May 10, 2025 12:16 Asia/Ashgabat
  • bölüm 1010, süre Häşr, aýat 20-24

bölüm 1010, süre Häşr, aýat 20-24

برنامه تفسیر نور (حشر4)

1010

Häşr süresi, 20-nji aýat:

 لا یَسْتَوِی أَصْحَابُ النَّارِ وَأَصْحَابُ الْجَنَّةِ أَصْحَابُ الْجَنَّةِ هُمُ الْفَائِزُونَ ﴿٢٠﴾

<< dowzahylar bilen behiştiler meňzeş däldirler behiştiler şol hakyky bagta ýetn adamlardyrlar.>>

Geçen aýatlaryň dowamunda gelýän bu aýat , takwaly bolmagy göz öňüne alýanlary , alladan gapyl bolan adamlar bilen deňşdirip olaryň agybatlaryna yşarat edip şeýle permaýyş edýär : diňe dünýede haýsy toparyň öz isleglerini elgerip haýsy toparyň boş galandyklaryna ser etmäň eýsem olaryň işleriniň serenjamyny  göz öňüne alyň we haýsylaryň kyýamatda dowzahy bolup haýsy toparyň behişte ýol açyp başarjakdyklaryna ser ediň .

Bu aýatlaryň öwredýän sapaklary :

1- ýaşaýyş ýoluny saýlamakda ölümi ynsanyň işleriniň soňky mykan diýip oý etmäň we şeýdip hem diňe dünýä ýetmek ugurda talaş etmäň eýsem bilip galyň dünýe ahyret üçin ekiş ýer mysalyndadyr we diňe dünýede takwany göz öňüne almak bilen ahyratda behişti elgerip başarjak dyrsyňyz.

2- hak we batylyň arasynda 3nji ýol ýokdyr şol sebäpli adamlaryň işleriniň soňy ýa behiştdir ýada dowzah , kyýamatda 3nji mekan ýokdyr.

 

Häşr süresi, 21-nji aýat:

لَوْ أَنْزَلْنَا هَذَا الْقُرْآنَ عَلَى جَبَلٍ لَرَأَیْتَهُ خَاشِعًا مُتَصَدِّعًا مِنْ خَشْیَةِ اللَّهِ وَتِلْکَ الأمْثَالُ نَضْرِبُهَا لِلنَّاسِ لَعَلَّهُمْ یَتَفَکَّرُونَ ﴿٢١﴾

<< eger bu gurhany , bir daga inderen bolsadyk şeksiz şol dagy hudaýyň howpundan çaşyp gidenini gürerdiň we biz bu mysallary ilata getirýäris belki oýlansynlar diýip.>>

Gurhanyň terbiýe şiweleriniň birisi-de gürrüňleri göni bolmadyk suratynda we mysallar görnüşinde beýan etmekdir. gurhan dürli meseleler hakda bu şiweden peýdalanandyr bu aýat hem gurhanyň täsirini we ornaýyş gudratyny beýan etmek üçin şu mysaldan haýyrlanandyr welin eger allanyň kelamy mäkäm daglara inen bolsady şol daglar hem alladan gorkup bölek- bölek bolup dargap giderdiler .

Emma perwerdigäriň şeýle bir ornaýyş güýçden paýly bolan kelamy kä bir ynsanlaryň ýüreginde hiç hili täsir galdyrmaýar göýä olaryň ýürekleri daşdan hem gatyrak ýalydyr. Olar allanyň barabarynda pes päl bolmagyň ýerine duşmançylyga we jedelkeşlige baş goşup onuň buýruklaryndan boýun gaçyryp serkeşlik edýärler . gurhan kerimiň mübärek bagara süresiniň 74-nji aýatynda hem bu meselä yşarat bolýar elbet aýtmak ýerli bu hili ynsanlar hatda daşdan hem pesräkdirler.

Bu aýatyň öwredýän sapaklary :

  1. Yslamy taglym we terbiýede kä mahallarda ynsanlarda täsir galdyrmak üçin temsil we taryhy ybrat beriji dessanlary beýan etmek ýaly göni bolmadyk şiwelerden peýdalanýandyr.
  2. Kä bir ynsanlar diňe haýwanlardan dälde eýsem hatda jansyz närselerden we jemadatlardan hem pesräkdirler.
  3. Eger ynsan allanyň kelamy hakda oýlanmasa we ondan pend we nesihat almasa ol onuň ýüreginiň gatymagyndan nyşandyr.

Häşr süresi, 22, 23 we 24-nji aýatlar:

هُوَ اللَّهُ الَّذِی لا إِلَهَ إِلا هُوَ عَالِمُ الْغَیْبِ وَالشَّهَادَةِ هُوَ الرَّحْمَنُ الرَّحِیمُ ﴿٢٢﴾ هُوَ اللَّهُ الَّذِی لا إِلَهَ إِلا هُوَ الْمَلِکُ الْقُدُّوسُ السَّلامُ الْمُؤْمِنُ الْمُهَیْمِنُ الْعَزِیزُ الْجَبَّارُ الْمُتَکَبِّرُ سُبْحَانَ اللَّهِ عَمَّا یُشْرِکُونَ ﴿٢٣﴾ هُوَ اللَّهُ الْخَالِقُ الْبَارِئُ الْمُصَوِّرُ لَهُ الأسْمَاءُ الْحُسْنَى یُسَبِّحُ لَهُ مَا فِی السَّمَاوَاتِ وَالأرْضِ وَهُوَ الْعَزِیزُ الْحَکِیمُ ﴿٢٤﴾

<< ol hudaýdyr we şondan başga magbud ýokdur , penhan we äşgär zatlara danadyr ol bagşanda we mähribandyr.// ol şondan başga magbud bolmadyk hudaýdyr. Älemiň häkimi , her bir nuksanlykdan arassadyr, saglyk beriji , amanlyk bagyş ediji , üstem we musallat , ýeňilmez, yradasy güýçli we oluluga we azamata sezawardyr. Alla , oňa her nämäni şerik karar bermekden pakdyr// ol ýaradyjy perwerdigärdir. Dörediji we surat beriji , iň ýagşy adlar we sypatlar oňa hasdyr her näme asmanlarda we zeminde bolsa elmydam oňa hämdi sena aýdýandyrlar we ol ýeňilmez we hekimdir.>>

Häşr süresiniň soňy hasaplanýan bu aýatlar allanyň kä bir sypatlaryny beýan edip sanap geçýär alla hudaýyň ýörite adydyr we her üç aýat allaň ady bilen başlanyp soňda perwerdigäriň 15 sypaty beýan ediliýär. Bu aýatlarda nygtalýn ilkinji we möhüm emir perwerdigäriň öz durkunda we sypatlaryndaky birligidir. Perwerdigär, ýaradylmyş älemiň hakygydyr we ol bütin penhan we äşgär zatlardan habarly we ägädir onuň rahmeti hem çäksiz bolup hemme zady öz içine alýandyr. ol dünýäniň häkimi , eýesi we soltanydyr we her hili nadanlykdan we aýypdyr we nuksanlykdan päkdir ol hiç kimsä zulum edýän däldir we hemmeler ondan arkaýyndyrlar onuň ady we ýady sagdynlyk we amanlyk we ynam döredijidir. Ol hemme zada müsülletdir we ýeňilmez güýiçdir we hiç bir kimse allanyň garşysynda durup başarjak däldir onuň yradasy bar zatlara üstümdir ulylyk we beýiklik oňa degişli we hasdyr ol hemme zatdan ýokarrakdadyr bu sypatlarda oňa hiç bir meňzeşlik we taýy ýokdyr . ol ýaradan zatlarynyň hemmesini özüni döreden ýaradan taňrydyr we närseleri ýaratmakda hiç bir kimden ölüňi ýada kömek alan däldir bütin ýagşylyklaryň we gawylyklaryň eýesidir we älem jahanda bar bolan bütin närseler bu meselä gewalyk berýändirler we ony her hili aýyp we nuksançylykdan päk we arassa bilýändirler.

Bu aýatlaryň öwredýän sapaklary :

1- allanyň ylym we rahmetiniň hiç hili çäkligi ýokdur we hemme zadyň içini we daşyny gurşap alýandyr eger onuň biziň işlerimize bolan ylmy bizde gorky we gaýgy döredýän bolsa onuň rahmeti hem ynsanda magryfat doly bolan umydy döredýändir.

2- älemiň taýsyz we ýeke täk magbudy , älem jahana häkim bolan perwerdigärdir we ol bütin dünýä musallatdyr.

3-bütin kemalatlara eýe bolan närse, hämdi sena laýykdyr ol her hili kemçilikden arassadyr we ondan amanlyk we saglykdan başga zat bendelere ýedýän däldir.

////////////////