May 10, 2025 11:57 Asia/Ashgabat
  • bölüm 1007, süre Häşr, aýat 1-7

bölüm 1007, süre Häşr, aýat 1-7

برنامه تفسیر نور (حشر1)

1007

Häşr süresi

Geçen gepleşikde mujadele süresiniň tefsiriniň gutarmagy bilen bu gepleşikde gurhan kerimiň mübärek häşr süresiniň tefsiri bilen hyzmatyňyzda bolarys mübärek häşr süresiniň 24 aýaty bar we medinede inen süreleriň sanyndandyr . bu süräň aýatlary munafyklaryň , medinedäki jöhitler bilen , musulmanlara garşy pitne turuzmak ugurda hyzmatdaşlyk etmeklerinden aýtýar elbet bu aýatlar boýunça olaryň işleri başa barmany olar harlyga we ýeňlişe gabat gelýändirler .

Häşr süresi, 1 we 2-nji aýatlar :

سَبَّحَ لِلَّهِ مَا فِی السَّمَاوَاتِ وَمَا فِی الأرْضِ وَهُوَ الْعَزِیزُ الْحَکِیمُ ﴿١﴾ هُوَ الَّذِی أَخْرَجَ الَّذِینَ کَفَرُوا مِنْ أَهْلِ الْکِتَابِ مِنْ دِیَارِهِمْ لأوَّلِ الْحَشْرِ مَا ظَنَنْتُمْ أَنْ یَخْرُجُوا وَظَنُّوا أَنَّهُمْ مَانِعَتُهُمْ حُصُونُهُمْ مِنَ اللَّهِ فَأَتَاهُمُ اللَّهُ مِنْ حَیْثُ لَمْ یَحْتَسِبُوا وَقَذَفَ فِی قُلُوبِهِمُ الرُّعْبَ یُخْرِبُونَ بُیُوتَهُمْ بِأَیْدِیهِمْ وَأَیْدِی الْمُؤْمِنِینَ فَاعْتَبِرُوا یَا أُولِی الأبْصَارِ ﴿٢﴾

<<Asmanlarda bar zatlar we zeminde bolan zatlar hudaý üçin tesbih aýdyp onuň pakligini öwýändirler we ol ýeňilmez hekimdir.// Ähl kitap, kapyrlary ilkinji gezek öz öýlerinden kowup çykaran oldur, siz guman etmeýärdiňiz olar daşary çykarlar diýip. olaryň özleri hem galalary we duparlary olary allanyň barabarynda gorýar mykan diýip guman rtýärdiler emma allanyň gahary guman etmeýän ýerlerinden olara tarap geldi we ýüreklerine gorky we howp saldy şeýlelik bilen olar öýlerini öz elleri we müminler arkaly weýran etdiler onda eý bäsiret ähli ybrat alyň.>>

Bu süre allany tesbih aýtmak bilen başlanyp perwerdigäriň eziz we hekim diýen ýöriteliklerini nygtaýar. bu sypatlar ylahy yradaň duşmanlaryň pitnelerine üstem çykýandygyny beýan edip allanyň ýaýbaň ylym we hikmetinden aýdýandyr.

Taryhy senetler görä jöhidleriň üç taýpasy Medinede we onuň töwereginde msken tutupdylar. olar bäni näzir bäni gorräize we bäni gyngay jöhüidleri yslamyň pygamberi (s) medinä hijret etmekden ozal olar bilen , hüjüm etmesizlik peýmana gol çekdei emma Bädir we Ohod uruşlaryndan soň olaryň käleri pitne turuzyp ýaşrynlykda mekge müşrükleri bilen musulmanlaryň tersine peýmandaş boldular we munasyp pursatda musulmanlara urugy urmakçy boldular.

Yslamyň pygamberi (s) jebreyil arkaly jöhidleriň şeýle bir şum naňşalaryndan habarly bolup , musulmanlara , bäni näzir jöhidlere garşy görüşmek ugurda taýýar bol ýagdaýda bolmaklaryny buýrdy jöhidiň bu taýfasy mediýäň dňwüreginde ýerleşen öz galalarynda penaly boldular emma musulmanlar şol galany gurşadylar netijede olar howatyrlanypdy hiç hili gan döküşliksiz we uruşsyz musulmanlara boýun boldular.

Bu aýatlaryň öwredýän sapaklary:

1- allanyň hikmeti we gudraty esasynda ýaradylan jahan elmydam öz ýaradanyny her hili nuksanlykdan we ejizlikden päk we başgaça görýändir.

2- eger biz allanyň bendesi bolsak onda ylahy ymdadlar we kömekler wagtynda nazyl bolup duşmanlaryň pitneleri puça çykjakdyr.

3- peýmanlaryny aýak aşaga taşlaýan duşmanlar bilen kesgirlik we gudrat ýüzünden çykyş etmelidir.

4- duşmanlar bilen ýüz be ýüz bolmakda olaryň mady mümkinçiliklerine we enjamlaryna aldanmaly däldir eger allaga bolan iman ýüzünden amal edip onuň enaýatlaryna sygynsak üstünlik nesip edýändir.

Häşr süresi, 3, 4 we 5-nji aýatlar:

وَلَوْلا أَنْ کَتَبَ اللَّهُ عَلَیْهِمُ الْجَلاءَ لَعَذَّبَهُمْ فِی الدُّنْیَا وَلَهُمْ فِی الآخِرَةِ عَذَابُ النَّارِ ﴿٣﴾ ذَلِکَ بِأَنَّهُمْ شَاقُّوا اللَّهَ وَرَسُولَهُ وَمَنْ یُشَاقِّ اللَّهَ فَإِنَّ اللَّهَ شَدِیدُ الْعِقَابِ ﴿٤﴾ مَا قَطَعْتُمْ مِنْ لِینَةٍ أَوْ تَرَکْتُمُوهَا قَائِمَةً عَلَى أُصُولِهَا فَبِإِذْنِ اللَّهِ وَلِیُخْزِیَ الْفَاسِقِینَ ﴿٥﴾

<< we eger perwerdigär öý- öwzarlaryny terk etmekligi olara zerür we gerekli etmän bolsady şeksiz şu dünýede olary azaplandyrardy we elbetde ahyratda hem od azaolary bardyr.// bu jeza olaryň hudaý we pygamberi bilen duşmançylyk etmekleri sebäplidir we her kimse alla bilen duşmançylyk etse onda bilsin perwerdigäriň jezasy göýçlidir.// Eý musulmanlar! hurma agaçlaryny kesip onuň köklerini ýada köndelerini goýduňyz. hemmesi allanyň islegi bilendi we perwerdigär permanlara boýun bolmaýan ýamanlary har we zelil aýlandyrdy.>>

Geçen aýatlaryň dowamynda bu aýatlar şeýle permaýyş edýär:

Bäni näzir jöhidleriň boýun bolmaklary we olaryň medineden çykarylmaklary gatyl, adam öldürjilik we esirlige baryp çatýan çaknaşyklaryň we ursyň öňüni almaklyga sebäp boldy we olaryň janlary aman galdy emma olaryň kýamatdaky azaplary öz ýerindedir sebäbi olar allanyň resuly (s) we hakykatda hudaý bilen bolan duşmançylyklaryndan saklanmadylar.

Yslamy medeniýetde jeňgelleri we agaçlary kesmeklik dogry däldir meger ähmiýetli we mühüm işler üçin bolamasa. Mysaly agaçlar sawaşjaňlaryň hereketlerine bewet bolsa elbet şol ýagdaýda hem bu işi allanyň resuly (s) ýada başga ylaýyk adamlaryň urshaty bilen diňe gerekli meçwerde bolmalydyr. Jöhidleriň galalaryny almak wakada hudaý resulynyň ursgaty bilen galaň töweregindäki nahyl agaçlarynyň käleri esgerleriň janyny goramak we galany alyp başarmak mümkin çiligini dörütmek üçin kesildiler.

Bu aýatlaryň öwredýän sapaklary :

1- şähirden çykaryp olary ýaşaýan jaýlaryndan surgyn etmek yslamyň pitneçiler üçin göz öňüne alan iň az jezalaryndandyr.

2- medinedäki jöhidleriň bir topurnyň gowlup çykarylmagy olaryň öz ähidlerinden dänip peýmanlarydöwmegi üçindi jöhid bolandyklary üçin däldi.

3- agaçlaryň kesilmegi diňe zerur şeritlerde we mühüm we işler üçin bolarlydyr.

Häşr süresi, 6 we 7-nji aýatlar:

 وَمَا أَفَاءَ اللَّهُ عَلَى رَسُولِهِ مِنْهُمْ فَمَا أَوْجَفْتُمْ عَلَیْهِ مِنْ خَیْلٍ وَلا رِکَابٍ وَلَکِنَّ اللَّهَ یُسَلِّطُ رُسُلَهُ عَلَى مَنْ یَشَاءُ وَاللَّهُ عَلَى کُلِّ شَیْءٍ قَدِیرٌ ﴿٦﴾ مَا أَفَاءَ اللَّهُ عَلَى رَسُولِهِ مِنْ أَهْلِ الْقُرَى فَلِلَّهِ وَلِلرَّسُولِ وَلِذِی الْقُرْبَى وَالْیَتَامَى وَالْمَسَاکِینِ وَابْنِ السَّبِیلِ کَیْ لا یَکُونَ دُولَةً بَیْنَ الأغْنِیَاءِ مِنْکُمْ وَمَا آتَاکُمُ الرَّسُولُ فَخُذُوهُ وَمَا نَهَاکُمْ عَنْهُ فَانْتَهُوا وَاتَّقُوا اللَّهَ إِنَّ اللَّهَ شَدِیدُ الْعِقَابِ ﴿٧﴾

“ jöhide üstüm çykyp olary ülkelerinden çykarmakdan allanyň pygambere öwrüp beren baýlyklaryndan size hiç bir zat ele gelýän däldir. sebäbi olary almak ugurda hiç bir zähmeti çeken dälsiňiz ne olara hüjüm edensiňiz nede düýäni sürensiňiz. eýsem perwerdigär pygamberlerini her kimsä islese musallat edýändir we perwerdigär her bir zada başarjaňdyr.// oba ähliniň bäýlyklaryndan allanyň öz pygamberine öwrüp beren baýlyklary we ýer ýurtlary allaga we pygambere we pygamberiň gowum garyndaşlaryna , ýetimlere we goly dar adamlara şeýlede ýolda galan meskinlere hasdyr tä bu mal mülkler diňe siziň barandalarňyzyň arasynda aýlanmaz ýaly . we her näme pygamber size getiren bolsa alyň we sizi her nämeden alyp galan bolsa ony trk ediň we alladan boýun gaçyrmakdan gorkyň perwerdigär agyr jezalandyrjydyr.>>

Geçen aýatlarda aýdylşy ýaly medinäniň jöhidleri hiç bir uruşsyz we çaknaşyksyz medineden çykaryldylar. şonda musulmanlaryň käleri jöhidlerden galan mal mülkleriň we ekerançylyk ýerleriň uruş ganymatlary ýaly olaryň arasynda paýlanmagyny talap etdiler emma perwerdigär bu aýatlarda şeýle permaýyş edýär:

Musulmanlar hiç bir uruşy ýerine ýetirmäni hiç bir harajata we zýana hem gabat gelmänseňler şol sebäpli olaryň jöhüdleriň baýlyklaryndan hiç bir haklary ýokdyr we ony paýlamaklyk resul äkrem (s) bilen bolmalydyr . taryhy rowaýatlar esasynda hezret resul äkrem (s) şol baýlyklary , öz öý özarlaryny mekkede goýupda pygamberi goldamak ugurda medenä gelen muhajyrlaryň arasynda şeýlede medinede ýaşaýan kä bir goly dar änsarlaryň arasynda paýlandyr aýatlaryň dowamy hem tutuş bir asla yşarat edip şeýle permaýyş edýär:

Pygamberiň emir we nähi etmegi size ýeterlidir we siz şol esasda indi dini ýada yktysady ýada susýal bölümlerde bolsyn paryh etmeýär amal etmelidirsiňiz.

Bu aýatlaryň öwredýän sapaklary:

1- hudaýa töwükkel etmek bilen , ylahy mededleriň inmegi kä mahallarda duşmanlaryň ýüregine gorky salmak bilen ýeňiş we üstünligiň uruşsyz we çaknaşyksyz müýesser bolmagyna sebäp bolýandyr.

2- öz öýilerini we baýlyklaryny goýupda musulman ýüritlerden daşary çykýan duşmanlardan galýan baýlyklar köpçiligiň dini başlyklarynyň erkinde bolýar olaryň maslahaty bilen mätäçleriň erkinde goýlar ýaly.

3- yslamyň yktysady düzgüni baýlyklaryň diňe ýörite topuryň erkinde bolmaz ýaly deň paýlanmaklygyny nygtaýandyr.

4- pygamber(s)ň emir we nähi etmegi we sönnetdirsiresi höjjetdir we gurhandaky ylahy buýruklardan tapawatly däldir.

//////////