýär: eger siz musulmanlara , allanyň resulynyň we gurhanyň taglymlaryna amal etseňiz onda musulman bolmadyk kişilere şeýle bir guman galjak däldir welin diňä olaryň öz pygamberleriniň taglymatlaryna eýermekleri üçin sagadata ýetip başarjakdyklary olar we siziň ylahy rahmatdan daş bolmagyňyz hakda şüpheli boljak däldirler.
Bu aýatlaryň bize öwretýän sapaklary :
- elmydam allaga bolan imany we takwany göz öňüne almak bilen kueatlandyrmak gerekli bolýar we şeýdip hem bu mesele ynsanyň ýüregindeorun almalydyr.
- Mümin günäden arassa däldir emma eger ol günäden saklanmak ugurda niýetli bolupda takwaň göz öňüne alsa perwerdigär onuň günälerini bagyşlajakdyr.
- Beýilekileriň gelejegi hakda we olaryň duzahy ýada behişti bolmaklary barada gazawat etmekden saklanmalydyrys sebäbi allanyň ylahy rahmaty çäksiz we ýaýbaňdyr we ol biziň beileki adamlaryň işleri hakdaky ylymmyz we maglumatymyza çäklenýän däldir.
///////////